14:35
Ölüler näme diýýär? / hekaýa
ÖLÜLER NÄME DIÝÝÄR?

Ony däli-diwana bolup söýüpdim! Adam nämüçin söýýär? Dünýäde diňe birinden özgesini gözüň görmese, aňyňda diňe bir pikir aýlansa, ýüregiňde diňe bir arzuwyň bardygyny duýsaň, ýa-da diliňde diňe bir at gaýtalansa erbetmi näme? Göýä ol at çeşme suwunyň ýeriň ýüzüne böwsülip çykyşy ýaly ruhuň çuňluklaryndan leblere çenli syzylýan, hemişe aýdylýan, gaýtalanyp-gaýtalanyp aýdylýan doga ýaly hemme ýerde pyşyrdap aýdylýandyr.
Hekaýatymyzy gürrüň berip durjak däl. Söýginiň bary-ýogy ýekeje hekaýaty bar, ol hemişe şobir zat. Ine, bar bolany. Tutuş bir ýyllap onuň goýnunda onuň mähir-şepagaty we söýgüsi bilen eşiklerinde, sözlerinde, bakyşlarynda oňa bagly her bir zada bendiwan bolup ýaşadym. Barça barlyk şeýle bir gözeldi, şeýle bir ajaýypdy welin, ne gijäni bilýärdim, ne gündizi, ne ölüdigimi bilýärdim, ne diridigimi, özümiň nirede gaýyp ýörendigimem bilemokdym.
Ine, birdenem öldi. Nädip? Bilemok, hiç hili bilemok.
Ýagyşly gije öýe öl-myžžyk bolup geldi. Ertesi gün üsgürdi. Bir hepdä golaý üsgürip gezdi, soň düşekde ýatdy.
Oňa näme bolandygyny bilemokdym.
Gelen lukmanlar ýazyp-pozup, maslahat berip gidýärdi. Getirilen dermanlary hyzmatkär aýal oňa başynda durup içirýärdi. Elleri ýylydy, çygjaryp duran maňlaýy ot bolup ýanýardy, otlukly bakyşlary gussadan doludy. Onuň bilen gep alyşjak bolýardym, olam maňa jogap berjek bolardy. Biri-birimize nämeleri aýtdykka? Bilemok. Hemme zady, hawa, hemme zady, hemme zady ýatdan çykardym. Ölüp gitdi... Onuň iň soňky, iň soňky mejalsyz içini çekişi diýseň gowy ýadyma düşýär.
Hyzmatkär aýal ah çekdi. Şol wagt bilip galdym! Şondan soň hiç zat bilemokdym. Hiç zat... Birden “Oýnaşyňyzmy?” diýýän popa gözüm düşdi. Göwnüme bolmasa pop oña dil ýetirýän ýalydy. Ikibaşdan ol öldi, indi bular ýaly sözi hiç kimiň aýtmaga haky ýokdy. Popy kowdum. Başga bir pop geldi. Ol örän mylakatly gürleşýärdi. Maňa ondan söz açanda aglamaga başladym.
Depin etme meselesinde birnäçe soraglary berdiler. Hiç zat ýadyma düşenok.
Şeýle-de bolsa, ony tabyda ýerleşdirensoň tabydyň çüýleri kakylanda eşdilýän çekiç sesi diýseň gowy ýadyma düşýär. Eý, Hudaý!
Jaýlandy. Ol indi bu çukurdady! Gonamçylyga birnäçe tanyş-bilişdir dost-ýarymam gelipdi. Gaçdym ol ýerden. Ylgadym.
Uzak wagtlap köçede gezdim. Soň öýe dolandym. Ertesi gün gezelenje çykdym.
Düýn Pariže dolandym.
Otagymyzy, düşegimizi, egin-eşiklerimizi, ölüminden soň ondan galan hemme zadyň ýerleşen bu öýi täzeden görüp, süňňümi tükeniksiz gam-gussa gaplap aldy welin, tasdan özümi penjireden zyňýardym. Onuň teni degen we gyzgyn demi siňen ähli zatlaryň, müňlerçe zerräni özünde saklaýan goş-golamlaryň, diwarlaryñ arasynda galyp biljek däldim. Daşary çykmak üçin elime başgabymy aldym.
Gapa çykmanka onuň goýduran uly ýüz görülýän aýnasynyň öňünden geçdim. Ol daşary çykmanka bu aýnada özüni boýdan-başa synlardy, eşikleriniň özüne gelişip-gelişmändigine esewan ederdi, ýüz-gözüni, saçyny timarlardy.
Onuň keşbini saklap galan aýnanyň öňünde eglendim. Aýnada onuň keşbi şeýle bir aýdyň görünýärdi welin, hamala aýna onuň gözel keşbini gorap saklaýan ýalydy.
Gözlerimi bir nokada dikip, tekiz we borram-boş aýnanyň öňünde kän durdym. Edil meniň seredişim ýaly teşne, edil meniň oňa durkum bilen berilişim ýaly aýna-da onuň ähli durkuny öz içinde saklaýan bolarly. Men aýnany halap başlanymy duýdum. Oňa elimi degirdim. Buz ýaly sowuk eken! Ah! Ýatlamalar, ýatlamalar! Ähli gam-gussalaryň çekilmegine sebäp bolan şol gorkunç, şol diri, şol öli, şol hasratly, şol ýakyp-ýandyryjy aýna! Haýsam bolsa bir aýnada keşpleriň sumat bolup gidişi ýaly saklan, gören, öňünden geçenleri söýgüsine sygdyran baryny-ýoguny ýatdan çykaran adamlar nähili bagtly! Hasrat ýüregimi gyýyp gelýärdi. Köçä çykdym. Her näçe islemesemem biygtyýar gonamçylyga gitdim.
Onuň mazaryny tapdym. Ýüzüne birnäçe söz ýazylan mermer haçly mazar. Haçda “Söýdi, söýüldi we öldi” diýen ýazgy bar.
Ol şu ýerdedi, özem eýýäm çüýremäge başlapdyr! Nähili gorkunç! Maňlaýymy guma sürtäp möňňürmäge başladym.
Ol ýerde ep-esli eglendim. Soňra iňrik garalandygyny duýdum. Şol wagtam serimi täsin we dälişge hyýal – umytsyz galan ýigidiñ hyýaly gaplap aldy. Gijäni onuň mazarynyň başynda aglap geçiresim geldi. Emma meni görseler, gonamçylykdan daşary çykaraýmaklary daşda däldi. Näme etmeli?
Dikeldim. Ölüleriň mekanynda ýeke özüm gezim etmäge başladym. Ýöredim, ýöredim. Bäri diri adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň ýanynda nähili kiçijekdi! Muňa garamazdan ölüleriň sany diri gezip ýörenleriňkiden ep-esli kän. Bize - baglaryň şerabyny, çeşmeleriň suwuny içýänlere, oasizleriň çöregini iýýänlere has köp binalar, köçeler, has köp ýerler gerek.
Eýsem ölülere, bize çenli gelip ýeten ähli ölülere bir gysym gumdan başga hiç zat gerek däl. Ýer olary öz goýnuna dolap alýar, ýatdan çykarmak endigi wagtyň geçmegi bilen olary hakydamyzdan öçürýär. Wessalam, hoş galyň!..
Gonamçylykda aýlanyp ýörşüme taşlanyp gidilenleriň, ýagny birmahal ölenleriň, tümmegi birçak ýer bilen deňleşip gidenleriň, hatda başagajy çüýräp ugranlaryň mazarlarynyň deñesinden geçip, ertir täze ýogalanlary jaýlamak üçin gazylyp goýlan gabyrlaryň deňesine ýetenimi duýman galdym. Bu ýeri gül-gunça, uzyn we gara serwi agaçlaryna bürenen, gussaly, adam etine ýugrulan bag-bakjalyk ýerdi.
Ýekeje özümdim. Agaçlaryň birine dyrmaşdym. Garaňky we galyň pürli şahalaryň arasynda özümi doly gizledim.
Agdarylan gäminiň bölegine ýapyşan ýolagçy ýaly agajyň şahasyny gujaklap garaşdym.
Mazaly iňrik garalyp, töweregi tümlük gaplap alansoň, gizlenen ýerimden çykdym we ölüler bilen doly ýeriň üstünde ümsüm ýöräp ugradym.
Eýläk-beýläk ýöremedik ýerim galmady. Onuň mazaryny tapamokdym. Sermenekläp, gözümi petredip, el-aýagymy, dyzymy, kükregimi, hatda başymy guburlara ura-ura ters aýlandym, emma ony tapmadym. Ýoluny gözleýän kör ýaly daşlary, haçlary, guburlaryň daşyna aýlanan demir germawlary, solup giden gülleriň bogdaklaryny elim bilen tüýtmeleýärdim. Barmagymy harplaryň üstüne basyp atlary okaýardym. Nähili tümlük, nähili gije! Men mazary tapyp bilemokdym!
Aýyň ýagtysy hem ýokdy. Daş-töwerek tüm-garaňkydy. Gorkýardym. Iki mazar syrgynynyň arasyndaky ýodalarda aýlanyp ýörşüme kalbyma eýmenç gorky aralaşdy. Guburlar, guburlar, guburlar. Daş-töweregim guburlardan doludy. Sagymda-solumda, öňümde-ardymda, bar ýerde gubur bar. Dyzym ysman başlady, ýöremäge halym galmady. Guburlaryň biriniň üstünde oturdym.
Ýüregimiň urgusyny eşidýärdim! Başga zatlary-da duýýardym. Nämekä bular? Atlandyryp bolmaýan düşnüksiz güwwüldi! Nireden gelýärkä? Agdar-düňder bolan serimdenmi, tüm garaňky gijedenmi, ýa bolmasa adam jesetleri bilen doly syrly topragyň astyndanmy? Töweregime seredýärdim!
Ol ýerde näçe wagtlap oturanymy bilemok. Gorkudan ýaňa gymyldaman durşuma özümden geçdim. Ses edip gygyrmaga we ölmäge taýýar boldum.
Birdenem üstünde oturan mermerimiň daş gapagy hereket edýän ýaly bolup gözüme göründi. Hawa, göýä biri ony galdyrýan ýaly daş gapak ýerinden süýşüpdi. Bir bökende özümi gapdaldaky guburyň üstüne atdym. Ýap-ýaňy üstünde oturan daşymyň gönelenini gördüm. Birdenkä öli göründi. Ýalaňaç ystyhan küýkeren arkasy bilen daş gapagy zyňyp goýberdi. Gije gözedürtme garaňky-da bolsa, gözüm ony diýseň gowäy görýärdi. Haçyň ýüzünde “Elli bir ýaşynda ýogalan Jak Oliwant şu ýerde ýatyr. Maşgalasyny, dost-ýarlaryny örän gowy görerdi. Dogruçyldy, namysjaňdy. Hakyň rehmetine gowuşdy.”
Ýaňky öli mazar daşlarynyň ýüzündäki ýazgylary okaýardy. Soňra ol ýolda ýatan kiçijik gyýçak daşy aldy we ýazgylary gazamaga durdy. Ýazgylary kem-kemden doly öçürdi. Şol gazan ýerine owasy boş gözleri bilen seretdi we birmahallar süýembarmagy bolan süňküň ujy bilen ýalpylawuk harplary ýazdy:
“Elli bir ýaşynda ölen Jak Oliwant şu taýda ýatyr. Kakasynyň mirasyna eýe bolmak üçin erbet sözleri aýdyp, onuň ölümini çaltlaşdyrdy. Aýalyna görkezmedik görgüsi ýok. Çaga-çugasyny-da hor-zar saklady. Goňşy-golamlaryny aldaýardy. Ýagdaýyny tapsa ogurlyk etdi. Iň soňunda göz-gülban bolup öldi.”
Öli ýazyp bolansoň, duran ýerinden gymyldaman yazan sözlerine syn etdi. Yzyma öwrülip seredenimde, ähli guburlaryň açylandygyny, ähli jesetleriň gabyrlaryndan çykandygyny, olaryň hemmesiniň hakykaty ýazmak üçin hossarlary tarapyndan mazar daşlaryna ýazylan ýalanlary öçürýändiklerini gördüm.
Olaryň hemmesiň - gowy kakalardygy, wepaly aýallardygy, işeňňir ogullardygy, el degmedik gyzlardygy, halal telekeçilerdigi, mahlasy, hiç hili kemi-kösti bolmadyk erkeklerdigi we aýal-gyzlardygy aýdylan adamlaryň, aslynda hossarlaryna gün bermedik, betpäl, binamys, ikiýüzli, ýalançy, hilegär, töhmetçi, husyt, ogry, aldawçy, hiç bir ýamanlykdan we hapa işleri etmekden gaýtmaýan adamlardygyny gördüm.
Olaryň hemmesi jem bolup bire wagtyň özünde ebedilik gonalgalarynyň agzyna dirikäler hiç kimiň bilmän galan we bilinmän galar öýdülen eýmenç, ajy we mukaddes hakykatyny ýazýardylar.
Söýgülimiňem öz mazar daşyna bir zatlary ýazýandygyny aňyma aýladym.
Indi gorkman-ürkmän ýarsy açyk tabytlaryň, jesetleriň, ystyhanlaryň arasyndan onuň mazaryna tarap ylgamaga başladym. Ony dessine tapjakdygyma ynandym.
Onuň kepen oranan ýüzüni görmesemem, uzak aralykdan tanadym.
Mermer haçyň ýüzünde başda “Söýdi, söýüldi we öldi” diýen ýazgy bardy.
Soňky okanlarym bolsa şeýledi: “Bir gün ol söýgülisine ikilik etmek üçin daşary çykdy. Ýagyşa ezildi. Sowuklady. Öldi.”
Gün doganda meni çalajan halda bir guburyň ýanyndan tapdylar.

Gi de MOPASSAN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 215 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gi de Mopassan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 47
0
47 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Men islendik esere bolsa bolsun parhy ýok umumylykda eseriñ gowy ýa--da ýaramazdygyna baha berýän.Şondan soñ detallara aralaşyp ulanan sözlerine grammatikasyna seredýärin.Her bir añly düşünjeli okyjyñ etmelisem şol.Harp ýalñyşy sowatly okyjynyñ gözüni bimaza edýär.Şonuñ üçinem hökmany suratda ol bellenmeli we dûzedilmeli.Eger bellenilen ýagdaýda düzetmeseñ okyjyny sylamadygyñ bolardy.Men bu eseriñem gowydygyny aýdyp terjimeçiñ azabynam aýdyp soñ harp ýalñyşyna dûşünmeýän sözlerime geçdim.Düşnükli bolandyr diýip umyt edýän.
(Harp ýalñyşy sözüni özüme çekdim)

0
45 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Osman Ödäýewiñ "Mif we edebiýat" makalasynda hekaýanyñ sýužetine belli bir derejede meñzeş şeýle bir fakty mysal getirýär:
"Biziň soňky – musulman döwründäki edebiýatymyzda hem ulanyp oňarana täsin mifler bar. Okyja oňat tanyş bolany üçin beýik Azadyny agzasym gelýär. D.Azadynyň «Wagzy-Azat» poemasynda şeýle bir epizod bar: adam ýogalyp o dünýä baranda, ony ilki Duman atly perişde garşylamaly. Duman perişde adama: «Hany, adamzat, eliňe galam, syýa al-da, eden işleriňi birin-birin ýazyp ber» diýýär. Adam pahyr: «Mende galamam, syýa-da, kagyz-da ýok ahyryn» diýip, jogap berýär. Perişde bolsa: «Barmagyň – galam, ganyň – syýa, kepeniň-de – kagyzyň, ýaz» diýip höküm edýär. Onsoň adam öz gany bilen, barmagy bilen kepenine diňe öz haýyr işlerini ýazýar-da, boýnuny burýar. «Näme durduň?» diýen ses gelýär. Adam: «Ýazýan, utanýan» diýip jogap berýär. Şondan soň ony Müňkür-Nekiriň ýanyna, özi hakda ýazanlaryny – hasabat berdirmek üçin iberýärler... Nähili täsin zat?! Adamyň ýaşaýşa juda geleňsiz çemeleşmesiniň ahyrky netijesiniň tragediýasyny beýan edesiň gelýän bolsa, ine, saňa täsirli bir usul. Özem iň gyzykly ýeri, şu epizody häzirki dünýä mifologizmine juda ýakyn edýän zat – mundaky wakanyň juda realistik bolup görünýänligi. Ine, şu hili tarp ýerlere-de geljekde aralaşmaly bolarmyka diýýärin."
http://kitapcy.com/news/2020-06-18-1707

0
44 Şasenem   [Mowzuga geç]
Adamlar Has Türkmen kim Has adymy Türkmen adymy wacko

0
43 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Sözimi.jemläp aytsam.Berekella.agam. Eliñe güller.bitsin.dowamyny.yetirip dur.

0
42 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Hekaya.bir.manyda goşgularyndaky. terk edilen.liriki.gahryman.
başga.bir.manydanam.Xasyn.kritiki.yüzi. nahili.duşunesin.gelse.duşunibermeli.bu hem.Xasyn hic.kiminka.menzemeyan.stili.

0
41 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Yone.Xas Türkmenin.ozbolusly goşgularyny.we. önki.terjime.hekayalaryny okamazdan.bu hekaya duşunmek. mumkin.däl.

0
40 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Bu.hekaya.hem.şeyle.

0
39 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Eziz.Nesinden.eden yumorustik.hekayalaryny okanda onun.dil baylygyna.jaydar turkmen sozlerini.sokuşyna.berekella diymeli.Ol biziñ görip.yoren nogsanlyklarmyzy goz onune.getirer yaly.edya.

0
38 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Xas.Türkmenin.terjimeçilik ussatlygyna.onun.Eziz Nesinden.eden.yumorustik. hekayalaryny.okamda.hayran galandryn.

0
37 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Sag bolsun aydyan. Galamyñyz mundan beylagem otgûr bolsun Has Türkmen.

0
36 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Has aga Penjire, Kül, Sowgat, Ölûm sagady, Yetim ýyldyz, Seniñ salamyñam almak islämok, Yatlama, Namälim hyýal yaly pessimistik ruhly ajaýyp goşgularyndaky terk edilen "liriki gahrymanyñ" keşbini bu hekayada gaytadan janlandyryp beripdir.

0
35 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Ine şolam terjimećiñ ustunligi

0
34 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Has aga bolsa muny biziñ jemgyyetimiziñ mysalynda ussatlyk bilen bize gaytadan acyp beryar.

0
33 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Ine hekayanyñ baş ideyasy. Fantastika yaly gorunse-de hekaya real hakykaty acyp beryar.

0
32 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Adamlar ikiyuzli adamlar maskaly adamlar etmedik gowy işlerini eden yaly gorkezmegi bilmedik zatlaryny bilyansiremegi yazmadyk zadyny yazan yaly gorunmegi ozuni owdurmegi akyl satmagy halayar.

0
31 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Käbir agzalaryñ diñe harp we söz ýalñyşlyklaryna bellik edip hekayanyñ ideyasy, awtoryñ aydan hemem terjimeçiñ aytmak islän zatlaryna göz yummagyny adalatsyz hasaplayan.

1
46 mango   [Mowzuga geç]
kommentariýalara kommentariýa ýazmagy halamasamam, aýdyp geçmek isleýän. edil harp ýalňyşyna bellik eden ýerimä ýok, ýöne, terjimede giden säwlikleri welin agzadym. bu bellikleriň terjimeçiniň zähmetiniň şowly çykmagy üçin onuň adresine edilen öwgülerden has peýdalydygyna-da ynanýaryn.

0
30 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Orhideýa özem Has aga özüniñ elendirýän goşgularynyñ ruhuny terjimelerine hem siñdirmegi başarýar.

0
29 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Gaçyp gutulyp bolmajak hasraty basdan geciŕýàn gahrymanyñ HAKYKATY bilmegi..yowuzlygyñ ajy synagy..- bu Mopassanyñ okyjyny elendirýàn guýji..

0
28 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hemmeler diyar, ol juda yaramaz adam. Menem aytyan; ol başga name etsin, adamyň barlygy yalňyş. Bunda dogry yaşap bolmayar. F Dostoyewski

0
27 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Giderek terbiyesizleşiyorsaň, hayatiň ne mal odugna anliyorsuň demekdir. Bob Marley

0
26 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Eger o muhteşemse kolay olmayacak. Kolaysa muhteşem olmayacak. Eger ona degerse vazgecezsin. Vazgecersen sen degemersin! BOB MARLEY

0
25 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Gercek şu ki; herkes seni incitecek: Yapman gereken tek şey; aci cekmeye deger birni bulmak. BOB MARLEY

0
24 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ahli jandarlar ejir ceker, yöne ynsanyň derdi juda çuňdyr. - F. Dostoyewski

0
23 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Eger bir yerlerde Taňry bar bolsada, oňa şeyle yüzlenisim gelyar: "men bilmeyarin, meni bagyşila"

0
22 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Bob Marley'in bir jümlesi yadyma düşdi. "garşylykly söygü yşky, garşylyksyz söygü bolsa ynsany öldürer"
natsenem alac yok.

0
20 Şasenem   [Mowzuga geç]
Gyzyklanyp okydym, gowy gordim, deal

0
19 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Näçe duýgular siñdirilen eser..Màhribanlyk..gussalar..hem-de hemmà düşnùkli TRAGEDIÝA..

0
18 Arzyman   [Mowzuga geç]
Umuman, «Hakykat ýerde ýatmaz» diýen ýalyrak öýdýän...

0
14 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
"Söýginiň bary-ýogy ýekeje hekaýaty bard, ol hemişe şobir zatd"
Bardy
zatdy.
Howlukmaçlykdan bolsa gerek.Wiý bilmeýänligimi bagyşlañ ýöne pop nämekä?

0
15 mango   [Mowzuga geç]
священник - ruhany.
pop - prowoslaw ruhanynyň atlandyrylyşy (pop - grekçe "ata" diýmekden gaýdýar).

0
13 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Esere haýran galdym.
Ölüler -del tema.Eger aýdara çuñ pikriñ bar bolsa oña ýetesi zat ýok.Awtoryñ fantaziýasyna aperin diýdim.Jemleme "waw" diýdirdi.Awtoryñ beýleki eserlerini okamak islegi döredi.
We elbetde,Haweran daýynyñ azabyny görmän geçmek bolmaz.Daýy size-de sag bolsun aýdýan ýetireniñiz üçin.Badyñyz gowşamasyn!(awtoryñ beýleki eserlerinem wagtyñyz ýetdiginden terjime etseñiz begenerdim).

0
16 mango   [Mowzuga geç]
elimiz, aýagymyz, agzalarymyz ahyretde bize şaýatlyk ederler diýip yslamda bar. mopassanda ölüleriň skeleti özlerine şaýatlyk edýäler.... “Bir gün ol söýgülisine ikilik etmek üçin daşary çykdy. Ýagyşa ezildi. Sowuklady. Öldi.” A biz bolsa oňa "söýendir, söýülendir..." öýdüpdiris :-)

0
12 mango   [Mowzuga geç]
terjimede iň şowly söz, hatda orsçasyndanam türkmençede gowy ýaňlanýan söz şu: “Söýdi, söýüldi we öldi” («Она любила, была любима и умерла»).
---
terjime biraz howlukmaçrak edilen ýaly.

0
17 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hawa, telefonda edilip şobada hem goýuldy. Kemçilikleri bolup biler.

0
11 mango   [Mowzuga geç]
Nähili gijedi, nähili gije!
Какой мрак! Какая ночь!
---
Nähili tümlük! Nähili gije!

0
21 Şasenem   [Mowzuga geç]
Mango dayy sözleri nahil goylanam bolsa terjime gowy çykypdyr.

0
10 mango   [Mowzuga geç]
Gonamçylykda aýlanyp ýörşüme taşlanyp gidilenleriň, ýagny birmahal ölenleriň, tümmegi birçak ýer bilen deňleşip gidenleriň, hatda başagajy çüýräp ugranlaryň mazarlarynyň, ertir täze ýogalanlary jaýlamak üçin gazylyp goýlan gabyrlaryň deňesine ýetenimi duýman galdym. Bu ýeri gül-gunça, uzyn we gara serwi agaçlaryna bürenen, gussaly, adam etine ýugrulan bag-bakjalyk ýerdi.
---
За оградой нового кладбища я обнаружил вдруг еще одно заброшенное кладбище, где забытые покойники уже обратились в прах, где сгнили самые кресты и куда завтра зароют новых пришельцев. Оно заросло шиповником и могучими темными кипарисами; это пышный, мрачный сад, утучненный человеческими трупами.
---
ýokarky absazda bulaşyklyk bar.
haýatyň aňyrsynda köne mazarlyga duşýar (köne, taşlanan).
bir gün o ýere ýene-de täze merhumlary jaýlarlar... diýýän ýaly, ýöne "täze ýogalanlary jaýlamak üçin gazylyp goýlan gabyrlar"-yň gürrüňi ýok....

0
9 mango   [Mowzuga geç]
Näme etmeli? Göneldi. Ölüleriň mekanynda ýeke özüm gezim etmäge başladym.
Что делать? Я пустился на хитрость. Я встал и начал бродить по этому городу мертвых.
---
göneldi - ???

0
8 mango   [Mowzuga geç]
...umytsyz galan aşygyň hyýaly gaplap aldy.
...безрассудное желание отчаявшегося любовника.
---
"любовник" başga zat dälmi? "aşyk" diýipsiňiz?

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Daşary çykmak üçin elime telpegimi aldym.
---
...я схватил шляпу, чтобы бежать.
---
telpek orsýetli birine gelişer, ýöne parižlä telpek geýdirmeli däl ekeniňiz.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Otagymy, otagymyzy, düşegimizi, egin-eşiklerimizi, ölüminden soň ondan galan hemme zadyň ýerleşen bu öýi täzeden görüp, süňňümi tükeniksiz gam-gussa gaplap aldy welin, tasdan özümi penjireden zyňýardym.
---
Когда я снова увидел нашу комнату, нашу спальню, постель, мебель, этот дом, где осталось все, что остается от живого существа после смерти, я снова ощутил такой бурный приступ отчаяния, что готов был отворить окно и выброситься на мостовую.
---
"спальня" diýenden ýatylýan otagmyka ýa ýatylýan mebel?
hemem "мебель"-iň ýerine "egin-eşik" gidipdir. ýa başga awtoryň terjimesindenmikä?

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Меня спрашивали о разных мелочах насчет похорон. О чем, я уж не помню. Зато ясно помню стук молотка, когда заколачивали ее гроб...
---
Depin etme meselesinde birnäçe soraglary berdiler. Hiç zat ýadyma düşenok.
Şeýle-de bolsa, ony tabyda ýerleşdirensoň tabydyň çüýleri kakylanda eşdilýän çekiç sesi diýseň gowy ýadyma düşýär.
---
Depin etme meselesi boýunça birnäçe sorag berdiler. Näme hakdalygy ýadyma düşenok.
Ýöne, tabydyň çüýleri kakylanda eşdilýän çekiç sesi diýseň gowy ýadyma düşýär.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Göwnüme bolmasa pop maňa dil ýetirýän ýälydy.
---
Мне показалось, что он оскорбил ее.
---
maňa - oňa

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Onuň bilen gep alyşjak bolýardym, olam maňa jogap berjek bolardy. Biri-birimize nämeleri aýtdykka?
---
Я говорил с ней, она мне отвечала. О чем мы говорили? Не знаю.
---
bolardy - bolýardy
aýtdykka - aýtdykkak

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ine, birdenem öldi. Nädip? Bilemok, hiç hili bilemok.
---
И вот она умерла. Как? Не знаю и никогда не узнаю.
(Bilemok, hiç haçanam anyklap bilmen.)

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Göýä ol at çeşme suwunyň ýeriň ýüzüne böwsülip çykyşy ýaly ruhuň çuňluklaryndan leblere çenli syzylýan, hemişe aýdylýan, gaýtalanyp-gaýtalanyp aýdylýan doga ýaly hemme ýerde pyşyrdap aýdylýandyr.
---
... которое твердишь, повторяешь, шепчешь всегда и всюду, словно молитву?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: