22:33
Göwün bilen söhbet
GÖWÜN BILEN SÖHBET

Gussa bilen darygamda,
Kyssa bilen birigerin.
Bir gün eýýäm ýok bolsamam,
Goşgulamda dirilerin.

Gudrat, keramat bu ömür,
Käte Kuýaş, käte ümür.
Maksat başa ne gelse-de,
Ynsan bolup galmak meger.

Şeýle lezzetli eger-de,
Ynsap mydam öňde dursa.
Sapalak atanda nebsiň,
Paýhasyň dogryny görse.

Bähbidinden geçen käte,
Hasaplanaýýaram akmak.
Belki barça başartmaýar,
Il-günüň ýüküni çekmek.

Iň bolmanda iň kiçijik,
Zat babatda etseň ynsap.
Şeýde-şeýde kemal tapar,
Erki ýeňilmezek ynsan.

Wah, ejiz ýeri şonda-da,
Erki bar, erksiz ynsanyň.
Özüňi ýerinde goýsaň,
Çatarmy heý-de ynsabyň.

Ilki bilen özümizden,
Başlabilsek sözümizden.
Talapkär bolup elmydam,
Düzgüninde öýümiziň.

Iň ilkinjem pälimiziň
Üstünde kän işläbersek.
Gaharyň jylawyn çekip,
Dilimizi “dişläbilsek”.

Köpelmezmi dost-doganlyk,
Artmazmy dünýäde deňlik.
Bir-birege ynam artyp,
Köňle düşer hatyrjemlik.

Öz-özüňden hasap sorap,
Bolsaň geçirimli özgä.
Zybany ýagşy dilegli,
Bolmak nesip etsin hemmä!

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
8 Jumjume   [Mowzuga geç]
Bellikler üçin Sagboluñ,Mango!

0
7 mango   [Mowzuga geç]
göwün bilen söhbetiň biraz göwünli-göwünsiz bolana meňzeýär.
üstünlikler.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
bu kupletde:
Ilki bilen özümizden,
Başlabilsek sözümizden...

yz ýanyndaky kupletde:
Iň ilkinjem pälimiziň...

---
"ilki bilen" we "iň ilkinjem" diýip sanamaňda hiç hili terslik göreňokmy?
umuman, "ilki bilen" diýip sanap başlaňsoň yz ýanyndan "ikinjem" bolmaly, ýöne "iň ilkinji" diýeňde "0" ýada düşdi...

0
5 mango   [Mowzuga geç]
şo kupletde we yz ýanyndaky kupletde "ynsap-ynsan"-a we "ynsanyň-ynsabyň"-a iki gezek ýüzlenipsiň.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
bolmanda kiçijik,
Zat babatda etseň ynsap.
--
ikinji "iň"-iň заменитель -ini gözlemeli ýaly. iň bolmanda: "iň bolmanda ujypsyzja" ýaly...

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Bähbidinden geçen käte,
Hasaplanaýýaram akmak.
---
agyr okalýar.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
*deňlemek

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Gussa bilen darygamda,
Kyssa bilen birigerin.
---
"bilen-bilen"-dir welin, "batyp" bolaýjak ýaly (gussa batyp darygamda)

Bir gün eýýäm ýok bolsamam,
Goşgulamda dirilerin.
---
"eýýäm"-em "meni bogun sanyna deşlemek üçin çagyrdylar" diýip duran ýaly(my)?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: