13:48
Edebiýat arkaly akmaklaşdyrmak

EDEBIÝAT ARKALY AKMAKLAŞDYRMAK

"Orhan Pamuk täze roman ýazmaga başlandygyny aýtdy."
"Orhan Pamuk täze romanynyñ ýarsyna ýetendigini aýtdy."
"Orhan Pamuk täze romanyny ýakynda çap etdirjegini aýtdy."
"Orhan Pamuk täze romanyny 2017-nji ýylda çap etdirjegini aýtdy."
"Orhan Pamuk täze romanyny 2020-nji ýylda çap etdirjegini aýtdy."
"Orhan Pamuk täze romanyny 2021-nji ýylda çap etdirjegini aýtdy."
"Orhan Pamuk täze romanynyñ tanyşdyryş wideoroligini çykardy."
"Orhan Pamugyñ täze romany üçin çeken çyzgylary metbugata syzdy."
"Orhan Pamuk täze romanynyñ kitap sahabyny özi taýýarlady."
"Orhan Pamuk täze romany üçin interwýu bermäge başlady. Ol gijem bolsa, Aýasofýa çekişmelerine goşuldy."
"Orhan Pamuk her eserinde bolşy ýaly, Gündogar-Günbatar gapma-garşylygyny suratlandyran täze "Çuma gijeleri" (“Veba Geceleri”) romanyna häzirki pandemiýa döwründen has ir başlandygyny aýtdy. Orhan Pamuk täze romanynyñ sýužetlerini otuz ýyl bäri añynda aýlap ýörendigini aýtdy."
"Orhan Pamuk täze romanynyñ üstünde üç ýarym ýyl bäri işläp ýörendigini aýtdy."

Orhan Pamuk... Orhan Pamuk... Orhan Pamuk...
Orhan Pamugyñ metbugatdaky mahabat darbazlygyny örän gowy oýnaýarlar.
Heniz onuñ romany çaphana stanogyndan çykmanka är-aýal Rasim Ozan Kütahýaly bilen Nagehan Alçynyñ öýünde düşürilen surat arkaly internete syzdyryldy. Adatça bolşy ýaly uly dowul turdy. PR-yñ gowusy-erbedi bolmaz, şeýle dälmi? Çeper edebiýat "satlyga" çykarylýar we onuñ nyrhy mediýada ýer alşyna görä kesgitlenilýär.
Men häzir "Çuma gijeleri" romanyndan däl-de, başga bir kitapdan söz açmak isleýärin.
Şu ýerde "onda makalañ başyny nämüçin mundan başladyñ?" diýmegiñiz mümkin. Munuñ aýratyn bir sebäbi bar...

MRU-nyñ FONDLARY

Tankytçy Taýlan Kara
Onuñ üç tomluk "Edebiýat arkaly akmaklaşdyrmak we pelsepe arkaly çökertmek" kitabynyñ sahypalaryny ýekän-ýekän waraklap, pikir berip, netije çykaryp okadym...
Taýlan Karanyñ ady öñem maña nätanyş däldi, ýöne onuñ ýazýan zatlaryny ünsli we jikme-jik okamandym. Kitabyñ sahypalaryny warakladygymça haýran galdym. Telefona ýapyşdym, jañ edip oña minnetdarlygymy bildirdim. Hatda Odatv-de çykyş etmegi towakga etdim. Ol "Siziñ başyñyzy bela sokasym gelenok" diýdi. Edebiýat lobbileriniñ täsirinden-güýjünden söz açdy. Olar tankytçynyñ her ýazgysyna diýen ýaly päsgelçilik çykarypdyrlar…
Çünki, onuñ makalalarynda dogruçyl we möhüm kesgitlemeler bar:
Ol Orhan Pamuk ýaly "üçünji dünýä ýurdunyñ" ýazyjylary yzygiderli "Gündogar-Günbatar gapma-garşylygyny" ýazmak bilen, Günbataryñ medeni akymyna nädip girendiklerini birin-birin suratlandyrýar.
Mysal üçin, olaryñ "kitaplarynyñ daşky sahabynda hökman metjit motiwi bar!" Munuñ Aýasofýany añladýandygyny duýmak kyn däl. (Häkimiýetiñ hiç bir antidemokratik gysyşyna garşy sesini çykarmadyk Orhan Pamugyñ iñ soñky romany çykanda Aýasofýa çekişmesine goşulmagyna şu nukdaýnazardanam bir seredip görüñ!)
Diñe kitap sahaby bilen Günbataryñ medeni gegemoniýasyna girilmeýär. Sizi MRU-nyñ (CIA) "medeni bölüminiñ" fondlary hem goldamaly. Siziñ kisäñize hem-ä pul dykýarlar, hemem "Halkara ýazyjylyk programmasyna" görä "ýetişdirýärler"...
Dem salymda depäñize Günbatar metbugatyndan "Gündogaryñ Kafkasy" diýen öwgüler ýagyp başlaýar... Kitaplaryñyz yzly-yzyna Günbatar dillerine terjime edilýär...
Günbatar muşdagy bolan häzirki "tanzimat münewwerleri" bu "rol model ýazyjylary" diñe edebiýatçy däl, eýsem, her sözünde ummasyz many-mazmun bolan "syýasatşynas alym" hökmünde köpçüligiñ añyna siñdirmäge jan ederler...
Ýöne...

ALÝANAM-BERÝÄNEM ŞOBIR ADAMLAR

Taýlan Kara kitabynda edebiýat baýraklarynyñ emin agzalarynyñ üstünde ýörite durup geçýär.
Sany ýigrimi üçe ýetýän edebiýat baýraklarynyñ saýlap-seçiji toparynyñ on altysyna Dogan Hyzlan başlyklyk edýär!
Näme bolup geçýärkä o taýlarda?
Meselem... "Duygu Asena" baýragy saýlap-seçiji toparyñ emin agzasy bolan Ipek Çalyşlara berilýär!
Meselem... Şygryýet boýunça Behçet Nejatigil adyndaky baýrak saýlap-seçiji toparyñ emin agzasy Hilmi Ýawuzyñ ogly Aly Hikmete berilýär!
Meselem... "TÜYAP" Stambul kitap sergisiniñ geñeş agzalarynyñ başlygy Dogan Hyzlan özüne "hormatly ýazyjy" adyny berdirýär!
Meselem... Ýunus Nadi adyndaky baýragy 2002-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli on ýedi ýylyñ on dördünde "Can" neşirýatyndan çykan eserler baýrak alýar. Bolup biler. Emma baýragy berýän bäş emin agzasynyñ dördi "Jan" neşirýatynyñ ýazyjylaryndan!
Gepimi süýndürip durjak däl... Edebiýat dünýäsini soñky kyrk ýylda neoliberal populizm bilen juda hapaladylar...
Taýlan Kara şeýle diýýär:
"Bu jemgyýetiñ togsanynjy we 2000-nji ýyllarda başdan geçirenlerine "intellektual terakt" diýse bolar. Bu jemgyýetde akyl-paýhas uzak wagtlap dowam eden teraktyñ pidasy boldy. Jemgyýetimize by edip ýören diýdimzorlyklaryby az görýän ýaly, iñ soñky derejede maksatnamalaýyn we sistematiki idelogik terakty hem amala aşyrdylar. Total eden-etdiligiñ yzasy az wagtlaýynam bolsa ideologik diýdimzorlugyñ täsirleri uzak wagta çekýär we hatda hemişelik galýar. Şu günki günüñ jemgyýetçilik, medeni, sungat ulgamy bu sistematiki diýdimzorlugyñ gönüden-göni miwesidir..."
Taýlan Kara ýaly polat galamlylara mätäçlik duýýas!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 26.03.2021 ý.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 101 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
0
7 BEG   [Mowzuga geç]
Dedirtmek, çykartmak, çökertmek. Türkçede şular ýaly artykmaç goşulmaly sözleri öwrenmek kyn. Mysal üçin Çopan çolugyna düýäni çöker diýse, çolugy çökerer. Çopan çökertdi, çoluk çökerdi, düýe çökdi (çökerildi). Türkçede deve çökertildi, yardımcı çoban (çoluk) çökertti. Çoban ne yaptı?
Veba mergi dälmi çuma birhili. Orsçada ulanylsada türkmençede köplenç towuklara degýän kesele (çugutma) aýdylýa obada

0
6 hoşowaz   [Mowzuga geç]
"Baýrak üçin ýazamok" diýip, Nobelden ýüz öwrenlerem-ä ýetik bolmaly özi...

0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Altyn asyr bäsleşiginde geçen ýyl kimler bolduka ýeñiji?(edebiýat ugrunda)

0
4 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ýer ýüzinne dañ deñ agaranogam horazlaryn mähelle orizişi den

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Horaz.hemme.yerde deñ.gygyryar.

0
2 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Orhan Pamuk.gümüne.gitsinlaý. Biziñ her.ýyl.gecirilyan."Türkmeniñ Altyn.asyry" bäsleşiginde.ýylyñ dowamynda iki.goşgysy.cykyp. her.yyl.bayrak.alyanlar yada birnace yyllap.makalalary.hekayalary. cykyp gelse-de.hic.bayrak alyp gormedik.yazyjylar.we. žurnalistler hakynda.kim.name aydyp.biljek? wacko wink

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Orhan Pamuk... Ýalñyşmasam, onuñ doganymy, doganoglanymy... Ysraýylyñ premýer-ministri B.Netanýahunyñ geñeşcisi.
Yzyny özüñiz caklaberiñ...

1
8 hekaya   [Mowzuga geç]
Ysraýyl bilen baglanşygy bolanda näme bolýarmyş? Arap söýüjileriň teoriýa zagoworasy. Hem şu gazetçileri nämçün, kim terjime edýäräý? Türkmen edebiýaty sahypasynda näme işi bar?! Türkleň bokçulyk syýasatyny türkmenlere tanatjak bolup jan etmek, muňa záhmet siňdirmek kimiň peýdasyna-ka?! Gürrüň diňe baýrak almak barada gidýär. Islese Ysraýylyň gahrymany nyşanyny alsyn, goý, ol wagtynda nobel baýragyna mynasyp görülmedigem bolaýsyn, ýene-de ol güýçli romançy. Arap medeniýetine dil ýetirenler mason ýa-da ýetişdirlen adam bolaýýar. Sorasaň Palestina garşy, musulmanlara garşy planlara barmyşyn. Muny aýtmagyň ýeri dälem bolsa, öz topragyny Palestinalylaň özi satdy. Onsoň ýewreýler erbet bolýar. Bärde bir söweş bar, samsyk bolanam utular. Politiçeskiý islamistlere garşy romançy ýetişdirmegiň geregi ýok, olar diňe aglabasy mal bolan halkyň çopanlygyny etmäge dowam edibersinler. Çopanlara garşy güýçli plan ýöretmek gerek däl.

0
9 Gökböri   [Mowzuga geç]
@hekaya, bir sen akylly, galan hemmeler samsyk.

0
10 Gökböri   [Mowzuga geç]
Şu makalada señ diyyän problemalaryñ barada agzalanok. Gep edebiýat barada barýar . cool

0
11 hekaya   [Mowzuga geç]
makala däl, teswire jogap berdim.

bratok, çynym bilen soraýan. Şuny näme maksat bilen terjime etdiňiz? Türkleň edebiýat gürrüňem syýasata direýär. Nämä gerek bize şolaň tezek syýasaty?

0
12 Gökböri   [Mowzuga geç]
"Diliñizi saklañ, haýyş!" yazgysynda yazan teswirlerimde bu soraglaryña jogap bar. Gaytalap durjak dal. Ayratyn duşundirmäge hem siziñ oñuñizde ozumi borçly hasaplamok. Sag boluñ.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: