09:08 Men bahara garaşypdym | |
MEN BAHARA GARAŞYPDYM Men bahara garaşypdym, Maýsalykda ezilmäge. Gülden gotaz ýasan gyzlaň kirpiginde süzülmäge. Soňky gezek bolsa-da, goý, Söýülmäge. Men bahara garaşypdym, Sözlem janly bolar ýaly. Peýmanam dolsa bimahal Bir ahmyrsyz öler ýaly. Ýitgilerim, puşmanlarym, Dostlarym hem duşmanlarym... geler ýaly. Men bahara garaşypdym, Alma gülün ysgamaga, Dag ýodasyn yzlamaga. Aglap bilmedim agymy, Döküp bilmedim ajymy. Men bahara garaşypdym, Ýuwaşjadan alyp demim. Ýuwudan gaharym telim Bokurdaga tegek boldy. Olam hiç kime görünmän Aglanymda gerek boldy. Men bahara garaşypdym, Bu gyş juda uzak boldy. Diljagazym-ýaňrajygym. Görnüp dur-a bahar hakda Üýtgeşik zat ýazmajagym. Güneşde ýylynar ýaly, Garaz, obalylar ýaly. Men bahara garaşypdym Ýoňdan galan oýnawaç deý, Bir arzuwçyl garlawaç deý... Men bahara garaşypdym... Suraý BABANYÝAZOWA | |
|