19:47 Aşygyñ ahmyry | |
AŞYGYÑ AHMYRY Zaryn nagmam, çekäýmeli jezamdy Gulak gapan güwwüldisi depregiñ. Añşyrabilsedim, käşgä, takdyryñ Arzuwymy top mysaly depjegin. Boýun aldym sessiz-üýnsüz, bialaç Gedemligiñ päk söýgiden ozanyn. Bagtymy hem süýregläpdi yzyndan Zowwam geçýän gelnaljylañ tozany. Umyt guşum telwas urar asmana. Şypa a:ra:p dagyñ örküçlerinden. Isrip etme, bagt binasyn gurgunyñ Ýykylan göwnümiñ kerpiçlerinden. Hakyñ ýok, ýygşyrma, duýýarsyñ äşgär Yşk çölünde azaşanyñ kimligin. Häzir ezilendir şor gözýaşyña Pynhan gezäp, janym alan kirpigiñ. Kalbym, syzýansyñ-a tozdurlan şähriñ Dikelmejegini diläniñ üçin. Onda dat eýledip nurly didäñe Gelnaljyñ yzyndan garamak neçüýn? Irde-giçde söýermikäm,kim bilýär, Ömür tanapyny baglanym sensiñ! Sen şeýle bir bagtly bolgun, mähriban, Hiç bolmanda söýgim harlanña degsin! 23.07.2020 ý. Mahym NURGELDIÝEWA. | |
|