00:19
Tebigat depderi
TEBIGAT DEPDERI

Megerem, güýz aýlary bolsa gerek. Men öz halypam Nunna aga bilen awa çykypdym. Biz agşam baryp, Şahlyň golaýynda ýatmalydyk. Gün gijigen wagty Nunna aga maňa:
-Sen Şahlyň gowagyna baryber. Ot ýak-da, çaý gaýnat. Menem, ine, Toraňňylyň üsti bilen aýlanyp, şo ýerdenem eňerin – diýdi.
Ýaňy garaňky düşen badyna, men aýdylan gowaga bardym. Gowak gaýanyň düýbünde ýerleşýärdi. Gowak aşakda bolsa-da, ol on bäş metr çemesi ýerden ýokardady. Men atymy başga ýerde daňyp, tüpeňimi, hatarymy we dürbümi gowagyň gaýra tarapynda goýdum. Gowagyň ileri tarapynda bolsa ot ýakylyp, çaý gaýnadylýan ýer bardy. Men haýal etmän, bir gury kerkawy süýräp getirip, uly ot ýakdym.
Şol ot ýakylýan ýeriň ileri çetinde bir düýp böwürslen ösüp otyrdy. Ot ýagşy tutaşyp, tüňçe gaýnamaga golaýlapdy. Şol wagtam gowagyň ileri tarapynda bir uly şakyrdy eşidildi.
“Nunna aga atyny idip, daşlyk baýyrdan inip gelýär-ow” – diýip, men oňa onçakly ünsem bermedim.
Emma az salymdan ol şakyrdy hyrlaýan, hyňlaýan uly bir gykylyga öwrüldi. Onýança hem şol tarapdan garaňkynyň içinden özüme garşy tesip gelýän äpet ýekegapanyň göwresini gördüm. Ýekegapan özüne hüjüm edip topulýan hyýrsyz gaplaňdan goranýardy.
Maňa ýaragyma el uzatmaga hiç hili mümkinçilik bolmandy. Sebäbi böwürsleniň aňyrsyndan gymyldasam, gaplaň meni hökman görjekdi.
Gaplaň aýylganç söweşe geçipdi. Ol gaharly topulýardy. Ýekegapan hem göwresini böwürslene diräp, maňa tarap süýşüp ugrady. Emma olaryň menden habarlary ýokdy. Men gaplaňyň ýiti gözünden we aýylganç dişlerinden howatyr edýärdim.
Näme etmeli? Birdenem gol ýaly ujy ýanan kerkaw kesindisini alyp, ony ýekegapanyň aýagynyň arasyndan garnyna garşy sokup goýberdim. Ol oduň awusyna çydamady-da, gaplaňyň üstüne okduryldy. Gaplaň hem üstüne özüni zyňdy. Olar şobada garpyşyp, aşaklygyna jülgä togalandy.
Men özümi dürsäp, göz açyp ýumasy salymyň içinde bolup geçen bu waka haýran galyp, çaý içmäge oturdym. Az wagt geçmänkä hem Nunna aga atyny idip geldi. Ol oduň yşygyna mese-mälim bolup görünýän äpet yzlary görüp, geň galdy. Ol bada-bat ýüzümden bir zadyň bolanlygyny aňdy. Men bolan wakany gürrüň berdim. Nunna aga diňläp bolandan:
-Şu ýerden aşaklygyna gaçan bolsalar, onda ikisem heläk bolandyr – diýdi.
Biz soňra ýekegapandyr gaplaňyň gaçan ýerine aýlanyp geldik. Şonda iki haýwanyň hem ölüp ýatanyny gördük. Ýekegapan şol topulyşyna äpet dişleri bilen gaplaňyň ala göwresini paralapdyr. Gaplaň hem onuň garnyndan agyz salyp, gaýadan şuwlap aşak gaýdypdyr.
Dagdaky wakadan bäri uzak wagt geçenem bolsa, men muny hiç ýadymdan çykaryp bilemok.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

“Pioner” ž, №9, 1985 ý.
Категория: Haýwanat dünýäsi | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: