11:23
Nohur degişmeleri
NOHUR DEGIŞMELERI

■ «GARA GÖRSEŇ AT...»

Çaý, çeşmeli, salkyn saýaly, tämiz howaly çar tarapy beýik daglar bilen gurşalan Garrynohur obasyna heý, bolmanda ýekeje gezek ýoluňyz düşüpmidi? Oňa bir gezek gadam goýan adam, soňam göwni telwas edip, bu oba myhman bolmagyň arzuwyndadyr.
Bu dag obasynda meniň Şamuhammet diýen dostum ýaşaýar. Oňa ýoldaşlary Şajan diýýär. Ol obada gurluşyk işlerine ýolbaşçylyk edýär. Arada Nohur obasyna myhman baranymda, ol maňa özleriniň täze salan kaşaň klublaryny görkezdi. Içine girseň, çykasyň gelenok. Obada türkmeniň gerçek ogly Muhammetguly Atabaýewiň ýadygärligi bar. Onuň gurluşygyna-da Şajan ýolbaşçylyk edipdir.
Şajan wäşi ýigit. Ýanynda bir otursaň, turasyň gelmez. Menem olaryň birnäçesini «Toýdan topukça» diýlişi ýaly okyjylara ýetirmegi makul bildim.
Bir gün goýnuň ýanynda döl alýas. Baýarymyz ýaşuly adam. Gije sürüme gidende günde bir diwary möjek alýar. Bir gün meň gitmeli gezegim baýar elime goşa tüpeň berdi-de:
– Şajan, gije goýnuň yzynda gara görünse, şo möjekdir. At – diýdi.
Menem gezegimi sowmak üçin sürüme gitdim. Gije iň yzda bir çebiş bar, şondan çen tutup, süriniň soňudygyny çak edýän. Seredip gelýän. Birden çebişiň «wä-ä» sesini eşitdim. Bir gara bar. Goşany gysdym. Barsam iki sany geçi aýak çalyp otyr. Seredip otursam, geçileň biri şahy bilen süsse nätjek! Bolsa-da bulaň damagyny çalyp, horjuna dykdym. Oba golaýlap gelýärdim weli, baýar öňümden çykdy. Elinde-de fonary.
– Nätdiň, möjegi alyp bildiňmi? – diýip soraýar.
– Aý, «gara görseň at» diýdiň. Möjekdir diýip atanym iki sany geçi bolup çykdy – diýdim.
O geçileň biri-hä ýaňky baýaryňky, beýlekisem inisiniňki bolsa nätjek!
Dogrusy ol:
– Aý, süýtli geçidi – diýip gynandy. Oba gelip, irden turubam, owlaklary sürä goýberdim. Bäş-alty sany geçi tapyşman mäleşýär. Buýam sesini çykarman geçilere seredip otyr. Men onuň ýanyna baryp:
– Täçmuhammet aga, näme bolupdyr? – diýip soradym. Ol:
– Aý, şu geçilere-de seçme degipmikän diýýän – diýdi.
Men ýaşulyň bolup durşuna zordan gülkimi sakladym.

■ «ÖLMESEŇ GÖZÜMDEN ÝAŞ ÇYKJAK DÄL...»

Çary molla diýip bir daýym bar. Bir gün onuň çagalary «Göroglyny» okaýan ekenler. Görogly atyny gözlemäge gitjek bolup ýola çykanda Agaýunusa «Men birden atymy diýip gidende Göroglydygymy tanap öldürseler, senem meniň ölendigimi eşitseň, näme diýip ýyglarsyň?» diýip, soran ýerine ýetende, Çary daýym aýalyndan:
– Döwletgül, men ölemde, sen näme diýip ýyglarsyň – diýip sorapdyr. Aýalam degişgen.
– Sen ölmeseň, gözümden ýaşam çykjak däl – diýip, jogap berýär.

■ KESELHANADA

Bir günem Kerim aga Aşgabatda keselhanada ýatyr. Menem ýörite ony soramaga bardym.
– Kerim aga, salawmaleýkim! – diýdim.
– Waleýkimessalam!
– Nähili ýagdaýyň?
– Aý, Şajan ölýän – diýdi.
– Kerim aga, sen ölmersiň. Hudaýtagala-da gowy adam gerek. Seni näme etsin hudaý tagala – diýdim.

■ NALÇIKDE

Arada Nalçige korurta gidip geldim. Baran günümiň agşamsy tans bolýan eken. Menem bardym. Tans başlandy.
Alyp baryjy bir artistiň adyny tutup, «Ol aradan çykdy. Ýöne onuň bir tans aýdymy bardy. Şony goýberjek» – diýip, yşygy öçürtdi. Her kim biriniň golundan tutup, tans meýdançasyna çykdy. Menem birini alyp çykdym. Garaňkylyk. Pyrlanyberdik. Ahyr ýadap, yşygy ýakdylar. Görsem, meniň alyp çykanym daýaw erkek kişi bolsa nätjek. Hernä garagolluk edip, ony ogşap zat etmändirin.

■ ŞAJAN WÄŞINIŇ ŞORTALARY

Bir gün Şajanyň ýoldaşy obadaşy Kerim agadan namaz okanda geýer ýaly bir telpek soraýar. Kerim aganyň özem degişmäni gowy görýän adam. Olam kinodaky Gandym aganyň geýýäni ýaly bir şyrdy telpegi berip: «Al, şunda okaber. Sogaby meniňki» diýipdir.
– Kelle baryny gören telpek bolarly. Geýer dagy eder ýaly däl.
Bir gün biri sadaka berdi. Ýaňky telpek alan oglan bilen bile şoňa barýas. Agşamara. Ýolda onuň bilen maslahat etdik. Kerim agany käýindirmeli. Gaharyny getirmeli.
Bardyk. Kerim aga-da otyr. Ol bize ýüzlenip:
– Näme, gijä galýaňyz märekeden?! – diýip sorady.
Menem ýoldaşymyň adyny tutup:
– Ýusup aýaly bilen dawa edýän eken. Men ony zordan öýünden çykardym – diýdim.
Kerim aga geň galdy.
– Gijäň içinde aýaly bilen näme dawasy barka?
Göreniň Ýusup, gepde hakyny giderjekmi?
– Kerim aga, maňa «Namaz okaňda geýersiň» diýip, bir telpek beripdiň. Ony men öýe salýan welin: «Munuň sirkesi, biti bar» diýip, aýalym daşaryk zyňýar. Dawamyz şo» – diýdi.

* * *

Ýene bir gün çyranyň aşagynda otyrys. Men:
– Ýusup, agşamara är-aýal bolup tamdyr başynda näme işläp otyrdyňyz? – diýdim. Olam:
– Aý, şo Kerim agaň beren telpeginiň bitini tamdyra kakyp otyrdyk – diýdi.
Kerim aga bolsa saklanyp bilmän:
– Indi telpek ýerine belaň sapyny alarsyň – diýip käýindi. Muňa oturanlar hezil edip gülüşdiler.

«Edebiýat we sungat», 22.11.2002 ý.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 123 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 24
0
17 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şasenem artykmac aladalanma, uyam. Sayta hic kime eyemsiretmeris, saytyñ eyesi - hemmamiz, tutuş il-günümiz. Ol meñkem dal, Sonañkam, yene kimdir birileriñkem ))

0
20 Trigger   [Mowzuga geç]
Agam saýtyňa eýemsireýän ýok-how. pikirimi aýtmaga hakym bardyr-a. nämüçin o gyz gybat edýär newospitenny hereketler edýär, oňa haý-küş diýmä derek goldaýaňyzlaý

0
21 Şasenem   [Mowzuga geç]
Wospitenniliñmi şy yazannañ, men edebiyat diyip gapysyn kakan yerimde maña edebiyat ugurda işlemeseñ añryñda şahyr bolmasa ýazma diyenlerin ýazzym. Onam gybat edip admine gizlin gür beremmok. Acyk ýetde yazzym. Lacynyn arkasyn yp yaanyñ maña señ kimliginni aysu beryan yalak. Redaktoryñam lacynyñam adyny bermannim öñara.

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Islän kişi islän ady bilen girip biler, islän kişi islän suratyny-da goýup biler, ha öz ady, ha lakam, ha öz suraty, ha Mikki Mausyñ suraty. Muny hic bir agza başga birine duşundirmage borcly dal. Islese duşundirsin, islemewe oz işi.
Bu zatlaryñ başga bir adamy ynjalykdan gacyrmagyna hic duşundirip bilemok. Biziñ işimiz saytda agzalaryñ şahsyyetini anyklamak, olaryñ maglumatlaryny toplamak dal, goyulyan maglumatlaryñ anyklygyny, dogrulygyny, hiliniñ yokarylygyny saklamak (paylaşylayn eserde awtoryñ dogry at-familiyasyny gorkezip) okyjylarymyzyñ gownuni awlamak. Bolany.

0
16 Sona   [Mowzuga geç]
Eý, Hudaý, Bu giden gürrüň nämä gerek. Sergezzanyň soramaga haky bar. Belki men oňa gyzykly bolandyryn. Dogrymy aýtsam, hekaýalryny okanymdan soň Sergezzan maňa-da gyzykly boldy. Sebäp entek ö duýgularyny olar ýaly tebigy beýan edip bilýän ýazyja duşanym ýadyma düşenok. Biraz stranny tip, ýöne men ynanýan ak ýürekli, ylymly adamdyr

0
19 Şasenem   [Mowzuga geç]
Adnin siteñda men şahsyma gödek dil ýetirildi inni men b adres dannyy bilip bilmage ukybymyñ bardygny görkezsem sana zelelim bolsadam şyl iki nik kim şonyny biljek. Siteñ gowy. Men redaktordan gownim galanny ayazzym. Lacynyn hem dahylly yeri bar men redaktorly wakamda. Men ar alnak ucin yazmadym dogry gownime deglenni yazzym. Bylara nabolya surprised

0
24 Trigger   [Mowzuga geç]
mysal üçin, ine ....Lacynyn hem dahylly yeri bar men redaktorly wakamda... diýýär.
onuň şahsy öýkesini saýtda ar aljak bolup ýörmän, ýanyna baryp gaýratyny görkezmeli eken, o goraýan gyzyňyz

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Trigger dordunji bolup sokulmak neneñkä onda? (Ana gorduñizmi menem bäşinji bolup sokuldym. Her kim okan zadyna erkin pikirini aydyp, başganyñ yazan teswiri b.n bolmasa, sayt nähili güllärdi. Haýp...)

0
22 Trigger   [Mowzuga geç]
Dördünji bolup sokulmak normalny agam. sebäp üçünjä haý-küş diýmek 4-njiňem 5-njiňem, 100-njiňem borjy..

ol ilkä 2 adamyň arasyna sokuldy. soňam başga bir saýta gidip biriniň masgaralanyşyna güldi.
normalnymy. goldaýaňyzmy şony.

seniňkem beýleki saýtlardan tapawudy ýok eken. kulturny ýerdir öýderdim

0
23 Trigger   [Mowzuga geç]
saýtyňda bular ýalylara agynap ýörmäge ýol berýäniňi bilmeýärdim. her kime diýesi geleni diýip ýörmeli däldigini biri düşündirmelidirä

0
9 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Sona, men seni düýşümdaki nägehana menzetdim. Onki soygulimin ady Sona'dy.

0
11 Sona   [Mowzuga geç]
Sergezzan, men siziň hekaýaňyzda okapdym, Şol ýerde aýdýadyňyz Sona dp.
Ýöne men o Sona däl, asyl meniň hakyky adym Sona däl. Işdeş gyzjagazym şu at bilen açyp berdi, şeýle gitdi.

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Sona, name ucin awatara öz ýüzüni goymadyn?

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
siz nämüçin nikiňize öz adyňyzy ýazmadyňyz?!

0
5 Şasenem   [Mowzuga geç]
"Sona" sen nämuçin Sona bolup girdiñ öz adyñdan girmediñ? surprised

0
6 Trigger   [Mowzuga geç]
Iki adam gürleşýärkä, üçünji bolup ara sokulmak terbiýesizlikdir, Şasenem!
on ýala türkmen Ýuwulmadyk çemçe ýaly diýýändir.
kim nädip girende saňa näme,
eserleri pka-da, şahslar bilen işiň bolmasyn,.
onsoňam Sonanyň Sona däldigini nireden bilýäň?
Belki onuň hakyky ady-da Sonadyr.

0
13 Sona   [Mowzuga geç]
Ýok, Trigger, meniň hakyky adym Sona däl.

0
15 Şasenem   [Mowzuga geç]
Trigger inni señ Sonañ ikinji erkek nikudigne ynannym. Başdan by kommentiñi okaman Lacyna şutga yazanma yaznny görip mynyny görmannirun. Men Şasenem Omarowa başga nigmem yok başga adymam yok. Namucin yeriniz daralya Sona-Trigger? Siz iki adam dal iki niikli bit adam. Oziñem s Son dal. Yene az-maz taz men haysy adresden kimdiggini hem aydyp bereyin saña. Meñ üçin señ olnyy dannyñy bilmegime bir gün ýeterlik uzaj dal. Yaz yene kimdigiñi namüçin çöwjeyaniñi barlag geçip bereyyin saña. Ýanyma çagyranymda ýüziñe nikap alyp gaytmagam unutma. Şy Sina-Trigger bolup başga birini kowup site eyesi bolup otranyna ahmal galma yone.

0
18 Sona   [Mowzuga geç]
Eý Hudaý, Nämeler diýýäňizä

0
7 Trigger   [Mowzuga geç]
pka-da Oka-da

0
8 Trigger   [Mowzuga geç]
Belki seniň hakyky adyň Şasenem däldir.
Sen nämüçin hakyky adyň bilen girdiň? Utanaňokmy aýal maşgala halyňa!

0
12 Sona   [Mowzuga geç]
Öz adyň bilen girýän ýok, her kim başga-başga at alýar dp şeýle açyp berdiler

0
2 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Gülelimi?

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Myň-a baaaram birhili sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: