20:34
"Il-günüme ak ýürekden hyzmat ederin!"
«IL-GÜNÜME AK ÝÜREKDEN HYZMAT EDERIN!»

Onjyk Musaýew bilen söhbetdeşlik

– Onjyk Musaýewiç, halk wekilligine saýlawlara Siziň kandidaturaňyz biragyzdan hödürlenildi. Siziň ýeňiş gazanjakdygyňyza uly umyt baglaýarys.
Indi Siz düşnükli bolar ýaly, Halk maslahaty bilen Mejlisiň aratapawudy barada birki agyz aýdaýsaňyz!

– Mejlis Kanun çykaryjy döwlet organy. Halk maslahaty bolsa halk häkimiýetiniň iň ýokary organy hasap edilýär. Ýöne Halk maslahatynyň kararlary Mejlis üçinem, beýleki ýerine ýetiriji, serenjam beriji, hojalyk guramalary we beýleki döwlet guramalary üçinem hökmanydyr. Deňeşdirip aýdanymyzda, ozal ata-babalarymyzyň döwründe geňeş ýa-da oba ýaşulularynyň maslahaty diýen zatlar bolupdyr-a. Mysal üçin, uly bir işiň başy tutulanda, toý-tomaşa bilen baglanyşyklymy ýa agyr ýowuz gündemi, obanyň hormatlanýan adamlary ýygnanyşyp, geňeş edýän ekenler. Ýaşulular näme maslahat eden bolsalar şoňa han-beglerem, serdarlaram boýun bolupdyrlar.
Biziň Prezidentimiz, partiýamyzyň Başlygy Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow hem türkmeniň ata-baba gelýän däp-dessuryny, özboluşly halk häkimiýetiniň strukturasyny dikeltmek maksady bilen, oňa täze öwüşgin, ösüş derejesini bermek maksady bilen Halk maslahatyny ýola goýaýsak nähili bolýar diýip, il-günümize, halkymyza sala saldy, Mejlise sala saldy. Ony halkam, Mejlisem goldady. Mejlisiň karary boýunça ol Konstitusiýamyza girizildi. Prezidentimiz Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow Halk maslahatynyň başlygydyr.

– Birinji sekretar hökmünde Siziň halk wekilligine kandidat edilip görkezilmegiňiz partiýa üçin uly abraý. Eýsem-de bolsa, Siziň TDP-niň Syýasy Sowetiniň birinji sekretarlygyna saýlananyňyza känbir onçakly wagt geçmese-de, partiýanyň durmuşynda birtopar öňe gidişlikler boldy. Muny Siziň adyňyz bilen baglanyşdyrylmagynyň hem jany ýok däl bolsa gerek.

– Sowalyňyza düşündim. Işiň göwrümi ulaldygyça, jogapkärçiligi artdygyça kynrak düşýär. Men köp ýerlerde işledim. Siz meni öňräkden bäri tanaýaňyz. Kesämden bilýäňiz, golaýdan bilýäňiz, garaz bilýäňiz-dä.
Uniwersitetde, Aşgabadyň syýasy magaryf öýünde, medinstitutda, beýleki ylmy-barlag institutlarynda işledim. Hemme işde-de men özümi gaýgyrman işledim.
Partiýanyň belli bir döwürde abraýy gaçdy. Partiýamyzyň Başlygy Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň akylly-başly hereketi netijesinde, bizde beýleki ýerlerdäki ýaly, gödegräk edip aýdylanda «aklar-gyzyllar» syýasaty ýöredilmedi. Asudalyk, agzybirlik, doganlyk, parahatlyk Prezidentimiziň syýasaty. Şol syýasat gyşarnyksyz dowam etdirilip gelinýär.
Soňky wagtlarda partiýanyň abraýy dikelýär. Saparmyrat Ataýewiç Syýasy Sowetiň III Plenumynda çykyş edende özboluşly programmalaýyn söz sözledi. Şonda-da ol partiýa durmuşyň ähli sferalaryna işjeň goşulyşmaly diýip aýtdy. Döwlet organlarynyň etmeli işini etmeli däl-de, onuň iki eli, iki aýagy hökmünde ony goldap çykyş etmeli diýdi. Soňky döwürde men welaýatlaryň hersinde birküç sapar bolup geldim. Plenumlaryna gatnaşdym. Ýönekeý zähmet adamlary bilen golaýdan gürrüňdeş boldum.
Öňki ýaly kabinetlerde busluşyp oturamzok. Köpräk il-günüň arasynda bolunýar. Wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Partiýanyň halkyň içindäki abraýy artýar. Munda partiýamyzyň Başlygy Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň şahsy göreldesi uly rol oýnaýar.

– Onjyk Musaýewiç, Siz iş bilen baglanyşykly Prezidente ýakyn adamlaryň biri. Siz onuň bilen häli-şindi duşuşyp durýaňyz. Şonda Siziň Prezidentiň ilki bilen haýsy häsiýetleri gözüňize ilýär?

– Her gezek Saparmyrat Ataýewiçiň nuranalygy üçin, «Gel» diýip, ýerinden turup seni garşylaýanlygy üçin, göwnüň açylýar. Durmuşda şeýle ýagdaýlar bolýar, keýpiň ýokka, şähdiň açyk dälkä, işiň ugruna bolmanda käbir adamlary güler ýüzli göreňde keýpiň göterilip, gaýgy-gam daşda bolup, iş bitiresiň gelýär. Hyjuwly barýarkaň käbir adamlary göreňde, gürrüňdeş bolaňda birhili erbet täsir edýär.
Saparmyrat Ataýewiç tebigaty boýunça beýik mertebeli nurana, hoşniýetli adam. Muny dünýäniň adamlary hem ykrar edýär.
Döwletiň baştutany bolmak ýeňil iş däl. Million adam – million häsiýet, million alada bolýar. Taňryň güni bar bolsa, onuň – Prezidentiň aladalary müň bolýar. Şulara basylman zat etmän, esasyraklaryny saýlap alyp, gerdenine düşen agyr ýüke garamazdan, Türkmenbaşynyň adamlary güler ýüz bilen gowy garşylamak häsiýeti meni ruhlandyrýar. Ýadaw bolup baraňda-da täze işlere hyjuwlandyrýar.
Saparmyrat Ataýewiç her bir zada aňyrsy bilen göz ýetirýär. Arada bir gürrüňde ol: «Onjyk, sen pylan zady okapmydyň?» diýdi. Meň özüm bilimim boýunça taryhçy weli, şony okamandyryn. «Okamok» diýip boýun aldym. Ýöne özümi asgyn duýdum. Ýa-da «Çar tarapdan» bolýan gepleşikleri diňlemäge-de, «Watan» programmasyna seretmäge-de, gazetlerde ýazylýan wakalar dogrusynda-da wagt tapýar. Ýygnak geçirip oturandyr... Ol ýa-da başga bir etrabyň häkimine ýüzlenip, «Şu gün seniň etrabyň hakynda «Çar tarapda» gürrüň gitdi. Diňlediňmi?» diýip soraýar. «Türkmenistan» ýa-da «Watan» gazetindäkini okadyňmy?» diýip soraýar. Men şeýle adamlara baş egýärin.

– Ikiňiziňem oglanlyk ýyllaryňyz meňzeşräk eken. Ikiňizem ýetimçiligiň azaryny çekipsiňiz.

– Biz üç dogan. Men hem iki aýal doganym, ikisi-de menden kiçi. Men dokuz ýaşymdakam ejem pahyr dünýäden ötdi. Ol giň göwünlidi, göz öňümde galyşyna görä, nurana ýüzli, hamrak, süýji dilli, gelşikli, görmegeý aýaldy. Ejem pahyr maňa «Baljan, balam» diýerdi pahyr. Ýatan ýeri ýagty bolsun. Käbäm enem...
Kakam pahyr öz döwrüniň sowatly adamsydy. Ene-ata diýeniň uly güýç bolýar. Ylaýta-da ir döwürde mahrum bolan ene-ataň hakynda tolgunman gürrüň etmek bolmaýar. Çuňňur pikire batman gürrüň etmek mümkin däl. Saparmyrat Ataýewiç, ýadyňyzda bolsa, arada ene-atasynyň sadakasynda ýesirlikde wepat bolan kakasyny atyşlaryny gürrüň berende damagy doldy. Bu tebigy duýgy-da!
Kakam ir döwürde komsomol işgäri eken. Aşgabada gelýär. Otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda «Ýaş kommunist» gazetinde işleýär. Soň ejem pahyr nähoşlaýar. Kakamy «Saýwan» sowhozynyň syýasy bölüminiň naçalnigi edip işe iberýärler. Olar bir ýyla ýetip-ýetmän Gazanjyga gaýdyp gelýärler. Komsomolyň Krasnowodsk obkomynda işleýär.
Ejem pahyr gowy adamdy. Her kimem öz ejesini gowy görýändir. Düýn-öňňünem Gazanjyga baryp gelemde deň-duş joralary ejemi ýatlap meni tolgundyrdylar. Dogan daýzam gelip: «Oguldöndi pahyryň ogly» diýip, gujaklap ogşady. Ejem pahyryň ýogalyşy ýadymda. Meni köşeşdirjek bolup, «Gel, saňa köp aş bereli, palaw bereli. Ine, uly süňk berýäs, et berýäs» diýip güýmeýärdiler. Men çaga-da bolsam hemme zady aňşyrýan. «Ejem jany jaýlamaga menem gitjek» diýip, aglap-eňränim şu günki ýaly ýadymda.
Kakamy bütin raýon hormatlaýardy, sylaýardy. Telim ýyllap raýkomyň agzasy boldy. Pensiýa sykandan soň-soňlaram adamlar ýanyna maslahata gelýärdiler. Howlymyzyň içindäki mellek ýerde gawun ekilerdi. Kakam pahyr her geleni boş gaýtarmazdy. Üzüm salkymyndan ýa-da gawundan dadyrardy. Men emeli gürrüň edemok. Ol Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda-da söweşipdir. «Katýuşa» atýan eken. «Nemes «Katýuşadan» öler ýaly gorkýardy» diýip gürrüň berýärdi.
Kakamyň sag golunyň tirseginiň aşagy ýokdy. Ýüzünde, arkasynda seçmäniň yzlary mese-mälim bildirýärdi. Ýazanda çep eli bilen ýazýardy. Ejem ýogalandan soň çep eli bilen hamyr ýugurýardy. Özi taryhçysy. Köp ýyllap mugallymçylyk etdi.
Men uniwersitetiň 2-nji kursunda okaýarkam, kakam maňa: «Ejeňiz ýogalansoň, men şu at-abraýym bilen özüme mynasyp ýanýoldaş tapyp bilýärdim. Ýöne men siziň gaýgyňyzy edýärdim. «Ejeňiziň ornuny tutup bilermi, bilmezmi?» diýýärdim» diýdi.
Ejem pahyr ýogalanda kakam mugallymçylyk edýärdi. Ol elli üçünji ýylyň tomsunda ýogaldy. Şondan soň kakam, ýüregi gysýandyr-da, nas atmaga başlady. Şu günki ýaly ýadymda, «Däde men ulalsam, nas ataýynmy, çilim çekeýinmi¬» diýip soradym. Çaga-da, onuňam «Me, şuny et» diýip, ýaňagyma şapbat çalanyny bilýän.
Men altmyş bäşinji ýylda uniwersiteti tamamladym. Şo ýylam aspiranturada alyp galdylar. Bir ýyl – ýarym ýyl işleseň, staž bolsa 67 manat stipendiýadan ýüz manat stipendiýa ganymat bolar diýip iki ýyl işledim.
Altmyş ýedinji ýylyň ýigriminji dekabrynda kakam düwünme keselinden ýogaldy.
Meň bir ökünýän zadym, taňrydan nägile zadym-a ýok weli, ýöne özümi armanly duýýan: ýaňy bir indi oňa hyzmat etjek wagtym pahyryňam şeýle bolşy hiç göz öňümden gidenok.

– Durmuş durmuş bolýar. Isleseň-islemeseň ýamana-da, ýagşa-da duşýaň. Mahlasy, durmuşda gowy görýän, ýigrenýän zatlaryňyz näme?

– Gowy görülýän zatlaryň hemmesinem gowy görýän. Päli pes bolmaklygyň, kiçi göwünli bolmaklygyň tarapynda. Edil hemme wagt özüm pes pällidirin, kiçi göwünlidirin, men gowudyryn diýip biljek däl. «Özüni öwen akmak» diýýär. Ýöne özüme özüm erk edýän pursatlarymda pes, kiçi göwün bolmaga dalaş edýän, hapyr-hupur haramzadalary ýygnaşdyryp ýörmegi halamaýaryn.
Erbetligi, ýigrenmeli zatlary hemmelerem ýigrenmeli. Ýöne käbiriniň erbetlik edýän wagtynda, ýagdaýyňa görä giň, pähimli boljak bolýan, edil özüniň edişi ýaly etjek bolmaýan, geçirimli boljak bolýan. Meniň ýigrenýän zadym ýalançylyk. Jynym atlanyp, ýigrenýän zadym ogurlyk, orramsylyk. Ikiýüzlülik edilende meňki bolmaýar. Hemme adamlar gülala-güllükdir, özümem ýagdyryn diýip biljek däl.
Käbir adam bolýar, derejesi ýokary. Wezipesi ýokary. Durmuş üýtgedýärmi ýa-da wezipe, birhili ulumsylyk edýär. Sen näçe ýokarda bolup, päliňi näçe pes tutsaň, özi üçin gowy boljakdygyna düşünenok.
Käbirleri düýbünden hiç zat ýokdur weli hondanbärisi bolup ýörendir. Bular-a men «işigaýdan» diýýän. «Taňryň döreden bir mahlugy» diýip düşünýän. Men olara düşünýän. Ýöne sowatly, düşünjeli adamlaram käýarym ulumsylyk edip üýtgäýenlerinde, men olara nebsim agyrýar. «Miweli agajyň başy aşak» bolýandygyna düşünmek gerek.
Gatnaşyk arassa bolmaly, ejize ganym bolmaly däl, ulumsy bolmaly däl. Edepli, sowatly, hormatly adamlaryň öňünde baş egýärin. Çynym bilen, ak göwnümden hormat goýýan.

– Onjyk Musaýewiç, saýlawçylaryňyzyň öňünde ilkinji aýtjak zadyňyz näme?

– Prezidentimiziň syýasatyny goldamak, agzybirlik, asudalyk hakda aýdaryn. Muny men Prezidentiň pariýamyzyň Başlygydygy, meniň hem birinji sekretar bolup işleýändigim üçin däl-de, ýönekeý graždaninligim üçin däl-de, ýönekeý adam hökmünde şu syýasaty goldamaly diýýärin.

– Onjyk Musaýewiç, işleriňizde üstünlik gazanyň!

– Taňryýalkasyn!

«Syýasy söhbetdeş» gazeti, 18.11.1992 ý.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 51 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: