21:06
Aglan ekeniñ
AGLAN EKENIÑ

Bulaşan asmana düşen gözlerim,
Nämüçindir aljyraňly sözlerim,
Bu zatlaryň sebäbini gözledim,
Aglan ekeniň.

Palçydan eştdiňmi ajy ykbalyň,
Köşeşdirmäň tapman asla ahmalyn,
Sebäbini bildim ýürek gysmamyň,
Aglan ekeniň.

Duşmanyň ýylgyrýar görüp gözýaşyň,
Dünýä zyňdy öýtýän ahmyrly daşyn,
Has çytylyp bü gün şol gara gaşyň,
Aglan ekeniň.

Öpüp ýaňagyňdan ajy gözýaşlar,
Aglaýar asmanym, aglaýar gaşlar,
Gabagyňda döräp kiçijek çişler,
Aglan ekeniň.

Melegim, tutduryp söýginiň için,
Edipsiň durmuşda iň uly göçüm,
Kürteli gelin sen, hut şonuň üçin,
Aglan ekeniň.

Döwletgeldi SULTANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Ahmet | Теги: Döwletgeldi Sultanоw | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Goşgyny gowy gördüm menä.Jemlemesi ýûregiñe jüñk bolaýýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: