19:31
Ýagşylyk unudylmaýar
Edebiýat – dostluk köprüsi

ÝAGŞYLYK UNUDYLMAÝAR

Gürrüňimiz Aleksandr Hodzko hakynda bolar. Ol XIX asyrda ýaşap geçen slawýan alymy we şahyry. Has takygy, ol baryp 1842-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymgulyny we Garajaoglany, Keminäni ýewropaly okyjylara ilkinji gezek tanyşdyran adam. Magtymguly genial şahyr diýip, onuň şygyrlaryny ilki bolup dünýä ýaýan adam.

Aleksandr Hodzko 1804-nji ýylyň 30-njy awgustynda Kriwiçide (häzirki Minsk oblastynyň Mýadel etraby) öz döwründe Litwada we Belarusda tanalýan belli maşgalada dünýä inipdir. Onuň kakasy Ýan Hodzko belli ýazyjy we görnükli jemgyýetçilik işgäri bolupdyr.
Ýaş Aleksandr göreldeli maşgala terbiýesini alýar, daşary ýurt dilleriniň birnäçesini öwrenýär. 1816-njy ýylda, ýagny on iki ýaşyndaka Wino şäherindäki gimnaziýada okaýar, belli pedagog Tomaş Zandan tälim alýar.
Gimnaziýany üstünlikli tamamlandan soňra ol Bileýaw uniwersitetiniň diller fakultetine okuwa girip, şol ýerde I.Lelewel, G.Grodek, I.Danilowiç ýaly meşhyr alymlardan tälim alyp, 1825-nji ýylda uniwersiteti tamamlapdyr.
Heniz Wilnodaky gimnaziýada okap ýören döwri, ol Gündogar halklarynyň medeniýeti bilen içgin gyzyklanyp başlapdyr. Ol şahyr hökmünde-de meşhurlyk gazanypdyr. Ol goşgularynda romantizmiň ideallaryny şöhlelendirýär, gündogar äheňlerine has köp üns berip, onuň medeniýetini has-da çuňňur öwrenmek maksady bilen Peterburga gaýdýar. Çünki bu ýer Russiýanyň iň bir güýçli Gündogary öwrenijileriniň jemlenen ýeridi. 1827-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ol Peterburgdaky Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň ýanyndaky janly diller okuw bölümine işe ýerleşýär. Bu okuw jaýynda Eýran we Türkiýe ýaly ýurtlarda işlemek üçin gündogar dilleriniň dilmaçlary taýýarlanypdyr.
1825-nji ýylda Aleksandr Hodzkonyň goşgularynyň we terjimeleriniň ýygyndysy polýak dilinde neşir edilýär. Ýygyndyda şahyryň Gündogara bolan, täsin gyzyklanmasy mese-mälim bildirýär. Kitaba onuň A.S.Puşkinden, W.A.Žukowskiden, P.Merimäniň «Guzla» atly ýygyndysyndaky aýdymlardan başga-da, oňa täze grek, pars, başgyrt, azerbaýjan aýdymlaryň nusgalary girizilipdir. Kitap A. Hodzkonyň arap äheňleri boýunça ýazan «Derar» atly poemasy bilen jemlenýär.
Kitapda onuň ýaşan ýerleri bolan Belarus we Litwa topragynyň halk döredijiligi öz beýanyny tapýar. Bu ýygyndy 1833-nji ýylda Poznan şäherinde gaýtadan neşir edilýär.
Käbir maglumata görä, bu kitap 1836-njy ýylda üçünji gezek hem neşir edilen bolmaly. A. Hodzkonyň bu täze ýygyndysyna döwürleýin neşirler seslenipdir. A. A. Delwig tarapyndan neşir edilýän «Литературная газетада» A. Hodzkonyň şowly çykan kitaby hakda 1829-njy ýylda birnäçe makala çap edilýär. Şahyryň ýaňy ady agzalan «Derar» poemasy rus diline terjime edilip, 1839-njy ýylda çapdan çykýar.
Hodzko 1830-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda dilmaç hökmünde rus missiýasynyň düzüminde Eýrana ugradylýar. Peterburgdan ugrap, Astrahanyň we Bakuwyň üsti bilen, uzak ýol geçmeli bolupdyr. Ýolda gören-eşiden zatlary hakda maglumat toplaýar. Onuň ýol ýazgylary Peterburgyň gazetleriniň birinde – «Литературная газетаныň» dört sanynda çap edilipdir.
A. Hodzko Eýrandaky rus missiýasynda dürli wezipelerde gulluk edýär. Töwrizdäki rus konsullygynda dilmaç (1832-nji ýylyň 26-njy martyndan), baş konsulyň sekretary (1833-nji ýylyň 13-nji noýabryndan), Gilýan prowinsiýasynyň administratiw merkezi bolan Reşetde konsul (1934-nji ýylyň 14-nji awgustyndan).
Bu ýerlerde işlän wagtlary A. Hodzkonyň ömrüniň iň bir netijeli döwri bolupdyr. Ol bu ýerde ýurduň taryhyny, däp-dessuryny, dilini, medeniýetini öwrenýär.
1841-nji ýylyň 29-njy aprelinde saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Gresiýa we Italiýa ugraýar. 1842-nji ýylda bolsa diplomatik gullukdan boşap, Parižde ýaşaýar. Bu ýerde A. Hodzko köne dosty Adam Miskewiç bilen duşuşýar we oňa 1849-njy ýylda gazet açmaga we ony neşir etmäge ýakyndan kömek berýär.
Aradan birnäçe ýylyň geçmegine garamazdan, A. Hodzko Eýran bilen gatnaşygyny üzmändir. Eýran hökümetiniň haýyş etmegi bilen A. Hodzko Parižde okap, tälim alýan eýranly ýaşlaryň 42-sine häli-şindi gözegçilik edip durupdyr.
1857-nji ýylda A. Hodzko Pariždäki pars dili mekdebinde mugallym bolup işlemäge höwes bildiripdir. Emma onuň bu arzuwy başa barmansoň, «Kolležde frans» uniwersitetiniň slawýan dilleri we edebiýaty kursunyň professory bolup işleýär. Alym 1891-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 88 ýaşynyň içinde, Parižiň eteginde aradan çykar. Ony Parižden känbir uzakda bolmadyk Monmoronsy şäherçesindäki gonamçylykda jaýlaýarlar.
A. Hodzkony filologiýa-da, folklor-da, etnografiýa-da, diliň meseleleri-de, Hazaryň kenarýaka halklarynyň teatrlary-da az gyzyklandyrmandyr.
A. Hodzkonyň 1842-nji ýylda iňlis dilinde neşir eden kitaby ýewropalylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Kitabyň bölümleriniň sözbaşylaryna garap geçeniňde, onuň ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirýärsiň. Kitap sözbaşy, «Görogla» giriş, «Göroglynyň başdan geçirmeleri», «Astrahanly tatarlaryň halk aýdymlary», «Galmyklaryň üç aýdymy», «Türkmenleriň aýdymlary», «Parslaryň, gilýanlaryň, dagly rudbarlaryň, tylýaşlaryň, mazanderanlylaryň aýdymlary», tekstleriň nusgalary, fortepiano üçin aranžirowka edilen dokuz pars aýdymy ýaly bölümlere bölünen.
Şeýle hem ol kitapda, azerbaýjanlaryň, türkmenleriň, nogaýlaryň we beýlekileriň halk döredijiligi hakyndaky ýazgylaryny ýerleşdiripdir. «Kitap öz döwründe meşhurlyga eýe bolupdyr» diýip, ýöne ýere aýtmadyk. Sebäbi muny aýtmaga esas bar. Çünki ýygyndydaky halk döredijiligine degişli makalalaryň birentegi soňam birnäçe gezek dürli dillerde neşir edilipdir. Ýazyjy Žorž Sand 1842-nji ýylda «Görogluly» ýazgyny fransuz diline terjime edipdir.
Soň bu ýazgyny Adolf Brele (1857) fransuz, O. Wolt (1842) nemes, S.Pen ýaýradýarlar. Kitabyň aýry-aýry bölümleriniň dürli dillere terjime edilip, özbaşyna çap edilmegi awtoryň uly döredijilik üstünligidi.
Awtor Göroglynyň keşbinde halkyň arkadagyny, onuň asuda durmuşda ýaşamagy üçin janyny gaýdyrmaýan halk gahrymanyny görüpdir. Gündogar halklaryna bolan söýgi, olaryň edebiýatyna, folkloryna... gyzyklanma A. Hodzkony döredijilik üstünliklerine getirýär. Ýaşlykda alan güýçli tälimi, gündogar dilleriniň birnäçesini suwara bilmegi, oňa «Göroglyny» aýdyjylaryň dilinden kynçylyksyz ýazyp almaga mümkinçilik berýär. Şu ýerde biygtyýar bir zat ýadyňa düşýär. Türkmeniň görnükli ýazyjysy Ata Gowşudow hem folklory gowy bilýän eken. Şonuň üçinem ol ilkinjileriň biri bolup «Göroglynyň» şahalaryny Pälwan bagşydan ýazyp alypdyr. Ata aga bagşynyň dilinden eposyň mazmunyny ýazyp aljak bolanda, Goja bagşy göwnemändir. Şonuň üçinem Ata Gowşudow bagşydan eşiden zatlaryny ýadynda saklap, soň kagyza geçiripdir. Muny maňa 30 ýyl öň Ata Gowşudowyň uly gyzy Şemşat gürrüň beripdi.
Magtymgulyny, Garajaoglany, Mämmetweli Keminäni, Göroglyny Ýewropa ilkinji bolup tanadanlaryň biri Aleksandr Hodzko. Kemine 1840-nji ýylda Saragtda ýogalypdyr. Aleksandr Hodzko bolsa onuň goşgularynyň birnäçesini 1833-nji ýylda Türkmensährada ýazyp alypdyr. Diýmek, heniz özi bar wagty Keminäniň döredijiligi öwrenilipdir. Belki-de, gezende şahyr Kemine şol wagtlar Türkmensährada bolandyr-da, slawýan alymy we şahyry bilen duşuşandyr diýen bir hyýaly pikir hem kelläňe gelmän durmaýar.
A. Hodzko Keminäniň «Ýaraşmaz» diýen şygryny sözme-söz iňlis diline terjime edipdir. Goşgy onuň terjimesinde alty bentden, biziň neşirlerimizde dört bentden ybarat. Şygryň A. Hodzkoda doly görnüşde getirilmegi hem biziň ýaňky hyýaly pikirimiziň döremegine sebäp bolmagy ahmal. «Mürçe gözelleri şahandaz bolar», «Janym ärsarynyň gyzy» diýýän Kemine şahyr ýol aşyp, il aşyp, pygamber hasaplan halypasy Magtymgulynyň ýaşan ýerlerine, onuň kyblasy Döwletmämmet Azady bilen bile ýatan guburyna zyýarat edip bilmezmi?! Muňa şübhelenmese bolar!
A. Hodzko Demirgazyk Horasanda (1833) türkmen aýdymlarynyň we goşgularynyň ençemesini toplapdyr. Bu ýazgylar edebiýatçy alymlar tarapyndan az öwrenildi. R. Alyýew, B. Garryýew, A. Meredow ýaly alymlarymyz A. Hodzkonyň bitiren işleri dogrusynda azda-kände aýtdylar. Edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýewiň «Keminäniň nesihatlary iňlis dilinde» (1966 ý.) atly çaklaňja makalasy diýäýmeseň, bu ugurda suwytly bir edilen iş ýok.
Alym öz makalasynda A. Hodzkonyň Kemine hakdaky ýazgysyna gowy baha beripdir. «Şygryň prozada terjime edilendigini nazarda tutmasak, ol, umuman, oruginala ýakyn terjime». Ýöne ol ýazgysynda A. Hodzkonyň Prussiýada konsul bolup işländigini, şonda Keminäniň goşgularyny toplandygyny ýazýar. Gynansak-da, D. Nuralyýewiň şol wagt A. Hodzkonyň konsul bolup Prussiýada däl-de, rusça aýdylyşy ýaly, Persiýada konsul bolandygyny bilmezligi ahmal. Hodzko baradaky şeýle nätakyklyk başda «Rus biografik sözlüginde» (1901, Sankt-Peterburg), «Ensiklopedik sözlükde» (1903, Sankt-Peterburg), «Polýak biografik sözlüginde» (Krakow, 1937) gidipdir. (Bu hakda biz A. Hodzkonyň ömür ýoluny öwrenenleriň biri W. P. Gris Kewiçiň maglumatlaryna esaslandyk).
1933-nji ýylda onuň Demirgazyk Horasanda ýazyp alan türkmen aýdymlarydyr goşgularynyň tekstleriniň ýazgylary edebiýaty öwreniş ylmymyzda ol diýen ýeterlik öwrenilmedi. Edebi ýazgylaryň iki teksti «Teke türkmenleriniň ýeňşi» hem-de «Moýunyň eteginde Emirguly hanyň ýeňlişi hakyndaky aýdym» diýlip atlandyrylypdyr. Beýleki üç tekst bolsa şahyr Garajaoglanyň döredijiligine bagyşlanandyr. Altynjy tekstde Eýran şasy Agamuhammediň 1796-njy ýylda kürtleriň hany Mämiş hana garşy eden söweşi teswirlenipdir. Galan üç teksti alym «Magtymguly türkmeniň üç aýdymy» diýip atlandyrýar. Bu üç goşgynyň atlaryny A. Hodzko özüçe atlandyrypdyr diýip çaklamak bolar – «Magtymguly öz ejesine», «Pähim-paýhaslar», «Gyş ýatlamalary», soňra «Serjam aýdymlary», «Keminäniň öwüt-ündewleri» (ýa-da D. Nuralyýewiň ýazyşy ýaly «Keminäniň nesihatlary» diýip alsaňam boljak), «Adyna Deregezi aýdymlary» bölümleri ýerleşdirilipdir.
Ýazgylardan görnüşine görä, A. Hodzko türkmen klassygy Magtymgulynyň döredijiligine aýratyn üns beripdir. Ol öz işinde onuň diňe bir türkmenleriň arasynda däl, eýsem-de bolsa, tutuş Horasanda meşhurlygyny belläp geçýär hem-de goşgularyň ýany bilen şahyryň gysgajyk biografiýasyny berip, dünýägaraýyşlarynyň çuňňurlygyny aýratyn nygtaýar. A. Hodzko Magtymguly Pyragynyň genial şahyrdygy hakdaky pikirini şeýle beýan edýär: «Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän birnäçe goşgy bu ajaýyp adamyň geniallygyna doly güwä geçýär. Onuň poeziýasyndaky tebigata söýgi, dünýä hakyndaky filosofik oýlanmalary beýleki bir aziýaly şahyrlaryň arasynda gaty seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr».
Aleksandr Hodzko öz täsin tapyndylary hakda rus syýahatçysy I. Blaramberge gürrüň beripdir. I.Blaramberg A. Hodzkonyň rugsat bermegi bilen Magtymgulynyň bir goşgusyny kyssa görnüşinde sözme-söz terjime edipdir. Ony «Türkmenistana gysgaça syn», «Eýrana statistiki syn» ýaly işlerinde ýerleşdiripdir (1853 ý.). Sözme-söz terjimesini okap, bu goşgynyň şahyryň «Bir ajy doýurmak haçdyr ýaranlar» setirli goşgusydygyna göz ýetirmek bolýar. Blarambergiň bu ýazgysy A. Hodzkonyň işinden on iki ýyl soň neşir edilipdir.
Elbetde, Aleksandr Hodzko türkmen şahyrlarynyň döredijiligi hakda özünde galan täsirini diňe bir – Blaramberge gürrüň berendir öýdemzok. Onuň dost-ýarlary, tanyş-bilişleri az bolmandyr. Şahyr Adam Miskeýewiç, kompozitor Şopen we beýleki görnükli adamlar Hodzkonyň dostlary bolandyklary hakynda alymlar ýazypdyrlar. Diýjek bolýan zadymyz, şol adamlar hem Magtymguly, Kemine, Garajaoglan ýaly şahyrlarymyz hakynda türkmeniň jana-jan dosty A. Hodzkodan eşidip, bu täsin ykbally adamlaryň döredijiligi bilen gyzyklanandyklary ähtimaldyr.
Elbetde, A. Hodzkodan başlanan ýol soňam dowam etdi. Rus alymy F. Bakulin 1852-nji ýylda, ýagny göni ýigrimi ýyldan soň rus okyjylaryny Magtymgulynyň goşgulary bile tanyşdyrdy. Onuň makalasy «Türkmenleriň aýdymlary hem olaryň Magtymguly atly şahyry» diýlip atlandyrylyp, Tbiliside «Russiýa imperatorynyň geografik jemgyýetiniň Kawkaz bölüminiň habarlarynda» çap edilipdir.
Biz şu ýazgymyzda türkmen folklorynyň nusgalaryny, türkmeniň «Göroglusyny», türkmeiň beýik şahyry Magtymgulynyň, Keminäniň, Garajaoglanyň adyny Ýewropa ýurtlaryna ýaýmakda ilkinji bolup iş bitiren Aleksandr Hodzko hakda doly bolmasa-da, azda-kände gürrüň etmegi maksat edindik. Çünki biziň pähimdar halkymyzda «Bir gün duza müň gün salam» diýen dana gep bar. Ýagşylyk hiç haçan unudylmaly däl. Bu adamzat döräli bäri dowam edip gelýän pähim. Asyrlaryň jümmüşinde halkymyzyň belent zehinine sarpa goýup, paýu-pyýada ýol söküp, durmuş amatsyzlyklaryna garamazdan, gadymy halkymyzyň dürdänelerini toplap, dünýä halklaryna ýetiren adama, neneň, gadyr-sarpa goýmajak?!
Pähimdaryň aýdyşy ýaly, ýagşylar hemişe ýagşylykda ýatlanylsa ýagşy.

«Türkmen dili» gazeti, 23.02.2011.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Odegurban   [Mowzuga geç]
wacko

0
1 Odegurban   [Mowzuga geç]
angry

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: