12:20
Galib - hindistanly türkmen şahyry
GALIB – HINDISTANLY TÜRKMEN ŞAHYRY

Asadulla Han Galib 1797-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Agrada dünýä inýär.
Hindistanly edebiýatçy Mälim Ram Galib hakdaky makalasynda şeýle ýazýar: «Onuň ata-babasy orta aziýaly türkmenlerdir. Galibiň atasy gowy durmuşyň gözleginde Hindistana XVIII asyryň ortalarynda gelýär. Ol bu ýerde Lahoryň gubernatory Moin-ul-Mülküň gullugynda durýar. Soň Delä göçýär. Mogol hökümdary şa Älem II-niň hyzmatynda bolýar. Ol bu ýerde uzak eglenmän ýene-de Agra dolanyp barýar. Onuň uly ogly Abdylla Beg Han agraly harby serkerdäniň gyzyna öýlenýär. Olardan Asadulla Han dünýä inýär.
On iki ýaşly Asadulla Agra gelen eýranly syýahatçy we alym Abdyl Samatdan pars dilini, şeýle hem arap dilini öwrenýär. Birnäçe wagtdan soň ol Lahor häkiminiň garyndaşyna öýlenýär. Ol Agradan Delä göçýär, ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde hem ýaşaýar.
Galib pars dilinde ýigrimi bäş müň setirlik gazal ýazypdyr. Onuň pars dilinde ýazan «Diwany» 1845-nji ýylda çap edilýär.
Galib 1869-njy ýylda aradan çykýar. Onuň ýoluny Azat hem-de Haly ýaly uly şahyrlar dowam etdirýärler. Haly öz halypasyna bagyşlap «Ýadgar-i Galib» («Galibiň ýadygärligine») atly kitabyny ýazýar. Biziň ýurdumyzda Galib hakda ilkinji gezek 1924-nji ýylda ýazyldy. Soň täjik alymlary Ş. Poladowa, A. Gafarow Gündogaryň bu beýik şahyry hakda kandidatlyk işlerini ýazdylar.
1965-nji ýylda Daşkentde Galibiň gazallarynyň çaklaňja ýygyndysy çap edildi. 1969-njy ýylda sowet edebi jemgyýetçiligi Galibiň ýogalan gününiň 100 ýyllygyny giňden belläp geçdi. «Nauka» neşirýaty 1972-nji ýylda «Mürze Galib – Gündogaryň beýik şahyry» atly kitaby neşir etdi. Şu ýyl bolsa onuň ýogalanyna 120 ýyl dolýar. Asly türkmen Mürze Galibiň ady dünýä belli. Onuň gazallarynyň, proza eserleriniň gymmaty hiç haçan egsilmezdir.
Biz bu beýik şahyryň iki goşgusyny okyjylarymyza hödürleýäris.

* * *

Mürze GALIB

Eý, Galib seň kowmuň örän gadymy,
Ata-babaň ýurdy – Turan, müdimi.

Aslymyz aýtsam türki biz, türki,
At-abraý hem şöhrat olaryň durky.

Käri olaň babadaýhan bolandyr,
Külli Samarkanda ady dolandyr.

Menden sorasaňyz şygrystan hakda,
Özümi öwmerin, diýmerin ökde.

Onuň bary-ýogy sadyk guly men,
Meň ýanymda şan-şöhraty uly oň.

Ýürek yssy! Ýyldyryma dogan men,
Sahylykda bulut kimin ýagan men.

Erjelligim bilen ýeňýän bar zady,
Pukara bolsam-da, etmen perýady.

Öz günüme gije-gündiz aglaryn,
Ýamanlygy görsem ýürek daglaryn.

* * *

Nä döwür, nä zamana boldy, eý Galib,
Her kim şygrystany talap ýör, talap.

Hiç kişä gönenç ýok olardan ýaňa,
Ne ölä, ne dirä, ne saňa, maňa.

Şygyr talaňçysyn tanýan bada-bat,
Näçe mekir bolsun, bilýän atma-at.

Pikir babatynda ne çek, ne dil hat,
Ne gol, ne-de möhür, ne başga bir zat.

Ine, şeýle boldy şygyr ykbaly,
Hamana oň öz eýesi ýok ýaly.

Goşgulary terjime eden A. ÇÜRIÝEW.

«Sowet Türkmenistany» gaz. 29.10.1989.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 19 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: