13:34
Kör Gojaly
KÖR GOJALY

Kör gojaly Tagtabazaryň Gyzylgojaly obasyndan. Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatowyň ogly Gurbanmyrat maňa Kör gojaly bagşy hakynda gürrüň berdi. Ol şeýleräk:
– Biziň ýaşulymyz Ýazdurdy Bernazarow gaty ýatkeş adamdy. Köne gürrüňleri gowy bilýärdi. Ol Kerim aganyň «Aýal bagşy» poemasyny okap, şahyra eserde beýan edilen wakalara dahylly käbir maglumatlary aýdypdyr.
Onuň gürrüň berşine görä, waka şeýle bolupdyr. Aýal bagşy Daşoguz tarapdan. Toýa gelende ýanynda äri bar eken. Kör gojaly aýratyn otagda, aýal bagşy bolsa aýry otagda aýdym aýdypdyrlar. Kör gojalyň sesi gaty belent bolupdyr. Aýdym aýdanda bir metrlikde ýerleşen çäýnek-käse bir-birine degip, döwülýän eken. Şol ýaryş başlamazyndan öň, aýal ärine: «Çagadan geçmeli bolar» diýýär. Äri muňa razy bolýar. Aýalyň göwrelidiginden ärinden başga hiç kimiň habary ýok. Şol sanda Kör gojaly hem habarsyz.
Ýarygijelerde Kör gojala aýalyň çagasynyň öli dogandygyny aýdanlarynda, gaty gynanypdyr. «Şundan şeýläk men elime dutar almaryn» diýip aýdypdyr. Şol sözüne-de wepaly bolup galypdyr. «Kazam dolup, nirede ýogalsam-da, meni şol çaganyň jaýlanan ýerinde, edil ýanynda jaýlaň» diýip, wesýet eden eken. Onuň mazary Sakarçägede. Şol ýerde Bäbek öwlüýä bilen Kör gojaly öwlüýäsi bar. Ikisem gonambaşydyr.

«Edebiýat we sungat», 14.03.2008 ý.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: