15:12
"Ömür kyssasynyñ" beýany
«ÖMÜR KYSSASYNYŇ» BEÝANY

Türkmen edebiýatynyň soňky döwürde ösüp ýetişen nesliniň wekili Allaýar Çüriýew edebiýat meýdanyna studentlik ýyllarynda, liriki aýdym tekstleri bilen gadam basdy. Soňra ol köp şahaly döredijilik daragtyna öwrüldi. Ülkämiziň belli kompozitorlary bilen onlarça aýdymlary döretdi. Olar henize şu güne çenli güneşli toprakda şol ýaňlanyp dur.
Bu ugurda özboluşly üstünliklere eýe bolan şahyr Allaýar Çüriýew öz güýjüni publisistika žanrynda barlamaga girişdi. Ol geçen ýyllaryň dowamynda yhlasly zähmet çekip, oçerk-publisistika žanrynda-da onlarça dokumental eserler döretdi. Bu ugurdan onuň çuňňur mazmunly, saldamly üç kitaby bar.
Ýaňy-ýakynda okyjylar köpçüligine gowşan «Ömür kyssasy» kitaby şolaryň üçünjisidir. Taryhy-publisistik oçerklerden şu kitap awtoryň soňky ýyllarda yhlas siňdirip döreden eserleriniň uly toplumyny öz içine alýar. Onuň öňki kitaplarynyň halk köpçüliginiň arasynda uly gyzyklanma döredişi ýaly, bu kitap hem eýýäm okyjylaryň gadyr goýýan eserine öwrüldi. Bir zady bellemek gerek: oçerk-publisistika žanry biziň edebiýatymyzda ozal ýok zat däl. Onuň belli-belli awtorlary hem bar. Emma A.Çüriýewiň bu eserleriniň öz aýratynlygy, beýlekilerden has tapawutly durmuşylygy bar. Awtoryň eserlerine «Ömür kyssasy» diýmegi-de eýýäm şol eserleriň mazmunynyň aýratynlygyndan habar berýär. Olarda yzarlanýan adam ykballarynyň ýönekeý ykballar däldigini aňladýar.
Bu eserleriň ýazylan döwrüniň özi täzelikleriň, batyrgaýlyklaryň, töwekgelçilikleriň döwri boldy. Has dogrusy, özbaşdak döwletiň ilkinji basgançaklaryndaky eserler boldy. Ýene bir bellemeli zat: geçen onýyllyklarda-da şahsyýet kultunyň paş edilmegi bilen çökder edilen işlere, hyýanatçylyklara seredilen hem bolsa, edil häzirki ýaly töwekgelçilik hem giňişlik bilen çemeleşmeklik ýokdy. Hatda köp meseleleri ýatlamak hem bolanokdy. Şu kitaba girizilen adam ykballary dogrusynda-ha pikir hem edilmeýärdi. Aslyýetinde şahsyýet kultunyň pidalary hakynda gürrüň edilende az sanly ýolbaşçy işgärler bilen çäklenilýärdi. Seredip otursak, biziň respublikamyzyň çäklerinde-de ykballary dogrusynda gürrüň edilmäge mynasyp adamlaryň onlarçasy bar eken.
Meniň şu ýerde bir meseläni ýörite belläsim gelýär. Soňky wagtlarda Türkmenistan hakynda gürrüň edilende, onuň özbaşdaklygy, garaşsyzlygy hakynda söhbet açylanda göýä ony tarp ýerden dörän ýaly edäýýärler. Eýsem biziň öňki soýuzyň düzüminde bolan Türkmenistanymyza näme diýýärdik? Olam özbaşdak döwletdi. Onuň özbaşdaklygy hakynda biz örän köp sahypalar ýazypdyk. Umuman, ol zatlaryň ählisini köre-körlük bilen unutmak, geçmişe tutuşlaýyn atanak çekmek bolmaz. Şu günki garaşsyz Türkmenistanyň döremeginde, rowaçlanmagynda howply-hatarly ýollardan ädimläp, onuň belentliklere galmagynda ýüzlerçe ýigitleriň är işini bitirendigini bu gün çekinmän aýtmalydyrys. Şol döwürde nähili ýalňyşlyklar, kemçilikler bolsa-da, olaryň zähmeti hiç mahal unudylmaly däldir. Ýurdumyzyň gül-gunçasy, güýji-gaýraty bolan şol adamlaram stalinçilik terroryň pidasy bolupdyrlar. Şu kitapda şol bigünä pidalaryň onlarçasynyň ykbaly yzarlanyp, gören görgüleri indi ýarym asyrdan soň ile ýaýylýar.
A.Çüriýewiň eserini okanyňda ýurdumyz üçin aňsat bolmadyk şol ýyllarda jan aýaman zähmet çeken partiýa we döwlet işgärleriniň, edebiýat we sungat işgärleriniň, kolhoz gurluşygynyň, aýallar azatlygynyň, medeni rewolýusiýanyň gahrymanlarynyň ençemesiniň bitiren işlerine göz ýetirýärsiň. Olaryň ýatda galarlyk keşbi bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.
Işeňňir publisist Allaýar Çüriýew bu zatlaryň, wakalaryň anygyna ýetmek üçin, hakykaty ýerli-ýerinde goýmak üçin ummasyz uly zähmet çekipdir. Arhiw materiallaryny birin-birin agtarypdyr. Şol döwürleriň işeňňir adamlary bolan, häzir aramyzda ýaşap ýören ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşypdyr, gürleşipdir. Taryhy maglumatlary olaryň gürrüňleri arkaly has anyklaşdyrypdyr. Jogapkärçilik bilen işe çemeleşmek, onuň esasy gymmatly tarapydyr.
Kitabyň başynda ýerleşdirilen «Otuz ýediniň gara ýaňyny» okanyňda-da, gönüden-göni aýry-aýry şahsyýetlere bagyşlanan «Hajymyrady», «Ýaňgalaly batyry», «Muhammetguly Atabaýewi», «Aýralygy», «Ýürek ýatlamasyny» okanyňda-da muňa doly göz ýetirýärsiň. Bu işler biziň publisistik edebiýatymyzyň taryhynda täze döwrüň edebiýaty boldy.
Aýratyn bir bellemeli mesele: ol hem bu kitabyň mazmunynyň örän internasional häsiýetliligidir. Eserleriň içinden ýyllaryň dowamynda ençeme işler bitirip, bir maksada gulluk etmekde janypkeşlik görkezen dürli halklaryň doganlyk-dostlugy eriş-argaç bolup geçýär. Onsoňam bularyň gyzykly beýany awtoryň islegine, planlaryna görä däl-de, wakalaryň tebigylygynda ýüze çykýar.
Nikolaý Paskuskiniň, Nedirbaý Aýtakowyň, Anna Muhammedowdyr Batyr Ataýewiň, Hajydyr Öwezgeli Atabaýewleriň we olaryň merdana egindeşleriniň çeken zähmetleri, edermenlikleri kitabyň watançylyk, jemgyýetçilik mazmunyny has-da artdyrýar.
Kitapda ýerleşdirilen portret oçerkleriň arasynda edebiýatyň hem sungatyň repressiýa ýyllarynda agyr horluklara sezewar edilen wekilleriniň – Oraz Täçnazarowdyr Hojanepes Çaryýewiň, Georgiý Weselkowyň, Ata Nyýazowyň, Anna Muhadowyň we olaryň maşgalalarynyň ykballarynyň yzarlanyşy aýratyn bellemäge mynasyp. Kitapda dürli ykballaryň yzarlanandygy, obýektleriň dürlüligi okyjyny özüne çekýär. Sungatyň wekilleriniň hereket etmegi okyjyny has-da özüne imrindirýär. Žurnalist Andreý Malýutin, heniz okyjylara belli bolmadyk ilkinji türkmen dramaturgy Aýtjan Haldurdyýew hakdaky oçerkleri okanyňda bilesigelijiligiň atýar, adam ykballarynyň täsinligi has-da hyjuwly gurşap alýar.
Awtor soňky döwürde kitaba artykmaçlyklar berýän çeper, gyzykly hem gymmatly maglumatlara köp ýüzlendi. Olaryň çeper ýazgysyny döretdi. Edebiýatyň taryhyna otuzynjy ýyllarda gelen, ykbaly şowsuzlyklaryň üstünden düşen şahyr Montan Janmyradowyň, ilkinji magaryfçylaryň biri, şahyr, frontçy esger Şaly Kekilowyň, Türkmenistanda gyzlaryň arasyndan çykan ilkinji medisina işgäri Annajemal Pirguly gyzynyň we beýlekileriň ömür ýazgylary muňa mysaldyr.
Ilkinjiler... Kitapda ykballary ýowuz gelen şol ilkinjileriň ençemesi bilen gabatlaşyp, olaryň pajygaly durmuşyna ser salanyňda taryhda bolup geçýän pidalaryň köpdügine juda gyýylýarsyň. Çünki her bir işde-de ilkinjilere kyn düşýär ahyry. Belki-de, ilkinjidikleri üçinem olar şeýle kysmata sezewar edilendir?! Olaryň gaýratly ädimleri duşmanlaryň ýüregine ot bolup basylandyr?! Kitaby okanyňda ine, şu pikirler seni çuňňur oýlanmaga mejbur edýär. Sebäbi öňde baryjy işçiden, daýhandan başlap, ilkinji sowatly adamlardan, ýazyjy-şahyrlardan, döwlet ýolbaşçysyna çenli ählisiniň diýen ýaly pürrelenmegi, gara gamçynyň aşagyna salynmagy, olaryň gundagdaky çagalaryna çenli «halk duşmany» tagmasynyň basylmagy eýsem şol ilkinjidikleri üçin dälmi?! Ine, şu hakykaty ýüze çykarmak üçin kitabyň awtory bu adamlara degişli materiallary öwrenende ikirjiňlenere ýer goýmandyr. Bu bolsa eserleriň gymmatyny has-da artdyrypdyr. Eserleriň ýene bir gymmatly tarapy – geçmişiň gara sahypalaryny dikdatyň, terroryň halky, ýurdy nähili betbagtçylyga alyp barandygyny düşündirse, ikinjiden, durmuşda bikanunçylyga, adalatsyzlyga sowuk-sala garamaly däldigini giň okyjylar köpçüligine ýene bir gezek ýatladýar.
A.Çüriýewiň publisistik eserleriniň forma taýdan hem örän özboluşlylygyny, awtoryň özünden öňkülere meňzemeýän usul-forma bilen işleýändigini ýörite bellemelidiris. Bu onuň eserleriniň artykmaçdygyny alamatlandyrýar.
Kitaba girizilen eserleriň çeperçilik aýratynlygyny ýörite bellemelidiris. Portret-oçerkleriň ählisiniň diýen ýaly aýry-aýry eserlerden edilýän talaby doly ödeýändigini belläp, bularyň tutuşlygyna bir ýygyndy emele getirendigini-de nygtasymyz gelýär. Elbetde A.Çüriýewiň «Ömür kyssasy» barada ýene-de köp zatlary aýtmak bolardy. Çünki kitap özi dogrusynda näçe gürrüň etseň göterip biljek. Sözümizi jemläp aýtsak, ol şu ýylyň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlenen eserleriň arasynda mynasyplaryň biri diýesimiz gelýär.

B.USSAÝEW,
Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti.

«Aşgabat agşamy», 28.04.1992 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: