00:22
Şahyryñ döredijilik dünýäsi
ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Kitap dünýäsi. Eger bu dünýä düşseň, saňa bibliografik görkezijiler edip deňizdäki maýak ýaly kömege ýetişýär. Ýakynda şeýle bibliografik görkeziji kitabyň biri çapdan çykdy. Bu kitap «Allaýar Çüriýew – şahyr hem žurnalist» diýlip atlandyrylýar. Ol Garaşsyz Baky Bitarap ýurdumyzda tanalýan belli şahyr hem žurnalist Allaýar Çüriýewiň doglan gününiň 50 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilipdir.
Bibliografik görkezijide alty sany bölüm bolup, onuň içinde müňe golaý bibliografik ýazgy bar. Ol 1964–1999-njy ýyllary öz içine alýar. Allaýar Çüriýew poeziýada, prozada, publisistik makalalar ýazmakda örän köp işler edipdir. Bu bibliografik görkeziji Allaýar Çüriýewiň ähli ýazan eserlerini doly açyp görkezýär. Görkezijide edebiýatlar ýyllar boýunça ýerleşdirilip, elipbiý tertibinde berilýär. Görkezijiden peýdalanmak üçin kömekçi at görkeziji düzülen. Görkezijini düzenler belli bibliograf, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ata Abdyýew bilen bibliograf Annagül Garajaýewadyr. Täze bibliografik görkeziji kitapça A.Çüriýewiň döredijilik dünýäsi bilen tanyş edýär.

Abdy ATAÝEW.

30.07.99. «Edebiýat we sungat».
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdy Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: