16:13
Aýdym bolsa duýgularym
AÝDYM BOLSA DUÝGULARYM

Aýdym bolsa duýgularym,
Hyýallarym güýmemese.
Çekip bilsem boşy ýaly
Yşkly ýüregmiň suratyn.
Onsoň ýene düşsem ýoda,
Ürküzmese ömrüň saly.

Kän zady islemändim-ä...
Ýaşamakdan gözläp many.
Görsene...
Kindiwanja umytlarym,
Ynamyma baglanymy.
Ynjyk göwnüm...
Ýazykly, kineli göwnüm,
Hyýal bilen allanymy.

Buýr-bulaşyk aýdym heňni,
Geçirjek bolamda nota,
Dünýämi baglan duýgulam,
Ýüregmiň zaryn sesini,
Diňdirip bilmändi ýogsa.

Soragly garap düýnüme,
Jogap tapmadym ertäme.
Daşlaşyp barýan kä zatdan,
Ýa ýakyn ýaly kä zada...

Aýdym bolsa duýgularym,
Ürküzmese ömrüň saly.
Yşkly ýüregmiň syratyn,
Çekip bilsem boşy ýaly.

Bilbil KAKABAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Zyýada | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Zyýada   [Mowzuga geç]
Köp sag bol,Meňli bellikleriň üçin.

0
1 Jumjume   [Mowzuga geç]
"Aýdym bolsa duýgularym,
Hyýallarym güýmemese.
Çekip bilsem boşy ýaly
Yşkly ýüregmiň suratyn.
Onsoň ýene düşsem ýoda,
Ürküzmese ömrüň saly. "

boşy-bolşy bolmalydyr-la,şu söz iki ýerde-de ýalñyş gidipdir.
Bilbil,duýgular mydama aýdym bolubermeýä-dä. Ylham diýen närse şeýle bir natuwan zat weli,eliñi ýetirseñ pytrap gidäýjek,ýetirmeseñem eýe bolup bolanok. Diñe onuñ özi gelip halyñdan habar alaryna garaşaýmasañ...Ony çagyrmak ün täsirlenmek gerek,sözden,sazdan,aýdymdan,durmuşdan...täsirlenmek gerek elbetde.
Goşgyñy haladym,üstünlikler!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: