18:18
Şeýtan / hekaýa
ŞEÝTAN

Daýhan ölüm ýassygynda ýatan syrkaw aýalyñ başujunda duran lukmanyñ öñünde durdy. Sessiz-üýnsüz halda, takdyryna kaýyl bolup ýatanam bolsa, heniz akyl-huşy ýerinde bolan kempir olaryñ özara gürrüñine gulak salyp ýatyrdy. Kempiriñ ölüm sagady golaýlapdy, onuñ muña näşükürligi ýokdy, togsan ikini tegelän aýal ýaşajagyny ýaşapdy.
Açyk gapydan, penjireden iýul aýynyñ güneşli howasy kürsäp urupdy. Gün daýhanlaryñ aýagynyñ astynda mäjum bolan topraga bolluk bilen nuruny saçýardy. Epgek günortanyñ jokrama yssysyna gara ýanyk bolan ýapraklaryñ, ekin meýdanlaryñ, bugdaýlaryñ we ot-çöpleriñ ysyny otaga doldurypdy. Çekirtgeler agzyny ýyrtaýjak bolup çyrlaýardylar, daş-töwerekde çagalara niýetlenip agaçdan ýasalýan we ýarmarkalarda satylýan oýnawaç çekirtgeleriñ sesine meñzeş ses ýaýylyp gidýärdi.
Lukman sesini gataldyp:
- Onore! - diýdi. - Ejeñizi bu ýagdaýda ýeke goýaýmañ. Haçan ölse ölübermeli!
Onore sussupes halda iñledi:
- Ýöne bugdaýymam ormak gereg-ä. Näçe wagt bäri orulman ýatyr. Häzir ylaýyk wagty. Sen näme diýýäñ, ejejan?
Häzirem normandiýalylara mahsus husytlygyndan saplanyp bilmedik kempir "bolýar" diýen manyda gözüni gyrpyldatdy, başyny atdy. Ol oglunyñ bugdaý ormaga gitmegine we özüni ölüm bilen başa-baş goýmagyna yrzady. Lukmanyñ gahary geldi, aýagyny ýere urup gygyrdy:
- Siz hakyky haýwan! Maña düşünýäñizmi ýa ýok? Men beýtmegiñize ýol berip bilmerin! Eger bugdaýy hökman şu gün ormaly bolsa, git-de, La Rapeti tap, ejeñe şo seretsin. Eşidýäñizmi meni? Eger aýdanlarymy etmeseñiz, syrkawlanyñda, saña ölseñem seretmerin, it ölen ýaly ölersiñ. Düşündiñmi?
Gowuşgynsyz we zordan gymyldap diýen ýaly lukmandan gorkusyna hem-de pula bolan yşkynyñ täsirine bialaç ýagdaýda ýaltaklaýan Onore ikirjiñlenýärdi, çykdajyny hasaplaýardy.
Ol lukmana:
- La Rapet ejeme esewan edeni üçin näçeräk pul alarka? - diýdi. Lukman:
- Men näbileýin? - diýip gygyrdy. - Bu onuñ etjek hyzmatyna bagly. Özüñiz düşünşiñ. Bir sagada çenli La Rapet şu taýda dikilgazyk bolsun. Düşündiñmi?
Onore belli karara geldi.
- Boldy, boldy. Gidýärin. Gaharlanmañ - diýdi. Lukman:
- Size ýene bir gezek ýatladýaryn, men gaharym gelende degişýän däldirin - diýdi-de, çykyp gitdi.
Onore ýeke galansoñ ejesiniñ ýanyna golaýlaşdy we takdyra boýun sunan halda "Ýeri bolýa-da, lukman şeydilmegini isleýän bolsa, men gidip La Rapeti getireýin. Gelýänçäm ýeriñden galyjy bolaýma" diýip, öýden çykdy.
Gartaşan aýal La Rapet obada ölüm ýassygynda ýatanlara we garrylara serederdi. Ölen bendeleriñ kepenlerini tikerdi, dirileriñ egin-eşiklerini ütüklärdi.
Çüýrän almanyñ gabygy ýaly elidir ýüzi çürşüp giden, gysganç, doñýürek, çakdanaşa husyt we hemişe egin-eşik ütükläp ýörensoñ bili bükülip ýaýa dönen La Rapetiñ kynlyk bilen jan berýän bendeleriñ ölüm pursatyny halanylmajak derejede söýýändigi aýdylýardy. Ol awçylaryñ tüpeñine ok sürşüni gürrüñ berşi ýaly jan berýän bendeleriñ ölümini iñ inçe jikme-jikliklerine çenli gürrüñ bererdi.
Onore Bontemps La Rapetiñ öýüne gelende, ol ýakalara niýetlenen boýag taýýarlap duran eken.
- Agşamyň haýyrly bolsun, daýza. Işler neneň?
La Rapet ýüzüni oňa öwrüp:
- Gowy, hudaýa şükür. A siz? – diýip sorady.
- Biziňkilerem gowy. Ýöne ejem ýaramajak bolýar.
- Ejeňiz?
- Hawa, ejem.
- Näme bolýar oňa?
- Öljek bolýar!
Kempir elini suwdan çykardy. Onuň elinden syrygyşýan gögümtik suw damjalary barmaklarynyň ujuna çenli gelip, ondanam ýere damýardy.
La Rapet garaşylmadyk hoşgylawlyk bilen:
- Ýagdaýy erbetmi? – diýip sorady.
- Lukman indi hiç zat edip bolmajagyny aýtdy. – Onore sägindi. Aýtmakçy bolýan zadyny aýtmak üçin gepbaşy gerekdi, emma hiç bir söz diline gelmändigi üçinem belli matlabyny aýtdy. – Amanadyny doldurýança ejeme esewan etmek üçin näçäräk hak alarsyňyz? Biziň baý däldigimiz-ä gowy bilýärsiňiz. Ýeke hyzmatkär saklamadym. Şoň üçinem görgüli ejem şu güne düşdi. Togsan iki ýaşandygyna garamazdan ekin meýdanyna çykyp işlärdi, şeýdibem tapdan düşdi. Bugdaýdanam kän düşewünt ýok...
La Rapet çynlakaý görnüşe girip jogap berdi:
- Iki dürli baha bar. Entek çeýnemeli çöpi gutarmadyk syrkawlar üçin-ä gündizine iki frank, gijesine üç frank alýaryn. Başgalaryna bolsa gündizine bir frank, gijesine iki frank. Siz bir-iki frank töläýiň.
Onore oýlanmaga başlady. Ol ejesiniň ýagdaýyny gowy bilýärdi, onuň nähili çydamlydygyny we güýçlüdigini bilýärdi. Lukmanyň aýdýanlaryna garamazdan ejesi ýene bir hepde ýaşaýmalydy. Onore:
- Ýok, ýok – diýdi. – Maňa bu işiň soňuna çenli bir nyrh kesmegiňizi isleýärin. Ikimizem bagtymyzy synalyň. Lukman-a onuň tizara öljegini aýtdy. Ölse-hä, siziň peýdaňyza. Ertire çyksa ýa-da has köpräk ýaşasa-da, meň peýdama, soň sizem gargynyp oturmaň!
Kempir oňa geň galyp seretdi. Ol häzire deňiç ölüm ýassygynda ýatan adam üçin şular ýaly söwdalaşyp görmändi. Ikirjiňlense-de, “ýatyp galandan atyp gal” diýlenini edäýsemmika diýip oýlandy. Aldanasam gelenokdy. Şonuň üçinem ol:
- Ejeňizi görmezden anyk bir zat aýdyp biljek däl – diýdi.
- Ýörüň onda, görüň.
La Rapet elini süpürdi. Soň tirkeşip öýden çykdylar.
Ýolda kelam agyz gürleşmediler. Kempir çalt-çaltdan ýörese, Onore her ädimini göýä bir deräniň üstünden ätläp geçýän ýaly uludan alýardy.
Ekin meýdanlarynda otlap ýören sygyrlar başlaryny galdyryp haýdap barýan bu iki adama “bize täze ot bereňzokmy?” diýýän ýaly uzyn-uzyn molaşýardylar.
Onore Bontemps öýüne golaýlaşanda öz-özüne “”Belki-de bu iş eýýäm soňlanandyr” diýip hümürdedi. Onuň hümürdisinde munuň şeýle bolup gutarmagyny isleýän bilniksizje arzuw uçganaklaýardy.
Kempir heniz ölmändi. Düşeginde arkan ýatyrdy. Ala ýorganyň gyrasyndan somalyp çykyp duran leňňeje meňzeş tisgindiriji elleri guragyrydan we ýüz ýyla golaý wagta çeken agyr zähmetiň argynlygyndan ýaňa bürşüp galypdy.
La Rapet düşege golaşlaşdy. Soňky deminde ýatan aýaly synlamaga başlady. Ýürek urşuny barlady, döşüni elledi, dem alşyny diňledi, gep urşuny bilmek üçin sorag berdi. Birsalym siňe syn edenden soň Onoreni ýanyna alyp daşary çykdy. Indi belli bir zat aýdyp biljekdi. Syrkaw görgüliniň şu gijeden çykjagy nägümanady.
Onore ondan:
– Ýeri, nämä pikirlenýärsiň? – diýip sorady.
La Rapet:
– Iki, belkäm üç gün dowam eder – diýdi. - Siz jemi alty frank tölemeli borsuňyz.
Onore zähresi ýarylan ýaly gygyrdy:
– Alty frankmy? Siz dälirediňizmi? Ejemiň köp ýaşasa bäş-alty sagat ýaşajagyny aýdypdym-a size, şondan köp däl!
Olar uzak çekeleşdiler. Ahyrynda hyzmatçy kempiriň gaýtjak bolmagy, wagtyň çäklidigi we bugdaýyň orulman galjakdygy sebäpli Onore onuň bilen ylalaşmaly boldy.
– Bolýar. Soňky ýoluna ugradylýança etjek ähli hyzmatyňa alty frank.
– Bolýar, gepleşdik onda, alty frank.
Onore çalt-çalt ädimläp günortanyň tüp yssysynda özüne garaşyp duran bugdaýlaryna tarap ýumlukdy.
Hyzmatçy aýalam içeri girdi.
Kempir ýany bilen iş gurallarynam getiripdi. Öliniň ýa-da ölüm ýassygynda ýatanlaryň başujuny saklap otyrka, ol öz işinem ederdi, kämahalam näsagyň maşgalasynyň öý işlerini edip, gapdalyndanam hak-heşdek alardy.
Ol birdenkä ýatan kempire ýüzlenip:
- Siziň soňky dogaňyz okaldymy, Bontemps ene? – diýip sorady.
Syrkaw “ýok” diýen manyda kellesini yrady. Dindar aýal bolan La Rapet çalasynlyk bilen ör turup: “Eý, hudaýjan, bu nähili beýle bolýar? Men bahym gidip popy tapyp geleýin” diýdi.
Meýdanda oýanp ýören çagalar popuň öýüne tarap haýdap barýan hyzmatçy kempire gözleri düşen badyna ýene bir şumlugyň bolandygyny duýdular.
Donunyň üstünden dyzyna ýetip duran ak gursakçasyny geýen pop günüň howruna garaört bolan ekin meýdanynyň üstünden ýöräp gelýärkä, buthananyň hor toparyndan bolan eli jaňly bir oglanjyk jaň kakyp, onuň gelýändigini habar berýärdi. Ýakynda-daşda işleşip ýören erkekler telpegini çykaryp, ak eşikli pop gözden ýitýänçä dim-dik bolup durýardylar. Meýdanda gül ýygyp ýören aýal-gyzlar çokunmak üçin gönelýärdiler. Ürken towuklaram ikiýana gaýkyldaşyp ýoluň gyrasyndaky hendege tarap ylgaşlaýardy we çukuryň içinde gözden ýitip gidýärdi. Çaýyrlyk meýdanda daňylgy duran bir taý popuň ak eşiginden ürküp, daňylgy ýüpüniň ujunda däbşenekleýärdi, eýläk-beýläk depirjikleýärdi. Gyzyl eşikli oglanjygyň yzyna düşüp we tahýaly kellesini bir egnine tarap gyşardyp barýan pop aldygyna doga okaýardy. La Rapet bolsa göýä ýere ýapyşjak ýaly bükürlip, ellerini edil buthanada edişi ýaly biri-birine gowşuryp ýöreýärdi.
Uzak aralykdan olara garap duran Onore:
– Pop nirä barýaraý? – diýip, öz-özünden sorady.
Onuň ýanynda işläp ýören işçi oňa:
– Pop seň ejeň ýanyna alyp barýar – diýip, jogap berdi.
Onore geň galyp durmady. “Bolup biler” diýip hümürdedi. Soň işine dowam etdi.
Bontemps ene soňky tobasyny etdi, pop kempiriň günälerini bagyşlady, şeraba ýugrulyp bişirilen çörekden iýdirdi, soňam iki kempiri petiş howaly öýde galdyryp daşary çykdy.
La Rapet munuň näçe wagta çekjegini oýlanyp durka, syrkawy mazaly öwrenmäge başlady.
Gün kem-kemden batdy, içeri sergin howa aralaşdy. Iki sany iňňe bilen diwara ýapyşdyrylan surat otaga aralaşan täze howanyň badyna saga-sola hallan atýardy. Birmahallar ak bolandygy bildirýän we siňek pohundan ýaňa saralyp giden tutular uçuşyp, kempiriň ruhy kimin başyny alyp gitmäge hyýallanýan ýaly ikiýana owsunýardy.
Bontemps ene hereketsiz halda dik ýokary garap ýatyşyna, ýanjagazynda duranam bolsa, gijigip gelen ölümine perwaýsyzlyk bilen garaşýardy. Dem alanda bogazyndan hyžžyldawuk ses çykýardy. Demi haçan kesilse kesilibermelidi. Ölümine hiç kimiň gynanmajak ýene bir zenany ýalançy panydan dünýäden gaýyp gitmegiň öňüsyrasynda durdy. Iňrik garalansoň Onore hem geldi. Ejesine golaşlayp, onuň bolup ýatyşyny synlady.
- Ýeri, neneň? – diýdi-de, ertir irden 05:00-da gelmegi sargap, La Rapeti öýüne ugratdy.
– Ir sagat 05:00-damy - diýip jogap beren La Rapet gijä galman, gün dogmanka geldi.
Onore ekine gitmezden öň öz bişiren çorbasyny içdi.
La Rapet:
– Ýeri, ejeň öldümi? – diýip sorady.
Onore kinaýaly göz gyrpyp:
– Gaýtam öňküsinden gowulaşdy – diýip jogap berdi. Soňam öýden çykyp gitdi.
Gamlanan La Rapet ýorganyň üstünde ellerini biri-birine gowşuryp, gözleri açyk, perwaýsyz we janyndan iren halda ýatan kempire golaýlaşdy. Onuň gysyk ýüregine gorky aralaşdy. Gursagynda özüni aldan köpbilmiş daýhana we wagty bilen ölmedik kempire garşy ýigrenç oýandy.
La Rapet zoraýakdan ýigrenjine basalyk berip işine başlady. Gözüni aýyrman Bontemps enäniň ýygyrt-ýygyrt bolup ýatan ýüzüne seredip, onuň ölümine garaşdy.
Onore günortanlyk naharyny edinmäge öýe geldi. Şadyýan görünýärdi, hatda onuň gözlerinde şatlyk uçganaklaýardy. Ol naharyny iýip, ýene işlemäge gitdi. Megerem ol, hiç bir päsgelçiliksiz şertlerde bugdaýyny orýardy.
La Rapetiň bolsa barha jyny atlanýardy. Göwnüne bolmasa, geçip barýan her bir minut onuň puluny we wagtyny ogurlaýan ýalydy. Şoň üçinem ol bu kejeňek syrkawyň mekgesine münüp, gyzyldan gymmat wagtyny we puluny ogurlan kempiriň çalajan halda gelip-gidip duran demini togtadasy geldi.
Munuň soňunyň howply bolup biljegini oýlandy. Aňynda müň bir pikiri aýlap Bontemps enäniň düşegine golaýlaşdy. Ondan:
– Heý, öňde-soňda şeýtan görüpmidiň? – diýip sorady. Kempir:
– Ýok – diýip iňledi.
La Rapet kempir bilen gürleşip, onuň öňem ölüp barýan mejalsyz ruhuny gorka düşürmek üçin toslama hekaýatlary aýtmaga durdy.
- Ölmezden birnäçe minut öň şeýtan ölüm ýassygynda ýatanlaryň gözüne görnermiş. Elinde-de sübse, başynda gazança. Zol gygyrar durarmyş. Ony görenleriň işi gaýtdygy, şondan soň ýeke sekundam ýaşamaýarmyş.
Soňra La Rapet bir ýyl mundan öň hyzmatyny eden garrylary Josefin Luisel, Eulalie Ratier, Sofiýa Padagnau, Serafine Grospied dagylara şeýtanyň nähili görnendigini gürrüň berdi.
Endamyny tolgunma duýgusy gurşap alan Bontemps ene ikiýana urunýardy, ellerini serip, kellesini ikiýana öwrüp otagyň bir çüňküne seretmäge jan edýärdi.
La Rapet birdenkä onuň ýanyndan turdy. Şkafdan bir prostyn alyp bürendi, kellesine gazança geýdi. Gazançanyň gysgajyk we egri üç tutawajy onuň kellesiniň üstünde duran üç sany şah ýaly towlanyp durdy. Sag eline bir sübse aldy, çep eline-de bir bedräni alyp bulaýlady.
Bedre ýere gaçanda gorkunç ses etdi. Stoluň üstüne çykan hyzmatçy aýal düşegiň bir gapdalyna gerilgi duran matany ýokary galdyrdy. Çirkin sesleri edip, elini-goluny bulaýlady. prostyna bürendi. Kellesinde ýüzüni gizläp duran gazançaly, ölüm ýassygynda ýatan kempire haýbat atyp, täsin gurjak ýaly ortada towsaklady.
Telbä dönen, mölerilip seredýän kempir ýerinden turup gaçmak üçin adatdan daşary gaýrat görkezdi. Eginlerini we döşüni zordan ýorganyň aşagyndan çykardy, emma birden uludan demini ady-da, ýygrylyp galdy. Görgüli bu dünýäniň azabyndan dynypdy!..
La Rapet howlukman hemme zady ýerbe-ýer goýdy. Sübsäni şkafyň bir çüňküne söýedi, prostyny epläp şkafda goýdy, gazançany pejiň üstünde goýdy, stoly bir gyra çekdi, bedräni ýerine taşlady. Soňam endige öwrülen hereketleri bilen Bontemps enäniň gözlerini ýumdy, düşegiň bir gyrasyna golça goýdy, golçanyň içine buthanada çüflenen suwdan guýdy.
Tumboçkanyň üstünde duran samşit bölegini alyp ölledi, merhumyň gapdalynda çommalyp, ýatdan bilýan dogalaryny uly höwes bilen sarnamaga başlady.
Agam Onore gelende, hyzmatçy aýal doga okap otyrdy. Dessine hasap-hesibini etdi, La Rapetiň özünden bir artyk frank aljagyny aňyna aýlady. Ol üç günläp we bir gijeläp ejesine seredipdi. Munuň nyrhy bäş frank bolmalydy, ýöne ol La Rapet bilen alty franka gürleşipdi.

Gi de MOPASSAN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 157 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gi de Mopassan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
8 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Ejesi jan çekişip ýatyr ol bolsa bir-iki frankyñ bugdaýyñ gaýgysynda. Kalby bolsa ejesiniñ ölümini arzuwlayar.

0
7 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Hakyky şeýtan garrynyñ ogly Onore eken.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Sübsäni şkafyň bir çüňküne söýedi, prostyny epläp şkafda goýdy, gazançany pejiň üstünde goýdy, stoly bir gyra çekdi, bedräni ýerine taşlady.

И тетка Рапе спокойно водворила все по своим местам: метлу в угол возле шкафа, простыню в шкаф, котелок на очаг, ведро на полку, стул к стене.

Şkafyň bir çüňküne - Şkafyň ýanyndaky çüňke...
Stoly - stuly.
Bedräni ýerine - bedräni tekjä.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Haweran kaka. Zähmetiňize berekella.
Okadyk, hezil etdik.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Gazançanyň gysgajyk we egri üç tutawajy onuň kellesiniň üstünde duran üç sany şah ýaly towlanyp durdy.

...надела котелок с тремя короткими согнутыми ножками, которые торчали, как рога...

Gazanyň turawajy dä-de aýagy bolmaly.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sag boluñ sizem, üns bereniñize, eden bellikleriñize.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Gyzyl eşikli oglanjygyň yzyna düşüp we tahýaly kellesini bir egnine tarap gyşardyp barýan pop aldygyna doga okaýardy.
Мальчик-служка в красном облачении шел быстрым шагом; священник в четырехугольной шапочке следовал за ним, склонив голову и шепча молитвы...
—-
Tahýa has türkmençe dälmaý.
Hemem kellesini gyşardanok-da öňe egip, boýnuny sallap barýan ýalyla.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Gowy terjime bolupdyr.
Ýöne....
Daýhan ölüm ýassygynda ýatan syrkaw aýalyñ başujuny saklap oturan lukmanyñ garşysynda durdy.
Крестьянин стоял перед доктором у постели умирающей.
Ýöne lukman syrkaw aýalyň başujyny saklap oturanok ýalyla.
Daýhan lukmanyň öňünde dur. Ikisem ölüm düşeginde ýatan aýalyň ýanynda.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: