19:19
Beýiklik we dag
BEÝIKLIK WE DAG

Ir bilen oýanan badyma penjireden daşarynyň ýagtylanyny görüp agşam düzüp ýatan sagadyma oýanmandygymyza düşündim. Biz bu gün dagyň tas çür depesinde ýerleşýän, oba ilatynyň “Mezitli baba “ diýip atlandyrýan täsin ýerine zyýarata gitmelidik. Ýoldaşym bilen biraz gijä galanam bolsak, tiz ýol şaýymyzy tutup,ugramagy makul bildik. Onýança çagalaram oýanyp,gözjagazlaryny owkalap,daşary çykdylar. Biz aslynda olar oýanmanka gitmekçidik weli,ýatyp galsak nätjek?! Çagalar hossarlaryny nirädir bir ýere ugratmagy diýseň ýokuş görýärler ahyry. Şonuň üçinem motosiklini herekete getirmek bilen başagaý bolup duran kakasyny,meniňem gapdalynda oňa garaşyp duranymy gören oglum, dessine ukudan açyldy-da yglap ýanymyza geldi:
- Kaka,nirä barýaňyz?!
Men özüm jogap bererin diýen manyda ýoldaşyma yşarat etdim.
- Oglum,hol dagy görýäňmi? Ana şol daga baryp,derrew yzymyza geleris. Sizem alyp gitjek weli, dört bolup bu ulaga ýerleşmeris. Ynha ullakan bolarsyň, şonda özüňjik gidäýersiň,oglum,jigiňem alyp gidersiň-diýip,balalarymyň ikisini hem bagryma basdym.
Meniň sözlerim bilen ylalaşan bolarly, gyzym:
- Eje,dagdan bize näme getirjek,diýip sorady.
- Melegim,biz kä-än böwürslen getireris,nesip bolsa.
Böwürsleni şeýle gowy görensoňlar körpeler el çarpyp begendiler. Onýança gaýyn enem gelip,çagalaň ünsüni bölmäge synanyşdy. Motosikl otlanansoň mellekden çykyp, bize tarap gaýdan gaýyn atam belent ses bilen gürledi:
- Akyllyja bolup galsaňyz, men sizi şähere alyp gitjek. Näme diýseňiz,islän zadyňyzam alyp berjek. Hany, kakaň dagyny saklamaň, hoşlaşyň! Baryň sizem,gitseňiz sag-aman gidip geliň! Zyýaratyňyz kabul bolsun!
Biz ýola düşdük. Ilki gidip barýan giň gumaksy ýolumyz ýuwaş-ýuwaşdan barha inçelýärdi . Bu meniň motosiklli ilkinji “syýahatymdy”. Men ilkibada dogry otyrmagy hem başarman ,ýoldaşyma agram salýardym. Ol bolsa meniň hereketimiň ulag bilen sazlaşykly bolmalydygyny,ýoluň öwrümine gabat gelenimizde ulagyň gyşarýan tarapynyň tersine ýykylmalydygymy düşündirip barýardy. Öwrümler tiz-tizden gabat gelýärdi. Men şol aýdylýan “sazlaşyga” dagyň etegine ýetýänçäk düşünip ýetişdim. Sebäbi ulagda dogry otyrmagy başarmasaň,daga çykmak kyn boljakdy.
Barýan ýolumyz diýseň owadandy. Ýodanyň çep tarapy daglyk ,sag tarapy uçutlukdy.Uçutluk ýokary galdygymyzça ulalýardy hem-de barmasy kyn jeňňellige öwrülip barýardy. Jeňňelligiň içindäki hozluk,üzümlik göreni haýran edip biljekdi. Dagyň dürli belentliklerinde ýörite “duralgalar” hem bolýan ekeni. Muny öň daga gatnap ýören bolmasaň, biler ýalagam däl. Biz şeýle duralgalaryň ilkinjisine jülgäň içine girenimizden soň gabat geldik. Bu ýerde şar-gara topragyň üstünde inçejik çeşme akyp ýatyrdy. Hut şol sebäpli-de “Garasuw” diýip atlandyrylan bolmaly diýip,men öz ýanymdan çak etdim. Bu jülgäniň aşa owadanlygyna biraz hopukmanam durmadym. Sebäbi şeýle gözelligi gören wagtyň özüňi diýseň batgly duýýan ekeniň. Aşa bagtlylygyň duýdansyz gelmegi-de ynsany birbada hopukdyryp bilýär ahyry.
Ýolumyzy dowam etdik. Syýahatymyzyň iň päsgelçilikli ýodasy öňümizde eken. Tizden Gyzylýar jeňňelliginiň garatikenlikli ýodasy başlandy. Ýodanyň giňligi bolubilse 80-90 santimetrmdir. Iki tarapyňdan bolsa garatikenler haýbat atýardylar. Ýoldaşym maňa “Arkama duwlan” diýip gygyrýardy, men garatikenlerden ýüzümi gorasam , olar başymdaky öýmämden,ýeňimden hatda köwşümdenem aslyşyp galýardylar. Ellerim hem çyzym-çyzym bolupdy. Onýança-da sag ýeňim garatikene ilişdi. Sesim batlyrak çykan bolmaga çemeli,ýoldaşym dessine motosikli saklady,emma gaharjaň ösümlik ýeňimden bir parçajygyny özüne “ýadygärlik” alyp ýetişen ekeni. Ýola düşmänkäk, ýoldaşymyň howaň maýyllygyna garamazdan “Galyň geýingin” diýip, sargap-sargap aýdyşyny geňräk görüpdim weli,asyl gep mundan çykdy-da. Şeýdip biz bu jeňňellikdenem geçdik
Belentlik barha golaýlaýardy. Biz kötelden ýokarlygyna çykdyk weli, öňümiz giň otluk meýdan bolup dur. Her ýerde dagdan,alyç,teňňez,garatiken,itburun,sarytiken kimin agaçlar küren oba meňzäp otyrlar. Meýdan giň bolsa-da, geçelge ýodajyk ýene inçejikdi. Otlar motosikliň üstünde otyrkaň dyzyňa ýetýärdi. Ulagly gidip barýarkaň ygşyldaşyp otyran sary otlaryň başyny sypap geçmek , kalbyňda üýtgeşik duýgulary oýarýardy. Saralan otlar göýä bize eşidilmeýän nähilidir bir saza yranýan ýalydylar. Motosikl tyr-tyrlap kyn dem alýan ýaly bolýardy. Oňa nebsim agyrdy. Kötel ýollar oňa barha agyr düşýärdi. “Çaty” diýilýän ýere ýetenimizde, “ikinji duralga” bar eken. Ol ýerde süňňi ýaşyl reňke boýalan demir çaty dikilipdir. Bu belli bir beýikligi aňladýan bellik bolmaly. Şol wagt özümiziň deňiz derejesinden näçeräk beýiklikde duranlygymyzy bilesim geldi. Öz ýanymdan eger Hasaryň iň beýik nokady 1639 metre barabar bolýan bolsa,onda şu wagtky duran ýerimiz 1000 metrden gowrakdyr diýip çak edip goýdum.
Biz barha öňe ilerleýärdik. Ýodajyk gündogar tarapdan kerte has ýakynlap başlady. Deňimizden topbak-topbak bulutlar geçip barýardy. Ýodajygyň hasam inçelip,kerte örän ýakynlan ýerine ýetenimizde, töweregiň gözelligini mazaly synlamak üçin ýoldaşymdan biraz saklanmagy haýyş etdim. Siz özüňizi 1000 metrdenem ýokarda,dagyň kert ýerinde duranlygyňyzy gözöňüne getirip görüň! Şol wagt tebigatyň adatdan daşary gözelligine bolan söýgini gorky bilen bile duýarsyňyz. Bu diýseň täsin.
Soňra şol owadan hem howply kerte ýakynjak ýodajyk aşaklygyna eňýän eken. Soňra ol kertden daşlaşyp, giň otluk meýdanyň ortarasyndan uzalyp başlady. “Gämik” diýen ýere ýetenimizde ,ýodajygyň günorta tarapy bütinleý kert bolansoň,motosikli şol ýerde goýduk. Ýoldaşym çeşmejigiň boýundaky Mezitli babanyň gubyryna çenli takmynan 100 metre golaý aralygyň galanlygyny aýtdy. men ýodajygyň ugrundan ýöräp barýarkam, başym aýlanyp ençe gezek ýykyljak-ýykyljak ýaly boldum. Ýöne bu meni sähelçe-de darykdyranokdy. Çünki bu zyýarat hakyky gözellige suwsan köňülleriň zyýaratydy.
Ahyry barmaly ýerimize ýetdik. Ol ýerde gara öý dikilipdir. Gara öýüň içinde ýorgan-düşek,gap-çanak,garaz ähli gerek zatlar bar. Dagdan akyp gelýän çeşmejige bolsa ullakan gaba akyp durar ýaly şert döredilipdir. Sebäbi çeşmäniň suwy aram-aram kesilýän eken.Bularyň ählisini zyýarata gelýän oba ilaty eşekdir,ýaby bilen daşap,şu belentlige çykarypdyrlar. Ýanymyzda getiren zatlarymyzdan alyşdyryp, nahar-çaýyň ugruna çykdyk. Gara öýüň gapdalyndaky ýalazy meýdany syryp-süpürip keçe atdyk. Saçak ýazyp,çaý demläp basyryp,öňümize diňe nahar alaýmaly edip goýduk. Ojagyň oduny peseldip,ýokarlygyna Mezitli babanyň guburyna ugradyk. 40-50 ädim ýokary dyrmaşanymyzdan soň, zyýarat ýerine ýetdik. Oba ilaty guburyň daşyna haýat çekip,üstüne bassyrma galdyrypdyrlar. Guburyň daşynyň ýüzüne arapça hat bilen bir zatlar ýazylypdyr. Düşünmek isledim,sebäbi ol ýerde diňe at däl-de sözlem ýazylanlygy görnüp durdy.( Iň bolmanda şol ýazgyny,paýtagta gelemsoň terjime etdirer ýaly surata-da düşürmändirin). Guburyň başynda aýat okap düşelgä dolandyk. Nahardan soň töwür galdyryp,ýagşy dilegler etdik. Şondan soňra goşlarymyzy gara öýde goýup, çürbaşyna ýetmäge bary-ýogy 100-200 metr töweregi aralyk galan Hasar dagyna çykmak üçin ýola düşdik. Eger ýörite ýodajykdan gitjek bolsak,aýlanyp ýolumyzy uzaltmaly bolýan eken. Şonuň üçin tas boýumyz bilen boýdaş sary otlaryň göni içinden ýöredik. Tomus aýlary bolonsoň,Günüň howruna solup saralan otlaryň üstünden ýöränimizde şatyrdap ses edýärdiler. Hatda döwülýän wagtyndaky zarby bilen aýaklarymyza çalarak yza berýärdiler. Ýöne bu wagt howa diýseň ýakymlydy,biraz wagtlyk ýagyşam çisňedi. Ahyrynda biz “syýahatymyzyň pellehanasyna” ýetdik. Hasaryň başy şeýle bir owadandy weli,hut şol pursat operator bolup üýgeşik şekilleri surada düşüresim geldi. Onýança ýoldaşym aňyrrakdan maňa tarap ýuwaşlyk bilen ädimläp gaýtdy weli,dessine el telefonymy alyp,sap-sary otlaryň içinden ony wideoşekile alyp başladym. Ol daş-töweregine seredip,şekile düşürilýänine üns berenokdy. Wideoşekildäki Hasaryň çürbaşynda,şemala başlaryny yraýan sary otlar uzakdan bugdaý sümmüllerini ýada salýardy.
Dagyň başynda durkaň ähli zat eliň aýasynda ýaly görünýär. Meniň şol pursat näme üçindir dagy beýik derejelere ýetmäge ymtylýan adamlar bilen deňeşdiresim geldi. Olar, gör, niçe kötel hem hupbatly ýollary geçip, maksatlaryna ýetmeli bolýarlar. Emma dagyň başynda durkaň ähli zatlar bir-bitewi ýaly görünýär. Ýaňky diýýän ynsanlarymda hem şeýle bolýan bolmaly. Ýagny durmuşda görýän zatlaryň derejesinden has ýokary galýarsyň we hemme kişä,hemme zada “çür depesinden” garap başlaýarsyň. Çuňlukdan weli barha daşlaşýarsyň,ýagny duýgy çuňlugyndan uzaklaşyp,pikir beýikligine galýarsyň. Ownuk zatlar ýitip,bitewilik galýar. Ýöne durmuşyň aýny gaýnap joşýan merkezi bolsa şol bitewiligi düzýän bölekleriň arasynda ahyry. Diýmek,gerek ýerinde bitewilikden böleklere dargap bilmeli. Ine şuny weli,hemmeler başarmaýar-da...

Jümjüme
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 70 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
başyny okap başlap, ortalarynda ýadadym....
soňuna çykmadym (has dogrusy ýüzleý göz gezdirdim).
bu hekaýa däl. ýol ýazgylary ýaly bir zat...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: