07:42
Dünýä ýañ salýan şahyr
DÜNÝÄ ÝAÑ SALÝAN ŞAHYR

Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy her bir ýürekde ýaşaýar. Beýik şahyryň şygyrlarynyň güýjüni hiç bir söz bilen beýan edip bolmaýar. Onuň şygyrlaryny okan her bir adam özünde üýtgeşik bir güýjüň emele gelýändigine bada-bat göz ýetirýär. Adamyň ruhuna-ruh goşýan şahyr mukaddesdir.
Magtymguly bu günki gün diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem dünýä dillerinde gürleýär. Onuň dünýä edebiýatynda mynasyp orny bar.
Men Magtymguly Pyragynynyň doglan gününiň 250 ýyllyk ýubileýiniň Aşgabatda geçirilişini häli-şindi ýatlaýaryn.
Toýa gatnaşmak üçin dünýäň çar tarapyndan köp sanly ýazyjy-şahyrlar geldi. Dogrudanam bu toý edebiýatlaryň baýramçylygyna öwrüldi.
Moskwaly şahyr Ýegor Isaýew: “Magtymgulynyň her bir sözünde, her bir pikirinde, her bir setirinde onuň gan damarynyň tyrsyldysy, onuň ýürek urgusy bar, onuň kän zatlary gören, kän zatlara döz gelen gözleriniň nazary bar. Şolaryň hemmesem kalbyň, pähimiň uçursyz gudraty bilen nesilden-nesle geçip bize gelip ýetipdir...diýse”, Özbek ýazyjysy Kamil Ýaşen: “Magtymgulyň eserlerinde onuň ynsana adamkärçilikli garanlygy, döwürdeşlerine ýakyn ideýalaryň sistemasyny özüniň döredendigi ägirt güýç bilen beýan edilýär. Şeýle bolansoň, onuň eserleri sadalygy bilen, pikir ýöredişiniň aýdyňlygy bilen özüni aldyrypdyr” diýdi. Ýubileý dabaralarynda çykyş eden belorus şahyry Maksim Tank, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow, azerbaýjan şahyry Süleýman Rüstem, ukrain şahyry Pawlo Mowçan, täjik Mömin Kanat, balkar Kaýsyn Kulyýew, rus ýazyjysy Lazar Karelin, garagalpak Ibragim Ýusubow, gazak akademigi Zaki Ahmedow, ermeni Owanes Gukasýan, tatar Rawil Faýzüllin, latyş Uldis Berzinş, moskwaly ýazyjy Boris Rahmanin, wenger Derfaş Endre we beýlekiler Magtymgulynyň pähim-paýhasyna gaty ýokary baha berdiler.
Toý günlerinde Magtymgulynyň terjimeçisi N.Grebnew şeýle diýipdi: “Ýüz görülýän aýna diňe aýnanyň bir bölegidir. Ýöne onda baglar, bulut ýa-da gözeliň ýüzi görneninde ol has ajaýyp bolýar.
Men diňe goşgularyň ýönekeý terjimeçisi. Ýöne ajaýyp şahyrlaryň goşgulary meniň ýürek damarymdan geçýär, onda şekillenýär. Meniň eserlerini rus diline geçiren şahyrlarym: Magtymguly, Zelili, Mätäji we beýlekiler üçin türkmen ili sag bolsun”.
Gazak alymy Zaki Ahmedow Gazak ülkesinde Magtymgula uly hormat goýulýandygyny nygtapdyr. Magtymgulynyň genisiniň adamzat pikiriniň, adamzat ruhunyň parlak ýyldyzydygyny belläp, Magtymgulyny döreden halkyň ölmez-ýitmez bolşy ýaly, Magtymgulynyň poeziýasynyň hem ölmez-ýitmezligini aýdypdy. Ajaýyp “Görogly” eposyny ýerine ýetiren gazak bagşylary, dessançylary Magtymgulynyň goşgularyna düzülen aýdymlary hem hut şonuň ýaly höwes bilen aýdypdyrlar. Bu aýdymlar halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir.
Ol Magtymgulynyň eserleri gazak dilinde köpçülikleýin tiraž bilen telim gezek neşir edilendigini habar beripdi. Onuň eserleri hrestomatiýalara we okuw kitaplaryna giripdir. Magtymgulynyň 250 ýyllyk ýubileýine gabatlanyp, şahyryň eserleriniň täze bir tomlugy çykypdyr. Bu kitap Magtymgulynyň eserleriniň dördünji neşiri bolup, ol gazak talantly şahyr, Türkmenistanda önüp-ösen, türkmen howasyndan dem alan we türkmen dilini kämil bilýän Düýsenbek Kanatbaýewiň türkmençe originaldan eden terjimelerinden ybarat düzülipdir. Magtymgulynyň goşgularyny terjime etmäge gazaklaryň üç nesliniň görnükli ýazyjy-şahyrlary gatnaşypdyr.
Elbetde, türkmen-belorus edebiýatlarynyň özara gatnaşygyna dahylly mysallar bir ýa iki däldir. Türkmen we belorus ýazyjy-şahyrlary birek-biregiňkide bolup dostlaşdylar. Birek-biregiň kitaplaryny neşir etdiler. Belorus şahyry Rygor Borodulin Türkmenistanda birnäçe ýola boldy. Şahyrlar Baýram Jütdiýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň eserlerini belorus diline terjime etdi we onuň özi türkmen topragy barada goşgular toplumyny döretdi. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başlarynda bolsa Minsk neşirýaty Magtymgulynyň goşgular kitabyny çapdan çykardy. Bu işde-de şahyr Rygor Boroduliniň tagallasy az bolmandyr. Ol beýik türkmen şahyrynyň goşgularynyň terjimeçileriniň biri boldy. Şeýle hem ol kitaby neşir etmek nem belorus diline geçirmeklige Belorussiýanyň iň gowy şahyrlary Anatoliý Klyşko, Wladimir Korotkewiç, ýaşuly ýazyjy Ales Zwonak, ýaşlardan Oleg Loýko, Artur Wolskiý, Wladimir Şahowes, Walentin Kowtun, Petro Prihodko... dagy gatnaşdylar.
Belorus şahyry Maksim Tank Türkmenistanda myhmançylykda bolupdy. Onuň türkmeniň beýik akyldary Magtymgula sarpa goýşy aýratyndy. Ol türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewi oňat tanaýardy: “Berdi Kerbabaýew ajaýyp adam hem alymdy, örän giň düşünjeli şahsyýetdi” diýip ýatlapdy. “Biziň respublikamyzda Magtymgulynyň, Keminäniň, Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň, Hydyr Derýaýewiň, Gara Seýitliýewiň, Gylyç Kulyýewiň, Kerim Gurbannepesowyň, Täşli Gurbanowyň, Ata Atajanowyň kitaplary neşir edildi. Türkmen ýazyjylarynyň hekaýalarynyň antologiýasy çap bolup çykdy” diýipdi.
Bu günki gün, beýik akyldaryň şanly toýuna taýýarlyk görülýän günlerde rus şahyry A.Tarkowskini ýatlamazlyk mümkin däl. Arseniý Tarkowskiniň eden terjimeleri ummasyzdyr. Magtymgulydan edilen köp sanly terjime, Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessany, Keminäniň satirasy we lirikasy... sanasaň sogaby bar diýleni.
Dürli dillerdäki Äpet poetiki antologiýa onuň terjimesinde dury rus sesinde ýaňlandy. Onuň formasy mydama düşnükli, originala sarpa goýşy üýtgeşikdi. Terjimeçiniň misilsiz rus şahyrydygy üçin, rus sözüniň tagamyny gaty gowy bilýändigi üçin ol şeýle bolup görünýär.
Arseniý Tarkowskiý kyrkynjy ýylyň güýzünde Aşgabada gelipdi. Şol ýyl Türkmenistanda Keminäniň doglan güni mynasybetli toýa taýýarlyk görlüpdir. Heniz adykmadyk ýaş şahyr A.Tarkowskiý Keminäniň goşgularyny rus diline geçirmäge girişýär. Uruş ýyllary frontda söweşen A.Tarkowskiý 1946-njy ýylda bütin tejribesini jemläp Magtymgulynyň goşgularyny terjime etmäge girişipdir.
Aşgabat ýer titremesinden üç-dört gün geçensoň, ol aýaly bilen Aşgabada gelipdir. Haraba öwrülen Aşgabat, yzanda-çuwanlyk... Ýöne Tarkowskiniň hiç zatdan heder etmän bu ýere gelmegine hakyky edermenlik diýip düşünmeli. Muňa beýik akyldaryň rus şahyryna eden täsiriniň jadylaýjy güýji diýip düşünmeli. Ol birnäçe aýlap Aşgabatda ýaşapdyr. Oňa türkmen ruhuna girişmek türkmen ýoldaşlarynyň maslahatyny almak gerekdi. Ýaşaýyş ýagdaýy-da öwerlik däl eken. Gogol köçesiniň boýundaky myhmanhananyň ikinji gatynda horaşaja otagda ýaşaýan eken. Operasiýa edilensoň, aýagynyň gaty agyrysyna, iýmit ýetmezçiligine garamazdan, Arseniý Tarkowskiý işe gaty gyzygypdyr.
Döredijilik zähmetiniň ejirini çekmekde Tarkowskiý göz görkezipdir. Neşirýat üçin gol çekilýän “şertnamany” ýada salmandyr, ýüregiň emri boýunça, halk üçin işläpdir. Halka ýadygär galsyn diýip edilýän işleriň ömri uzak bolýar.
Soňra türkmen okyjylary Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanyny Tarkowskiniň terjimesinde okadylar. Milli poeziýanyň şamçyragy hasaplanýan bu eseri rus okyjylaryna ýetirmäge synanyşan adamlar öňem tapylypdy, ýöne olaryň terjimesininň ömri gysga boldy, ýene-de Tarkowskiniň zähmeti okyjylaryň ýüregine ýol tapdy.
Tarkowskiý türkmen nusgawy şahyrlaryndan daşgary hem öz döwürdeş türkmen şahyrlarynyň hem birnäçesini terjime edipdi. Ýöne şunça döwürdeşleriň, şunça klassyklaryň içinde-de rus şahyry üçin ýeke-täk ruhy goldaw Magtymguly bolup galypdyr.
Pikirleriň kämilligi, galamynyň ýitiligi oňa rus şygryýetiniň ussatlarynyň biri diýen şöhraty getiripdi. Onuň özüniň sarpa goýýan şahyrlary bardy. Olary ol özüniň halypasy hasaplaýan eken, olardan maslahat soraýan eken, olardan öwrenýän eken. Şolaryň arasynda-da ol ilki bilen “türkmeniň sözlär ili Magtymgulynyň” adyny tutýan eken.
Arseniý Tarkowskiniň zähmetine mynasyp baha berildi. Oňa Magtymguly adyndaky halkara baýrak gowşurylypdy. Ol täze neşir edilen kitabyny Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Aleksandr Aborskä ýazgy bilen sowgat iberipdi. Ol şeýle ýazypdyr: “Meniň nämedir bir zatlary Magtymgulydan öwrenjek bolanymy sen duýýarmykaň? Ýöne ol akylly-başly öwrenme bolmandyr-özümem şuny soň duýup galdym.”
Öz halkynyňam, dünýä poeziýasynyňam filosofiki lirikasyny kemsiz özleşdiren rus şahyrynyň ala-böle Magtymgulyda aýak çekmegi, ondan öwrenmegi, gör, nähili gowy. Öz aýdyşy ýaly, “akylly-başly öwrenmän”, biygtyýarlykda, diňe ýüregiň emri bilen ýykgyn edeniňi bilmän galmak, beýle ýagdaý diňe Magtymgulynyň gudratyna aňyrsy bilen düşünen şahyrlarda bolup biler. Çendanlarintonasiýada, sözleri berçinläp ýerli-ýerinde ulanmakda Tarkowskiniň şygyrlarynda Magtymgula golaýlaýandygyny duýmak bolýar.

Allaýar ÇÜRIÝEW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
. Buýsandyryjy, ajaýyp makala

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: