21:16
Psihiatr gyz bilen söhbetdeşlik / 2-nji bölüm
PSIHIATR GYZ BILEN SÖHBETDEŞLIK

Şu gün irden gizlin belgiden jaň geldi. Sonadyr öýtdüm. Asyl eden çakym nyşanaň golaýyndanam barmandyr. Maňa jaň eden—lukman gyz bolup çykdy.
—Salam, Aman. Bu men, geçen gezekki gürrüňdeşiňiz psihiatr Selbi. Ýagdaýlaryňyz niçik?
—Men erbet. Özüňiz nähili?
—Nämüçin erbet, şükür ediň ahyry!
—Şükür edýän weli, ýagdaýymy soransoňyz, dogrymy aýdaýyn diýdim.
—Düýn ýanyma gelmediňiz, ýa zerur işiňiz çykdymy?—diýeninden, men oňa unudandygymy aýtdym. Ol:
—Zyýany ýok, häzir gelseňizem bolar—diýdi. Eder ýaly derekli işim bolmansoň, «Bolýa» diýdim. Gyzyň ýanyna derrew gidesim gelip dursa-da, biraz eglendim. Soňra aýna seretdim, sakalym ýüzümi ýakymsyz görkezse-de, syrmaga ýaltandym. Soňra hassahana bardym, gyzyň otagynyň gapysyny kakdym. Erkek adamyň «Giriň» diýen sesi ýaňlandy. Otaga girsem, äpet göwreli, daşyna ýag ornan, gara doňuz ýaly adam oturan eken. Men:
—Meni lukman Selbi çagyrypdy—diýdim. Ol bolsa:
—Hä, ol şu wagt ýygnakda, oturyň, häzir geler—diýdi. Oturdym. Soňra ol:
—Näme bolýar?—diýdi. Men ýagdaýymy aýtdym weli, «Siziňki diňe jögi kesel» diýdi. Soň ol ýene-de:
—Nirde işleýäň, nirde ýaşaýaň?—diýdi.
—Meni derňemek siziň işiňiz däl—diýdim. Onýança Selbi geldi. Läheň adam ornuny Selbä berdi-de, otagdan çykdy. Soňra ol maňa sorag bilen ýüzlendi:
—Nädýäňiz, gaýrat edýäňizmi?—diýdi. Men:
—Hawa—diýdim.
—Ýogsa-da, geçen gezek soramandyryn, bir ýerlerde işleýäňizmi?—diýdi. Men bolsa, özümiň erkin işleýändigimi, häzir bolsa dowamly işimiň ýokdugyny aýtdym. Soňra ol öň nirde işländigim bilen gyzyklandy. Öň 1 ýyl Stambulda firmada işländigimi aýtdym.
—Gowdugny, ýeri onsoň, Stambul nähili şäher?
—Stambul hapa şäher.
—O nähili?
—Umuman, Stambuly halamadym, adamlaryň ýüzi soluk, stresli...
—Onsoň siziň okuw okamak, oňat karýera başlamak arzuwyňyz ýokmy?
—Ýok—diýdim. Gyz geňirgendi. Mende özümi sylamaklygyň ýokdugyny, sowallaryna mynasyp jogap bermeýändigimi aýtdy. Galyberse-de, ýaşaýyş düzgünimi başgalamak, meniň saglygym üçin wajypdygyny aýtmak bilen, öňki aýdanlarynyň üstüni ýetirdi. A men bolsa:
—Durmuşda üýtgedip biljek zadyň bolmaz, ähli zat bir kakuw. Maňa bolsa, täzeliksiz, häzirki ýaşaýyşymam ýaraman duranok—diýdim. Gyzyň ýüzünde närazylyk alamatlary peýda boldy.
—Siz öz kesirligiňize tabyn adam ekeniniňiz, maksatsyz ýaşamak sizi sagaltmaz.
—Elbetde, öňler meniň şöhratparaz etsem-petsemlerim bardy. Ýöne heleýimden aýrylyşmaga mejbur bolanymda, bu zatlaryň bimany zatdygyna düşündim—diýdim. Şu zatlary aýdyp otyrkam, gyz gymyldaman, göni ýüzüme seredýärdi. Ol edil enaýyja güljagaza meňzäp durdy. Soňra ol:
—Sagalmak üçin ynanç bolmaly, Hudaýdan ýardam diläň—diýdi. Gyz temadan çykyp gitdi:
—Siz Hudaýa ynanýaňyzmy?
—Bilmedim, bu hakda öň hiç hili pikirlenip görmändim.
—Ölümden soňraky durmuşy nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
—Dogmazymyzdan öň näme bolsak, ölenimizden soňam şol bolaýmasak.
—Ýagny, ölümden soň «boşluk» diýýäňiz-dä? diýip, çynlakaý sorady. Men bolsa, anyk bilmeýändigimi, bu zatlaryň Hudaýa degişlidigini, Hudaýa degişli zatlara özümiň girişmejegimi aýtdym. Gyz:
—Juda geň adam ekeniňiz, siz özüňizi tanaňzok—diýdi. Soňra men:
—Hawa, men kim, nähili adam? Özümi—özüme tanadyň-da?—diýdim. Ol bolsa:
—Siziň dünýäňiz başga, okan kitaplaryňyzdan düýpli täsirlenipsiňiz—diýdi. Men özümiň asla okamaýandygymy, meniň Alsgeýmere meňzeş unutganlyk keselimiň bardygyny aýtdym. Lukman gyz:
—Nähili unutganlykmyş, siziň huşuňyz normal—diýdi. Men käteler köp zat ýadyma düşse-de, käte bolsa, goňşularymyň adyny tapmakda kynçylyk çekýändigimi aýtdym.
—Öň kelläňize urgy degdimi?
—Ýok.
—Onda sizdäki huşsuzlyk depressiýadandyr—diýip, başga nähili huşsuzlyk alamatlarynyň bardygyny sorady. Men oňa kitap okap otyrkam, beýnimiň akyla jogap berýän bölüminiň togtan ýaly bolýandygyny, okaýan zadymyň yzygiderligini ýitirýändigimi, kä tanyşlaryma duşsam, aýtjak sözlerimi tapman kösenýändigimi, käteler bolsa, şu gün bazardan satyn alan köwşümi iki-üç günden unudyp, ýene täzeden alýandygymy aýtdym. Soňra lukman gyz maňa bejergi baryny ýazdy-da:
—Şulary al-da, ertir ýene geliň—diýdi.
—Bolýa—diýdim. Ýerimden turdum-da, «Siz bilen söhbetdeş bolmak maňa maňa ýakymly boldy» diýip, ugrundan gopmagymy gyz halan bolarly, olam «Maňa-da...» diýip ýylgyrdy.

Aman ABDULSAMADOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 119 | Добавил: Sergezzan | Теги: Aman Abdulsamadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 somet   [Mowzuga geç]
Awtor, hekaýañyzyñ gahrymany ýaly özdiýenli ekeniñiz! smile hekaýañyzyn dowamyna garaşýarys!

0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
nurgeldiyewam232, a men adatylygy halamok

0
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Adatça edebiýatda her ikisi bir many añladýan sözleriñ (sinonimleriñ) gulaga has ýakymlysy saýlanyp alynýar.

0
2 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Aýal bolsa ayal ekenda, men ucin bolsa her ikisi bir many

1
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Hormatly sergezdan awtor!Beýan ediş diliñiz erbet däl ýaly.Ýöne wakalar birazajyk çaltrak aksa gowy boljak.
Galyberse-de meñ dünýäde iñ ýigrenýän sözüm-dä "heleý" sözi.Siziñ özüñize ýakymly eşdilýärmi şol söz?Kyn görmeseñiz,aýalym diýiñ maşgalam diýiñ gelnim diýiñ ýöne heleýim sözüni aýyryñ!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: