16:19
Bir gijede ýazylan goşgy
BIR GIJEDE ÝAZYLAN GOŞGY

Baharly etrabynyň Ýarajy obasyndan şo wagt 74 ýaşly Weli Kömek ogly hakda Nazar Aýnazarowdan eşidipdim. Onuň meşhur «Gökdepe mukamyna» ýanama aýdýan goşgusynyň taryhy bilen gyzyklanyp, biz birküç ýyllykda Ýarajy obasyna bardyk. «Ýaşuly sazanda, bagşy hem şahyr» diýilýän ýaşulynyň öýünde, çaý başynda söhbetdeş bolduk. Weli aga gürrüňçi adam eken. Aýdan her bir sözi maňzyňa batýar. Her jümläni jaýdar ulanyşyna gözüň gidýär.
Weli aga türkmen sazynyň läheňleri Mylly Täçmyrat, Pürli Sary dagy bilenem gatnaşypdyr, oturyşypdyr. Ussat Sahy Jepbar Bäherden topragyna aýagy düşse: «Weli Kömegi tapyň!» diýýär eken. Mylly Täçmyradyň, Pürli Sarynyň, Sahy bagşynyň, Çary Täçmämmediň, Ýagmyr Nurgeldiniň atlary tutulanda, ýaşuly: «Eý-ho, olarmy?! Türkmen sazynyň tugudy ahyryn olar» diýip, başyny ýaýkar oturardy.
Weli aganyň saz, bagşyçylyk ugrundan tamamlan okuw jaýy ýok. Onuň oglan döwri geçen asyryň uruş ýyllaryna gabat gelipdir. 1944-nji ýylda ýedinjini tamamlap, traktorçylyk hünärini ele alypdyr. Şondanam traktor bilen «dostlaşypdyr». Kyrkynjy ýyllaryň ahyrlarynda etraba gelen, dizel bilen işleýän, iki sany traktory ilki bolup süren adam ol. Ellinji ýyllaryň ahyrlarynda kanal gurluşygyna işe gidip, Baýramalydan tä Gökdepä çenli Garagum kanalyny gazmaga gatnaşan.
– Biziň aňrymyzda bagşyçylyk, sazandalyk, şahyrçylyk eden adamlar bolupdyr. Geçen asyrlarda Ötäýi diýen şahyr ýaşap geçen. Şolam biziň ata-babalarymyzdan. Nurberdi han onuň akylyna sarpa goýupdyr – diýip, ýaşuly sözüne dyngy berip, ýene gürrüňini dowam etdirdi. Bizem onuň gürrüňlerini başardygymyzdan kagyz ýüzüne geçirdik.
... Hankäriz gazylanda, gaýa ýaly bolup ýatan daşa gabat gelýärler kärizçiler Ötäýä sala salýarlar. Şonda Ötäýi gurap ýatan kerkawy ýakyp, daşy gyzdyrmagy, şeýdibem, ony ýuwaş-ýuwaşdan degirmen daşy ýaly edip owratmagy maslahat beripdir. Onuň aýdyşy ýaly edipdirler, şol äpet daşy owradyp, deşibem, käriziň ýoluny dowam etdiripdirler. Şonda han şahyra giden bir ýer eçilip: «Käriziňem iki günlük suwy seniňki bolsun!» diýýär. Şahyr gönüsinden gelipdir. «Sylag-serpaýyňa taňyýalkasyn, han! Men muny kabul edip biljek däl, sebäbi meniň Ahmet diýip ýekeje oglumyň ýer-suw, mal-gara bilen işi ýok. Häzir mende o ýerlere, idi-yssywat etjek adam ýok. Men ýeri harlaryn. Şonuň üçin berjek ýeriňden önen zatlardan mahal-mahal az-owlak dadyryp dursalar, maňa şo bolýar» diýip, ol hana özüniň ýagdaýyny bildiripdir.
Soňra çaý başynyň söhbeti «Gökdepe mukamyna» syrykdy. – Goşgynyň döreýşi şeýle – diýip, Weli aga ajy gatyşykly wakany süýjüdip gürrüň berdi. – Gökdepäniň basylyp alynmagynyň ýüz ýyllygyna taýýarlyk görlüp ýörlen döwürdi. Meýletinlik hakynda gürrüň etdiler. Niçeme janlaryň gara guma garylan ýerinde, gyzyl ganlaryň aryk bolup akan ýerinde meýletinlik bolarmy diýsene?! Gökdepe hakynda meniň eşiden pajygaly wakalarym başga zatlardan habar berýärdi. Muny asyl kelläme sygdyryp bilemokdym. Ine, şol günleriň birinde, gijäniň ýarymynda, saňa ýalan, maňa çyn, biri aýagyma kakyp turzan ýaly, tisginip oýanypdyryn. Elime galam alyp, goşgy setirlerini ýetişibildigimden kagyza geçirdim. Goşgynyň özi – 36 bent, ýöne şonuň otuz bendini şo gije, birdemde ýazdym. Galany bäş-üç günden soň ýazyldy. Ine, şo goşgynyň taryhy şeýle. Şondan bärem ýaňy-ýaňylara çenli şo goşgyny «Mukama» goşup, dost-ýarlar bilen oturylyşyklarda ýa haýyş edenlerinde ýanama aýdýardym...
Weli aga ýaşlygyndan köpi gören garrylaryň gürrüňlerini köp diňläpdir. Ol 1951-nji ýylda Nohuryň Könegümmez diýen obasynyň bugdaýlyk ýerini traktor bilen sürende, Mämmet atly gojany diňläpdir. Mämmet aga: «Men – 108 ýaşymda» diýýän ekeni. Şol obanyň Abdyrahman diýen başga bir ýaşulusy: «Diýse diýibersin! Mämmet aga 112 ýaşynda bolmaly, sebäbi üç-dört ýyllykdan öňem ol: «108 ýaşadym» diýýärdi» diýip, gojalyk degişmesini edýän eken. Mämmet aga: «Nurberdini Ahala han saýlanlarynda, Ýediagajyň düzünde uly toý-tomaşa tutulyp, bagşy aýtdyrylyp, bedew atlar çapdyrylanda, şo toýda men çapyksuwarlyk edipdim» diýip gürrüň berer eken. Mämmet aganyň Gökdepe wakalaryndan ýürek elendiriji gürrüňleri Weli aganyň ömürlik ýadynda galypdyr. «Ol gelip-gelip meniň şu goşgymyň döremegine sebäp boldy» diýip, Weli aga bilen hoşlaşanymyzda aýdypdy. Bu biziň Weli aga bilen iň soňky hoşlaşygymyz eken.
Sarpaly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde indi Gökdepe galasynda, Gazawat urşunda, Sarahs söweşinde şehit bolanlaryň hatyrasy ýurdumyzda bellenip geçilýär. Hatyra güni mukaddes toprak üçin şirin janlaryndan geçen, şehit bolan gerçekleri ýatlaýarys, olary hatyralaýarys.
«Türkmen diliniň» okyjylaryna hödürlenýän şu goşgy-da watan üçin şehit bolan pederlerimizi hatyralamakdan bir nyşan bolsun!

GÖKDEPE MUKAMY

Ýada salyp munda ýatan janlary,
Jan alyp, jan beren jan ýatyr munda.
Ýazyksyz ýazgarlan ýazyksyzlaryň,
ýady ýatsyz ýanan ýan ýatyr munda.

Aýry-aýry tutup bilmen atlaryn,
Çohdur pälwanlarym, gerçek zatlarym,
At tutup, ýat ediň ruhy matlary!
Otsuz köýük bolan kül ýatyr munda.

Gugaryp galypsyň, ötüp ýüz ýylyň,
Syryňy açmadyň, lal gördüm diliň,
Başyň göter, hany, däbiň-ferhediň?!
Dessurly, dergähli il ýatyr munda.

Toprak söýen ýatyr topragyn guçup,
Bir şoňa hoşal ol bar zatdan geçip,
Tir tapman, ganyma gyrkylyk sanjyp,
Gerdenin ýaý eden ýaý ýatyr munda.

Watan üçin, yslam üçin, din üçin,
Baş goýdular toprak üçin, il üçin,
Namys üçin, ferhed üçin, müýn üçin,
Ah, armanly köýen ar ýatyr munda.

Diýdiler: «Bolsady söweş başa-baş,
Ýa bolmanda, – diýip – birimize bäş»,
Gapyşanlar läş üstüne serip läş,
Il begi Nurberdi han ýatyr munda.

Garagumda doglan Garagum gurdy,
Ak işan pataly, bir dana nurdy,
Durdugözel enäň gerçek zürýady,
Gara batyr gara dag ýatyr munda.

Dostlar, muny ýazýan taryhda görüp,
Görenden-eşdenden soradym gezip.
Türkmeniň täleýin gerdene alyp,
Dykma serdar mydam bar ýatyr munda.

Gahryna bäs gelmän gany garadan,
Azmyndan lerzandy azu-köp duşman,
Ganymyndan ganym kimin ar alan
Çopar batyr aždar – mar ýatyr munda.

Wehimsiz batyrlyk – Hakdan ýeten paý,
Dört ýalaňaç ata dört ýalaňaç – ta:ý.
Hemzäniň leşgerin çapyp jaýba-jaý,
Täç Gök serdar arslan nur ýatyr munda.

Hemze ýatyr, Orazmämmet han ýatyr,
Bahram ýatyr, Baýram ýatyr, bar ýatyr,
Şahyr ýatyr, şa hem ýatyr, şir ýatyr,
Gelen geçer, geçen gan ýatyr munda.

Gözel heleý ogly ibn Ataly,
Goşa paýmyş üleşikden ýeteni,
Han hezrete jan pena diýip biteni,
Bahadyr Ataly han ýatyr munda.

Ol gerçek, goç ýigit batyr Ataly,
Goç ýigidi gören etdi togaby,
Ýow gününde han hezretniň diregi
goç guzy Gurbanly war ýatyr munda.

Keýmir kör zürýady gerçek Baýly han,
Sap duran goşuna berip serenjam,
Diýdi: «Ýüz jan alman, bermäň ýeke jan!»
Gara dag gaýaly Zal ýatyr munda.

Bedeni demirden, boýlary – çynar,
Mertlik meýdanynda ärlerde çyn är.
Mädemin kellesin çapyp, çekdi jar,
Gowşut han tekeli är ýatyr munda.

Üç är berdik, gaýdyp dogmaz eneden,
Deň gelmez güýç bilen bu ters täleýden,
Gara batyr, Berdi gazy, Gönübekden
takdyry kyýamat ar ýatyr munda.

Dokma keser bilen bir gyz – ýaş juwan,
Ýedi esgerne jähennemlik berdi jan,
Ýanaraldan serpaý alan ol zenan,
Meýdi merde mekdep ýar ýatyr munda.

Dariý şa çozanda türkmen üstüne,
Tumar gyz ýeňipdi Garagum bile,
Hytaý diwaryna sed Isgendere
«Garagum» diýp, Tumar ýar ýatyr munda.

Gazaba galanda Kelhan kepele,
Gylyjyň zarbyndan gopdy zenzele,
Taryhda görmedik kimsäni beýle,
Ajala ýylgyryp, ýer ýatyr munda.

Dört ärniň biridi ol Nury ýetim,
Parçalap ganymyň titredip etin,
Köpdi ene-atasyz hem başy bitin,
Tebigy gerduny zor ýatyr munda.

Görgürler görgüsi Öwezbaý dogry,
Misli Süleýmanyň asyf weziri,
Danalar serweri, dürdäne sözi,
Jemşidiň jamy dek ser ýatyr munda.

Tä kyýamat ady ýitmez jahandan,
Guwanyp çalarlar çyn bilen jandan,
Doýulmaz, dänilmez bu şirin sazdan,
Mukamçy Gönübek hor ýatyr munda.

Sak ýatyr galany basyp bagryna,
Aýak diräp, gaýry ganat diwarna,
Serweri ol hamy şumuň diýarna,
Hezret Gurbanmyrat pir ýatyr munda.

Juma namazynda ymam ser şonda,
Kaza oky ýykyp namaz borjunda,
Agla şehit ýatan guşluk burçunda,
Zandy päk Hajy işan nur ýatyr munda.

Haýsy dönük oýlap ýykdy galany,
Golun daňyp, çagyrypdyr belany.
Ýa şumuka takdyr bize ýazany?!
Täleýi ters gelen il ýatyr munda.

Bu pelek pyrlanýar, elinde çarhy,
Mertmiň sen, namartmyň, ýok oňa parhy,
Ýagşyga, ýamana bir – goýýan nyrhy,
Bary bir şekilde gör ýatyr munda.

Ne külpetler gördi türkmeniň başy,
Çoh akdyryp gezdi ganly gözýaşy,
Ahyry gülmezmi köp aglan kişi?!
Ady dünýä belli il ýatyr munda.

Niçe gerçek gitdi «gazy» at bile,
Niçe ýesir gitdi dat-bidat bile,
Niçe juwan ýitdi ýanyp ot bile,
Owazy ahy-zar saz ýatyr munda.

Gulagymdan gitmez seda-nalasy,
Bu jebre laýykmy türkmen balasy?!
Ýedi yklymda türk-türkmeniň barysy
jem bolanda, onda kim ýatyr munda?!

Agyr leşger tartyp geldi üstüne,
Gara bagtlyk başyn alyp destine,
Haramy hiç goşdurmadyk nesline,
Namys üçin ölen il ýatyr munda.

«Meýletin» diýip taryh ýazan ol biri,
Ol kişi tanaman öli-dirini,
Jandan gorkup, «ak» diýip dur garany,
Taryhy ters ýazlan il ýatyr munda.

Aýdar Weli, muňa gelen dat eder,
Müňün guma garar, birin şat eder,
Akyl aglar, gerçeklerin ýat eder,
Keýmir kör dikelden tug ýatyr munda.

Ne-hä ýazyklydyr, ne-de bergili,
Ötmez güne şükür eden her kimi,
Tilkiçiniň gören düýşüň ýorgudy,
Sedasy ahy-zar üýn ýatyr munda.


Weli KÖMEK ogly,
Ýarajy obasy, 1982-nji ýyl.

«Türkmen dili» gazeti, 9.01.2008 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: