07:24
Atsyz goşgy

ATSYZ  GOŞGY

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan käte başardygymdan,
Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini
Ölemden soň maňa derek gepläre.

Sapa HOMMADOW

Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/5
Всего комментариев: 11
0
10 Arzyman   [Mowzuga geç]
Toýly ýaş bolsun, Sapa! grog

0
11 Pegas   [Mowzuga geç]
Saol, Arzyman hanym!)

0
8 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bu gün Sapa Hommadowyñ doglan gûni eken.Awtory doglan güni bilen tûýs ýûregimden gutlaýaryn.Gutlamak bilen jan saglyk,uzak ýaş arzuw edýän.Galamyñyz ýiti bolsun!Geljekde mundanam has gowy goşgular bilen okyjylaryñyzy begendirip duruñ!

0
9 Pegas   [Mowzuga geç]
Köp sag boluň!)

0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
Sapa goşgyñy gaty haladym. Höwri köp bolsun!

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.
---
şu kupletde "köňlüň ynjysyny duýmak" we "günleň agyr keşigini çekişmek" isleginň sebäbini ol geljekdäki bagtly günleriň gadryny bilmegiň üçin "gyssamaň" diýýänsiň öýtdim. garaz, saglygyň gadryny bilmek üçin hassalykdan geçilişi ýaly, "bagtam bolsa, gyssamaň" men bu dertden, gussadan geçip baraýyn.... diýen ýalyrak.
ýöne, soňyny başgaçarak dowam etdiň.
saňa "göwündeş" dileýän (eger ýok bolsa), özem golaýjygyňdan.
goý, bileje "göwün döwükleriňi sepleşsin"
ýazmagyňa ylham bolsun.
---
üstünlik dileýän.

0
5 Pegas   [Mowzuga geç]
Köp sag bol, Mango, minnetdar gowy bellikler üçin.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
"minnetdar, ýöne razylaşamok" diýoňmy :-)

0
7 Pegas   [Mowzuga geç]
Ýo, ylalaşmaz ýaly bellikler däl bular. smile

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!
---
Sapa däde. "monjuk" gözlejändir öýtme, ýöne "dert"-den, "gussa"-dan soň "hoş" umumy koloriti bozýar. belki "Häzir öz ugruma ýaşasym gelýär" ýalyrak bolmalydyr.

0
1 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Täsirli goşgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: