10:27
Аlysda galan çagalyk
ALYSDA GALAN ÇAGALYK

Mar ýaly towlanyp ýatan ýodalar
Gaýalaň boýnuna oranyp ýatyr.
Dag gursagyn ýaryp dörän jülge-de
Baglaň ýapragyna ýaşynyp otyr.

Hanha aýakýalaň ylgan ýodalam
Çagalyk günlerim tozuna siňen.
Süýşüpdir Sumbarym öňki ýerinden,
Herne ýerinde dur şol Aý, Ýedigen.

Ýylgynlaram otyr bezenip kemsiz
Gujak açyp durlar ýylgyryp maňa.
Howlukmaç gijeler alňasap barýar
Gowuşmak niýeti arzyly daňa.

Ah,meniň ak daňym atarka haçan
Bagtymyň yzyny yzarlap giden?
Alňasak göwnümi uçurdym elden
Men indi yzyndan ýeterkäm haçan?

JÜMJÜME.
Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Soragyñyza düşündimmikäm, uçan zady tutmagy başgaça nähili añladyp bolýa diýýäñizmi?

0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]
smile ýyldyzlar a ýalpyldap dur

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Meňli hanymda gouja deňeşdirmeler bar ken.
goşgam nejis däl.
---
Howlukmaç gijeler alňasap barýar
Gowuşmak niýeti arzyly daňa.

owadan deňeşdirme, ýöne islendik zada başga tarapdanam bakyp bolany üçürip aýdaýýan: gijäniň daňa alňasamagyny, öz ölümine alňasamagy hasaplaýan.
---
Alňasak göwnümi uçurdym elden
Men indi yzyndan ýeterkäm haçan?

düşnüklem bolsa soraýyn: ýer ýüzünden gaçýanyň yzyndan ýetip tutulýar, ýöne, asmandan uçany nädip tutmaly? elden sypyp asmana galyp uzaklaşan zady nähili usulda, haýsy söz bilen yzyndan ýetmeli, tutmaly.... türkmen dilinde başga söz barmy, şol gyzykly bolup soraýan.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: