10:59
Palestina şahyrlarynyñ goşgularyndan
PALESTINA ŞAHYRLARYNYÑ GOŞGULARYNDAN

Samih al KASEM / Men Songmiden gelýän

Men Songmiden gelýän.
Bagyşla sen, söýgülim.
Öp göm-gök dodagymdam.
Indi düýnden bäri,
Ýüz ýetmiş sany oglan,
Hem Songmide doglan,
Öpüp bilmez söýgüliň
Näzik dodaklaryndan...
Bagyşla sen, söýgülim.

Men Songmiden gelýän.
Bagyşla sen, ene jan.
Getirip bilmedim men,
Gara ýaglyk başyna
Indi düýnden bäri,
Ýüz elli ýedi adam,
Mähriban ejelerne
Sowgatlyk edip bilmez,
Ýagty jahana gelmez...
Bagyşla sen, ene jan.

Men Sogmiden gelýän.
Dostlarmyň çagasy, bagyşlaň meni.
Getirip bilmedim sowgatlyk gurjak.
Men size hasratly bir gürrüň berjek.
Elli ýedi sany songmili çaga,
Indi birçak
Görüp bilenok gurjak...
Dostlarmyň çagasy, bagyşlaň meni.

Men Songmiden gelýän.
Bagyşla sen meni, eý eziz ülkäm.
Diýme sen ol ýerde güller gaty kän,
Getirip bilmedim bir desse çemen.
Sen özüň bilýäň-ä niçik Songmi
Gülleri... Bilýäň-ä... Ah, Songmi.

Fadwa TUKAN / AZATLYK

Halka – azatlyk!
Maňa – azatlyk!
Ülkä – azatlyk!
Şeýle gazaply ses bilen,
Hem uly höwes bilen,
Şu sözleri gaýtalaryn.
Gülläň aşagynda, ýalyn içinde,
Gaýtalaryn uly iliň içinde.
Halka – azatlyk!
Maňa – azatlyk!
Ülkä – azatlyk!
Mukaddes derýanyň uly köprüsi,
Gaýtalar bu sesi.
Ýeliň şuwwuldysy,
Ýyldyrym, doly,
Göýä adam ýaly,
Seslener batly:
- Azatlyk! Azatlyk! Azatlyk – diýip.
Men bu sözi ähli ýolda ýazýaryn,
Diwarlara, gapylara ýazýaryn.
Gamly topragymyň her daban ýerin,
Bu söz bilen doldyryn.
Türmelere, köçelere, her ýere,
Ýazmak üçin barýaryn.
Bu sözi gaýtalar ýakynym, daşym,
Ol aňladýar meniň beýik göreşim.
Halka – azatlyk!
Maňa – azatlyk!
Ülkä – azatlyk!
Mukaddes derýanyň uly köprüsi,
Gaýtalaýar muny.
Ýeliň şuwwuldysy,
Ýyldyrym, doly,
Göýä adam ýaly,
Gaýtalaýar şuny:
- Azatlyk! Azatlyk! Diňe Azatlyk!

Salem JEBRAN / Dymma filosofa

Olar ýene üç bolup,
Düýnem geldiler.
Ataňy öldürdiler,
Uýaňy horladylar,
Neüçin dymýarsyň?

Olar bu gün üç bolup,
Ýene geldiler.
Senem basgyladylar,
Ogluňa bagladylar,
Neüçin dymýarsyň?

Olar üç bolup ýene,
Ertir gelerler.
Seň üstüňden gülerler,
Ýürek-bagryň dilerler.
Neüçin dymýarsyň?
Dillensene,
Neüçin dymýarsyň?

Mahmyt DERWIŞ / Sorag

Men arap.
Ýazyň:
Men nomerim elli müňünji.
Atasy men sekiziň,
Tiz bolar dokuzynjy,
Oň üçin etmäň ünji.

Ýazyň:
Men arap.
Daş ussasy hünärim.
Bir döwüm çörek üçin,
Sarp edýän gara güýjüm.
Ýöne çörek dilämok,
Gapyňyza gelemok.
Sarp edýän gara güýji,
Oň üçin etmäň ünji.

Ýazyň:
Men arap.
Işleýän derläp.
Meniň köküm uzaklardan
gaýdýar,
Muny size daýhan ogly
aýdýar.

Ýaşaýan ýerim külbe,
Ýakyn dostum – azalym,
Gara saçly arabyň
Etmäň siz azaryn.
Ýene-de aýtjak zadym,
Ýigrenemok adamy.

Aýp görýan her haçan,
Ilden ogurlamagy,
Namysym, erkinligim,
Ine, meniň barlygym,
Depeletmen hiç kese
Gulak goýuň şu sese:
Gorkuň şonda siz menden,
Kyn bor saklamak güýji,
Şoň üçin ediň ünji.

Rusçadan terjime eden: A.Çüriýew.

“Edebiýat we sungat” 18.10.1978 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mahmyt Derwiş, Salem Jebran, Samih al Kasem, Fadwa Tukan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
1
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Araplary senden menden has beterräk halamayan biriniñ yazgysyny yuzley okap, ony arapsöyujilikde ayyplayañ. Terjimeçilik edip okuwynyñ daşyndan sowalga puly edinyan bir talyp oglanyñ çeken zahmetine sag bolsun aytmakdan ötri, "bulary name maksat b.n terjime edyañ?" diyip ters many çykaryañ. Agza bolanyñyzdan bari synlap durun welin, okan zadyñyza yeke yerde pozitiw bellik edeniñizi görmedim. Oz pikiriñe çapraz gelyan pikiri gŏni yepbeklemäge girişyäñ. Bolup biler. Garşylyklaýyn pikire suw yaly zerurlygymyz bar. Emma bagyşlañ, siziñ pikiriñizi beyan ediş stiliñizde az owlak paranoiklik, az owlagam şizofrenlik bar. Okumyşrak biridigiñiz bildiryär, emma okamagyñ çägi yok, onuñ soñuna sizem bizem, hic kimem çykanok. Birem adamlaryñ niyetine girip cykan yaly baha bermegiñiz yalñyş. Oz ustuñizde işläñ. Biziñki dost-doganlyk maslahaty. Name etmelidigini oziñiz gowy bilyansiñiz.

-1
6 hekaya   [Mowzuga geç]
obýektiw jogabyňyz üçin minnetdar! teswirleri pozmagyňyzy, negatiw howany ýok edip bilersiňiz diýip isledim. Kanun taýdan bolsa siz pozmaga borçly. Hat-da teswir pozmak kommandyny goýaýmaly. Ol hiç-le. Dogrudanam, bärde men gödek dil bilen ýazýan. Bilkastlaýyn. Şeýle etmegimiňem özümçe bir sebäbi bar. Eksperiment ýaly. Herkim bir-biri bilen dolulygyna ylalaşsa, ol ýerde düýpli ýalňyşlyk bardyr. Onda, ýeri gelen bolsa, hemmäňizden ötünç soraýan. Teswirlerem, bir görseň, öz-özünden pozulyp gidiberendir. Şeýlelik bilen, howa arassalanar. Ählimiz şatlanyp, el tutuşyp güleris, oýnarys. Ýaz paslynyň owadanlygyny diýsene... Ol ýigit henizem şol gyz barada pikir edip durandyr. Ýogsa-da durnalaň uçup geçişini synlalyň. Geliň läle kakalyň! Diňe pozitiw goşgular ýazyň. Iň gynançly eserleriňiz ol ýigit (ýa-da gyz) nämçün imo-dan jogap ýazmadyka bolsun! Görjegiňiz gowy, ýazjagyňyzam ajaýyp bolsun! Sagboluň!

1
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aslynda her paylaşylan blogyñ astynda şol tema degişli yiti jedeliñ, çekişmäniñ gitmegini, her kimiñ okan zadyna pozitiw belliklerini galdyrmaklaryny yurekden isleyärin. Yone gynansak-da, bu hazire cenli mumkin bolmady.
Turkmen saytlarynda biri biriniñ pikirini hormatlayan, oz pikirini aydyp, delillendirip bilyän, ozganiniñ pikirinden ters many cykarmayan, giñ gozyetimli, duşunjeli okumyş agzalar azlyk edyär. Bu babatda rus edebi saytlary bizden at gaytarym öñde.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Hekaya, gynanmañ. Şahsy hasabyñyzy öçürmek islesegem öçürmek mümkin däl, teswir-tagsyrlary bolsa siz öçürtmek isleseñizem öçürip biljek däl.
Söz klawişañyzdan uçup, biziñ saýtymyza gonmanka eýesiñki, bärik gonansoñ bolsa hemmäñki. Her bir paýlaşylýan zat kemçiliksiz bolup bilmez, şol sanda kem-köstsüz eserem hemme zady birden (ya bir yazgynyñ dowamynda) aýdyp bilmez. Dürli okyjylaryñ pikiri bolsa, aydylman galan käbir zatlaryñ ustini dolup, bitewi bir eseri-kompozisiýany emele getiryar, şeyle-de doredijilige howesli yaş-oglan gyzlara-da gowy gollanma bolup hyzmat edyär. Eger yazan pikirleriñiziñ arasynda bul aydanlaryma bap gelyän teswirleriñiz bolsa, elbetde, muña gynanmagyñ deregine begeniñ, yok, matlaplaýyn, haysydyr bir şahsy pikire gulluk edip yazan sozleriñiz baram bolsa, oña-da gynanmañ, çünki, teýahyrynda her kimiñ sözi - onuñ aynasy. Her yazylan teswir ony yazanyñ oz intellektual derejesini gorkezyar. Yazan sozleriñizden utanjyñyz bolmasa, goy, dursun. Heñlejek, çüyrejek, yslanjak gümany barmy?

0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Hormatly hekaýa!Meniñ pikirimçe-de admin hasabyñyzy öçürmeli.Sebäbi bu ýeri syýasat däl-de edebiýat hakynda geplenilýän ýer.Başarsañyz goşga baha beriñ.Başarmasañyz...
Galyberse-de ýazjagyny ýazyp yzyndan öçüriñ diýmesi nämekä?Görnüşine görä hut šol ýazgyñ soñunda şeý diýipdir.Onda ugratmakdan saklanaýmaly ekendä.Neneñsi düşnüksizlik!

0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
bugün ülkesi azat bolsa-da, 5-10 ýyl geçensoň köpräk pul berseler topragyny satarlar. Arkasynda duranyň arkasyndan urarlar. Goşgular bolsa diňe gynançly netije bolup galar. 95 kişiň edenini galan 5 kişem çekmeli bolýa-da.

Birem şutaýynyň admini kim bolsa, meň hasabymy pozup beräýsinda. Teswir-tagsyr galmasyn.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: