11:53
Kethudalyk
KETHUDALYK

Geçen asyryň başlarynda Durdy bagşynyň ýazan belli goşgusynda «Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryň» diýen setir bar. Ahun ýogalanda, Mätäjiniň ogly Molladurdynyň ýazan gynançly goşgusy hem edebiýat muşdaklaryna bellidir.
Ady türkmen iline ýaýran bu din hadymy hakda il arasynda rowaýata öwrülip giden gürrüňler az däl. Ýöne sowet döwründe olar hakda söz açmak mümkin däldi. Indi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň uly tagallasy akyl-paýhasy bilen ýeten Garaşsyz ýurdumyzda ahundyr mollalary ýatlamaga, köne däp-dessurlary dowam etmäge ähli şertler bar.
Size berjek bu gürrüňlerimi hem gojalardan eşidipdim. Bu waka geçen asyryň başlarynda Sumbar jülgesinde bolup geçipdir. Ekiz uýalar ekiz dogana durmuşa çykyp, hamyla bolupdyrlar, dokuz aý, dokuz gün diýlende bir günde, bir sagatda, bir öýde bäbekler dünýä inýär. Biriniň ogly bolýar, biriniň gyzy. Gije bolansoň, bäbejikler çalşylan bolmagy ähtimal. Göwünlere iňkislik aralaşyp, doganlaryň arasynda närazylyk ýüze çykýar. Nätmeli? Meseläni çözüp bilýän ýok. Ahyry olaryň hossarlary Garrynohur obasyna gaýdýarlar.
Ilki bir ahunyň huzuryna barýarlar. Ol muny özüniň çözüp bilmejekdigini boýun alýar: «Goçmyrat ahun çözer» diýýär. Ahun dag aşyp gelen adamlary gadyrly garşylaýar. Hezzet-hormatdan soň, ol myhmanlaryň habaryny alýar. Olar öz arzlaryny aýdansoň, ahunyň gözüne birazajyk ýaş gelýär, hormat goýup ýören ahunynyň adyny tutup, ol: «Eý, pylany jan, meseläni çözübilmäniňe gaty gynanýan. Ol aňsat ahyryn» diýýär.
Aýallaryň tikin-çatymda ulanýan oýmaklaryna gelinler süýt sagýarlar. Ikisem mizan, adyl terezide çekip görýärler weli, oglanjygyň ejesiniň süýdi agyr gelipdir.

* * *

Arkaçda ara dawa düşüp, biriniň iki ogluny öldüripdirler. Şoňa-da Goçmyrat ahuny töwellaçy getiripdirler.
Ol atdan düşüp, tebärek okap başlaýar. Wepat bolanlaryň kakasy: «Tagsyr, şu öýe gir, iki sany gelin boýnuny burup oturandyr. Ikisiniňem adamsyny öldürdiler. Häl-ä iki, onam bolsa sen üçin olaň günäsini geçdim. Ýöne şol adamlar şu ýurtdan göçsünler» diýip aýdypdyr.
Bu bolsa ahunyň il içinde hormat-sylagynyň näderejede uly bolandygyna şaýatlyk edýär. Garaz-haý, Goçmyrat ahunyň baran ýerinde meseläni oňyn çözüp gaýtmadyk ýeri ýok.
Häzir Garrynohur obasynda onuň nebereleri ýaşaýar. Birki ýyllykda ýolumyz düşüp, olaryň öýlerine sowuldyk. Olar maňa şonda bir hoş habar aýtdylar. Olar Goçmyrat ahunyň okan kitaplarynyň bir bölegini onuň ýaşan öýüniň diwaryndan tapyp alypdyrlar. Men muňa haýran galdym. Ahundan galan mirasy görmäge howlukdym. Kitaplary sandygyň içinde ýerleşdiripdirler. Kitaplar wagtyň geçmegi bilen saralyp gidipdir. Ýalňyşmasam, 30-40 kitap dagy barmyka diýdim. Ýöne men bu kitaplary okap bilmeýänim üçin gaty gynandym. Belki-de, munuň bilen gyzyklanjak adamlar tapylar! Kitaplaryň käbirinde ahunyň öz eli bilen eden ýazgylary hem bar. Döwet galamy, onuň gaby hem şu çaka çenli saklanyp galypdyr. Kitaplary, megerem, ahun ýogalandan soň gizläpdirler. Çünki, o döwür köne kitaplaryň ýok edilýän döwrüdi, ol kitaplary üçin adamlar kellelerini eteklerine salmaly bolýardylar. Şonuň üçinem, ahunyň sarpasyny belentde saklaýan adamlar onuň mirasynyň dargap gitmezligi, bigadyr adamlaryň eline düşmezligi üçin diwary oýup, onuň içinde kitaplary ýerleşdirip, ony gowy suwapdyrlar.
Goçmyrat ahun on dokuzynjy asyryň ortalarynda on ýedi ýyllap Buhara medresesinde bilim alypdyr. Öz döwrüniň tanymal adamlary – hanlardyr, serdarlar, ahunlardyr işanlar, şahyrlardyr bagşylar... bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr, olaryň uly hormatyna mynasyp bolupdyr. Esengululy balykçylara bugdaý we beýleki azyk önümleri zerur gerek halatynda ýardam edeni üçin, gaýdyp baranlaryndan soň, olar öz gaýyklarynyň birine Goçmyrat ahunyň adyny dakypdyrlar diýýärler. Eşidişime görä, şo gaýyk geçen asyryň ortalarynda-da bar ekeni.

«Edebiýat we sungat», 7.05.2010 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: