19:17
Bagtyñ suraty / poema
BAGTYŇ SURATY

Bagtyň suratyny çekmeli bolsa,
Iň reňbe-reň hyýallary, düýşleri...
Ýüregimiň giň törüne üýşürip,
Çagyryp oý-duýgularmyň barjasyn.
Göwnümiň göçgünin dagdan aşyryp,
Sünnälärdim ak kagyzyň ýüzüne
Beýik Türkmenistanymyň kartasyn.

Arka diräp dünýe ýaşly daglara,
Gorly Garaguma ýaýylyp gidýän
Ýurdumyň göwün deý giňişligini,
Behiştden habarly iýmişlerini...
Ak sabalar syrygypjyk Güneşden,
Bagtly pursatlaryň, şatlykly günleň
Emaý bilen ýere inişlerini...
Ýagşyzada ýaly adamlaryny...
Tämiz niýetleri edinip hemra,
Ak günlere tarap ädimlerini...
Gül durmuşyň şowhun siňen sahnasyn...
Ýüregime sygdyrar-da ählisin.
Iň goýry ýaşylyn alyp baglaryň...
Alyp Günüň tyllakybap şöhlesin.
Şuglaýy daňlaryň gyzgylt reňkini
Garardym-da şapaklaryň alyna...
Eläp-eýläp ýürejigmiň ýagyna...
Didämden ýol ýasan begenç ýaşyna,
Şeýle bir, şeýle bir surat çekerdim –
Siňdirip gül Watanymyň görküni!

Söýgi siňen gijeleriň reňkini
Mähir çogan didelerden alardym!
Elwan reňki hüwdülerden alardym...
Ylhamymdan heser tapyp baharlar,
Jemlär-de iň parlak öwüşginlerin,
Ýylgyrypjyk geler älemgoşarda.
Men ýene-de bu reňkleriň üstüne
Ganatly arzuwlaň gülgünesini...
Utanjaň umytlaň gyrmyzysyny...
Iň inçe duýgulaň mämişisini...
Şeýle bir nepislik bilen goşar-da,
Goşar-da niýetleň çirksiz aklygyn...
Açyk asman öwüşginin şatlygyň.
Zemini söýginiň reňkine boýap,
Siňdirip päk oýlarymyň barjasyn...
Çekerdim gül Watanymyň kartasyn.

Ho-ol äpet daragty batyrardym-da,
Hyjuw siňen mawylygna deňizleň.
Asmanyn çekerdim – şeýle asuda –
Goý, Aý-ýyldyz, Güneş seýrana gelsin,
Göwünler guş bolup uçsun deňinde!

Asman monjugyndan üzülen damjaň
Ýaradanyň müň bir hikmeti hakda
Ýapraklara täsin pyşyrdysyny...
Gülleň gülgün lebindäki çygyny.
Çekerdim utanjaň gülälekleriň
Birden-birden birenaýy gyzarşyn.
Günüň gökden seçýän tylla çoguny,
Çekerdim gollaryn göterip göge,
Doga kylyp oturan ho-ol baglary.
Olara dirilik suwun bermäge
Ylgaşypjyk gelýän çeşme-çaýlary...

Daglarna ruhumdan berip howala,
Ýazlaryny reýhan bilen çekerdim,
Dünýä aşyk didäm bilen çekerdim...
Pynhan yşk sözlerim diňlän baglaryn
Müň bir heser-heýjan bilen çekerdim...

Çekerdim men hüllelybas ýelleri,
Çekerdim men köňle kybap illeri.

Goýnunda aşyklar duşuşar ýaly,
Çekerdim al-elwan meýdany boldan.
Men ýürek çekerdim – ýetginjekler deý –
Ýöne onuň parran peýkamy bolmaz.
Bolmaz onuň giň jahanda gussasy,
Onda diňe söýgi bolar,
yşk bolar.
Ol ýürege çäksiz ylham bermäge
Degre-daşy kaşaň-kaşaň köşk bolar.

Synlaň, ynha, „Bagt köşgüniň“ öňünden
Gelnaljylaň şowhun bolup gelşini...
Ak patasy bilen ýola ataran
Ýüzi bereketli, agras atalar...
Ýüzärlik tütedýän eziz eneler...
Bolar bu görnüşiň täsin gelşigi.

Ýap-ýaňyja kaka bolan ýigitler...
Elleri ak bäbeklije gelinler...
Täsin dünýä alyp gider kalbyňy,
Tutup arzuw-hyýallaryň elinden.

Her birisi galyň kitaba meňzeş,
Hatar-hatar ak öýleri çekerdim,
Olar göze yssy hem şeýle ykjam!
(Elbet, arzuwlarmy deňinde eglän
Şol öý, şo-ol penjire ünsümden sypmaz).
Meni uly dünýä ýollan köçeler...
Gabat gelen, goldan niçe-niçeler...

Bagtyň suratyny çekmeli bolsa...
Ol suratda...
meni söýen dilberiň
Mejnun eden keşbin çekmän bilmerin.
Gözlerini çeksem ýyldyza öwrüp,
Güle öwrüp çekerdim gül kamatyn,
Gaşlaryna derek Aý çekerdim,
(Goý,
bu syrymy özge biri aňmasyn!)

Şo-ol müýnsüzje çagalygmyň deňinde
Heý, bir pursat aýak çekmän bolarmy?!
Tamdyryň başynda gyzgyn çöregi
Suwa basyp beren käbämiň keşbin
çekmän bolarmy?!

Heý, çekmän bolarmy?!
Kakamyň bizi,
Ylla, Aýa elten boýunmündügin!
Howlymyzyň şo-ol enaýy kündügin...
Enemiň şo-ol galyň, syrly sandygyn...
Bardy oň düýbünde mukaddes Gurhan...
Goýup ony gije başujymyzda
Ejemiň „al-arwahlary kowşuny“...
Her säher şo-ol baýyrlara dyrmaşyp,
Tylla Günüň ýylgyrypjyk dogşuny...
Geýip uly agalarmyň köwşüni...
Hyýalymda uly dünýä çykyşym...
Elim kölgeledip arzuw dagynda
Ertirlere umyt bilen bakyşym...
Göwnümi uçuryp batbörek bile,
Ýer şaryn top edip oýnan günlerim...
Obamyzyň çetindäki kölünde,
Ylla, bagt ummanyn boýlan günlerim...

Çekerdim men tüýs ýürekden sünnäläp,
Ak mekdebiň şo-ol ortanjy partasyn...
Diwarynda Watanymyň kartasyn...
Hut şol karta meniň elimden tutup,
Aýlapdy giň düzlerine ýurdumyň...
Hem aýdypdy ägirt Türkmenistanyň,
Aslynda, asmanda Günden bölünip,
Garaguma düşen altyn nurdugyn.

Çölde Hydyr ataň yzlaryn yzlap,
Biraz demim dürsäp arkanlygyna.
Düşünip Hak Hudaň ýalkanlygyna...
Ýene ýola düşerin-de, soň gelip
Dünýe ýaşly Garagumy çekerdim...
Synlap bu giňligi
edil şonçarak
giňäp giden ýüregimi çekerdim...

Çölleň agyr jöwzasyndan aramda,
Kalbyň şatlyk gözýaşlaryn garar-da,
Ýagyş ýagdyrardym – durlansyn dünýä.
Soňam bu pursady çekerdim sünnä.

Syryp ýollaryny gadym Parfiýaň,
Gujagynda müň bir syrly Nusaýyň
Synlaýyn-da pederleriň keşbini,
Ýurdum, geçmişiňi bagra basaýyn.

Bir-bir jana gelsin kerwen ýollary,
Taryha şan-şöhrat bergen ýollary.
Pyragynyň
Dehistanyň baýrynda
bady-saba ganat gergen ýollary.

Dünýä dolan Maru-Şahu-Jahanyň
Keşbini çekerdim, şeýle anjaýyn...
Jem bolup köşgünde Soltan Sanjaryň.
Şahyrlaryň şygyr agşamlaryny...
Parladyp heňňamlaň tugun-sanjagyn.
At üstünde gylyç gemren pederleň
Ömri “Ýurt!“ sözüne çalşanlaryny...
Tüýs ýürekden taryp edip çekerdim,
Bir buýsançly taryh edip çekerdim.
Goý, görende täsin ahwal oýarsyn!
Goý, görenleň duýgulary goýalsyn!
Ýanyna-da şygyr ýazyp joşgunly,
Soňuna Köneürgenç minarasyny
Ýüzlenme belgisi edip goýardym!

Ne beýle joş urýaň hanaňa sygman,
Gowusy, gel, dol kalbyma, Jeýhunym,
(Meniň kalbym tolkunlara mesgendir)
Heserlen, howalan, Köýten daglary!
Tebigatyň bu owadan jahanyň
bakylygna diken heýkel daglary.
Bir ýaňlan-da, heňňamlary tisgindir!
Göter meni Aýrybaba gerşiňe,
Çürbaş-belent nokadyndan ýurdumyň
Bakaýyn-la Gündogardan günleriň
Gujagyňa ylham bolup gelşine.

...Ýyldyzlaryn keniz kylyp daşyna,
Hon-ha, ýene sallanjyrap Aý dogdy...
Ýyldyzly asmana bäs edip ýerde,
Ýaýlyp ýatyr beýik Türkmenistanyň
Nura çümen bir nurana paýtagty...

Aşgabat!
Ak bagtyň tämiz säheri!
Aşgabat!
Behişdiň elwan bahary!
Arzuwlanyp, niçe asyrdan soňra
Garagöz halkymyň Garaşsyzlygnyň
Giň jahana jar edilen şäheri.
Türkmenistan atly ägirt döwletiň
Baş şäheri!
Sap söýgüden şäheri...
Ylla, dürden döredilen şäheri!

Munda bar zat örän kämil görünýär,
Ähli zat göwün deý tämiz görünýär.
Dileg et! Gülgüne säherlerinde
Ýagşy arzuwlara „Ämin!“ görünýär!

Aklygyňda bagtyň aklygy bardyr,
Ýazlaryňda köňülleriň göçgüni.
Bagtyň suratyna ýaraşyk eýläp,
Çekerdim men beýik döwlet derbendi –
Eziz Arkadagyň tylla Köşgüni.

Çekerdim şol Köşkden ak kepderi deý,
Adyl Permanlaryň, kämil Kararlaň
Çar tarapa ganat açyp barşyny.
Hemem dumly-duşdan ertir-u-agşam
Arkadaga soňsuz alkyş ýagşyny...

Bagtyň suratyny çekmeli bolsa...
Göwnümi ataryp ylham kejebä.
Gözlerimden düwme-düwme seçeläp...
Men kän zat çekerdim...
Ýöne barybir
Bir suratda jemläbilmän baryny...
Ýaşaýyşa ähli erkimi garyp,
Bedenimiň mele reňkini garyp,
Ýaýlyp ýatan topragyny çekerdim
Çekerdim men ähli giňligi bile,
Çekerdim men eziz illeri bile...
Soňam aşyk bolup eden işime,
Synlap bu topragy... Özümden bidin
Giňiş gujagyna siňer giderdim –
Dönüp ýyllaň bir ýakymly düýşüne...

Bagtyň suratyny çekmeli bolsa,
Bir surata sygmajagňy bilsem-de...
Eý, baglarna bilbil gonan bossanym!
Hatda gujagynda ýaşap ýörkämem,
Ertir-agşam... tüýs ýürekden islänim –
Türkmenistanym!
Ak kagyza öwrüp tutuş ömrümi,
Öwrüp dik kaddymy ykjam galama,
Hemra ediner-de aşyk göwnümi.
Seniň jennet jemalyňy çekerdim!
Ýogsam, bilýänem men...
Suratdan,
şygyrdan,
aýdymdan,
sazdan
Sen juda şirinsiň,
juda çepersiň!

Bilýärmiň, şu ömrümde
Söýginiň suratyn çekdim –
Saňa meňzedi!
Wepanyň suratyn çekdim –
Saňa meňzedi!
Käbämiň, kyblamyň suratyn çekdim –
Agyn saňa meňzedi!
Synanyşdym ömrüň keşbin çekmäge,
Çekdim hyýalymda sekiz jenneti...
Ýene saňa meňzedi!
Diňe saňa meňzedi...
Sende başlap, sende jemlenýär eken
Asyl, munda gowulyklaň hemmesi...

Bagtyň suratyny çekmeli bolsa...
Çekerdim keşbiňi, Türkmenistanym!

Kakamyrat REJEBOW.
Категория: Poemalar | Просмотров: 84 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Goşgy babatda aýtsam meniñ šu wagta çenli okan poemalarymyñ arasynda iñ gowy iki poemañ biridir.Beýlekisi Nobatguly agañ "Serwi agajy"poemasydyr.Dogrusyny aýtmak gerek bolsa kellämde şeýle şahyrana pikir bolaýanlygynda-da Kakamyrat halypañky ýaly şahyrana beýan edip bilmezmikäm diýýän.

0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Men bu poemany (umuman kitabynyñ elektron wariantyny) Kakamyrat halypañ öz şahsy arhiwinden haýyş edip ugratdyrypdym.Kitap redaktirlenende bu söz "üzärlik"diýlip üýtgedilen bolmagy ähtimal.Eger okaýjylaryñ biriniñ elinde bu kitap bar bolsa,şu poemañ şol ýerini okap görse bolardy.Bizem dogrusyny goýsak gowu-da.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
suratkeş palitrasyndan syýasy reňkleri aýran bolsa çeken suraty hasam gowy boljak eken.
"Ýüzärlik tütedýän eziz eneler..."
"ýüzärlikmi" "üzärlik" - haýsy wersiýasy dogryka?

0
2 Nurdan   [Mowzuga geç]
Ýeke belligim bar: "Wepanyñ suratyn çekdim"
Şu sözi başgaçarak aýdan bolsa has owadan, ýakymly ýañlanaýjak ýaly.. nähili-de bolsa söýgiñ suratyny çekip añlatsa bolar emma wepañ, ygraryñ suratyny şekilde nähili çekip añladyp bolýarka?! Ony bilmek höwesini döretdi şol setir..

0
3 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ajaýyp!!! Kakamyrat ýalak gowy ýazyp bilasañ!!! Ajaýyp!!!

0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Haladym ! Ýazan, ýetiren sagbolsun !

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: