08:53
Ýürek emir edende
ÝÜREK EMIR EDENDE

Belli žurnalist hem özboluşly şahyr Allaýar Çüriýewiň respublikanyň Lenin komsomoly baýragyna hödürlenilen «Ýüregiň emri bilen» diýen publisistik oçerkler ýygyndysy okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Häzir hem bu oçerkler isleg bilen okalýan eserleriň biri bolmagynda galýar.
Ezber žurnalistiň bu ýygynda girizilen oçerkleri aňsatlyk bilen dünýä inen eserler däl. Aýdaly öňde baryjy pagtaçy ýa-da çopan hakda oçerk ýazjak bolsaň, şolaryň özleri, işleýän ýerleri bilen gürleşip, gerekli materiallaryň eslisini ele salmaly bolýar. Allaýar Çüriýew bolsa bu oçerkleri döretmekde diňe žurnalistiň, ýazyjynyň roluny ýerine ýetirmän, eýsem ökde, tejribeli taryhçy alymyň hem hyzmatyny ýerine ýetirmeli bolupdyr. Munuň üçin bolsa ol redaksiýadaky jogapkärli işiniň daşyndan Aşgabadyň, Daşkendiň, Moskwanyň arhiwlerinde köp wagtlap basa oturmaly bolupdyr. Şeýlelikde, ol diňe çeper oçerk döretmek bilen çäklenmän, respublikamyzyň taryhynyň, tutuş medeniýetiniň köp taraplaryny ynamly çeşmeler esasynda anyklaşdyrylypdyr. Şunlukda ýazyjy taryhçy alymlaryň, medeniýeti öwrenijileriň ynamdar kömekçisi hökmünde hem çykyş edipdir. Hawa, respublikamyzyň görnükli partiýa, döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýew, onuň wepaly egindeşleri Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, Ýakow Popok, Gurban Sähedow, Döwlet Mämmedow, Garry Kulyýew, Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Öwezgeldi Atabaýew, Hajy Atabaýew, Sergeý Timoşkow, Mihail Fonin ýaly Türkmenistanda Sowet häkimiýetini berkarar etmek ugrunda gaýduwsyz göreşen ilkinji syýasy işgärler baradaky oçerkler şeýle döräpdi.
Žurnalist A. Çüriýewiň taryhy-syýasy işgärler barada oçerk ýazmakda özboluşly stili bar. Awtor taryhy-publisistik oçerklerinde oçerk gahrymanlarynyň ömri, alyp barýan syýasy işi baradaky materiallary çeper beýan etmek bilen birlikde, şol adamlary gowy bilip, olar bilen bile işleýän işgärleriň ýatlamasyna hem uly orun berýär.
Ýygynda girizilen oçerklerde Türkmenistanda Sowet häkimiýetini berkarar etmekde G.S.Atabaýewiň, onuň köpsanly egindeşleriniň alyp baran jogapkärli işleri, halkyň taryhyna gara tegmil bolup giren ganly repressiýa döwri, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň wakalary göz öňüňe gelýär. Partiýa, döwlet işgärleriniň 27-30-njy ýyllarda ýaş sosialistik Türkmenistany sosial we ykdysady taryhy aýaga galdyrmak ugrunda durmuşa geçiren işleri bir tarapdan, okyjylary çäksiz guwandyrsa, ikinji tarapdan, halkyň depesinden gara labyr bolup inen stalinçilik ganly repressiýa okyjylarda gahar-gazap döredýär. Awtoryň oçeklerde belli şahsyýetler derejesinde wasp eden gahrymanlarynyň köpüsiniň şol ganly repressiýanyň pidalary bolmaklary ylaýta-da gynandyrýar. Ýygyndynyň başynda ýerleşdirilen «Otuz ýediň gara gijelerinde» diýen goşgy ençeme maşgalalaryň başyna musallat bolup inen repressiýanyň gansyz pidasyny, ýetiren uly zyýanyny obrazly beýan edýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, şol goşgynyň iki bendini okyjylara hödürläliň:

Ýersiz ýere kemsidilme, urma bar,
Gaýdyp indi ne öýüňi görme bar,
Orta asyrlardan galan türme bar,
Otuz ýediň gara gijelerinde.

Göze ilmez ertir göreniň agşam,
Bir mizana mündi ýamanam, ýagşam.
Halk duşmany boldy gojasam, ýaşam,
Otuz ýediň gara gijelerinde.

Ýygynda girizilen publisistik oçerkler döwürdeşlerimizi, ylaýta-da ýaşlary, watansöýüjilik, halk bähbidi ugrundaky göreşe wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe. Ýaşlar üçin Gaýgysyz Atabaýew-de, Halmyrat Sähetmyradow-da, Çary Wellekow-da, Aýdogdy Tahyrow-da uly görelde. Olaryň geçen ýoly uly mekdep. Allaýar Çüriýew şeýle oçerkleri ýazmakda eýýäm uly tejribe toplady. Onuň Beýik Watançylyk urşy we ondan soňky ýyllaryň görnükli partiýa, döwlet işgärleri Şaja Batyrow, Suhan Babaýew, Akmämmet Saryýew, Aýtbaý Hudaýbergenow, Balyş Öwezow barada döreden taryhy-publisistik oçerkleri hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu eserler awtoryň özüniň oçerkçilik stiline aýratyn wepaly bolup galandygyny hem subut etdi.
Şahyr, publisist ýazyjy Allaýar Çüriýew diňe bir edebi döredijilik bilen meşgullanman, eýsem özüniň yzygiderli syýasy-köpçülik, ýaşlary terbiýelemek işleri bilen hem meşgullanýar. Ýazyjynyň Lenin komsomoly baýragyna hödürlenilen gyzykly, ideýa taýdan sagdyn eserleri hem şol aladalaryň bir bölegi bolup durýar.

B.MÄMMETÝAZOW,
TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky edebiýat institutynyň ýolbaşçy ylmy işgäri.

«Aşgabat agşamy» gazeti, 15.05.1991.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 162 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Babyş Mämmetýazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 53
0
50 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Serdar daýy size goşulmazlyk mümkin däl.Şeýle bir adamlar bolýar olar edebiýat adamlarynyñ ûýşen ýerinde ýa da ýöne ýerlerdede özleriniñ intellektuallygyny görkezmek üçin okasa okamasa dünýä edebiýatyndan ýada tûrkmen ýazyjylarynyñ setanda seýranda adyny eşdenlerini öwülýänleri diliniñ ugruna biraýakdan sanap goýberýär.Olar kim?Nireli?Döredijiliginde nähili eserler bar?O zatlar hiç.Esasy öz intellektuallygyñy görkezmek.Sergezdany ha bilemok günäsini götermäýin belkem çyny bilen şolañ eserlerini okandyr ýöne meniñ diýşim ýaly adamlaram bar köpçülikde.

0
49 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Nemeley Bagdat dos, bi Nisşe bilen Freud aslynda yazyjam dal, pozujam. Bular futbolist. Nisşe pas berse, Zigmund gol salyar.

0
48 Bagabat   [Mowzuga geç]
Agzalaryň haýsy bu aşakdaky ýazgymy özüne çekip gaty görmekçi bolsa, öňünden ötünç soraýaryn. Meniň bu teswiri ýazmak bilen "teswire-teswir ýazmaly däl" diýlen kadany bozmak niýetimem, özümiň okumyşdygymy görkezmek we kimdir biriniň göwnüne degmek maksadymam ýok.
Bu saýt edebiýat we sungat barada pikir alşylýan saýt. Üstesine-de öňküleriň aýdyşy ýaly: "Jedelde hakykat döreýärmiş" :-) (Ýöne, meniň pikirimç-ä jedelde jenjelden başga zat döremeýän bolaýmasa). Şol sebäplem, menem iliň ugruna göz-görtele säwlik diýip hasaplan zadym barada dillenip galaýyn diýdim.
Mundan ýedi-sekiz ýyl ozal "pelsepe.com" diýip bir edebiýat saýtyny açdylar. Şonda agzalaryň biri beýleki agzalara Markiz de Sadyň "ajaýyp fransuz şahyrydygyny we ýazyjysydygyny" habar berip, onuň doglan gününiň pelança ýyllygyny ýatlamagy teklip edipdi. Şonda şol agza Markiz de Sady okap görendigi ýa-da görmändigi barada sowal beripdim. Zigmund Freýd bilen Fridrih Nişsänem "ýazyjy" hem-de "yşk-söýgi" duýgusynyň "waspçylary" hökmünde agzamak şeýle sowaly bermek islegini döredýär.

0
51 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Serdar aga, siziñ eserlerñiz bolsun, teswirleriñiz bolsun, men-a şu saýtda görsem okaman geçip bilemok. "Teswire teswir ýazmazlyk kadasy" siz ýaly sowatly, her sözi ýerbe-ýer agza degişlem dälmikä diýýan. Bu ýerde goýulýan haýsy eser bolsun, pikir alyşylmakda, ýerlikli bellikler edilmekde nähili ters täsiri bolup bilerdika?! Meniñ özüm-a bir eseri okanymdan soñ ondan dörän täsiri özümde bilişim ýaly beýleki okanlaryñam garaýşyny bilsem kem göremok. Onsoñam her kimiñ öz pikirini ýazmagy, pikir alyşmalar eseriñ manysy bilen birlikde awtorda-da, ýa-da okyyjyda-da ýene-de täze pikiriñ üstüni açmaga-da ýardamy barmyka diýip düşünýardim. "Teswire teswir ýazmazlyk kadasy" aslynda agzalar şahsyýete ýetiberjek, temadan daşgary teswieler ýazylmaz ýaly aýdylan bolmagam ahmal. Emma siziñ eserler baradaky pikirlerñiz, @mango doganyñ, @Garaýolly aganyñ, @Mylaýym agzanyñ, @Jumagylyjowanyñ, @Jümjümäniñ, @Gumlygeliniñ @Arzymanyñ, @nurberdiýewamyñ we ýene-de beýleki añly-düşünjeli agzalaryñ ýazýan ýerlikli belliklerini biz ýaly okyyjylaryñ gyzyklanma bilen okaýandygymyzy, bellikleriñ peýdasy bolmasa zyýany ýokdugyny bilmegiñiz gerekmikä diýýan. ( awtoryñ şahsyna ýetip, ýa-da temadan daşgary warsakylaşyp ýazýan, ýa diñe bir adama ýöritelenip, diñe awtory tanap gowy bolsa bolmasa tanaýany üçin goldap ýazylýan, ýa-da kimdir birine göz edilip ýazylýan teswirlere degişli däl, olar ýaly komentardygyny bilsem okaman geçýan.)

0
53 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýagşy sözleriňiz üçin, taňryýalkasyn, @Nurdan.

0
52 Nurdan   [Mowzuga geç]
Şonuñ üçinem biz-a şu ýerden manyly eserler bilen birlikde siziñ, siz ýaly ýerlikli düşünjeli teswirleri, pikirleri okap düşünjämizi hasam baýlaşdyrarys umydy bilen girýäs saýda.

0
47 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Siz psihiatra görünmek barada pikir etdiñizmi?Sözleriñizden terkidünýäligiñ ysy gelýär.Dünýäden doýgun bolup ömrüñizi geçirip bilmersiñiz.Bagtly boljak,durmuşdan lezzet aljak boluñ!

0
46 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Şo'da dos, hic zadyn soragny soraman owadan kellamizde samsyk duygulary beslawereli. Dunyaniň gamy gumune gitsinle. Akymyna akdyrwer, ahli akyldarlaram şeytdi

0
45 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýok öñki okanlam maña gowy edip düşündirdi söýgüñ nämedigini.Indikilerde on ýaly pelsepä duşmak üçin okamarynda diñe lezzet almak ûçin okaryn.Olaram siz ýaly pelsepe tapyp berjek bolsa asla geregem ýok.

0
44 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Soygun we durmuşyn nämedigni gidinde Dostoyewskiden, Alber Kamyu, Nisşe, Zigmund Freud, sartra.. Ahli absurdizmin duybuni tutujy pelsepecilerden soran. Sonky ankowlar bu zatlaryn namedigni bilmeyar. A tak soyga berlip yorman maňlayy tüňňiler. Akymyna akdyrwermekden başga alac yok. Ahh adam görguli icindaki boşlugy nadip doldurjagny bilmeyar

0
43 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Menä söýgä jynsy isleg däl-de MUKADDESLIK hökmünde garaýan.Ussat we Margarita romanynda Margaritañ aşyk bolan kişisi aklyndan azaşan ýaly adamdyr.Ýa-da Aman Kekilowyñ søýgi romanynda Ogulnabat Begenç uruşdan maýyp bolup gelende-de söýgüsini dowam etdirýär.Akmyrada näme diýjek boý oglan halyna çagaly aýaly söýýär.Näme ol gyz tapman şeýdýändir öýdýäñizmi?Arap Gurbanowyñ Gülnaryna näme diýjek?Gülnar ýaş owadan gyz uruşdan gelen çagaly adama ašyk bolmaýarmy?Ýa-da durmušda owadan gyz betnyşan oglana aşyk bolup biler ýa-da tersine.
Diýmek söýgi kemçiliklere garanok.Śol zatlara garamazdan söýýär.Dogry meñ özüm durmuşda beýle däl.Ýöne kitapda şol mukaddes söýgüni okamakdan lezzet alýan.

0
42 Sergezzan   [Mowzuga geç]
nurgeldiyewam232, size sorag: hey siz yüzi adamynka menzemeyan neger, akyly yeter-yetmez bolan bedibagyt birne berilip aşyk bolarmydynyz? Bolmazdynyz. Cünki ony sulhynyz almady ya-da nebsiniz agyrdy. Emma adamzat şeyle soyga teşne. Şu yerde soygu atky uly bir yalan orta cykdy. Uly bir yurek bulanc pyrryldak. Soygu atly gülden tezegin ysy aňkady. Soygu yok. Namemiş, sulhy almandyr ya-da onda üns berenine degmeyan zatlar barmyş. Hany hakyky soygu? Soygu bu erotikanyn medenyetli atlandyrylşy. Sulh diylen zadam, jynsy isleg. Yer yuzunde zenanlar tarapyndan ozlernin soyulmeyandigni, ozlerni asla gerekmejekdigni duyyan bir topar bedroy ankow bendeler bar. Ine durmuşun yowuz adalatsyzlygy. Doganyn depeynin durmuşy, bu yerde ahli zat absurd. Hatda adamyn omrem absurd. Biz bularyn barny gormezden gelyaris. Hyk tufi

0
41 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Menin pikrimce soygun iki görnüşi bar. Ilkinjisi göz bilen soymek, ikinjisi akyl bilen. Birisi jynsy islege dayansa, beylekisi akyl payhasa dayanyar. Yone yena mame diysenem romantikan kokleri erotikadyr. Hickim seni sen bolanyn ucin soymez. Hemmeler senden bähbid arar. Garaz sende soyer yaly bir ayratynlyk bolaymaly

0
40 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Jeyni doly okan, dowamynda başlanyar "yeba" diydiryan yerleri

0
39 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sergezdan söýgi bilen käşiriñ arasynda nähili meñzeşlik barka aýtsañyzlañ.

0
38 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Kakamyrady güm etsene. T-men yazjylaryn yazgylary beter manysyz. Yandym, koydim.. Hic hili cepercilik yok.

0
37 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýok,men Jeýn Erliñ bir bölümini okadym.Olam diñe gyzjagazyñ çagalyk döwrüni beýan edýärdi.Šol bölümi täsir galdyrmady diýdim.Söýgi başdangeçirmeleri belki täsir eder.Geljekde okaryn nesip bolsa (elektron görnüşini tapsam)

0
36 Sergezzan   [Mowzuga geç]
"Jeyn Eyrl" romany okanynda uytgeşik duygulary başdan gecirmeyan bolsanyz, onda siz ünsli okamansyňyz. Şol romanda hakyky kämil söyguni duymak bolyar. "Olesya" da şeyle. Birem "Klyunus toboy Lyubimaya" shu hindi filimi hem super romanticni bolupdur. Şu filmi dushunip gorsenizdagyn siz yaly duygucyl gyzjagazyn möňňürip aglabermesi mumkin. Filimde wagtyny keypi zapada geciryan bir gormegey yigdin, gormeksiz gyza aşyk bolşy barada gityar

0
35 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Olesýa diýýäniñ tokaýda jadygöý mamasy bilen ýaşaýan ýaş gyzdymy olam bir oglan bilen halaşýarmydy?Şolmy?Ona erbedem görmändim.Bilemok doly okadymmy ýa taşladymmy.
Saýrak guşjagazyñam kinosyny göremsoñ "okamaly kitaplarym"sanawymda dur.Nesip bolsa hemmesine de göz gezdirerin.Häzir Kakamyrat Ataýewiñ "Gonambaşysyny"okap ýörün.

0
34 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Okayan eserinde sen namani gozleyan? Belki gozleyan zadyny sen tapyan dalsiniz. Menin ucina soygu romanlaryn bary bir zada syrygyar. Soygu bu kaşir yaly bir zatlay

0
33 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hawa. Doly okamalykeniňiz. Romanticni eserleri halayan diydiniz, şolar has romanticniräk. Aleksandr Kurpininem "Olesya" atly romanam shol sanawlardyr. Ozem gysgadan has gyzykgyldyr. " Madam Bovari" we "Sayrak guşjagaz" şular hem erwetdal

0
32 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Dogrumy aýdaýynmy ?!
Şu dünýä edebiýatyndaky eserleri şeýle bir mazamlaýarlar welin menem olardan kän zada garaşýan.Soñam uly ynam bilen okap başlaýan ýöne hijisem garaşan zadymy berip bilenok.Ýa terjimäñ edýän oýnumyka?Öz dilinden okasañ has täsirlimikä?Jeýn Erliñ bir bölümini okadymam öýdýän .Bir ýatymlaýyn okuwdamy ýa ýetimler öýündemi bolýan kiçiräjik gyz hakynda gürrüñ berýädilermi?

0
31 Sergezzan   [Mowzuga geç]
nurgeldiyewam232, Elif Şafagyn yşk romany erwetdal weli, sen Şarlote Brontanin "Jeyn Eyrl" we Aleksandr Kurpinin "Olesya" romanlarny okasana, Dunye Edebiyat žurnalynyň 2017-2018 sanawlarynda bolmaly.

0
30 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ähtimal haýran galdyrýandyrlar ýöne menä "waw"diýmedim şol eserlere.Ömrûzaýany okanymda edil Ogulsenem Taññyýewanyñ "Bagtym hem ýyldyzym" powestini okamdaky ýaly duýguny başdan geçirdim.Şonuñam duýgusy ýadyma düşende ýüregim syzladýar.Dünýä edebiýatynyñ klassyklaryna girýärmi ýa girermi bilemok ýöne Elif Şafagiñ "Yşk"romanam mende güýçli sarsgyn döredipdi.
Galyberse-de mañaha pajygaly söýgi beýan etmeleri ýaraýar Ýöne aşyklaryñ arasyndaky päsgelćilikleri üýtgetmeli we has ynandyryjy beýan etmegi başarmaly.Ömrüzaýadaky päsgellerem beýan ediş dilem imrindiriji.

0
29 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Goy senin saylap alan yolun sada bolsada, yazyan eserindaki gahrymanyn adaty adamlaryn hasyetine menzemeyan hasyete eye bolsun. Goy ol her bir heretini ceper beyan etsin, goy ol heniz ynsanlaryn icindaki aňladyp bilmeyan duygularny acyp görkezsin.

0
28 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Adamlaryn köp bölegi adatylyga üns bermeyar. Turkmen yazjylar bolsa şol bir adaty zatlary yazyar. Goy seň yazan zadyn "salam haty" yaly sada bir zat bolsun, yone adatylykdan cyksyn.

0
27 Sergezzan   [Mowzuga geç]
nurgeldiyewam232, Herkimde herhilida. Okayan zadyna haysy tarapdan seretyanligne bagly. Yanky agzap gecilen yazjylar bolsa özlerni yer yuzne ykrar etdiren şahsyýetler. Olar oz tasirli sitatalary bilenem yer yuzni ank etdiler

0
26 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sergezdan,dünýä edebiýatynyñ klassyklaryndan okan eserlerim arasynda iñ halanlarym Dostoýewiskiniñ "Jenaýat we jezasy"Jek Londonyñ "Martin Ideni" Çarlz Dikkensiñ "Roždestwo aýdymy"boldy.Ýöne bularyñ hijisem mende Ömrüzaýañ döreden duýgy sarsgynyny döredip bilmedi.Hatda gahrymanlaryñ baş gahrymandan galanynyñ adam ýatdan çykyp gitdi.
Juma daýyñ ilki bilen "Gyrmyzy bägüller" romanyny okadym.Oñada haýran galdym.Ömrüzaýany gözümi ýaşlap okadym.Şundan soñ men Juma daýyñ fanat okyjysy boldum.Indem "Söýgüde serhet ýoga"başlajak.Nesip bolsa wagtym ýetdiginden hemme eserlerini okap çykjak.

0
25 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ömür zaýany bizem okan bolduk weli, yöne okan wagtym mende üytgeşik duygular döremedi. Şol bir lenji cykan stresli wakalar bla. Ondana günbatarlylaryn eserleri has tasirli. Alber Kamyun, Fredrih Nisşe, Artur Shopongauer, Sartra, Dostoyewski, Volter, Jek Londan, Şorlote Bronte, Emanuel Kant, Oskar Vilde, Zigmund Freud... Yaly ägirtlerin eserlerni okap gorin

-1
24 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Revo,dünýäni unudarsyñyz diýdigim kitaby okap oturkañyz bašdan geçirjek duýgularyñyzy göz öñûnde tutupdym.Meñä gözýaşym suw sil boldy.Sizde beýle täsir galdyrmadymy?

0
22 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Başga çeşmeleriñ hemmesi kitapcydan aldy, aydyan-a ilkinji bolup kitapcyda goyuldy diyp ))

0
21 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Has daýy berekella tamada şeýledi.Ýöne gynansamam başga çeşmeden alyp okap başladym.Esasy zat nireden alanyñ däl okap başlanlygyñ şeýle dälmi daýy?!(Indikide gyzyklanan kitabym bolsa sizden gözlärin)

0
20 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Mahym bajy, "Ömrüzaýa" romanynyñ doly görnûşi Juma aganyñ özünden alnyp ilkinji bolup kitapcy.com-yñ kitaphana bölüminde goyuldy, okap bilersiñiz (hiç kim päsgel berip bilmez.)

0
19 Şasenem   [Mowzuga geç]
clap maladis eneway ok

0
18 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Millet,warsaky otarşyp oturman JUMA HUDAÝGULYÑ "ÖMRÜZAÝA"romanyny okalyñ!Dünýäni unudarsyñyz.

0
23 Revo   [Mowzuga geç]
Dünýäni unudarsyñyz - geň söz.

Kitaby okapdym, ýöne ýokarda agzalan kelemä duşmandym.

0
17 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Dünya garaýyşyň giňemesi, güzaply günleriň esasynda bolyan bolaymasa

0
15 Şasenem   [Mowzuga geç]
Stiliñ lebaply diyya

0
14 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýazmak üçin tanyş gerek däl.Duýgur ýûrek bilen ösen dünýägaraýyş gerek

0
16 Şasenem   [Mowzuga geç]
Olañ ikisem senne barmy menna duygur yurek yok sad

0
12 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Agyr ahwalatlary başdan gecirmeden yazmak asla mümkin dal

0
13 Şasenem   [Mowzuga geç]
Yazaññan soñram tanşyñ güýçli bilmosa bolmyya biggrin

0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Yazmak ücin bezegli sözlerin ussady bolmaly diyilyar weli, yone yazmak ucin çuň duygularam gerek

0
10 Şasenem   [Mowzuga geç]
mahym sen lebaplymy

0
8 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Şasenem balkanlymaý sen gep urşuñ edil balkan stili

0
9 Şasenem   [Mowzuga geç]
Howa kakam balkanly garrygalaly ejem daşoguz özim aşgabad smile

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
*kakañyza

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tañry salamy yzyna gaydyp alynmaýar, men ony eyyäm Allayar agañ dykgatyna yetirdim. Salam aydanlar, getirenler sag bolsun diydi. Ozune-de salam aydyñ kakañyzyñ hem Allayar agañ adyndan, biziñ adymyzdan. Arasynda gulagyñyzdanam towlamagy unutmasyn. )

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hem men Allaýar aga däl.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şasenem bajy, ýañsy hökman däl.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sizem haysam bolsa, bir ýazyjy-şahyrymyzyñ hemme eserlerini, ýa-da ol barada yazylan name bar bolsa hemmesini jem edip getir saýta, sogaply iş etdigiñ bolardy ))
"El-eli ýuwar, iki el birigip ýüzi ýuwar" diýlipdir. "Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar", şeýdip her kim bir uly şahyrymyzyñ edebi mirasyny toplap getirse, hemmeler ü.n bähbitli iş bolardy. ))

1
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Diýmäýin diýmäýin diýýän welin ýykdyñyzlaý Allaýaryñyz bilen.Ýörite gözläp tapýañyzmy?Başga ýazyjy ýokmy?Ýa Allaýar Çüriýewiñ piar kompaniýasy açyldy-da iñ köp kim reklama etse şoña pul berýäler-de meñ habarym ýokmy?Eger şeýle bolsa gizlemäñ Has daýy bizem azajyk pullanalyñ biggrin angry

0
3 Şasenem   [Mowzuga geç]
Mahym agyyy admin Allayar Curiyew dami name , site ozniñki goysa haky badyr oña pelan diyp bilmiyas wacko smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: