13:40
Otuz ýediñ gara ýañy
OTUZ ÝEDIŇ GARA ÝAŇY

Redaksiýa stalinçilik repressiýalar döwründe nähak töhmet atylyp, jeza berlen adamlar barada material bermegi haýyş edýän hatlar gelýär. Okyjylaryň haýyşyny göz öňünde tutup, biz şu aşakdaky makalany çap edýäris.

1937-nji ýyl. Repressiýanyň ýetjek derejesine ýeten ýyly. Şondan bir ýyl öň SSSR Konstitusiýasy kabul edildi. SSSR-de sosializmiň ýeňip üstün çykan ýyly. Bagtyýar durmuş hakda, sowet halkyny «ýeňişlerden-ýeňşe alyp barýan beýik serdar» Staliniň şanyna aýdylýan aýdymlaryň has-da joşgunly ýaňlanyp ugran ýyly. Şol bir wagtyň özünde-de Lenin bilen egin-egne berip göreşen bolşewikleriň türmelere, syýasy lagerlere köpçülikleýin dykylýan ýyly.
SSSR-iň bütin künjeginde bolsa «gizlinlik bilen iş görýän içalylar hereket edýär». Eýsem-de bolsa, olar kimlerdi? Olar düýnki işçilerdir kolhozçylardy, halk komissarlarydyr alymlardy... Olaryň atlary dek düýnem gazet sahypalaryny bezeýärdi. Döşleri ordenli hakyky stahanowçylardy.
Gazetleriň saralyp ugran sahypalaryny agdaryşdyryp oturyşyňa ine, şu zatlar hakda pikire batanyňy duýman galýarsyň. Şeýle hem 1937-nji ýylyň ganly wakalaryna has öňünden taýýarlyk görlendigine-de göz ýetirýärsiň.
Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda partiýa hatarlaryny arassalaýyş işleri geçirilýär. Şu ýerde bu waka bilen baglanyşykly bir şygary mysal getirmekçi: «Oňat geçirilen arassalaýyş işleri, munuň özi, döwlete 100–110 prosent pagta tabşyrmak bilen barabardyr!» 1935-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli respublikada partiýa çlenleriniň we kandidatlaryň 9206-sy arassalanypdyr. Şonuň 2335-si bolsa partiýa hataryndan çykarylypdyr. Partipa hataryndan çykarylmadyklaryň hem ençemesi kemsidilmelere sezewar edilipdir: mysal üçin, şahyr Oraz Täçnazarowyň partiýanyň öňünde näderejede akdygyny subut etmek üçin iki agşam gerek bolupdyr. Eýsem-de bolsa, ony nämelerde aýyplamandyrlar?! Partiýa giren wagty özüniň mollanyň öňünde okanlygyny ýazmanlygy, ýa-da bolmasa, öz kakasynyň barly adam bolanlygy, ony gizlänligi üçin we gaýry zatlarda aýyplapdyrlar. Bu zatlary ony zor bilen «boýun almaga» mejbur edipdirler. Şeýle «boýun almalara» mejbur edilenleriň atlaryny ýene-de getirse bolar: Gurban Sähedow, Han Ýomudskiý...
Şolaryň hemmesi-de soň, 1937-nji ýylyň pidasy boldular. Bütin ömrüni partiýa işlerinde geçiren Nowruz Dusaýew diýen bir ýaşulyny tanaýardym. Ol segseninji ýyllaryň başlarynda özüniň 37-nji ýylda tutulandygyny gürrüň beripdi. Ony – Ýerbent raýkomynyň sekretary bolup işleýän Nowruz Dusaýewi ýygnak boljak bahanasy bilen Aşgabada çagyrýarlar. Myhmanhanada otyrka-da ony NKWD-den gelip, türmä äkidýärler hem-de ondan dokuz aýlap sorag üstüne sorag edýärler. Soň onuň günäsiniň ýokdugyndanmy ýa başga bir zatdanmy – ony boşadýarlar. Özüniň näme üçin tutulandygyny Nowruz aga, megerem, aýdan däldir. Aýdaýanam bolsa, doly ýadymda galmandyr. Ýöne «Turkmenskaýa iskra» gazetiniň 1937-nji ýylyň 6-njy maýyndaky sanynda «Başyna giden halk duşmanlary» atly makala ýerleşdirilipdir. Soň görüp otursam, «halk duşmanlary» bilen baglanyşykly çap edilen ilkinji makala şol hakda eken. Şondan soň gazetiň her sanynda «halk duşmanlaryny il ýüzüne paş edýän» habarlar çap edilip ugrapdyr.
Hawa, ýaňky adyny agzan makalamyzda Ýerbent raýonyndaky «halk duşmanlary» barada habar berilýär.
Signalda «Ýerbent raýispolkomynyň başlygynyň orunbasary Herunsew öz dokladynda hökümete, partiýa şyltak atsa-da, öz kontrrewolýusion garaýyşlaryny mese-mälim etse-de, hiç kim oňa gaýtawul bermedi, hatda raýkomyň sekretary Dusaýew hem muňa garşylyk görkezmedi. Dokladçynyň gulagyna bir zatlar pyşyrdap aýtmak bilen çäklendi» diýlip habar berilýär.
Mundan başga-da Orazow diýen bir propagandistiň bir ýurtda sosializmiň gurlup bolunmajakdygyny başga bir ýerde zootehnik Sotnikowyň Kamenew bilen Zinowýew ýaly halk duşmanlaryny açykdan-açyk öwýändigini signalyň awtory mälim edýär.
Şeýle signaldan soň, makalada gürrüňi edilýän «halk duşmanlarynyň», olara «ýardam berýän» raýkomyň sekretary Nowruz Dusaýewiň soňky ykbalynyň niçiksi boljakdygy her kime-de belli bolsa gerek.
1937-nji ýylyň 4-nji maýynda «Prawda» gazetinde daşary ýurt razwedkasynyň sowet adamlarynyň arasynda alyp barýan pyssy-pyjurlykly işleri dogrusynda makala çap edilýär. Şol makala respublikanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Krasnowodskiniň partiýa we komsomol guramalarynda hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Şondan soň Ufranyň komsomollary «opurlyşyk geçirýän adamlary» ýüze çykarypdyrlar.
Krasnowodsk portunda bolsa «troçkiçileriň ençemesiniň ýüzleriniň perdesi sypyrylýar».
Başga bir habarda Çärjewiň sowet-partiýa mekdebiniň direktory Öwezowyň üstünden düşülýär. Onuň partiýa konferensiýalarynyň birinde Türkmenistanyň beýleki respublikalara garanyňda yzdadygy, Sowet Soýuzynyň bolsa Amerikadan yzda süýrenýändigi barada çykyş edendigi ýazylýar.
Öwezow Troskiniň ýoluny dowam etdijiri hökmünde häsiýetlendirilip, ol konferensiýanyň hataryndan çykarylýar. Onuň işini düýpli derňemek raýkoma tabşyrylýar.
Ýolöteniň «Täze oba» kolhozynda pagta ýygymynyň depgininiň pesligi bu ýerde baýlaryň ýaşaýandygy bilen düşündirilýär. Gowusy, şol habaryň bir bölegini okyjylaryň dykgatyna hödürläliň: «1932-nji ýylda Çärjewden gaçyp gaýdan Kerki baý şu kolhozda mekan tutdy. Haçan-da kulak hökmünde onuň zatlary alnanda, ol halk duşmany – öňki TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýewe hat ýazyp, arz etdi.
Halk duşmany Atabaýew bolsa jogaby eglemedi. Ol raýon ýolbaşçylarynyň bu baý hakdaky kararlaryny üýtgetmegini we onuň zatlaryny yzyna gaýdyp bermeklerini talap etdi.
Halk duşmany Atabaýewden goldaw tapan Kerki baý öz garyndaşlarynyň ýigrimi bäşisini Çärjewden bu ýere göçürip getirdi»...
Başga bir signalda bolsa şeýle habar berilýär: Ýolöten raýispolkomynyň başlygy bolup işlän döwründe Şyhlyýew häzir içalylykda paş edilen Pälwan Öwezowy ýolbaşçy işe çekdirdi. Öwezow şondan soň zyýankeşlik bilen meşgul bolup başlady. Şyhlyýew kontrrewolýusionerler Pälwan Öwezowy hem-de onuň dogany Jumaguly Öwezowy öwüp arşa çykardy.
Şyhlyýew häzirki wagtda üsti açylan milletçi Çekan Myradow bilen ýakyn hyzmatdaşlykda boldy. Biz häzir onuň «niçiksi işländigini» gözümiz bilen gördük.
Raýkomyň öňki sekretary Çekan Myradowyň näme üçin «Gowaçanyň haşal ot basan ýerlerini arassalamaly däl» diýip görkezme berendigi indi hemmämize düşnükli».
TSSR MIK-niň guramaçylyk komitetiniň başlygynyň öňki orunbasary Halnazarow halk duşmanlaryny paş etmekde gowuşgynsyzlyk edýänligi üçin aýyplanypdyr. «Bu halk duşmanlaryny «paş ediji» Aşgabat raýonynda özüniň kimligini doly äşgär etdi. Haçan-da Halnazarowa «Ýalkym» kolhozynyň öňki başlygy, milletçi Ýüzbaşewi paş etmek tabşyrylanda muňa hasam gowy göz ýetirildi. Bu hakda ýygnak geçirilen mahalynda ol diňe Ýüzbaşewi goldaýanlara söz bermek bilen oňdy. Öz sözüni aýtmakçy bolan päk ýürekli kolhozçylaryň agzyny baglady. Halnazarow olary gorkuzyp, Ýüzbaşewiň eden-etdiligini paş etmäge ýol bermedi. Halnazarow Herrikgala oba Sowetine degişli kolhozlarda zyýankeş toparlaryň üstüni açmakda hem şeýle hereket etdi...
Kolhozçylar öz duşmanlarynyň ýüzleriniň perdelerini sypyrmaga raýkom partiýa kömek etdiler.
1-nji oktýabrda (1937 – A. Ç.) Halnazarow partiýa hataryndan çykaryldy».
1937-nji ýylyň 21-nji iýulynyň agşamsy TSSR MIK-niň başlygy Nedirbaý Aýtakow, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Gurban Sähedow, «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktory Oraz Täçnazarow teatrda spektakla tomaşa edipdirler. Spektakl gutarandan soň öýlerine gaýdýarlar. Gije olaryň üçüsiniňem öýi dökülýär. Üçüsem bir wagtda tutulýar. Şol ýylyň oktýabrynyň ortalarynda partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň plenumy bolup geçýär. Şol plenumda Aýtakowyň, Sähedowyň, Täçnazarowyň faşistik bandasy hakda gahar-gazap bilen çykyş edýärler.
1937-nji ýylyň oktýabrynyň başlarynda respublikanyň halk komissarlarynyň ählisi diýen ýaly «halk duşmanlary» bolup çykýar. Olaryň hemmesi HKWD işgärleri tarapyndan türmä dykylýar.
1937-nji ýylyň awgustynda O. Ýa. Nedewiň respublikanyň içeri işler halk komissarlygyna bellenmegi bilen repressiýa has-da möwç alýar. Ol Türkmenistana gelmezinden öň Moskwada SSSR Içeri işler halk komissarlygynyň Döwlet howpsuzlygy uprawleniýesinde bölüm naçalniginiň orunbasary bolup işläpdir.

* * *

Jemile Paltaýewanyň ady respublikamyzda köplere tanyşdyr. Ol ýigriminji, otuzynjy ýyllarda aýal-gyzlaryň arasynda köp işleri amala aşyrypdyr. Onuň adamsy milleti boýunça latyşdy.
1937-nji ýylyň iýunynda ony «halk duşmany» hökmünde tutýarlar. Şondan üç aý geçensoň Jemile Paltaýewany ýygnaýarlar. Yzynda iki gyzy galýar.
– Men iki gije-gündizläp sülçiň kabinetinde oturdym. Hiç kim hiç zat soranok. Özümem aç-suwsuz. Soň bir eli gamçyly sülçi geldi. Gapydan girip-girmän «Tur, ýeriňden» diýip, haýbatly gygyrdy. Agzyna gelenini diýdi. Özümden gidipdirin. Soň kamera äkitdiler. Birnäçe aýlap ýeke adamlyk kamerada oturdym. Soň 110 aýal bolup, bary-ýogy otuz kwadrat metrlik türmede bolduk. Halmyrat Sähetmyradowyň aýaly Anna Markowna Lewina, Gurban Sähedowyň aýaly Ýekaterina Wasilýewna Çernuha, Hajy Atabaýewiň aýaly hem-de Enekeýik atly gyzy... garaz, sanasaň sogaby bar. Olaryň kimsi göwrelidi, kimsiniň gujagynda 7-8 aýlyk çagalary bardy.
Partiýanyň Merkezi Komitetiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Nyýazowy hem basdylar. Onuň aýalyna Bibi diýýärdiler. O pahyryň hiç hili sowady ýokdy. Barmagyny zordan basýardy. Hatda äriniň nirede işleýändigini hem bilmeýän ekeni. Şonam sen «halk duşmany» diýip ýygnapdyrlar... – diýip, Jemile Paltaýewa hasrat bilen gürrüň berýär.
Bir ýyldan soň Jemile Paltaýewany 5 ýyllyk azatlykdan mahrum edip, Sibire sürgün edýärler.
Ol şo ýerde Buhariniň aýaly bilen bir lagerde bolýar. Lagerde 6 müň aýal saklanýan ekeni. Jemile Paltaýewanyň adamsy Aşgabat türmesinde agyr kemsidilmelere sezewar edilýär. Ol bu kemsidilmelere çydaman, sülçi sorag edip durka, jaýyň ikinji gatyndan özüni zyňýar. Aýagy döwülýär. Soňam ony ýary gije atmaga äkidýärler.
Häzir Jemile Paltaýewa segsen ýaşy arka atypdyr. Bu gujurly aýalyň gürrüňlerini diňläp otyrkaň, onuň mertligine, çydamlylygyna haýran galýarsyň.
Abdylgüseýin Abuzarowiç Güseýinow hem Staliniň repressiýasy döwründe her hili agyr kemsidilmelere sezewar edilen adamlaryň biri. Ol häzir biziň aramyzda ýok. Segseninji ýyllaryň başynda 74 ýaşynda ýogaldy. Ol Türküstanda Sowet häkimiýetini berkarar etmekde gaýduwsyzlyk görkezipdi.
Graždanlyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan, basmaçylara garşy söweşen esger ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda Türkmenistanyň milli metbugatynda dürli wezipelerde işledi. «Şuralar Türkmenistany» gazetiniň jogapkär sekretary bolup hem işlän ekeni. 1937-nji ýylyň iýulynda ol halk duşmany hökmünde 5 ýyllyk möhlet bilen Çkalow oblastynyň Belozersk raýonynyň Bulanowo obasyna sürgün edilýär. Sürgün edileninden bir ýyl geçensoň, oňa ýene-de 8 ýyl kesýärler hem-de Iwdel lagerine iberýärler. Abdylgüseýin Güseýinow 1957-nji ýylda aklanýar.

* * *

Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň oba hojalyk institutynda duşuşyk geçirilipdi. Men şonda Staliniň repressiýasynyň pidasy bolan adamlara bagyşlap «Kolymada ýatyr buzy ýassanyp» atly goşgymy okapdym. Duşuşyk «Mawy ekran» arkaly teletomaşaçylara görkezildi. Şondan uzak wagt geçmänkä-de redaksiýa bir hat gelip gowuşdy. Men, ine şu ýazgyny şol hat bilen tamamlamagy makul bildim: «1937-nji ýylyň 16-njy fewralynda meni baýyň ogly hökmünde garalap, türmä basdylar. Türmeden 1951-nji ýylda boşap geldim. Meniň kakam Garagöz işan 1918-nji ýylda akgwardiýaçylar tarapyndan Maryda atyldy. Ol Sowet häkimiýetiniň tarapdarydy.
Men 14 ýyllap Kolymada lagerde boldum. 60–65 gradusa ýetýän aýaz. Açlyk. onlarça müň günäsiz adam köpçülikleýin gyryldy. Olaryň arasynda ýaşlaram, ýaşuly kommunstlerem bardy.
1937-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabadyň pedagogik institutyndan 21 student repressiýa edildi. Şolaryň hiç birisine-de yzlaryna dolanmak miýesser etmedi. Olardan Öde Şamyradowyň, Sapar Öwezowyň, Çaryýewiň familiýalary ýadymda galypdyr. Şol studentleriň biri zehinli şahyrdy. Köplenç Amyderýa hakda goşgy ýazýardy. Ol Wladiwostokda wepat boldy.
1942-nji ýylyň 2-nji fewralynda 170 adamy paý-pyýada gurluşyga sürdüler. Şolaryň diňe 19-syna diri galmak başartdy, galanlary bolsa ýolda ysgyn-mydardan gaçyp, doňup galdy.
Bizi – diri galanlary tokaý kesijiler halas etdi. Ýalan möhür ýazylan diagnoz bilen, wepat bolanlaryň ählisini bir çukura gapgardylar...»
Mary şäherinde ýaşaýan 75 ýaşly Muhammet aganyň keç ykbalyna haýpyň gelýär. Eýsem-de bolsa, şeýle agyr kysmaty başdan geçirenler ýek-tükmüdi? Otuzynjy we kyrkynjy ýyllaryň repressiýasy döwründe 10-20 ýyllap lagerlerde, türmelerde yza çeken adamlaryň näçedigi weli henize – bu güne çenli anyk däl.

«Sowet Türkmenistany», 21.04.1989 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 49 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: