10:15
Akylyñ gözünden köñül söýlener...
AKYLYŇ GÖZÜNDEN KÖŇÜL SÖÝLENER...

Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri Maral Ärsaryýewanyň «Ahmet Bekmyradowyň «Ylmy mirasy» atly täze kitabyny TYA-nyň «Ylym» neşirýary çap etdi.
Türkmen edebiýatynyň taryhyny her taraplaýyn öwrenmek, esasam, geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan gözbaş alyp gaýdýandygyny, ýöne şol asyryň 60–70-nji ýyllaryna çenli käbir ýek-tük işler bolaýmasa, bu meselede gadymy türkmen edebiýatynyň taryhyna töwerekleýin hem çuňňur aralaşan işleriň o diýen köp bolmandygyna, muňa, elbetde, döwrüň syýasy ýagdaýlary bilen birlikde türkmen edebi pikirlenmesiniň tejribesiniň ýeterlik bolmazlygy öz oňaýsyz täsirini hem ýetirendigini kitabyň awtory belleýär.
Türkmen edebiýatynyň taryhy bu döwre çenli Gündogary öwreniji alymlaryň ençemesiniň ünsüni özüne çekipdi. B.Garryýew, M.Kösäýew, S.Garryýew, R.Rejebow, A.Meredow, T.Nepesow, N.Gullaýew ýaly türkmen alymlarynyň hem türkmen edebiýatynyň taryhynyň üstünde ürç edip işläpdiler hem-de olar işe döwrüň talabyna görä çemeleşipdiler.
Geçen asyryň aýaklarynda Ahmet Bekmyradow, Muhammetnazar Annamuhammedow ýaly käbir alymlar soňky döwre degişli işlerinde meselä öz mynasybetinde çemeleşdiler. Ilkinjileriň biri bolup Ahmet Bekmyradow milli edebiýatymyzyň taryhyny biziň eramyzdan öňki döwürlere çenli aralaşdyrdy. Ol halkyň beýik ösüşden habar berýän medeniýetini, edebi mirasyny, buýsançly taryhyny her bir döwrüň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni durmuşy bilen berk baglanyşykda öwrenmek babatda ylmy derňewleriň uly tapgyryny amala aşyrdy. Edebiýatçy bütin ömrüni türkmen edebiýatynyň düýpli meseleleriniň ylmy çözgüdine bagyş etdi.
Awtor irginsiz zähmet, ylmy barlaglara ýürekden berilmek, belent adamkärçilik hem sadalyk alymyň şahsyýetini bezeýän häsiýetler bolandygyny nygtamak bilen, Ahmet Bekmyradowyň çeper edebiýatyň sarpasy näçe belent bolsa, ony öwrenýän ylmyň hormatynyň şonça-da belent bolmalydygyna, hatda köp derejede artyk hem bolmalydygyna, her bir alymyň edebiýatyň ähli täzeliklerine, ösüşlerine, pese gaçyşlaryna seslenmelidigine gowy düşünendigini hem belläp geçýär.
Edebiýatçy alym A.Bekmyradow gysga ömür ýaşady. Ol bary-ýogy kyrk ýaşynyň içinde aramyzdan gidipdi. Emma muňa garamazdan, ol kyrk ýaşda kyrk kişilik är işini bitirip gitdi. Ol özüniň hertaraply zehinini, gujur-gaýratyny, manyly ömrüni türkmen edebiýatynyň taryhynyň işlenmedik çeperçilik we forma gözlegleriniň çözgütlerine bagyş etdi. Türkmen halkynyň iň gadymy hem medeni taýdan ösen halklaryň hatarynda bolandygyny milli nazarýetden subut etmek onuň işleriniň özenini emele getirýär. Ol öz derňewlerini birgiden subutnamalara, anyk mysallara daýanmak esasynda taryhy wakalara dogruçyl baha bermek esasynda alyp gidýärdi.
Ýaş zehinli alym Maral Ärsaryýewanyň A.Bekmyradowyň döredijiligine bagyşlanan işde merhum alymyň örüsi örän giň ylmy derňewlerine çemeleşişi özboluşlydyr. Onuň öz pikir ýörediş tärlerini, aýratynlyklaryny bada-bat aňyp bolýar.
Awtor öz ylmy derňewinde meşhur alymyň ylmy gözlegleriniň esasy ugurlaryny, derňew ediş usullaryny, ylmy çeşmelere ýüzleniş aýratynlyklaryny, ylmyň analiz we sintez usul-tärlerini ulanyşyny, ylmy gözleglerinde edebiýat ylmynda wajyp bolan meseleleri saýlap alşyny, ylmy delilleriniň hakykata näderejede gabat gelýändigini we onuň stil aýratynlyklaryny ylmy taýdan barlamaklygy, şonuň bilen bir wagtda-da alymyň türkmen edebiýatyny öwreniş ylmyndaky mynasyp ornuny ylmy deliller esasynda ýüze çykaryp bilipdir.
M.Ärsaryýewa meşhur alymyň häzirki zaman türkmen şygryýetinde goşgy düzüliş däpleri, medeni taryh bilen çeper edebiýaty utgaşdyryş aýratynlygy, Andalybyň döredijiliginde ýüze çykaran täzeçilligi, Göroglynyň gözlegindäki zähmeti, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we ylmy täzeçillik, Seýitnazar Seýdiniň döredijiligi baradaky işleri barada jikme-jik pikir ýöredip bilipdir. Onuň «Sadraçnama» kitapçasy, «Türkmen sowet poeziýasynyň ösüşindäki esasy tendensiýalar» atly kandidatlyk işi, «Andalyp hem oguznamaçylyk däbi», «Göroglynyň yzlary», «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» ýaly monografiýalary, «Edebi miras – ebedi miras», «Örtemäň meni», «Amerikany ilki bolup kim açypdyr ýa-da türkmennama giriş» atly makalalar ýygyndylary, bulardan başga-da gazet-žurnallarda çap edilen ýüzlerçe ylmy hem ylmy-populýar makalalary alymyň ylmy derňewleriniň özenidir.
A.Bekmyradowyň beýik Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde alyp baran barlaglarynyň Magtymgulyny öwreniş ylmyna uly täzelik bolandygyny awtor dogry belläpdir. Çünki ol öz ylmy barlaglary alyp baryş aýratynlyklaryna görä, şahyryň döredijiligini ilki bilen edebi töwereginden, şahyryň ýaşan syýasy-ykdysady töwereginden başlapdy. Munuň özi her bir şahyryň dünýägaraýşyny öwrenmegiň ilkinji şertleriniň biridir. Edebiýatçy alym Magtymgulynyň şygyr düzülişindäki däp hem täzeçillik meselelerini aýdyňlaşdyrmagyň düýp ýollarynyň biri hökmünde onuň şygryýetiniň çeşmelerini, has dogrusy, halypalaryny göz öňünde tutupdyr. Şahyryň bu babatda ýol ýörelgelerini anyklamazdan, oňa beriljek bahanyň ýüzleý boljakdygy alymyň bu ugurda daýanan prinsipi bolupdyr.
Magtymgulynyň özboluşly çeperçiliginiň düýp köklerini, ösüş ýollaryny, şahyryň oňa getiren täzeliklerini akyldaryň beýik ideýalary bilen aýrylmaz berk baglanyşyklykda ýüzy çykarmagy edebiýatçynyň işiniň gymmatyny artdyrypdyr. Munuň özi şahyryň ideýalarynyň düýp kökleri bilen çeperçiliginiň kökleriniň birdigini ýüze çykarypdyr.
Ahmet Bekmyradow Nurmuhammet Andalybyň özüne çenli bolan edebi çeperçilik däplerini özleşdirişini, onuň örän giň miras gerimini, edebiýatyň millileşmek prosesine goşan goşandyny, bu peosesiň dowam etmegine we ösmegine ýetiren täsirlerini ýüze çykaryp, şahyryň bitiren hyzmatlaryny anyklandygyny awtor nygtaýar.
Kitapda alymyň «Göroglynyň yzlary» atly monografiýasynda eposyň baş gahrymanynyň taryhy şahs bolandygy ýa-da bolmandygy baradaky çaklamalara ylmy çözgüt berendigi Oguz hanyň onuň prototipi bolandygyny ylmy deliller bilen görkezendigi hem bellenilýär. Şeýle hem goşuk Magtymguly Pyragynyň poetikasynyň baş žanry bolmak bilen onuň eserleriniň ideýasyny, çeperçilik aýratynlyklaryny we milli mazmunyny kesgitländigi hakdaky pikir A. Bekmyradowa degişlidir. Şahyr goşugyň has irki döwürlerden gelýän däplerini saklamak bilen, ony XVIII asyr edebi prosesine uýgunlaşdyrypdyr.
Ýaş zehinli alym M.Ärsaryýewa A.Bekmyradowyň ilkinjileriň hatarynda Magtymgulynyň sopuçylyk-mistiki garaýyşlaryny žanr aýratynlygy bilen baglap, ylmy barlaga çekendigini we onuň mistiki garaýyşlarynyň jemgyýetçilik mazmunynyň bardygyny ýüze çykarandygyny, Seýitnazar Seýdiniň ömür pursatlary, döwri we döredijilik keşbi barada degerli maglumatlary ýüze çykarandygyny adalatly belleýär. Bu hem kitabyň ähmiýetini artdyrýar.
Mahlasy, zehinli ýaş alym Maral Ärsaryýewanyň «Ahmet Bekmyradowyň ylmy mirasy» atly kitaby kyrkynda kyrk kişilik iş bitirip giden alym hakynda. Ahmediň ylmy işleri il-günüň göwnünden turupdy. Ahmet hakyndaky kitabyň hem okyjylary begendirjekdigine ynanýarys. Bize bolsa kitabyň awtory Maral Ärsaryýewa «Indiki işleriniň rowaç bolmagyny» arzuwlaýmak galýar.

Allaýar ÇÜRIÝEW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri.
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: