18:40
Adaty pursatlaryň beýany
ADATY PURSATLARYŇ BEÝANY

Eşik bazarda bir garagyzyň göwüslik bahaladyp oturanyny tötänden eşitdim. Ähtimal, gyz ilkinji gezek göwüslik alýan bolmaly, ol satyjydan gyzyl göwüsligiň gerekdigni aýtdy, satyjy bolsa nähili ölçeg geýýändigni sorady, gyz näme diyjegini bilmedi, ol ýakasyny açdy-da, goşawuşyny dolduryp, göwsüni çykardy-da: «Şuňa görä beräýiň» diýdi. #Gopdygaymak

***

Pagta ýygyp ýörkäm birden essim aýylyp, gözüm garaňkyrap, arkanlygyna ýykyldym. Ýürek pulsum kem-kem peselýädi, görejimiň öňüni sap sary barda tutan ýaly, daş-töweregimi saýgaryp bilemokdym. Diňe gulaklam adamlaň sesini sähelçe eşidýädi. Şo barmana bir gyzyň meni halas etjek bolup, agzyma dem berişini duýdum. Ahmal, ol gyz uzak gün aç gezendir, agzy gaty erbet porsaýardy. Ol ýakymsyz ysa bolsa meň has ýüregim bulanyp başlady. Men ol gyza garşylyk görkezmekçidim, emma gürlemäge mejalym bolmady. Ahyry men bar güýjümi topladym-da, bat bilen o gyzyň ýüzüne tüýkürdim. Ana, şondan soň ol beýtmeli däldigine düşündi.

***

Täzegül küntiň gazal çekäýşin-aý, çilimem çekýär arasynda.

***

Eger-de siz ilkinji söýgiňizi unudyp bilmeýän bolsaňyz, onsuzlyk size ezýet berýän bolsa, onda siz ol gyzyň tualetde çyglyp, syçyp oturşyny göz öňüne getiriň. Ana, şondan soň ol baradaky ýatlamalar siziň ýüregiňizi bulap başlar. #peydalymaslahat

***

Bu gün gonamçylykda ýaşajyk oglany ýerledik. Adamlar juda kändi, hem goh, agy sesler maňa juda erbet täsir edýärdi, aýratynam garşymda duran kirli papaklyň adam sesine meňzemeýän üýtgeşik eýmenç agy sesi bardy, hem arasynda üsgürende aňyrsyndan bir zat gopýan ýalydy, burnundan bolsa sümük togurlanyp ýere gaçýardy, endam janym sandyrap yüzüm gyzardy, göýä bedenimdäki ähli gan ýüzüme ýygnanan ýalydy.

***

Diňe wepalylykdan başga, itdäki hemme häsiýetler sende jemlenendi.

***

Wagtymyň manysyz geçmezligi üçin gowy güýmenje tapmalydym, ýöne hiç zat göwnümi götermeýärdi. Ahyram garynjalary awlamak kararyna geldim. Öýde garynja kändi, men olary ýeke-ýekeden tutup, boýnuny sogurdym.

***

Uzynly gün öýde oturmakdan ýadadym, köçä çykdym-da, arassa howany öýkenime sordum-da, bir minut ýaly sakladym, soňra usullyk bilen demimi goýberdim. Şuny on gezek dagyn gaýtaladym. Asyl şeýtseň özüňi gowy duýýan ekeniň. Ýadadym. Soňra köçedäkileri synlap ugradym. Köçeden iki gyz gelýärdi, biri garaýagyz, beýlekisi akýagyz, gözleri kiçijek, dodaklaram goýy gyzyl bilen reňklenen, tertipsiz geýnüwli, çalasyn gyzdy. Soňra oňa: «A gyz!» diýip ýüzlendim.
—Maňa diýýäňizmi? 
—Hawa, birnäçe minut wagtyňyzy alyp bilerinmi?
—Näme, bu lak atmagyň täze görnüşimi?
—Bilýäňizmi näme, goýy gyzyl reňk siziň ýüzüňizi betnyşan görkezýär.
—Seniň ne işiň, tentek! — diyip, jogabyny nagt berdi. Soňra köçäni synladym, köçe juda hapady, ýagyşyň ýagan suwy häzirem ýerde porsap yatyrdy. Ýol edaraňkylara asfalt düşemeli diýlen buýruk gelse-de, asfalt dökmeyärdiler. Sebäbi biziň köçämiz esasy köçe däldi, unudylan köçedi. Köçeler barlanmany üçin düşemeli asfaltyň puluny jübä urlanyny kem görmeýärdiler. Läwigiň ysy ýüregimi bulap başlady, öýe geldim, näme etjegimi bilmän täzeden nahar iýdim.

***

Men saňa seredenimde onuň keşbini görýän, sen meniň üçin et böleginden başga zadyň özi däl.

***

Bu gün meni şaýat hökmünde dostumyň subudyna çagyrdylar. Subut başlady, kazy menden sorag sorap başlady, menem gysgadan düşnükli jogap berdim, emma kazy has giňişleýin jogap gerekdigini sözläp, menden irden turup näme edenimi sorady, menem irden turmaýandygmy aýtdym. Soňra ol turup nämedenimi sorady, menem iýip-içendigimi aýtdym. «Soňra...?» diýip, ýene sorady, soňra men tualetda syçandygymy aýtdym. Soňra kazy:«Hökümet bilen oýun edýäňmi?!» diýip gygyrdy-da, birtopar maddalary düşündirdi, men hiç zada düşünmedim. Dostumyň ykbaly ozaldan çözülendi, şonda-da menden birgiden sorag soramalaryna hiç düşünmeýärdim. Özem şol bir soragy juda köp gezek sorapdylar, bu juda manysyzdy eýýäm. Dostuma ýyl berdiler, gaty gitse 3-4 aýdan geler weli, emma dostumyň ýüzi garabulutdy, göýä oňa atuw jezasy berilýän ýalydy.

Aman ABDULSAMADOW
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 74 | Добавил: Sergezzan | Теги: Aman Abdulsamadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Okanyna degmeyan zatlar. Gyzlara okamagy maslahat bermeyan

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: