09:16
Sanjar hakda söz
SANJAR HAKDA SÖZ

Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň at-owazasy diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem bütin dünýä ýaýrandyr. Ol özüniň täsinligi we gadymylygy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip bildi. Sekiz asyrdan gowrak wagt geçse-de, mawzoleý öz durkuny saklap, taryhyň köp-köp şatylaryna döz gelmegi başardy.
Gynansak-da, sowet döwründe ol «döwlet tarapyndan goralýar» diýilse-de, çyndan goralana meňzemedi. Medeniýet ministrliginiň hasabat kagyzlarynda «eýdildi-beýdildi» diýilip ýazylsa-da, ýadygärlikler gaty harlanyldy. Ýogsam, ýörite jemgyýet hem bardy ahbetin.
Diňe Türkmenbaşy zamanynda bu taryhy ýadygärlik çyn alada bilen gurşaldy. Oňa ýörite serenjam berildi.
Mary welaýatyna aýagy düşen her bir del ýurtdan gelen myhmanyň bu ýadygärligi gözi bilen görmän, onuň kerpiçlerini elleri bilen sypaman yzyna gaýtmaýany belli. Şu ýekeje mysalyň özem bu ýadygärligiň niçik mukaddesligini aňlatmaýarmy eýsem?!
Bu hakykatdanam şeýle.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut özüniň tagallasy bilen biziň aňrymyz bolan Seljuk döwletiniň şasy i soňky Soltan Sanjaryň jesedi ýatan guburyna täzeden ömür beripdi. Eýsem-de bolsa, Garaşsyz türkmen topragynda ýerleşýän dünýä möçberinde uly ähmiýete eýe bolan taryhy we medeni ýadygärliklerimize täzeden ömür beren Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut özi dälmi näme?!
Goý, onuň jany sag, başy dik bolsun!
Şahyr aýtmyşlaýyn, beýik adamlaryň gadyryny beýikler bilýär!
Beýik Seljuk döwletini esaslandyran iki dogan Çagry beg bilen Togrul begdir. Soltan Sanjar bolsa Çagry begiň ogly Ali – Arslan onuň ogly Mälik şa, Mälik şanyň ogly bolsa Sanjardyr.
Soltan Sanjar 552-nji (1157–1158) ýylyň rabi aýynyň 1-ne (aprel-maý) aradan çykýar.
Ilki ol sanjylap, soň bolsa içi geçip başlaýar. «Soltan şol içgeçmeden hem ýogalýar» diýip, taryhçy Ibn al-Asyr ýazýar. Ibn-al-Asyryň özi 555-nji (1160) ýylda Mesopotamiýada dünýä inýär. Kakasy häkim bolan. Soň olar maşgalasy bilen Mosup şäherine göçýärler.
Sene ýazgysyna seretseň, ol Sanjarda, ýagny Jezir ýurdunda (Yragyň Mosu welaýatyna degişli – A.Ç.) 479-njy (X-XI – 1086) ýylyň rejep aýynda dünýä inipdir. Soň Horasana gelýär. Ýaşamak üçinem Mary şäherini saýlap alypdyr. Soň ol öz dogany soltan Muhammet bilen bile Bagdada barýarlar. Ol ýerde halyf al-Mustazhir Billah bilen görüşýärler. Gep ugra aýtsak, halyf Mustazhir abbasilerdendir. 487–512-nji (1094–1118) ýyllarda halyflyk edýär.
Şeýlelikde, iki dogan Bagdada baryp, halyf bilen duşuşýarlar. Halyf Muhammediň soltanlygyny tassyklaýar we Sanjary onuň mirasdüşeri diýip hasaplamaly diýýär. Muhammet ýogalandan soň, soltan hökmünde Sanjara hutba okalmaga başlanýar. Onuň at-abraýy ýurduň içinde ýokary galýar. Onuň raýatyna degişli ähli patyşalar oňa bir adam ýaly boýun bolýarlar. Yslam dünýäsiniň köp-köp metjitlerinde soltan hökmünde kyrk ýyllap onuň adyna hutba okalýar. Ondan öň ýigrimi ýyllap diýen ýaly hem oňa mälik hökmünde hutba okalypdyr. Soltan Sanjar döwründe ýurt ykdysady we medeni taýdan asgyn bolmandyr. Köp ugurlar boýunça ösüpdir.
Taryhçynyň ýazmagyna görä, soltan güýçli we ýagşyzada adam bolupdyr, raýatlary bilen mylakatly gürleşipdir. Onuň soltanlyk eden döwri ýurt asuda durmuşda ýaşapdyr.
Soltan Sanjar heniz aýatdaka «dar-al-ahyry», ýagny gubur üçin jaýy özi üçin saldyrypdyr. Soltan ýogalandan soň onuň wesýetnamasy boýunça şo ýerde-de ony jaýlapdyrlar.
1200-nji ýyllaryň başlarynda üç ýyllap Maryda ýaşan Ýakut Soltan Sanjaryň mawzoleýini öz gözleri bilen görüpdir. Bu hakda ol gaty gymmatly ýazgylaryny galdyryp gidipdir: «Soltan Sanjar ibn Mälikşa as-Seljuk öz soltanlyk eden ýurdunyň gözel-gözel şäherleriniň bardygyna garamazdan, ýaşamak üçin Merwi saýlap alypdyr. Tä ömrüniň ahyryna çenli hem şu şäherde ýaşapdyr. Onuň mazary şol ýerde uly mawzoleýde, penjireleri metjide garap dur. Mawzoleýiň gümmeziniň gupbasyna gök reňk çaýylan, ol bir günlük ýoldan görünýär. Meniň eşidişime görä, mawzoleýi Sanjaryň hyzmatkärleriniň biri soltan ýogalandan soň salanmyş. Kim mawzoleýi gorasa we gurhany çyksa, şol adamyň peýdasyna wakf ýazyp galdyryp gidenmiş». Haçanda Soltan Sanjaryň ýogalandygy hakdaky habar Bagdada baranda, metjitlerde onuň adyna hutba okamak bes edilýär we diwanda onuň hatyrasyna doga okalmaýar.
Soltan Sanjar ölmezinden öň ýegeni mälik Mahmyt ibn Muhammet Bogra hany Horasan boýunça öz orunbasary diýip belläpdir.

«Syýasy söhbetdeş», 1.09.1999
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: