14:42
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...”
"MEÑ BAGTYMY GÖREN ÇILIM OTLASYN..."

27 ýaşap çilim çekmedim,
Bu meniň ömrümde uly utuşym.
Ony maksat-myradyna ýetmedik
hem-de öwrenýärmiş “bagry tutaşan”.

“Çek” diýip ýumrugyn çenänem boldy,
Gowşa:n bolsam, şonda çekerdim belkem.
Çekmäge ýeterlik sebäbem boldy:
Terk edibem gördük, edildik terkem.

Dile düşdüm, gürrüň boldum diýara,
“Sypdyrdy — diýdiler — bagtyň otlusyn”.
Ýok, münüp ýetişdim,
Mundan buýana
Meň bagtymy gören çilim otlasyn.

Baky AMANÝAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 177 | Добавил: Pegas | Теги: Baky Amanýazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 26
0
26 Odegurban   [Mowzuga geç]
sad

0
25 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Meselem,bir adam gowy ýa-da erbet hereketi sebäpli "Watana" çykypdyr.(meselem gowysy:halkara sport bäsleşiginde ýeñiji bolan biri,erbedi mysalsyzam düşünermikäñiz diýýän)
Ertesi gün şol adam diýara gürrüñ bolup biler.Awtoryñ liriki gahrymany hem şol hili adamdyr belki.
Şeýle bolmaýanda-da awtor özüniñ fantaziýasynda kimdir birini diýara gürrûñ bolan hökmünde göz öñüne getirip biler.Ýagny muny bir "ýokardan uçmak wakasy" hökmünde kabul edip bileris.

0
23 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hickim yok saytda, baryňyz birden öldinizmi bla

0
22 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bu goşgydyr diýýän ýagny şu awtoryñ adyna berlen şu mowzukda ýazylan zat goşgydyr.(Goşa dyrnaga alyp ýalñyşdymmykam?Iki nokat goýamsoñ başganyñ sözi ýaly edip,alaýdymda goşa dyrnaga)
Düşnükli bolandyr diýip umyt edýän.

0
21 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Aý,Mango daýy,Haweran daýy liriki men diýibem bir zat bar ahyry.Ýazan zadynyñ hemmesi özi hakynda bolmaly diýlen zat ýoga.Belki,awtor özi bilen ýaşytdaş başga bir oglanyñ durmuşyny "men"diýip gûrrüñ berýändir.Ol oglanam ile gürrüñ bolan bolsa näbilýäñ?Galyberse-de öz fantaziýasyndaky zatlaram özi başdan geçiren ýaly ýazyp biler.(Käşgä,muny diýenler edebiýatdan habarsyz adamlar bolsady.Sizden eşitmek gaty geñ)

0
24 mango   [Mowzuga geç]
başganyň sözi, Mahymyň sözi: "Ol oglanam ile gürrüñ bolan bolsa näbilýäñ?"
menem (bizem) şony aýtjak bolýarys.
"ile gürrüň bolmak" bilen "diýara grürüň bolmagyň" arasynda tapawut bar.
--
Mahym hanym sizde biraz adwokatlyk ruhy duýulýar.
her zady aklamak höwesiňiz bar.
gowy häsiýet.

0
19 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"gürrüň boldum diýara" ?
Düýnem bir sungat işgäri saýty okanda şu goşgyñ şetirini ýañsyly ýylgyrypdy?...
Diýar sözüniñ Bakynyñ ýaşaýan obasynyñ, etrabynyñ, ýa şäheriniñ cäginden has giñräk many añlatmaýarmyka?

0
20 mango   [Mowzuga geç]
onda dünýä ähmiýetli dile düşmek, gürrüň bolmak bolýamy?

0
18 mango   [Mowzuga geç]
Baky kaka. çilimi diňe "maksat-myradyna ýetmedikler" we “bagry tutaşan”-lar däl, başga sebäpsiz sebäplerdenem öwrenilýär ahyryn.

osoňam her kimiň "bagtlyny görüp bagry tutaşýan" däldirlaý.
seniň bagtyňa synlap ýalňyşyp çilim otlaýmalam dälow, görübilmezçilikden "bagryny tutaşdyrýar" diýäýmekleri ahmal.

hemem "Dile düşdüm, gürrüň boldum diýara" diýýäň... biz eştmändirisle :-)

0
16 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Okyjylar şu goşguda-da beýleki goşgularda-d asla awtora çapak çalman goşgy babatdaky pikirlerini aýdýarlar.Çapak çalynan wagty bolsa kimdir birine ýaranmak üçin däl-de ýürekden çalýarlar.Hekaýa,siziñ berem jogabyñyz asla Ybraýym daýynyñ garaşýan jogaby däldi.Galyberse-de tankytçy bolup tankyt bilen meşgullanýanam ýok.Biz diñe okyjy hökmünde öz tankydy pikirlerimizi paýlaşýarys.Isleýän goşular.Islemeýän goşulmaz.
Meñ üçin goşguda PIKIR birinji derejeli närsedir.Awtoryñ beýleki goşgulary-da bu goşgusy-da öñe sürýän PIKIRLERINIÑ delligi,gozgaýan temalarynyñ öñ hiç kimiñ gozgamadyk temasydygy bilen tapawutlanýar.Şonuñ üçinem arkaýyn aýdyp bilerin:"BU GOŞGYDYR".

0
17 mango   [Mowzuga geç]
"BU GOŞGYDYR".
---
goşa dyrnaga alyp "bu goşgudyr" diýýäň welin, nähili düşünmeli, goşa dyrnakdakymy ýa daşyndaky goşgy?

0
10 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
šu gošgumy? Mańa-ha bu ÿerde hiç kim tanyš däl, köp šahyrlaryñ öñki eserlerini okamak nesip etmedi, ÿöne Bakynyñ ÿokarda ÿazan setirlerine dińe agrmy, kapyÿasa bar diÿäÿmeseń, gošgy diÿip boljak däl. Elbetde gowy gošgy diÿen hem bar, halanlaram köpdir. Bu ÿerde meniñ garašÿan zadym, šu ÿerdäki alymlar, tankytçylar gošgy bilen gošgy däl setirleriñ parhyny açyklap berseler. Belki bizem bir zatlar öwreneris, ÿaš sahyrlaram haÿyranarlar!?

0
11 hekaya   [Mowzuga geç]
goşgy däl. kapyýawaç. bagtyň otlusyny çilim otlamak üçin süýräp getiripdir. Ýumrugyn çenän sözüniň artykmaçlygam şondan. sebäbem-e kapyýa gerek boldy. Ýöne köp zatlary gönümel aýdyp bolanok. Hem bärde alym ýa-da tankytçyň işi ýoga meňzeýär. Diňe çapak çalmaly.

0
12 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Hä śeÿlemi! sagja boluñ hekaÿa dost!

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"bärde" bolanda nirde bolýa? Şu goşgudamy ýa kitapcyda?
Kim kimden çapak çalmagy soraýar?

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Alym ýa tankytçy hökmünde paýlaşan materialyñyz barmy saýtda? Ýa ýazan iki sany birtaraplaýyn teswirjigiñizem tankydyñ çür depesi hasaplaýarsyñyzmy?

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Paýlaşylan islendik esere syn ýazmak boýunça agzalar erkin, bize geñeşip ýa biziñ göwnümiz u.n ýazanok (edil siziñ şu kinaýaly gepiñizi bize geñeşip ýazmaýşyñyz ýaly.)

0
9 Ahmet   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy eken.

0
8 Şasenem   [Mowzuga geç]
Onna sen ýumryk çenetmän çeneyanlerdensiñ bash

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Näme diyjek bolyanyna düşundim welin, awtor barybir diyjek bolyan zadyny jaydar añladyp bilmandir. Meselem, Bakynyñ "bagtyny gören cilim otlamaly"...
Kimi otlamaly? Otlanmaly bolaymasyn?

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bakyñky geñ eken. Şumada cenli bizem-ä ernimize cilim gysdyran adam däl (ne mekdepde, ne gullukda, ne okuwda, ne soñ...), emma "cilim cek" diyip yalandan cyndan yumruk cenänem bolmady... ))

0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
boldy,indi düşündim sag bol!

0
4 Şasenem   [Mowzuga geç]
Goşgy full deal

0
3 Şasenem   [Mowzuga geç]
Içi yanan çilim çekya diyya men çekmedim, çekmesem hem inni bagtly bollum diyya admin
Yagdayym gowy başgala yanayn

0
2 Şasenem   [Mowzuga geç]
Meñ bagtymy göreniñ içi ýansyn diýýa biggrin

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Şu awtoryñ goşgularyny gaty kûýsäpdik.Gowy boldy.Temasam üýtgeşik.Ýöne näme diýjek bolýanyna düşünip bilmedim gynansamam.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: