10:19
Aýdymyñ taryhy
AÝDYMYŇ TARYHY

Halypa bagşy Sahy Jepbarowyň şahyr Kerim Gurbannepesowyň sözlerine döreden «Altyň biri» aýdymy indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri aýdym muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp. Ol aýdym seni irizmeýär. Diňledigiňçe diňläsiň gelýär. «Altyň biri» goşgusynyň döreýşiniň öz taryhy bar:
Tejen etrabynyň öňki «Prawda» kolhozy bilen WLKSM-iň 40 ýyllygy sowhozynyň territoriýasynyň araçäginde bir guýy bar ekeni. Uruş ýyllary. Bu ýerde hem-ä sowhoz, sowhozyň golaýynda-da Daşary işler ministrliginiň kömekçi hojalygy ýerleşipdir. Şo wagtlar on bäş-on alty ýaşly Kerim Gurbannepesow kömekçi hojalygyň garpyzyny saklaýar eken.
«Sorokiniň sowhozy» diýlip atlandyrylýan ýer hem Kerimiň sakçylyk edýän ýerinden daş däl. Şonuň üçinem Kerim şol ýerde ýaşaýan Atageldi atly dostunyňka häli-şindi barýan bolarly. Obanyň ortasynda ýerleşýän guýynyň başyna üýşüp duran gyzlar, elbetde, ýaş ýetginjegi biparh goýmandyr. Şol gyzlaryň arasynda Jeren atly bir görmegeý gyz ýaş ýetginjegi bendi edipdir. Gyzlar Kerimiň garpyzly meýdanynyň golaýyna gelip peçekli meýdandan ot hem ýygýar ekenler. Şonda golaý gelen gyzlary görüp depderine ýazan goşgularyndan sesli okaýan ýaş şahyryň labyzly owazy gyzlara öz täsirini ýetiripdir.
Soňa baka gyzlar ýaş şahyryň goşgularyny diňlemek üçin onuň ýabyň raýyşynda dikilen çatmasyna gelipdirler. Şeýdip Kerim bilen Jereniň arasynda tanyşlyk açylsa-da ýaş ýigit gyzy öz söýgüsi hakda dil ýaryp bilmändir. Ýogsa-da ol Jereniň oglan jigisinden «Görogly» kitabyny okamaga alyp, kitabyň içindäki suratlarynyň arka ýüzüne öz goşgularyny hem ýazýan ekeni.
Emma ykbal basym her kimi bir ýerden çykarýar. Olar soň bir-birine gabat gelmändirler.
Bu ýaşlyk ahwalaty hem «Altyň biri» goşgynyň döremegine sebäp bolupdyr.
Ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew bilen bir söhbetdeşligimizde Kerim aganyň soň, aradan wagt geçirip, ömrüniň arzyly pursatlaryny ýatlamak üçin, geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda ýaşlyk dosty Agageldini hem alyp guýyň başyna barandygyny aýdypdy. Ýöne, her näçe gynançly bolsa-da ol guýydan nam-nyşan galmandyr. Onsoň sorap-idäp, şol guýynyň ýeri şu ýeri bolaýsa gerek – diýip, çak bilen bir ýeriň üstünde durupdyrlar. «Jereniň guýusy» ady hem şondan galyberipdir.
Kompozitor Daňatar Öwezowyň döreden aýdymlary ýüreklerde orun aldy. Ol aýdymlar il içinde uly meşhurlyga eýe boldy. Aýdymyň şowly çykmagy üçin kompozitoryň çeken zähmetiniň belli bahasy ýokdy.
Daňatar aga öz aýdymlaryny döredişi hakynda şeýle gürrüň berýän eken. Ýeri gelende aýtsak kompozitoryň aýdymlarynyň ählisiniň diýen ýaly sözleri Gara Seýitliýewiňkidir.
Gara Seýitli aýdymyň gowy çykmagy üçin ýadamany-ýaltanmany bilenokdy. «Hallygözel» aýdymy üçin sözden, sazdan näsazlyk tapylyp, Gara az ylgan däldir. Men «Täzegül» aýdymynyň dört taktyny tapman, bir ýyl saklandym. Bäý, Garanyň jan çekäýşini, şol aýdym üçin Hojaw Annadurdynam ýanyna alyp, ýüz ýola dagy üstüme geldi. «Leýla» aýdymyny ýazjakdygy barada Gara üç ýyllap gürrüň edip gezdi.
Gurrasy duşman, şonça wagt gürrüň edensoň, ahyry göwnüne jaýlap, «Leýlanyň» sözlerini getirdi – diýip, Daňatar aga aýdan eken.

2012 ý.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 38 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: