20:31
Gojalyk
GOJALYK

Günbe-gün
gojalýar
ýyldyz, zemin, gün
gojalýar
dag, deñiz
şäher, köçe,
öýümiz

Howlymyzda söwdümiz
sen,
men,
söýgimiz.

Günbe-gün
gojalýar
ýel, ýaprak, gül
gojalýar
köñül, köñül, köñül
gojalsa köñül
daş däldir ölüm
gülüm!

Ybrahym B. 2019
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 13
0
13 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Howwa bu täzelik däl.Ýöne meni beýan ediş "yrdy"
Eger şu pikri "Hemmeler bir gün öler"diýip "satuwa çykaran bolsa" asla täsir galdyrmazdy.Bärde janly we datmak sözi owadan bolupdyr.Berilen janyñ alynjakdygy diñe şol janly sözüniñ üstüne ýüklenen many bolupdyr.Diýmek diñe bir pikriñ däl pikri "satuwa çykarşyñam" möhüm.Suprada goýlan tagamyñ tarelkada göze gelüwli goýulmagynyñ oña bolan garaýşymyza täsir edişi ýaly.

0
11 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Howwa daýy !Bu çuñ pikir!

0
12 mango   [Mowzuga geç]
Emma, siziň diýşiňiz ýaly “Bularyñ hiç biri täzelik däl ahyry”. Jany bolan bir öler, bu dünýe döräli şeýle dowam edip gelýärä.

0
9 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Aý ýoklaý Mango daýy!Bu sanawyma siziñ diýýän setirleriñiz goşulyp bilmez.Gynansamam poeziýa dûşünjämiz ters gelýär.

0
10 mango   [Mowzuga geç]
Düşünjeleriň tersligine gynanmaly däl. Bolmalysam şol, hemme kişi meňzeş pikir edip bilmez.
—-
‘Her janly ölümi dadar” - şu setirlerde siziň talap edýän çuň pikir barmy?

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Mango daýy çuñ pikir näme hakda pikir edýänligiñ bilen dälde pikir ýöredişiñ bilen kesgitlenýär.Ýagny suwyñ gyrasynda aýagy sokup oturmak bir başga içine girip dûýbüne aralaşyp ýúzmek bir başga.Kimdir biri eje temasyndan çuñ pikir ýöreder kimdir biri ýöntem.
Ölüm hakdaky çuñ pikirlere mysallar:
Adam ýašap ýörende
Ýalan ýaly öljegi
Ýöne uly ölende
Soñ bilinýär ölçegi

G.Ezizow

Nobatguly bu dünýäden
Sypyp bilmersiñ ölübem

N.Rejebow

Gör neneñ hekaýat bolmasamda men
Adamlar ýaşajak baky öljek däl
A men weli adamlardan aýrylyp
Bir minut hem ömür sürüp biljek däl

H.Kulyýew

0
8 mango   [Mowzuga geç]
Gowy setirler getirdiň Mahym hanym.
Bu-da Badahşaniden:
gojalsa köñül
daş däldir ölüm
gülüm!

Belki köňlüňi garratmak ölüme barabar diýmek isländir.
Käbir ýerde özüňem çüňlaşybermeli, şahyr itekläp goýberensoň.

0
6 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Bellikleriñiz üçin köp-köp sag boluñ, ÿazan sözleriñiziñ bary dogry. Tañry ÿalkasyn!
Bu ÿerde halaÿan zadym, her okyji özüçe baha berÿär, šugryÿete özbolušly garayšy bilen tankyt edÿär. Mango ÿalñyš görÿän setirlerini nygtaÿar, Mahym ÿegen šygyrda çuñ pikir agtarÿar. Menem ÿazylan synlary okap köp zat öwrenÿän. Minnetdaar! Güneš, Šasenem, Abdylla jan hem hoš sözleri bilen meni šat etdiler!

0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
ybraýym daýyñ goşgusyna erbet diýip asla göwnüne degesim gelenok ýöne men goşguda hiç zat tapyp bilmedim.Adam gojalýar hemme zat gojalýar Ybraýym daýam gojalýar hormatly maşgalasam gojalýar .Bularyñ hiç biri täzelik däl ahyry.Adam dogup döräp bola bola gelýän zat.Üstesine-de hany çuñ PIKIR?Diñe erkin forma ýykgyn edişiñiz ýarady.Daýy,siziñ Watan hakyndaky çuñ manyly goşguñyz maña gaty ýarapdy.sizden şonuñ ýaly šygyrlara garaşýan.Bu ýûzleýlikde köp eglenmäñ!Öñki çuñlugyñyza dolanyñ!(Bu sözlerim üçin gaty görmän dogry kabul edersiñiz diýip umyt edýän)

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Ölümiňi ýatlamak çuň pikire girmeýärmi?

0
3 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Jan Ybraÿym ! göwre gojalsa-da göwni garrytmajak bolaweri . Seniñ gošgulañ bary oñat , emma haÿsy birin iñ soñ okasam šol beÿlekilerden oñadyrak görünÿär ! Her halda janyñ sag , galamyñ ÿiti bolsun Jan Ybraÿym !

0
2 mango   [Mowzuga geç]
haladym.
"ölüm – gülüm" kapiýalary gaty gowy.
her wagt bolşy ýaly Ybraýymda jedelleşip boljak bir zatjagaz tapylýar.
köňüliň gojalmagy.
beden gojalsa-da köňüle-göwüne gojalmak täsir etmeýän ýaly(myka diýýän).
garrylar diýen bolýara "bedenim garraýdy-da, ýogsam göwnümiň şol ýaşlygy" diýip.
(ýyldyzlaryň gysganman bäşisinem basýan).

0
1 Güneş   [Mowzuga geç]
Sag bol, göwündeş Ibrahim. Ritmik we Akgynly goşgy, uzakdan elleriňi gysýan. göwniňe gubar düşmesin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: