21:49
Teatr - jadyly dünýä / oýlanma
TEATR - JADYLY DÜNÝÄ

Teatr!.. Siz teatr­da bo­lup gör­dü­ňiz­mi? Siz te­at­ry me­niň söý­şüm dek söý­ýär­si­ňiz­mi? Eý­sem, siz hy­juw­dyr joş­gun­dan do­ly ju­wan kal­by­ňyz hem yh­la­sy­ňyz bi­len te­at­ry söý­ýär­si­ňiz­mi?
Men ol ýer­de özü­niň äh­li tä­sin­li­gi, gö­zel­li­gi hem-de ýe­sir edi­ji syr­ly­ly­gy bi­len tu­tuş älem-ja­ha­ny gör­ýä­rin! Me­niň gar­şym­da gö­güň ebe­di ma­wy güm­me­zi, ze­mi­niň asu­da gi­ňiş­li­gi, gök öw­süp otu­ran agaç­la­r hem-de göw­nü­ňi do­kun­dyr­ýan giň so­nar­ly meý­dan­la­r peý­da bol­ýar. Te­at­ryň ma­ta bu­lut­la­ry, ken­dir ma­ta çe­ki­len Aý-Gün we ýyl­dyz­la­r, da­ragt­la­r, de­ňiz­dir der­ýa­la­r me­niň hy­juw­ly duý­gu­la­ry­my jo­şa ge­ti­rip, gud­ra­ta ga­raş­ýan göw­nü­me go­ja­man ze­mi­niň gö­zel­lik­le­ri­ni ta­ryp ed­ýär.
Eý­sem, siz her ge­zek teatr­dan öz köň­lü­ňi­zi duý­gu­lar bi­len dol­du­ryp, çy­kyp gaý­da­ny­ňyz­da tä­sir­len­me­den kal­by­ňy­zyň heý­jan­lan­ýan­dy­gy­ny duý­ýar­sy­ňyz­my? Teatr­da in­çe sun­ga­tyň äh­li ja­dy­sy­nyň, my­la­ýym­ly­gy­nyň hem mä­hir­li­li­gi­niň jem­len­ýän­di­gi­ni syz­dy­ňyz­my? Eý­sem, ol duý­gu­la­ry­my­zyň sol­ta­ny däl­mi? Eý­sem, te­at­ryň kal­by­ňa sal­ýan tä­si­ri edil üm­mül­mez säh­ra­lar­da gop­ýan tu­pa­nyň çä­ge syr­gyn­la­ry­ny ýo­ka­ry gö­te­ri­şi deý duý­gu­la­ry­my­zy heý­ja­na sal­ýan güýç däl­mi? Eý­sem, baş­ga haý­sy sun­gat duý­gu­lar ar­ka­ly ak­ly­ňy haý­ran ed­ýän şeý­le güý­je eýe­kä?
Sah­na­da öz hö­kü­mi­ni ýö­re­dip, be­lent­li­ge gö­te­ril­ýän yn­san dur­mu­şy­nyň ru­hy dün­ýä­si or­ta çyk­ýar. Ta­ry­hyň ylym­la­ryň ara­syn­da esa­sy or­na eýe bol­şy deý, teatr sun­ga­ty hem beý­le­ki sun­gat eser­le­ri­niň ara­syn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Adam yk­ba­ly he­mi­şe-de adam üçin gy­zyk­ly bo­lup­dy, ol mun­dan beý­läk-de şeý­le bol­ma­gyn­da ga­lar. Şo­ňa gö­rä-de, sah­na ese­ri – spek­takl ada­myň ba­ky gö­re­şi­ni, mer­te­be­si­ni, mak­sa­dy­ny hem we­zi­pe­si­ni jan­lan­dyr­ýar. Onuň esa­sy çeş­me­si bol­sa akyl ýe­ti­rip bol­ma­ýan syr­ly dur­mu­şyň ma­ny-mak­sa­dy­na ym­tyl­mak­dyr.
Teatr si­zi bu hy­syr­dy­ly dün­ýä­den, wagt­la­ýyn bol­sa-da, sog­rup alyp, tä­sin­lik­le­riň giň dün­ýä­si­ne atar­ýar. «Ha­ky­kat­da teatr nä­me?» di­ýip, so­ra­ýan­la­ra köp ga­bat gel­dim. Men ola­ra «Teatr – ha­ky­ky sun­gat öýi, bu öýe gi­re­n ba­dy­ňy­za aýa­gy­ňyz ýer­den üzü­lip, dur­mu­şyň gün­de­lik ala­da­la­ryn­dan sap­la­nar­sy­ňyz!» di­ýip, jo­gap ber­dim.
Te­at­ryň ga­py­syn­dan ät­lä­ni­ňiz­den bir ýa­kym­ly nä­mä­lim duý­gy si­zi gap­lap alar. Ol duý­gy si­ziň göw­nü­ňi­zi gö­te­rer. Haý­sy­dyr bir dü­şün­di­rip bol­ma­ýan bag­ty­ýar­ly­gyň şi­rin nag­ma­sy ýü­re­gi­ňi­zi öz goý­nu­na düýr­läp alar. Giň te­at­ryň to­ma­şa za­ly­ny dol­du­ryp otu­ran tö­we­re­giň­dä­ki yn­san­lar se­niň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ma­la­ry­ňy deň çe­kiş­ýär­ler, sen olar bi­len bir duý­gu­da ga­bat­laş­ýar­syň. Bu zy­nat­ly aja­ýyp gyr­my­zy per­de bol­sa, hy­juw­dyr joş­gun­la­ryň deň­zi my­sa­ly, sah­na­nyň aňyr­syn­da asyr­la­ryň paý­ha­sy­na eýe bo­lan gud­rat­dyr gö­zel­lik­le­ri pyn­han sak­la­ýan­dy­gy­ny si­ze ýat­lad­ýar.
Ine, to­ma­şa za­ly! Siz bu ýer­de in­di öz dur­mu­şy­ňyz­da ýa­şa­ma­ýar­sy­ňyz. Si­ziň so­wuk «me­ni­ňiz» söý­gi alaw­la­ry­nyň için­de ga­ýyp bo­lup, ol ýer­den siz öz ru­hy dün­ýä­ňi­zi ti­mar­lap, üs­tü­ni dol­dur­ýan gö­zel­lik­le­ri hem-de ýag­şy­lyk­la­ry su­sup alar­sy­ňyz. Dur­muş­da kyn­lyk bi­len ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ňiz, ge­çen be­lent­li-pes­li men­zil­le­ri­ňiz ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri bu ýer­de unu­dar­sy­ňyz.
Eger-de, gün­ler­de bir gün göw­nüň söý­gä ýa-da ru­hy gö­te­ri­li­şe teş­ne bo­lup, köp­den bä­ri unu­dan, ama­la aş­ma­dyk ar­zu­wyň saý­ýan söý­gü­li yn­sa­nyň hy­ýa­lyň­da jan­lan­sa, bu ýer­de şol teş­ne­lik baş ber­me­ýän güýç bi­len tu­ta­şar – bu ýer­de şol keşp ýe­ne-de sa­ňa gö­rü­ner, onuň gus­sa hem söý­gi bi­len özü­ňe gö­nü­gen na­za­ry­ny gö­rer­siň, onuň ys­sy ne­pe­si dün­ýä­ňi gap­lap alar.
Spek­takl baş­la­ma­zyn­dan öň yşyk­lar ýu­waş­lyk bi­len öçüp ug­ra­ýar. Si­zi eý­ýäm üýt­ge­şik bir dün­ýä gur­şap al­ýar. Köň­lü­ňiz onuň owa­zy­na ma­ýyl bol­ma­ga ta­ýyn­la­nyp, çuň­ňur tä­sir­le­re ga­raş­ýar. Tö­we­re­giň­dä­ki adam­lar ni­rä­dir bir ýe­re ga­ýyp bo­lup, saňa ba­kyp du­ran ýa­pyk per­de bi­len iki­çäk gal­ýar­syň. Ine-de, ýu­waş­lyk bi­len per­de sy­ryl­ýar… Göz­le­ri­ňi­ziň öňün­de tü­ke­nik­siz hy­juw­la­ryň we adam yk­bal­la­ry­nyň dün­ýä­si ýa­ýyl­ýar! Na­za­ry­ňy­zy sah­na gö­nük­di­re­ni­ňiz­de dür­li yk­bal­ly adam­la­ryň – ju­wa­ny­nyň, go­ja­sy­nyň, güýç­lü­si­niň, eji­zi­niň ýüz­le­ri­ni hem-de hy­juw­dan uç­ga­nak­la­ýan di­de­le­ri­ni gö­rer­si­ňiz.
…Ha­nha, ol ýer­de bir og­lan­jyk sa­ňa ba­kyp dur. Ony kim­dir öýd­ýär­si­ňiz? Ol sen. Ol se­niň ça­ga­ly­gyň. Ol göz­ja­gaz­la­ry­ny bal­kyl­da­dyp dur­şu­na sa­ňa so­rag­ly se­red­ýär hem-de se­niň şo-­ol ça­ga­ly­gyň­da tap­ma­dyk so­rag­la­ry­ňa jo­gap ber­mä­ge ça­lyş­ýar. Se­niň ge­çen ýo­luň ba­ra­da sa­ňa gür­rüň ber­ýär. Se­niň unu­dan­dy­ryn öý­den geç­mi­şiň göz öňüň­de jan­la­nyp baş­la­ýar.
Aňyr­dan ýaş, hy­juw­ly, gör­me­geý ýi­git sah­na çyk­ýar. Ony kim­dir öýd­ýär­si­ňiz? Ol hem sen, mäh­ri­ban to­ma­şa­çy. Ol se­niň ýaş­ly­gyň. Ol se­niň jo­şup du­ran kal­byň. Ol se­niň gur­sa­gyň­da­ky äle­me syg­ma­ýan duý­gu­la­ryň. Ol se­niň söý­giň. Ýat­la­ma­la­ryň­da ga­lan ah­myr­ly söý­giň. Bir gö­ze­le aý­dyp bil­me­dik söz­le­riň. Bel­ki, gö­ze gö­rün­me­ýän ga­nat­la­ryň. Sen uçup ýör­süň, özü­ňi hiç kim gör­ýän däl­dir di­ýip oý­la­ýar­syň. Ýok, bu beý­le däl. Uç­duň­my, diý­mek se­ni gör­ýär­ler. Se­niň go­wy ni­ýet­le­ri­ňi, hy­ýal­la­ry­ňy bü­tin dün­ýä gör­ýär.
Ine-de, bir ene. Ol mu­kad­des ädim­le­ri bi­len sa­ňa go­laý­la­ýar. Ol se­niň eneň. Ol ne beý­le gus­sa­ly gö­rün­ýär? Sen oý­lan! Müm­kin, onuň bu ha­ly öz eneňden seý­rek ha­bar al­ýan­dy­gy­ňy aň­lad­ýan­dyr. Me­ge­rem, sen soň­ky wagt­lar on­dan ha­bar al­ýan hem däl­siň?!
Ine-de, bir ak sa­kgal­ly ýa­şu­ly ag­ras ba­syp sah­na çyk­ýar. Bil­ýäň­mi, ol kim, mäh­ri­ban to­ma­şa­çy? Ol se­niň ataň, pe­de­riň. Ol se­ni şu gü­ne çen­li ge­ti­ren kö­küň, da­ma­ryň, ömür da­rag­tyň. Se­ni pent­le­ri bi­len ulal­dan, hol alys­lar­da ga­lan as­lyň. Ol se­niň kim­di­gi­ňi, nä hal­da­dy­gy­ňy, mun­dan beý­läk se­niň nä­hi­li adam bol­ma­ly­dy­gy­ňy ýat­lad­ýan be­ýik yn­san. Sen oňa üns­li se­ret hem-de ony üns­li diň­le! Sen bu duý­gu­la­ra bi­parh bo­lup bil­mer­siň, mäh­ri­ban to­ma­şa­çy, şo­nuň üçin hem sen bu ýe­re – te­at­ra gel!
Ol ýer­den çy­kyp gaý­da­ny­ňyz­dan soň, siz hök­man ýag­şy iş­le­ri amal eder­si­ňiz. Çün­ki, bu ýer si­zi go­wu­ly­ga, ýag­şy­ly­ga ça­gyr­ýan ýer.
Ine, bu mu­kad­des top­rak­la­ry, ma­wy as­ma­ny, my­my­jak bu­lut­la­ry sa­ňa ja­dy­ bi­len jan­lan­dyr­ýan dün­ýä – teatr. Sen ony gör, sen oňa gu­lak as! Şon­da se­niň kal­byň­da, ýa­şaý­şyň­da, ýü­re­giň­de bir ýy­l­ja­jyk duý­gy oýa­nar. Oýa­nar-da, se­ni bir go­wy işiň ba­şy­ny baş­la­ma­ga ça­gy­rar. Se­bä­bi sen­de mu­kad­des duý­gu­lar oýan­dy. Se­ni şol iş­le­re ruh­lan­dyr­ýan ýer – teatr.
Siz teatr­da bo­lup gör­dü­ňiz­mi? Eger bo­lup gör­me­dik bol­sa­ňyz, ha­ýyş ed­ýä­rin, hök­man ge­liň! Te­at­ryň dün­ýä­sin­de ýa­şap gö­rüň! Çün­ki teatr – ýag­şy­lyk­dan, ha­ky­kat­dan baş­lap, yn­san üçin zerur hem mukaddes bo­lan äh­li duý­gu­lar­dan, pel­se­pe­ler­den, pi­kir­ler­den söh­bet aç­ýar.

Gü­lä­lek AKMYRADOWA,
Türk­me­nis­ta­nyň baş dra­ma te­at­ry­nyň režissýory.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 77 | Добавил: Orhideýa | Теги: Gülälek Akmyradowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 7
0
7 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Aýy" spektakly indiki hepdäniñ aýagyna dynç günleri meýilleşdirilýär, anyk wagtyny bilip ýazaýaryn.

0
6 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Hokman.bararys.Orhidea.hanym.Yone. Cehowyñ.eserine goyulan. "Ayy" pyessanyz.hacan. bolya.şony.goresim. gelya.

0
5 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Yok, men o däl.

0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bir gezek Altyn asyr teleýaýlymynda bir aktrisa bilen söhbetdeş bolupdylar.Iñ soñunda Kakamyrat halypañ (K.Rejebow) goşgusyny okapdy şol aktrisa.Şol sizmi?

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Hemmäñizi öñümizdäki hepdäñ anna güni teatr sezonynyñ acylyandygyny habar bermek bilen 02.04.2021-nji Baş drama teatrynda gorkeziljek "Yşkyñ gämisi" spektaklyna çagyryarys.

0
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Hawa. Yone artist dal. Şeyle işgäri

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Howwa,men teatrda bolup gördüm.We bu jadyly sungaty haýran galyjylyk bilen synladym.Yşyklar,perde,tomaşaçylar...Umuman gyzykly dünýä.Siziñ gürrüñizem ýene täzeden teatra äkiden ýaly boldy.
ýalñyşmasam siziñ özüñizem teatr artisti bolmaly şeýlemi?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: