02:16
Ämängüliñ degişmelerinden
AMANGÜL MÄMMETYAZOWANYŇ DEGIŞMELERINDEN

— Myhmançylykda zenanlaryň esasy aladasynyň öý eýesiniň ähli zadyny birlaý gözden geçirip, oňa baha bermekden ybarat bolýandygy-ha tebigy ýagdaý. Onsoň, şular ýaly myhmançylyklaryň birinde iki aýal pyşyrdaşýar diýýär.
— A gyz, öňüňdäki gapdaky çorba bir seret, içi dup-duruja-da, hakyt.
— Wiý, ýogsam näme. Ol muny ýöne ýerden edýändir öýdýäňmi? ýa gazanynda et-kartoşka ýokdurmy, häzir baryp görseň?
Gep naharda däl, tarelkalarda. Seret, okaralaryň düýbündäki nagyşlar, ýazgylar onuň gymmatbaha gapdygyny görkezipjik dur-da.
Ana, onuň bar aladasy biziň açlygymyz-doklugymyz däl-de, tarelkalary görüp, içimiziň ýanmagy...

Ýene-de aýallar barada.

Bir aýal goňşusynyň gapysyny kakýar diýýär:
- A gyz, maňa az wagtlyk oklawyň gerek boljak welin, gaýrat edip berip bilmersiňmi? Özümiňkini düýnjük döwäýdim-dä. Derrewjik dynyp, dolab-a getirerdim.
— Wah, goňşy, bermesine-hä bererdim welin, edil şu wagt oklaw özüme-de gerek-dä. Menem adamyma garaşyp otyryn. Olam gijä galdy.

* * *

Biri lukmanyň ýanyna barýar diýýär. Lukmanam ony doly barlagdan geçirýär-de, hassanyň ýüzüne seredip, esli wagtlap dymyp oturýar. Onuň ala- daly keşbini görüp, hassa ysgynsyz seslenýär:
— Lukman, näme boldy?
— Aý, men ony...
— Näme, meniň keselim näme, aýdyň ahyryn...
— Wah, men ony aýdyp biljek däl...
— Lukman, aýdyň. Hakykaty aýtsaňyz bolýar, men mertdirin.
— Siziň keseliňiz bar-a... Aý, ýok, men öňi-soňy aýdyp bilmerin.
— Aýdyň, men ähli zada taýyn.
— Ýeri, bolýa-da. Siziň keseliňiziň ady... Neme... Ekinehekge... aý, ýok. Ekenikak... Wah, ýok-laý, neme, ekinimikakga... Ekenimikikgge... Ehenehok-goz... Wah, ýaşuly, aýtdym-a men, şol sözi aýdyp bilemok diýip. Dilim öwrülenok. Ertir aýlan, kelle sagat wagty, mazaly öwrenip, aýdyp beräýeýin-le...
Категория: Degişmeler | Просмотров: 99 | Добавил: Orhideýa | Теги: Amangül Mämmetýazowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 7
0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Šasenem goýsana soñuna gülnerdä.Meñ pikrimçe erbet däl .Dagam degişme okañda "Stund up show" görýän ýaly gülmersiñ.Ýylgyrsañ boldugy borda.

0
7 Şasenem   [Mowzuga geç]
Agy mena yylgyrmadmam diñe gülmek üçin agzymy şeydip smile garaşyp durdum soñuna

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ine, siz gülýäñiz-ä biggrin
Bizem siziñ gülüşiñize gülsek bolmyýamy? )

0
4 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ola men sadaja dylmydym

0
5 Şasenem   [Mowzuga geç]
Gülinyan yerin tapman gulmek ucin tayyarlanyp durdum smile şeydip

0
2 Şasenem   [Mowzuga geç]
Manysyzlay biziñ aetislemiz smile

0
1 Şasenem   [Mowzuga geç]
Nirsinne gülmelidignem yazmalyken bolmosa nirsinne gulmelidigni bilman durun ,,degişme" bolsa gülinyan yerwm bolmalydyra biggrin wacko

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: