02:40
Ýaşasyñ gelýar
ÝAŞASYÑ GELÝÄR

Käteler şeýle bir ýaşasyñ gelýär,
Ýüz ýaşam göwnüñe az boljak ýaly
käte-de ýaşamak oýunjak ýaly
gün ýaşanda señem ýaşasyñ gelýär.
ölesiñ gelýär,
ölümde agtarýañ  dynjy, aramy
„gözlerimi ýumsam, hiç oýanmasam”
diýip, öçürýänsiñ gamgyn çyrany.

Käteler şeýle bir durasyñ gelýär
öýüñ jennetiñdir, asman arassa,
her penjiräñ nagyşlanan sungatdyr,
her bir kelam gutarmajak bir owaz.
Ýöne käler
durmuş durşuna gussa,
başyñ alyp mundan gidesiñ gelýär,
Ýitesiñ gelýär.

Kä günler şeÿle bir söýesiñ gelýär
yşka laýyk, söýgä sezwar kimiñ bar!?
kätelerem yşk gämisi gark bolup,
göwün künjeginde bir zat kemelýär.

Şonda sen özüñi tussagda duyÿañ
dört diwar,
Ýapylan polatdan gapy,
gömülen penjire,
çyg çeken howa
Şonda sen bir zady örän ýigrenýäñ,

Näme ýigrenýäñ, nämäni söýýäñ!?
bu zatlañ barysy ýaman gümürtik,
hem dartylýan, hemem çaýkanýan ýaly
aglamaýañ ýa göwnüñde gülmeijäñ
durmuşdan ýadap, ölümden irýäñ
özüñ öz syryñy açabilmeýäñ
bir geñ närsä göýä çokunýän ýaly.

Käteler şeýle bir ýaşasym gelýär,
Yer ýüzüne düşäp sözlerden güller
goşgy goşasym gelýär.
käte gökden ýere düşesim gelýär,
başym ýaýkap owunjaklań oýnuna
aglasym gelýär,
gülesim gelÿär,
dymasym gelÿär
ölesim gelÿär.

E. BADAHŞAN

08-08-2020
Категория: Goşgular | Просмотров: 122 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 12
0
11 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Baryñyzy Tañry ÿalkasyn!

0
10 Şasenem   [Mowzuga geç]
Hey bolyada nätsenem dogllyñmy yaşamaly wacko

0
9 Garaýolly   [Mowzuga geç]
***uýgunlaşdyryp goýberýär***

0
8 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Badahşanynyň ,,Käteler şeýle bir ýaşasyň gelýär,, diýip başlanýan goşgysy ynsan psihologiýasynyň durmuş-ýaşaýyş baradaky uly sarsgynly beýanyny berip bilipdir.Badahşany şygryň formasyna erkinlik berse-de, onuň mazmunyny many taýdan berçinleýär.Şeýleki,mazmundaky biri-birine garşy durýan çaknyşmalaryň teswirini şygryň akymynda uýgunlaşdyryp goýber.Bu usul şygryň awtory bolan Badahşanynyň ussatlygyndan habar berýär. Umuman,şahyryň beýleki goşgylarynda-da inçelik bilen pikir ýöredilişine haýran galýaň we şygarlaryny gaýta-gaýta okamaga meýilli bolýaň.

0
7 Arzyman   [Mowzuga geç]
Goşgyň ady «Ýaşasyň gelýär» bolsa-da, okaňsoň, ölesiň gelýän eken. Öňem-ä adam pahyryň umydy möýüň kerebine söýenip dur weli, şular ýaly agyr ruhly setirlerden soň, öňküden beter çalajan edip goýýar-da.

0
6 Nowgül   [Mowzuga geç]
Ajaýyp goşgy. Gaýtalap gaýtalap okasaňam ýenede okasyň gelip dur. Elleriňe güller bitsin!

0
5 mango   [Mowzuga geç]
osmanlyjada bizdäki "duçar bolmak" ulanylanogam ýalyla?:
sezavar / sezâvar / سزاوار
Münâsib, uygun, lâyık, şâyân. (Farsça)
Layık, yaraşır. (Farsça)

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Sezewar (p. Seza:wa:r) سزاوار – 1) layyk, yaraşykly, mynasyp; 2) duçar; sezewar bolmak – 1) mynasyp bolmak; 2) duçar bolmak, uçramak.
häzirki zaman türkmenistanlylar "sezewary" diňe "duçar bolmak" manysynda ulanýar öýdýän. asyl onuň "mynasyp, laýyk" manylaram bar eken.
ýa ulanylýamy "sezewar" "mynasyp" manysynda?

0
12 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Sezewar (laÿyk, mynasyp manyda) dogry. Barlanyñyz üçin köp sag boluñ! Bu sözüñ aÿdylšy diÿalektlerde tapawutly bolup biler, kakam pahyr "sezwar" diÿerdi, šondan meniñ añymda galan bolmaly, bu mesragda-da sezwar šygyryñ heñinde gowy oturypdyr. Bellikleriñ üçin sag bol Mañgo!

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
şu goşgyñyzy haladym Ibraýym aga!

Mango da sorapdyr,ony gaýtalap durmaýyn(sezwar)

"bu zatlań barysy ÿaman gümürtik," - "ýaman" sözine derek "şeýle" ya başga sinonim ulanmasañyz yaman sözi ynandyryjy däl. Edil öz sözüñizi özüniz ýañsylaýan ýaly...

Galamyñyz ýiti bolsun!

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Kä günler śeÿle bir söÿesiń gelÿär
yśka laÿyk, söÿgä sezwar kimiń bar!?
---
"sezwar" sezewarmyka?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
adaty Badahşan stili, dartgynly, gapma-garşylykly...
güýçli, gowy goşgy. haladym.
gaty ajaýyp, gaýtalanmajak setirleri kän.
1) ...ýaşasyň gelmegi we gün ÿaşanda seňem ýaşasyň gelmegi – gaty owadan tapyndy.
2) "her penjiräń nagyślanan sungatdyr"
3) "...yśk gämisi(niň) gark bol(magy)
4) "Yer ÿüzüne düşäp sözlerden güller..."
---
bäş ýyldyzy basdym.
ýaşa we döret.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: