19:39
Gutlymyrat aga
GUTLYMYRAT AGA

Bamyň gadymy topragy. Bu toprakda täsin ykbally adamlaryň gör, näçesi ýaşap geçipdir. Olaryň birnäçesiniň atlary şu gün hem halkyň dilinden düşenok. Olary mähir bilen ýatlaýarlar, olara uly hormat goýýarlar. Olar hakynda rowaýatlar döredýärler. Emma olaryň birnäçesiniň atlary eýýäm ýatdan çykyşypdyr. Wagt diýeniň tiz geçýär...
Mundan birnäçe ýyl ozal Bamyda türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirdi Pürli Saryýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy bellenip geçildi. Şol dabara gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Açyk giň meýdanda myhmanlar üçin gara öýler dikildi. Şol gara öýleriň birinde men köne tanşym Gutlymyrat aga sataşdym. Biz oduň başynda oturyp, uzak wagtlap gürrüň etdik.
Gutlymyrat Sary bagşynyň ýakyn garyndaşy Begmyradyň ogly. Ýaşy bir çene barandygyna garamazdan, ol gaty ýatkeş adam. Şol ýaşda şeýle ýatkeş adam durmuşda gaty seýrek duş gelýär. Gutlymyrat aga Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan. Ol uzak ýyllaryň dowamynda mekdepde taryh predmetini okatdy. Ol obadaşlarynyň arasynda janly ensiklopediýa diýlip tanalýar. Köp zady bilensoň, Gutlymyrat aga öz başdan geçirenlerini tükeniksiz gürrüň bermegi başarýan adamdy. Her gezek gürrüň berende, onuň daşyna adam bary üýşerdi. Hawa, onuň berýän gyzykly gürrüňlerini diňläp doýmazdylar.
Biziň şol gezekki duşuşygymyzdan soň, Gutlymyrat aga basym aradan çykdy. Men bu uly ýitgi bilen uzak wagtlap ylalaşyp bilmedim. Onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyp, uzak wagtlap gürrüňdeş bolmak kemterlik edýärdi. Durmuşdan (diňe bir meniň durmuşymdan däl) nämedir bir öräm möhüm zat gitmeli däl zat giden ýaly bolup görünýärdi. Ine, onsoň men Gutlymyrat agadan eşiden zatlarymyň iň bolmanda bir bölejigini okyjylara gürrüň bermegi makul bildim. Gadymdan gelýän halk däpleriniň tükeniksiz hazynasyny özünde saklan, ata-babalarymyzyň şol asylly däplerine uly hormat goýan Gutlymyrat aganyň hatyrasy üçin gürrüň bermegi makul bildim.
Meniň pikirimçe, onuň öz gurply ildeşleri hakyndaky ýatlamalary gyzykly bolsa gerek. Soňky ýyllaryň jemgyýetçilik aňynyň lenç eden zatlaryny batyrgaýlyk bilen bozup, Gutlymyrat aga öz hekaýatlarynyň gahrymanlarynyň ynsanperwerligini, parasatlylygyny, sahylygyny we göwnaçyklygyny aýratyn nygtaýar. Mysal üçin, Gyzylarbatda önüp-ösen Annamämmet Hajy diýen bir adam ildeşleriniň hakydasynda ýatdan çykmajak ýakymly yz galdyrypdyr. Onuň rehimliligi hem-de sahylygy hakynda adamlar rowaýatlar döredipdirler. Onuň öýüniň gapysy, edil öz göwnüniň açyklygy ýaly, pakyr-pukaralar üçin elmydama açyk bolupdyr. Mätäçlere kömek bermekden hiç wagt ýüz döndermedik Annamämmet Hajy «taňryýalkasyn» üçin köpleriň bergisini geçipdir. Bu üýtgeşik sahy adamyň ýeke-täk özüniň 1916-njy ýylda eden uly haýyr-sahawat işi (häzir ony şeýle atlandyrardylar) hakyndaky mähirli gürrüňler halkyň arasynda şu günler hem bar. Şonda egin-eşik we matalar ýüklenen iki wagondan ybarat ýük otlusy demir ýok bilen Gazanjyk stansiýasyndan Mara çenli barypdyr. Bu ýük otlusy bütin ýylboýy her stansiýada durupdyr we Annamämmet Hajynyň iberen adamlary wagonlardaky zatlary garyp-gasarlara sahylyk bilen paýlapdyrlar.
Gutlymyrat aga Börmede önüp-ösen Mewle Serrik hakynda-da mähir bilen ýatlardy. Ol syçmazlaryň şöhratly bagaja tiresinden bolupdyr. Özem biçak baý adam eken. Kakasyndan galan baý mirasa eýe bolan Mele Serrik hem gadymdan gelýän halk däbine eýerip, obadaşlarynyň bergilerini geçmegi we uly toý tutmagy karar edipdir. Obanyň ýaşululary onuň hoşniýetli maksatlaryny makullap: «Berekella, Mele, sogap iş edýärsiň. Ýöne şeýle uly toýa taýýarlyk görmek üçin birki ýyl-a gerek bolar. Bilip goý, tekeleriň hemmesi seniň arkaňda durar!» diýip, oňa maslahat beripdirler.
Mele Serrik ýaşulularyň maslahatyna eýeripdir. Ol iki ýylyň dowamynda Hywa, Eýrana, Gündogaryň beýleki şäherlerine kerwen ýollap, öňde duran uly toý dabarasy üçin uzak ýurtlardan zerur bolan ähli zady – haryt, däne daşapdyr. Goňşy taýpalardan: ýomutlardan, gökleňlerden, gerkezlerden toýa köp sanly myhman çagyrypdyr.
Toý başlanmazyndan üç-dört gün öň, uly ýygnanyşykda obadaşlaryna ýüzlenip, ol şeýle diýipdir: «Her öý özüne myhmanlary kabul edýär. Toý dabarasynyň bütin dowamynda olary saklamak üçin harajatlary men öz üstüme alýaryn». Şondan soňra her öýüň hojaýyny un, çaý, süýji, ýag we beýleki azyk önümlerini alypdyr. Ol toý tutýanlara sekiz ýüz goýuny mugt paýlapdyr. Däp bolan ýaryşlaryň ýeňijileri üçin we halk gezelençlerini guramak üçin baýraklar hem-de sowgatlar gysganylmandyr. Şu maksatlar üçin bir süri goýun, ýüzden köpräk düýe, milli donlar, gymmat bahaly zatlar berlipdir.
Mele Serrik iki ogluny hem öýerip, olaryň toýuny hem şol uly toý dabarasyna gabatlapdyr. Toý dabarasy üç gün dowam edipdir we aňrybaş şowly bolupdyr. Myhnanlar gaty razy bolupdyrlar. Garyp-gasarlar özlerini aýratyn-da bagtly duýupdyrlar. Çünki Mele Serrik, wada berşi ýaly, özüne bergili adamlaryň hemmesiniň bergisini geçipdir. «Taňryýalkasyn» aýdan her bir adama ol: «Özüňe-de taňryýalkasyn! Allanyň haky üçin men ähli bergileri geçýärin» diýip jogap beripdir.
Hojagala diýen ýerden Orazguly hojanyň tutan toýy hem obadaşlary üçin şeýle dabaraly toý bolupdyr. Onuň bergidarlary hem bergileriniň geçilenini eşidip, begençlerinden ýaňa iki bolup bilmändirler.
... Men Gutlymyrat aganyň gürrüňlerini diňläp, sahylykda şöhrat gazanan şol adamlaryň ajaýyp işlerine onuň özi bilen bile haýran galypdym, begenipdim. Şol bir wagtyň özünde hem haýyr-sahawat ýaly oňat däpleriň wagt geçmegi bilen ýitip gidýändigine nebsim agyrypdy. Edil gadymdan gelýän beýleki köp sanly däpleriň ýitip gidenine nebsim agyryşy ýaly. Onsoň men şol asylly däpleri ähli çäreler arkaly dikeltmäge şu gün bizi döwrüň özi mejbur edýär diýip pikir etdim. Sogap iş eden biziň atalarymyzyň we babalarymyzyň hatyrasy üçin. Biziň çagalarymyzyň we agtyklarymyzyň eşreti üçin.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

«Туркменская искра» gazetinden 4.03.1994.

«Mugallymlar gazeti», 11.03.1994.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: