00:58
Ömür
ÖMÜR

Girelge
ýagtylyk, Işik, yşyk
Ak dolak,
Mähir, owaz,
Nämälimlik, üýtgeşik
Durjan-durjan, ýörjen
Ýyllar utgaşyk,
Söýgi, şatlyk
Gussa hasrat, ynjalyk
Geçelge dykyn, dykyn,
Başagaýlyk,
gyzan bazar tutaşyk...
Gaýmalaşyk,
Iññildiler, orlaşyk
Halallaşyk, ak biýz,
Mähelle agaç aty tutuşyp
Soñ duralga, çykalga
Hoşlaşyk.

Şasenem OMAROWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: Şasenem | Теги: Şasenem Omarowa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 11
0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
ÖMÜR

(Rus şahyry Oleg Molotkowyň 1989-njy ýylda neşir edilen “Мама, сказка, каша, кошка...” atly şygryna öýkünme)

…Göbegene, emme, süýt, eje…
Gundag, sallançak, hüwdi, emme…
Öl, arlyk, emme, hopba, gije…
Daňdan, “Bobotik”, ýel we “şe-me”…
Şüle, durak-durak, erteki…
Bakja, süýji, gurjak hem uky…

Sentýabr, çemen, mugallym, harplyk…
Partadaş, gyzjagaz, saç, narpyz…
Gündelik, bellik, kaka, şarpyk…
Çüňk, gözýaş, eje, nahar, garpyz…
Edebiýat, rus dili, “Koşkin dom”…
Aýdym-saz, galam, bozguç, albom…

Gündelik, ikilik, kaka, çüňk…
Pökgi, tigir, ner, ýandak, ýabak…
Eje, öý iş, agşam, çorba, süňk…
Kino, düşek, ýumulgy gabak…
Irden, sabyn, çotga, akja gar…
Bezzat ylgap mekdebe barýar…

Tomus, kanikul, deňiz, oýun…
Sentýabr, desse, sebet, mugallym...
Soň, formulasy Faradeýiň,
Himiýa, fizika, Darwin, Om…
Pyragy, Napolýon, Seljuklar,
Dekart, mikroblar hem öýjükler…

Gutardyş, şahadatnama, ýol…
Institut, synag, sanaw, talyp…
Sapak, çäre, talyp haky, gol…
Ýene-de Pyragy, Andalyp,
Azady, Mollanepes, Seýdi,
Ýat tutulan Haýýamyň beýdi…

Tanyşlyk, duşuşyk, jaň, desse…
IMO, teatr, buz gaýmak, seýil…
Tomus, synag, dynç alyş, gussa…
Güýz, duşuşyk, toý tutmak meýil...
Ýene-de sintaksis, ümlükler,
Hasap, synag we ş.m. şumluklar…

Soň, gutardyş, gulluk hem ädik…
Sawçylyk, galyň, alada, toý…
Iş, “Bergini üzmeli nädip?”…
Kärdeşler, maşgala, bäbek öý…
Göbegene, emme, süýt, eje…
Öl arlyk, emme, hopba, gije…

Bakja, eneke, mekdep, desse…
Telewizor, diwan, çäýnek, gybat…
Çal saçlar, aýna, garyn, gussa…
Ulag, edara, iş, jaý, nobat…
Nepaga, hoşlaşyk, ak goýun…
Epilen bil, hökgeren boýun…
Bäş gary biýz, daş ýaly toýun…

Çeşmesi: http://kitapcy.com/news/2020-03-20-10922

0
6 myhman   [Mowzuga geç]
goşgyny halanymy aýtmak ýada düşmändir. gowy goşgy eken

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
aşakdakylardan haýsysy beýlekilerden tapawutly?
a) dolak
b) gundag
ç) arlyk

0
7 mango   [Mowzuga geç]
a). dogry jogap - a.
arlyga gundagam diýilýär öýdýän.
ýöne, gundamak dolamak manyny berýän bolmaly.
dolamagyň içki gatyndaky mata-da arlyk bolýan bolmaly.
ýagny arlyk bilen gundaýalar..... (myka?)

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
jogap dogry. dolak - köneleň joraby boldygyda.
arlyk agzalanda bir zat ýada düşdi. подгузник sözüni arlyk diýip terjime etseň dogry bolarmyka? biziň obada-ha oňa pampers diýip ýörler. oň bir markadygyny aýtsaňam öz üstüňden gülesleri gelip dur.

0
9 mango   [Mowzuga geç]
obadaşlar pampers diýýän bolsa dogrudyr.
tefal, kseroks (kserokopiýa)... başga-da kän öndürijiň ady bilen bagry-badaşan önümler...
pamperse arlyk diýip bolar hasaplaýan.
---
täze gelen "myhmanada" hoş geldiňiz diýýän.

0
11 myhman   [Mowzuga geç]
hoş gördük smile

0
4 mango   [Mowzuga geç]
kakaň näme diýo?

0
2 mango   [Mowzuga geç]
birinji geň galan zadym: kommentariýalaryny ýalňyşlyklardan dolduryp ýazýan Şasenemiň (umuman ýalňyşsyzja) şeýle gowja goşgy ýazyp bilmegi.
ikinji geň galýan, ýok begenýän zadym onuň ozalky goýan iki goşgusyndan bu goşgy (gowulyga tarap) gowy tapawutlanýanlygy.
---
ýöne ýene-de bir "kişmişlije" zatlar ýetmeýän ýaly...
başdaky "Ak dolak" diýeniňe täzeden garýyş gerek.
dolak - aýaga dolanýan ak mata .
arlyk - çagalary dolanýan ak mata.
ýa dolak şiwe diline görä arlyk diýmekmikä?
--
Gaýmalaşyk,
Iññildiler, orlaşyk
Halallaşyk, ak biýz,
Mähelle agaç aty tutuşyp
Soñ duralga, çykalga
Hoşlaşyk.
...diýip yzyny ýazyberseňem boljak ýaly :-)
hoşlaşyk.
tümlük,
soň ýene yşyk.
Müňkir, Nekir bilen
duşuşyk.
hasap.
rahmet ýa azap...
(üç ýyzzyly bassym)
üstünlikler.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
entegem öý işiňi kakaňa etdirip ýömüň?

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Özboluşlyja, gowja goşgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: