18:23
Jemile oýnaş / hekaýa
JEMILE OÝNAŞ

Şu gün öýde ýeke özüm bolamsoň, wagtymy nädip hezil geçirip boljagy barada pikir etdim. Soňra Jemiläni öýe çagyrmaly diýen netijä geldim. Jemilä jaň etdim, «Öýde ýeke özüm, işiň, aladaň bolmasa, bu gijäni bile geçireli» diýdim. Gyz begendi, iki sagatdan geljekdigini aýtdy. Jemile gelýänçä öýüň içinde iki ýana gezmeledim. Özüme kofe demlendim-de, penjiräniň gapdalyna geçip, bir çilim otladym. Penjireden köçä seretdim, adam-gara ýok eken, soňra asmana seretdim, asman açyk bolsa-da, ýagty däldi. Birdenem sakalymy çapmalydygy ýadyma düşdi. Sakalymy syryp durkam Jemile bilen nädip wagt geçirmelidigi barada oýlandym. Jaň geldi, Jemile:«Men geldim, gapa çyk-aý» diýdi. Gapa çykanymdan Jemile taksiden düşdi. Goňşulaň bary bize çiňerilip seretdi (goýun kelleler). Soňra Jemiläni öýe saldym, ol gyzyl matadan tikilen dar köýneklidi, saçy goýberilendi. Owadandygyny aýtdym welin, gulagyna hoş ýakyp, hezil edip güldi. «Öýde konýak bar, içelimi?» diýdim. Jemile razylaşdy, keýpi kök boldy, ol begenjinden ýaňa towsanaklaýardy, «bu günüň ýakymlydygyny» diýip, zol-zol gaýtalady. Konýakdan soň, onuň kellesine oýnaşmak höwesi urdy. Soňra biz düşege geçip, birneme çolaşdyk. Öýüň içi gyzgyn bolansoň, penjireleri açdym. Penjireden gelýän ýaz gijesiniň şemaly biziň ýalaňaç bedenimizi sypap geçýärdi, duranja bir hezillikdi. Soňra başymy Jemiläň garnynda goýup, geplemän ýatdym. Ol her gezek dem alanda, garnynyň ýokaryk-aşak gelip-gidýändigini duýdum. Soňra ol:
—Aman, meni söýýärmiň?—diýdi. Men bolsa oňa söýgi diýilýän zadyň boş sözdügini, onda many ýokdugyny, dogrusy, özüni söýmeýändigimi aýtdym. Ol bir minut çemesi dymyp durdu-da, soň ýene gepläp başlady:
—Onda sen maňa öýlenjekmi?—diýdi. Men:
—Parhy ýok, eger isleýän bolsaň, öýlenibermeli—diýdim. Beýle jogapdan soň:
—Onda nämüçin meni söýeňok—diýdi. Men ýene öňki jogaby gaýtaladym. Eger ol isleýän bolsa, öýlenibermeli, söýmegiň asla zerurlygynyň ýokdugyny düşündirdim. Ol çyndanam maňa durmuşa çykmak isleýän eken, a meň üçin bolsa, tapawudy ýokdy. Soňra Jemile:
—Bu gün wagtymyzy gowy geçirdik, çakylygyň üçin minnetdar, ýöne meň bir aladam bar, maňa zerur pul gerek—diýdi. Men sesimi çykarmadym, oýnalýandygymy aňdym. Soňra ol:
—Näme aladamyň bardygyny bilesiň gelenokmy?
—Hawa, bilesim geldi—diýdim. Ýöne ol habary eşiden badyma sowal beräýmek kelläme gelmändir. Şonuň üçinem ol maňa gyjyt berýärdi.
—Iş üçin dokument düzedýän, maňa pul kömek edermiň—diýdi. «Bolýa» diýdim weli, ol begenjinden maňa ýelmeşdi, dodagyny dodagyma ýetirdi.
...Ertesi irden kynlyk bilen oýandym. Jemile hem-ä meni silteşdirdi, hemem gygyrmaly boldy. Ertirlik edinesim gelmedi, irgözinden Jemiläni öýüne ugratmalydy, öýdäkiler gelmelidi. Kelläm agyrýardy. Jemile ýüzüme seredip güldi, hemem ýüzümiň ýasly ýaly gaty gamgyndygyny aýtdy. Soňra Jemiläni öýe öýüne ugratmaga ýola çykdyk. Birdenem ol:
—Göwüsligimi sizde unudaýypdyryn—diýdi. Göwüsligiň asla gerek däldigini, döşüniň şeýle-de owadandygyny aýtdym welin, nämüçindigin-ä bilemok, ýöne ol ýene-de güldi.
.... Jemiläni ugradyp, öýe geldim. Ýene düşegime uzandym. Iki elimi ýeňsäme ýassyk edinip, Jemile hakda oýlandym. Oň ysy düşegimden henizem gitmändir. Soň özümiň Jemilä öwrenşendigimi duýdum. Aslynda weli, men ony däl-de, içimdäki oňa bolan islegi söýýärdim. Bu bolsa, söýgi däl-de, bir pursatlyk lezzetdi. Beden duýgularyna berilmek bolsa gowy zat däl. Şonuň üçinem men indi ony unutmaly diýen karara geldim.

Aman ABDULSAMADOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 209 | Добавил: Sergezzan | Теги: Aman Abdulsamadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
10 mango   [Mowzuga geç]
http://kitapcy.com/news/2021-03-09-14159
проститутка barada şeýle ýazaýsaň.
oň üçürip Mopassan bolmaly...

0
9 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ûnsli okamadym,sergezdan.Gaharly okadym.Hekaýañ soñuna çenli šol gaharymy saklap,size tankydy belliklerimi aýdar ýaly.

0
8 Odegurban   [Mowzuga geç]
sad

0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Haweran, hawa'lay. Ilki "mäyke" diyjek boldum, sonra "gowslik" diysem dogry bolayjak yaly diydim. Gowsligin namedigni ozumem bilemok)

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Berekella, hekaýa gowy. Şeýt Aman, diñe oz yazgylaryñy paylaş, sayta agza bolyan gyz gelinlerimize godek sozleri aydyp, wagtyñy boşa giderme. Kitapcy sayty siziñ yaly zehinli oglanlara hemişe zerurlyk duyyandyr.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Göwüslik - lipjikmi? "Göwüsbent" diýip alynsa, has dogry bolaýjak ýaly. )

0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hekaya seni bimaza etsede, gaty ünsli okapsyň )

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
nurgeldiyewam232, dogry aýdýanyz gadyrdan, birneme erotizma bar. Yöne hekaya seni name ucin bimaza edenine dushunmedim. Islesen oka, islesen okama.

0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Hormatly sergezdan,awtor!Siziñ munyñyz satiriki hekaýa däl.Üns berensiñiz,hiç ýeri gülkünç däldir.
Hekaýanyñ adyndan başlap tutuş süññünden erotizmiñ ysy gelýär.(we bu meni bimaza etdi)
Beýleki hekaýalaryñyzda-da şol eriş-argaç bolup geçýär.
Belki,adminden haýyş edersiñiz siz üçin "erotiki hekaýalar"diýen bölüm döreder ýaly. angry

0
1 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Şu yerde hekayadaky ankowyn ahlaksyzdygny, zenanlara gadyr goymayandygny, juda perwaýsyz durnuksuz birdigni aňansyz. Howa bu şeyle. Çunki öňden onyň ahlagy bilen hickim gyzyklanmansoň, ol yawanylaşdy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: