11:24
Mynajat
MYNAJAT

Serhet däl-de, kalp berkitsin halklary,
Wagt görkezsin dogry bilen galplary,
Kir-kimirli gara tütün kalplary,
Öçmejek päklige aklatgyn, Allam!

Iýmeli bolmasyn şor, duzsyz aşy,
Erikler güllände getirme gyşy,
Daga däl, kä daşa egilen başy,
Eglemän gaýtadan dikletgin, Allam!

Her şemala bolmaly biz batbörek,
Dereje däl, ynsan diýen at gerek,
Naçar görsek gaýşyp gülmäge derek,
Ýaňakda gözýaşy saklatgyn, Allam!

Göwün çarlamasyn tomzak, siňegi,
Ynsap nogtalasyn gözi, eňegi,
Takata kütülik, ýuka ýaňagy
bergin-de, nebsleri bekletgin, Allam!

Gaýrat bergin, köňlüme galamymy
berkidip, aýtjak dünýäň ýalanyny,
Aklyga gol berip, ynsan ynamyny,
Hak işde, hak ýolda haklatgyn, Allam!

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
"Serhet däl-de, kalp berkitsin halklary"
şu setirden şeýle many çykýar.
halklary iki zat berkidýär.
serhet we kalp.
"berkitmegem" dostlaşmak, ynanyşmak diýip düşünsek... onda, kalp düşnükli welin halklaryň dostlaşmagynda serhediň näme roly bar?
---
"öçmejek päklige aklanmak" we "hak işde, hak ýolda haklanmak"... bulara nähili düşünmeli?
---
"iýmeli bolmasyn şor, duzsyz aşy," ("duzy artyk atylan (şor) ýa-da duzy ýetmedik (duzsuz) aş diýmek islänem bolsaň biraz bulaşyklyk bar").
"her şemala bolmaly biz batbörek," ("bolmalymy" ýa, "bolmaly däl", belki, "bolma:ly-dyr?
"göwün çarlamasyn tomzak, siňegi" (nämäň gürrüňi gidýät? çarlamak näme?).
"köňlüňe galam berkitmegem" (geň eşdilýär).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: