02:19
Sapar letdeçi / hekaýa

SAPAR LETDEÇI

(Garagurumçy daýy)

Sapar aga bir görseň, eşek, bir görseňem at arabasyny jygyldadyp, obada peýda bolan güni çaga-çugalaryň. aýal-ebtatlaryň iki-ýana ylgaşyp. elewreýişlerini bir görsediňiz!
Şol gün letdeçi daýynyň töwereginde, baý, gowur turýar-a! Gyk-da baklyk, ala-zenzele, bazaryň bar-da. Öýümiziň ýany, ho-ol goja tuduň aşagy Sapar aganyň düşleg ýeri. Ol şo taýyny ýönelige saýlanok. Mydama sowuk suwly daş guýynyň bal ýaly suwy. Ýabyň boýy, galyberse-de, tomsuna salkynjak, goýy kölegeli ýer bolansoň çagalaram üýşýär ol ýere. Oňa-da şol gerek. Letdeçi daýy bu günem arkasyny goja tuda berip: «Gel-ä, bir takyrdaşal-a, Ine, size tüýdügem, garmagam getirdim...» diýip, uly ýoldan ötene-geçene lak atyp, uly dünýäň şagalaňyna, şowhunyna goşulyp, küren obaň içini ala-ýaz edip otyrdy.
Ol Jeýhunyň bir goltugyny dolduryp oturan obada ýaşaýardy. Obada
oňa köplenç «Letdeçi daýy» diýip ýüzlenerdiler, daşyndan bolsa, näme üçindir, oňa Ystalyn papakly» diýen lakamam ýelmäpdiler.
Dogrusy, muňa onuň özi bilen ejesi Bike daýza günäkär. Ol urşa gidende, agyr ýaralanyp, obasyna dolanyp geldi. Şondan soň, onuň geýnişi düýpgöter üýtgedi duruberdi. Onuň kellesine geýýän papagy, agzyndaky şybygy, ädik çotgasy ýaly murty tüýs Stalini ýatladýardy. Ol uruşdan geläýen uçurlary gaýyş çemodanynyň gapagynyň ýüzüne özüniň esgerlikde düşen suratyny ýelmedi. Şineliniň ýakasyna bolsa bagana tutdy. Ýakasyny kümüş ilgençek bilen ötürer ýalam etdi. Aýnagonç ädigine ýarym garyş depgi kakdy. Sapar aga egnine çal şinelini geýen güni tüýs toý keýpi bilen ýaşaýardy. Mylaýym ýylgyrardy. Ýogsa-da, ol bir söý bilen obada tutulýan toýa şinelli gitjekdigi ýadyna düşende, onuň ýüregi şypa tapýardy. Şonda uzyn gün Sapar aga üçin edil iň uly dabarany garşylaýan ýaly bolýardy.
Sapar aganyň ullakan gaýyş çemodany, çakgysy. şybygy uruşdan öýüne dolanyp gejenden bäri onuň iň ýakyn hem mährem goşlarydy. Ol her gün naharyny öňüne alanda, dürtgüjinem, mis kürüşgesinem ýanyna alardy.
Bir gezek Bike daýza oglunyň getiren şol mis kürüşgesinde çaý içjek bolup dodagyny ýakdy, Görgüli şondan soň gaýdyp şol mis kürüşgäni ellemedi!
Uruşdan gaýdyp gelensoň, Sapar aga çal şinelini ejesiniň aýratyn gözegçiligine» tabşyrdy. Şol günler ähli kişi Sapar aganyň esger eşiklerini görmäge gelerdiler. Gelmezçe-de däldi. Bike daýza oglunyň bolşuny goňşy-golamlara aýdyp, dilinden düşürmedi. Ol: «Tüweleme oglum orsçanam suwara bilýär. Içe-daşa çykanda-da çal şinelinem geýip çykýar. Yöne onuň şu kuruşgesin-ä halamok» diýýärdi. Bike daýza oýüne kim gelse oglunyň duldan asylgy duran esger eşiklerinden başga-da gaýyş çemodanynam görkezýärdi. Maňlaýy bäşburç ýyldyzly ýönekeýje esger gulakjynyny bolsa: «Ellemäň, nesip bolsa, ony agtygyma geýdirjek» diýýärdi.
Ýöne ilçilik-dä, Sapar aganyň köplenç oba içinde esger eşikde görünmegini köp adam oňlamady. Özüniň bu bolşuny halamaýandyklaryny bilse-de, gözleri öwrenişensoň goýarlar-da» diýip pikir edýärdi. Ýogsa, Bike daýza: «Oglum, men saňa entek ysy uçmadyk gyrmyzy donam alyp goýdum. Bagjykly çäkýaka köýnegem seniň üçin tikdim, geýiber-ä indi şolary» diýýärdi. Sapar aga bolsa; «Ýok eje, men uruş gutarman, beýlekiler ýeňiş bilen dolanyp gelmän, bu eşiklerimi çykarman» diýýärdi. Onuň bu bolşy obanyň mollasy Hudaýberdi aga-da ýakmady. Ol: «Saparyň atasy-da, babasy-da gyrmyzy donly gezdiler. Gel, gel indi näme üçindir, Sapar gyşyna şinelli, ýazyna kitelli gezýär. Öýlenensoň goýar-da, bu endigini» diýýärdi.
Ol öýlendem, Aýkümüş atly orta barmak ýaly gyz bilen toý tutdy. Şonda Sapar ilkinji gezek ejesiniň tiken ezýaka köýnegini, gyrmyzy donuny geýip çykdy. Gowam gelişdi. Bike daýza bolsa her bir gelene: «Şu günden başlap oglum indi diňe don geýer» diýýärdi. Obanyň käbir adamlary bolsa: «Ýeri, Sapar pişge murtuny näme eder, onam-a syrmaly bolar» diýýärdiler. Onuň murty gülende jaýtarardy, tukatlananda bolsa, salparýardy.
Ýöne toý tutup, öýli-işikli, çagaly-çugaly bolsa-da, ol il-güne gepýassygy bolan şol eşigini çykarmady. Murtunam syrmady, gaýtam ony her gün timarlaýardy. Ol toýa-ýasa gitse-de, şol eşigini geýýärdi. Ýogsa, oba adamlary, dost-ýarlary ona: «Saparjan, uruş gutard-a indi, senem şol tüýüňi üýtgedäý-ä» diýip, ýalbar-ýakaram etdiler. Onuň welin, şol bir bolşy. Gaýtam ol: «Eleşan geýinmesem, üstüm tämizje bolsa, men näme geýenimde size näme» diýýärdi.
Harby eşigine şeýle baglananam bolsa, onuň özi ýönekeý, pespäl adamdy. Ol uruşdan soň, özüne laýyk işem tapyndy. Ol gerekmejek ütüli çykan mata-marlyklary, köne-küşül egin-eşikleri il-günden ýygnap, köneje, ýeke at goşulan arabasyna ýükläp, bir ýerlere tabşyrýardy. Olaryň deregine-de köneje çemodanyndan çykaryp, çagajyklaryň oýnawaçlaryny, tenekär, zäk, balyk tutmak üçin garmak, boýag... ýaly ownuk-uşak zatlary berýärdi. Onuň iň gowy görýän gürrüňdeşleri, hemrasy oba oglanlarydy. Şonuň üçin Sapar aganyň daş-töwereginiň oglansyz wagty ýokdy.
Onuň ýük çekýän ak gyr aty bardy. Sapar aga oňa «Akjam», köplenjem «Akgyrym» diýýärdi. Süňklek atyň uzyn guýrugy ýere ýetip durdy. Akgyryň guwuňky ýaly uzyn buýsançly boýny, seçelenip duran ýüpek ýallary ýörän wagty oňa hasam gelşik berýärdi. Janawar üsti-üstüne ýüklenen, depe ýaly — köne-küşül mata-marlyklaryň arasyndan ullakan kellesini çykaryp, batly dyzap ýöreýärdi. Agyr arabany çöl eteginiň gumly ýollaryndan çekip, uzak menzillere aşyrmak hele-müçik işem däl welin, ol munuň hötdesinden gelýärdi. Şonuň üçin letdeçi daýy ony janyndanam eý görýärdi. Obanyň oglanlaram Akgyry gowy görýärdiler.
Sapar aga obada garagurumçy bolaly bäri çemodanyny ýanyndan goýmady. Ol onuň içini irginsiz dörüp, gözbagçynyň boş haltajykdan ýumurtga çykaryşy ýaly, delje zatlary çykaryp, çagalaryň göwnüni awlaýardy. Haçan görseň, çemodanyň içinden derman otlaryň ysy birenaýy kükäp dur. Gaňşyrawugyňy tutýan tenekäriň, jöwherliniň ysy köne çemodanyn-a däl, eýsem Sapar aganyň üst-başyna-da ornap gidipdi.
...Han-ha, bu günem şowhun-şagalaňy, mähellesi ýetik obanyň dar köçelerini aralap, garagurumçy daýy peýda boldy. Däbenekläp kellesini silkip gelýän Akgyryň üstünde Sapar aga bürünçden ýasalan heýkel ýaly, gaýşarylyp sarsman otyr. Hamana diýersiň, şa tagtynda oturan ýaly. Ol näme üçindir wagtal-wagtal sag eli bilen arkasyny, çep bykynyny sypaýardy. Bu oňa endik bolup gidipdi.
Öýüniň äpişgesinden kellesini çykaryp, seredýän aýallar: «Sapar aga, zäk getirdiňmi, boýagyňam barmy?» diýip gygyrýardy. Ol: «Hä, getirendirin, gelinler, geliň özüňizem çykaýyň. Çagalaryňyza kän ynanmaň, how!» diýýärdi.
Sapar aganyň Akgyrynyň ýörişem üp-üýtgeşikdi. Öýde oturanam bolsaň, onuň aýak sesini tanamak bolýardy. Çagajyklar-a Akgyryň «Tak-tuk, tak- tuk, tak-tuk» edip gelşindenem bilýärdiler.
«Gelýä-de, gelýä» bolşup, biri-birlerine buşlaýardylar.
Jy-gyl-jy-gyl, j-y-k.... Arabanyň ýagsyrap jygyldaýan tekerleriniň sesi obanyň içine düşüp, birenaýy owaz edýärdi. Çagalar bu sese gör, näçe wagtdan bäri garaşýardylar. Obanyň içinde Sapar aganyň garasy görünerem welin, olaryň göwün guşy uçýardy. Köçä eňýän çagalaryň arasynda garry-gurtularam görmek bolýardy. Sapar aga bolsa atyň üstünde sary güpbüsini ýelbegeý atynyp, papagyny çümreräk geýip oturşyna gyryk sesi bilen:
Mawy atlaz getiriň,
Gaýçy kesmez getiriň,
Iňňe batmaz getiriň,
Terezi çekmez getiriň-how
diýip, goşga salyp gygyrýardy. Arabanyň yzyndan galman gelýän çagalar bolsa «jagul-da-jugul» bolşup, ondan özlerine gerek zatlaryň adyny tutup soraýardylar. Ol ýuwaşja arabasyny sürüp barşyna her kimiň soraýan zadyna «Hawa, getirdim, baryň, siz letdeleriňizi toplaberiň» diýýärdi. «Topladyk, Sapar aga, kän topladyk. Bu sapar Akgyr-a olary çekibem bilmez» diýip, beträk çagajyklar oňa degen bolýardylar.
Dogrudanam, çagalar näçe gün bäri letde ýygnap, Sapar aga garaşýardylar. Gerekmejek mata-marlyklaryň arasynda derege ýarar ýalysynam hossarlaryna görkezmän oňa tabşyrýardylar. Garagurumçy daýynyň Akgyry bu jelegaýlaryň obalaryny köçeme-köçe aýlanyp ýörensoň, nirede durmalydygyny eýesine aýtdyrmazdan bilýärdi.
Bir gezek Sapar aga Akgyry tuduň kölegesine tarap sürdi. «Dur-r, janawar» diýibem uýanyny çekdi. At janawaram ädimini ýuwaşadyp, zordan ädilýän aýaklarynyň arasyny açyp durdy. Onuň hamyt soýan boýny derrew köçäniň gyrasyndaky tutlara tarap uzady. Sapar aga muňa pitiwa bermän, arabadan çemodanlaryny emaý bilen düşürdi. Oglanlaryň biri: «Sapar aga, atyňyz-a günä iş etdi» diýdi. Sapar aga: «Guzujyklar, Akgyryň özi şu ýerde aýak çekeli» diýdi. Menem onuň diýenini makul gördüm. Ana, bar bolany. Günäsiniň bardygyny baryň-da, onuň özüne aýdyň. Onsoňam, iki agyz tut iýeni bilen Akgyra gaty-gaýrym zat diýmäň-how, hoşamaýlyk ediň, ýogsa, gaty görer. Gowusy, ony gögeýinlerden goraň» diýdi-de, arabasyny ýazdyryp başlady. Jübüsinden temmäkisini çykaryp, atyň hamyt soýan boýnuna sepişdirdi-de: «Akjam, bar geziber, çagalaryň gepine gulak asma» diýip, aýaklaryny duşap, özerkine goýberdi.
Çagalaryň iň bir ýetibilmeýän arzuwy Sapar aganyň şol pyrgunyna münüp görmekdi. Bir gezek Sapar aga oba gelende, çagalar şol arzyly arzuwyna- da ýetdi. Şonda olaryň biri: «Sapar aga, bizi arabaňda aýlasan-a» diýdi. Ol: «Ýörüň, guzujykiar» diýdi-de, on-on bäş oglany arabasyna mündürip, derýanyň kenaryna aýlady. Çagalaryň şol günk
i şatlygyny diýsene! Olar hor bolup aýdyma gygyrýardy. Temegini ýellendirip, halt-haltlap barýan Akgyryň gözleri gepläýjek-gepläýjek bolýardy. Gür jeňňeliň içindäki ýodajykdan dükürdäp barýan at arabanyň sesi derýanyň güwwüldisine goşulyp gidýärdi. At goşulan purgunyň üstünde yranyp barşyňa balyk ysly salkynjak derýanyň kenaryny synlamagyň lezzetini diýsene! Ertekiler dünýäsiniň howaýy hakykatlary ýaly uçup ýören ak çarlaklary gözüň deňiňden çalt-çalt geçýän petdeleri synlamak, neneň ajaýyp! Derýa kenarynyň çagalary üçin derýa, ak çarlaga salam bermek parz. Salam ak çarlak! Salam Jeýhun derýa!
Şol gezek «Sapar aga, siz näme üçin çep bykynynyzy zol-zol sypaýarsyňyz-a?» diýip, oglanlar bilesigeljiliki sowal berdi. Sapar aga mylaýym gülümsiräp, uludan dem alyp: «Wah, oglanlar, endik edinipdirin. Elimiň arkama ýetenini özümem bilmän galýan. Arkamda duşman güllesi bar, gymyldasam, azar berýär. — Ol kiteliniň iliklerini ýazdyryp, ýagyrnysyny görkezdi. Ynha, gülle şu, bassaň bildiribem durandyr» diýdi. Gülle degen ýerinden — çigninden ýagyrnysyna süýşüp, tümmerip durdy. Letdeçi daýy bu gülläni eýýäm uruşdan bäri göterip ýörendigini aýdanda, oglanlaryň oňa nebsi agyrdy. Garagurumçy daýa beren sowalyna ökündiler.
Arabaçy daýy gürrüňçil kişidi. Degişmäni, gülüşmäni halaýardy. Gürrüň-ýomaga bişişendi. Keýpiniň gowy wagtam Keminäniň şorta sözlerinden, öz Akgyry bilen baglanşykly gürrüňlerinden aýdyp, adamlary gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Özü-de beýlekilere goşulyp, kellesini arkan gaýşardyp, bokurdagyny gaty gysýan ýakasynyň gyrasyndan ýumrusyny tümmerdip, «hyh-hyhlap» gülýärdi. Käwagt atyndan söhbet açyp: «Bilýärsiňizmi, guzujyklar, Akjanyň üstünden kän düşmäliň-le, ol meniň diňe bir iş malym däl, oňa-muňa gidenimde-de münýän ulagym-da, onuň ýelek ýaly ýeňilligine haýran galaýmalydyr. Onuň üstüne müneniňde, göýä eneke sizi sallançakda öwreýän ýalydyr!» diýýärdi.
Ol oglanlary daşyna üýşürip, köplenç urşuň wakalaryny gürrüň berýärdi. Stalingrad söweşi onuň uruşly gürrüňleriniň naýbaşysydy. Gürrüň berşine görä, ol kyrk dördünji ýylyň tomsunda Wolganyň kenaryndaky şäheri duşmanlardan azat etmäge gatnaşypdyr. Çagba ýaly ýagýan okuň biri degip, ýaralanypdyr.
Oba klubyna «uruşly» kino dagy gelse, Sapar aga Akgyry münüp barýardy. Önki hatarlaryň birinde öz burnundan hem ullakan şybygyny ernine gysdyryp, çüý ýaly gös-göni bolup oturýardy. Ol kinonyň arasynda: «Hä, bulary şeýtmelidir. Näletkerdeleriň eýini ýetiriň! Görüň ahyryn, biziňkiler nädendir» diýerdi. Kinodan çykybam: «Biziňkiler ýeňdiler-le» diýip, sermest bolýardy. Ýylgyrmakdan ýaňa erni ýerine gelmeýärdi. Belki, ol şonda kinoda öz frontçy dostlaryny göz öňüne getirýändir.
Ol köplenç öýüne tarap gaýdyşyn arabasynyň üstünde Akgyry bilen derdinişýärdi; «Akgyrym, Akgyrym, senem urşy gören bolsaň, çekip- çydamazdyň. Gör, näçe oba-şäherler ýakyldy. Ne gözel ýigitler urşuň pidasy boldy, Seň ýaly akylly janawarlaryň nijemesi ok-däriň astynda galdy. Bu adamlary diýsene! Urşy başlaýanam şular, gutarýanam. Uruşsyzam ýaşap bolýandyr-a!».
Sapar aga şol wagt dünýäni unudýardy. Ol arabasynyň şakyrdysyna dumly-duşdan okdurlyşýan itlere-de pitiwa bermän, garabaşyna gaý bolup, öýüne ýeteninem bilmeýärdi.
Bir gezek şeýle waka boldy. Mekdebiň soňky synpynda okap ýören oglanlaryň biri nähoşlap, rugsat alyp, öýüne gelýärdi. Görse, tuduň kölegesinde Sapar aga töweregine çagalary üýşürip, ala-ýaz bolup otyr.
Ol oglany görenden: «Näme, ýigit, ýüzüň salyk görünýär-le. Janyň bir sagmy?!» diýdi. Ol oglan ýaramaýandygyny aýtdy. Şonda Sapar aga derrew köneje sandygyny dörjeleşdirdi-de: «Me, şu tenekäri ezip iç, derrew gutularsyň, em bolsun» diýdi. Şol wagt onuň çöňňelişen mawy gözleri şeýle mähribandy, ylla ýagşyzadanyň gözleri ýalydy.
Garagurumçy daýynyň tenekärini içip, oglan dessine dertden gutuldy. Ejesi muňa iki bolup bilenokdy. Ol begenjini daşyna çykaryp: «Sapa aga ýagşyzada gören adam. Uruşdan geleli bäri, oba-oba aýlanyp, dertlilere derman paýlaýar, süýji sözi bilenem uly-kiçiniň göwnüni awlaýar. Ol näçe adamyň hassalykdan gutulmagyna sebäp boldy, ömri uzak bolsun» — diýdi.
* * *
Sapar aganyň obada gara bermezligi köp adamlary alada goýdy, has
beterem çagalary. Indi ony köpden bäri ene ýabyň kenarynda-da, balhy tutlaryň kölegesinde-de görüp bolanokdy. Garagurumçy daýynyň ýarawsyz ýatanyny eşiden adamlar ony soramaga barýardylar. Uzak obalardan gelýänlerem bardy. Ol düşekde uzak ýatmady, dünýäsini täzeledi. Ony soňky ýoluna tutuş oba hem-de... bedew aty ugratdy.
Gölegçiler gaýdyp gelende, Akgyr garabagyr ene ýaly, gözüniň okarasyny dolduryp, içi-içine sygman hokranýardy. Garagurumçy daýynyň söýgüli atynyň howany elendirip kişňemesi obanyň adamlarynyň ýüregini paralaýardy. Elli ýyllap bile bolan dostuny ugradan janawaryň şol günden soň ot-suw bilen keýpi bolmady. Janawar jaýrylan toýnakly aýaklaryny uzyn-uzyn gerip, ýatyşyna eýesiniň ýedisi berilýän güni jan berdi.
Türkmençilige görä, oba adamlary Sapar aganyň atynam kellesine kepen orap jaýladylar. Sapar agadan galan zatlary dogan-garyndaşlaryna teperrik edip paýladylar. Onuň esger eşikleri bilen birlikde gyrmyzy dony, aýnagonç ädigi hem ogullaryna ýetdi. Maňlaýy bäş burç ýyldyzly esger gulakjynyny bolsa, Sapar aganyň çowlugyna berdiler.
Aýkümüş eje adamsynyň şinelini çykardy-da oňa örän guwançly nazar saldy, iki eli bilen tutubam Sapar aganyň ady dakylan agtygyna geýdirdi. Onuň iliklerini ildirip, agtygynyň egninde oturşyna timar berdi-de: «Me, balam, şuny geýseň-geýmeseň aýawly sakla» diýdi. Ojuk-bujuk saklarsyň diýip, köne çemodanam şoňa berdi.
Onuň esger döwri düşen daşy aýnaly suratyny bolsa, il-günüň köp gelýän ýeri diýip, mekdebe eltip gaýtdylar. Surat dagam däl: harby egin-eşik oňa agynjak şaplaşyp dur, gür saçlary yzyna gaýtarylyp daralypdyr. Onuň ötgür mawy gözleri bolsa uzaklara seredip dur.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

“Garagum” žurnaly, 2005-nji ýyl.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 65 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: