21:14
Ýa Sendendir, ýa Mendendir!
ÝA SENDENDIR ÝA MENDENDIR

Gelen myhman eglenmese,
Sendenmi ýa mendenmikä?!
Giden gaýdyp köwlenmese,
Sendenmi ýa mendenmikä?!

Goh-galmagal daşa çyksa,
Hossarlaryñ egri baksa,
Öýke-kine höwür cekse,
Sendenmi ýa mendenmikä?!

Bolmasañ maña ýürekdeş,
Tapylmasa saña syrdaş,
Gatnaşmasa dogan-gardaş,
Sendenmi ýa mendenmikä?!

Gaçyberse gadyr-gymmat,
Galyberse, hödür-hümmet,
Gidiberse rysgal-döwlet,
Sendenmi ýa mendenmikä?!

Öz aýbyñy kimden görjek,
Iç syryñy kime berjek,
Sowaberse gyzgyn gujak,
Sendenmi ýa mendenmikä?!

Diýr Senaly, syr gizlemen,
Hak biler, yalan sözlemen,
Özge günäkär gözlemen,
Ýa sendendir, ýa mendendir!

Didarberdi ALLABERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Nurdan | Теги: Didarberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 4.0/5
Всего комментариев: 8
0
8 Nurdan   [Mowzuga geç]
Hawa, ömrüni içeri işler gullugynda ýolbaşçy bolup işlän adam. Polisiýa işgärleriniñ gödeklemän, magtanman gezip bilýani ýok bora çemeli.
Didar aganyñam setirlerinde käri bilen bagly men-menlik ornuny tapan bolmagy-da ahmal. Emma hiç kime zyýansyz bir sözli, ajaýyp Ynsandygyny arkayyn, ýüzümiz utanman aýdyp bileris.

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Didarv aga ajayyp ynsan, ussat. Muňa şek-şubhe yok. Emma goşgularynda aşa resmilik duyulyar. Belkam bu onuñ öñ polisiya işgari bolup işlanligindendir, adamyñ käri hem belli bir derejede onuñ doredijiligine tasir edip bilyar ahyryn.
Maňa Didar aga b.n birnace gezek telefon arkaly sohbetdes bolmak miyesser etdi. Çeper sozuñ gadryny bilyan kämil ynsan.
Şu yerde onuñ:
"Açylsyn syrly pany, 
Üç okadym Gurhany, 
Senaly men Senaly" diyen setirlerini halamandygyy hem bellap gecmek isleyarin... Gurhan ozuni musulman sanan her kesiñ okayan-okamaly-okamaga borcly... kitaby. Ony okandygyñy magtamak gulaga yakymsyz eşdilyar...

0
5 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Pegas, Magtymgulyşynas Didar aganyñ öz aýtmagyna görä, Hezreti Magtymgilynyñ mälim bolan goşgularynyñ baryny diýen ýaly ýatdan bilýar eken. Şeýle-de Mukaddes Gurhany üç gezek okandygyny:
"Didar sana dogany
Açylsyn syrly pany,
Üç okadym Gurhany,
Senaly men Senaly" diýip belleýar. Ajaýyp Ynsan. Ussat Şahyr.

1
6 Pegas   [Mowzuga geç]
Dogry onda. Tüweleme.

1
4 Pegas   [Mowzuga geç]
Didarberdi aga barada ýaşululardan köp öwgüli sözler eşidipdim. Esasanam Magtymgulyň şygyrlaryny bilşi barada.

1
3 Eziz   [Mowzuga geç]
Gowy

0
2 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Şirhan, hawa aýdymy owadan, şu goşgyny ilkinji gezek dutarda ýerine ýetiren gyzylarbatly ýaşuly adam eken, ýañy-ýakynda bizde bejergi aldy, şonda şu aydymly diskini biziñ ählimize sowgat paylady, şonda goşggynyñ döreýşi we aýdyma gećirişlerini gürrüñ berýar. Görüp otursak bar bela Didar aganyñ özünde eken.. D

Täşli ähli aýdymlary gowy ýerine ýetirýär

1
1 Şirhan   [Mowzuga geç]
Aýdymyny gowy görýän şu goşgynyň. Täşli Tülegenowyň ýerine ýetireni.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: