00:15
Mynajat

MYNAJAT

Bilmen haçan, nireden başlady derdeserim,
Tor gurdy zalym pelek, gaçyp nirä giderin.
Gezýän içim hümledip, bilmen näme ederim,
Gaýyp boldy dünýeden iki didäm -pederim,
Käbäm-kyblam ene-atamy görsem diýip aglar men.

Ýüklenilýän apatlar laýyk däldir adyma,
Zerre ýazyksyz ýerden, ýandym töhmet oduna,
Göz ýetirdim adamdan peýda ýokdur adama,
Janlar çekip çagyrdygym, Jelil ýetdi dadyma,
Gullugynda gul bolup, dursam diýip aglar men.

Sogap işe ýanaşsam, ýagşylara ýar eden,
Günä işe ulaşsam, giñ dünýäni dar eden,
Görmek barmy görküñi, jemalyna zar eden,
Edeniñe kaýyl men, meni ýokdan bar eden,
Kelamyña ýar bolup, ýörsem diýip aglar men.

Göz aýlasam añryma, aslym ahun bolupdyr,
Gol göterip ýedi pir oña pata beripdir,
Düşüp Hakdan halata, atam Hydyr görüpdir,
Pederlermiñ pendini alman gezsem aýypdyr,
Köñlüm içre Käbäni gursam diýip aglar men.

Diýr Senaly, sözlesem laýyk bolup adyma,
Bilsem Hakyñ kelamyn, bat goşulsa badyma,
Müñkür-Nekir ýanynda Resul ýeter dadyma,
Bir Allanyñ buýrugy, borjum düşer ýadyma,
Parz, wajyp, sünneti bersem diýip aglar men.

Didarberdi ALLABERDIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Nurdan | Теги: Didarberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
0
2 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Bu mynajaty ýazan we ony bize ýetirene taňyrýalkasyn.

0
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Jeýhun, amin dogan, sizem Alla ýalkasyn

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Göz aýlasam añryma, aslym ahun bolupdyr,
Gol göterip ýedi pir oña pata beripdir,
Düşüp Hakdan halata, atam Hydyr görüpdir,
Pederlermiñ pendini alman gezsem aýypdyr,
Köñlüm içre Käbäni gursam diýip aglar men.

Şahyryň asly dogrymy aýtsam gyzyklandyrdy.

Birinji bendiň soňky setiri we soňky bendiň soňky sitirinde bogun nätakyklygy bar.

-1
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Revo, anyk aslyny bilmedim, dogan,
Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýar, ogully-gyzly, agtykly-çowlukly, döwletli adam. Polisiýa işinden pensiýa çykyp, ýurist bolup işleýärdi.. Häzirki wagtda bilmedim

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: