11:28
Ýakymly ýatlamalar
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gurbannazar Ezizowyň türkmen saz sungatyna söýgüsiniň aňyrdan bolandygyna, ony ýakyndan tanaýan adamlaryň ýatlamalary güwä geçýär. Radioda çalnyp oturan sazyň haýsy sazdygyny, ony kimiň çalýandygyny bada-bat bilýärdi. «Hana, Mylly aga saz çalýar» ýa-da «Bäý, Çary aganyň ediberşini» diýip, bar ünsüni çalynýan saza bererdi.
Pürli aganyň «Kerem geldi» sazyny bolsa bütin durky bilen diňleýän ekeni. Şeýle hem, ol dutar çalmagy gowy görerdi. Käbir ýeňil sazlary özüniňem çalybermesi bar eken. Onuň Pürli aganyň «Şatlyk» sazyny alaýaz bolup, gül-gül açylyp boýdan-başa çalyp oturanyny ýygy-ýygydan görüpdirler.

* * *

Dogrusyny aýdaýyn, biz – dörediji ýaşlar Gurbannazara gözügidijilik bilen seredýärdik. Onuň her bir goşgusyny şygryýet äleminde uly bir täzelik hökmünde garşylaýardyk. Ýöreýşimizem, geýim geýşimizem, oturşymyzam, gepleýşimizem, goşgy okaýşymyzam, oňa meňzejek bolýardyk. Ol biziň hemmämiziň çuňňur sapra goýýan şahyrymyzdy, elýetmez zehindi. Ýalňyşmasam, biziň çen edişimiz ýaly, onuň deňinde hiç bir şahyr ýok ýalydy. Biziň hemmämiz oňa öýkünsegem, şoňa meňzejek bolsagam, birimiziň hem bu arzuwymyz başa barmazdy. Çünki ol özboluşly şahyrdy, özboluşly adamdy, ýasama däldi, tebigydy, hakdan içendi.
Ol dag çeşmesi ýaly arassady, gözbaşy egsilmezdi. Bahar ýaly owadan, nurana, şahandaz dünýäsi bardy. Oňa meňzejek bolmagam, ýagşy niýetden, ýagşy arzuw-umytlardan nyşandy.
Gurbannazar Ezizow bilen bagly bir waka ýadymda galypdyr. Olam meniň talyplyk döwrümde bolupdy. Uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardyk. Bir gün bize Gurbannazaryň özi çaýlaşmaga geldi. Biziň bu otagymyza gelýän dörediji adamlar az däldi.
Ine, şol günleriň birinde Gurbannazaryň bize myhman gelmegi başymyzy gök diredipdi. Döredijilik hakda söhbet gyzyp Magtymguly Pyragydan söz açyldy.
Biz şonda Gurbannazaryň ruhubelent, joşgunly keşbini synlap, onuň şol agşam paýhasly şygyrlaryndan ganatlanan ýaly bolupdyk.
Men Gurbannazar Ezizow bilen ýakyndan oturyşyp-turşan adam däl. Ýöne şonda-da men ol hakda buýsançly gürrüň berenimde, özümi has-da bagtly saýýaryn.

(«Edebiýat we sungat» gazeti, 28.02.2003)
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: