10:07
Öten agşam
ÖTEN AGŞAM

Öten agşam ýagyş ýagdy şybyrdap,
Säher tursam, duman dagy öpüpdir.
Haýbatly sil gamçysyny bulaýlap
Derýaň köprüsinden aşyr atypdyr.

Öten agşam garagol Aý ýatmady.
Käte bulutlarda özin gizledi
Käte bolsa akyp barýan bulutlaň
Yzyn yzçy tazy kimin yzlady.

Men bolsa şo mahal seni ýatladym,
Ýagşyň çalýan mukamyna diň salyp.
Armanlar ýüzüme ýylgyryp bakýar
Men oňaýýan uludan bir dem alyp.

Derýadaky batly sil deý akyp dur,
Meniň saňa bolan gizlin yhlasym.
Her öwrümde täzelige garaşýar
Bilesigeliji kejir ykbalym...

Ýöne bu gün säher juda üýtgeşik,
Bulutlar bir-birin eýgerip barýar.
Göwnüm armanlarmy yzda galdyryp
Arzuwlarym bilen beýgelip barýar.

Jümjüme
Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 3.8/5
Всего комментариев: 12
0
11 Jumjume   [Mowzuga geç]
Gadyrdan Revo! Biz başga-başga zatlañ gürrüñini edýäs-ä. Hany şeýle pursatlar bolar, bulutlar çaltlyk bn süýşüp barýandyr,ýöne biziñ gözümize bulut däl-de Aý süýşýän ýaly-hereket edýän ýaly görünýä. Ana şony gözöñünde tutupdym goşgyda.

Aý aýlanybersin öz we ýeriñ daşyndan. Barybir bize ony adaty göz bn görmek başardanog-a.

Belligiñ ün sagbol! Ýa biz düşünişmedik,ýa-da men düşündirip oñarmadym...

0
12 Revo   [Mowzuga geç]
Uzak ýazypsyň. Düşünýän.

0
9 Pegas   [Mowzuga geç]
Gaty kiçijek bellik (ylalaşman bilersiňiz): işliklerden alynan kapyýa hiç wagtam goşgyny bezänok. Umuman haladym. Üstünlikler!

0
8 Jumjume   [Mowzuga geç]
Sagboluñ!

Aýyñ hereket etmeýäni hemme kişä aýan elbet,ýöne şeýle görünýändigi ün hereketde edip görkezdim. G.Ezizow aýdýara Gün Aý aslynda dogmaýar-ýaşmaýar ,ýöne biz henizem şeý diýýäs diýip. Aýyñ hereketliligem şeýleräk bir zatda

0
10 Revo   [Mowzuga geç]
"Aýyñ hereket etmeýäni hemme kişä aýan"

Aý, öz okynyň daşyndana bir aýlanýar, ýeriň daşyndanam aýlanýar...

0
7 mango   [Mowzuga geç]
düýn
Armanlar ýüzüme ýylgyryp bak(dy)
Men oňaý(dym) uludan bir dem alyp.
bu gün
Göwnüm armanlarmy yzda galdyryp
Arzuwlarym bilen beýgelip barýar.
bu gün düýnkiden gowy gün.
goşgam goşulyberipdir.
üstünlikler.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Her öwrümde täzelige garaşýar
Bilesigeliji kejir ykbalym...
---
"bilesigeliji" agyrrak okalýamy?

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Öten agşam garagol Aý ýatmady.
Käte bulutlarda özin gizledi
Käte bolsa akyp barýan bulutlaň
Yzyn
yzçy tazy kimin yzlady.
---
Aý bulutlary yzarlap hereket etdimi?
garagol Aý diýsänim. durmadymy duran ýerinde?

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýyldyzjyklar paylaşylan esere okyjyñ beren ballyny añladyar. 1 ball berseñ 1 yyldyz, 5 ball berseñ 5 yyldyz, aşagynda ball derejesini san b.n gorkezip durandyr.

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Haweran,ýyldyzjyklar nämäni añladýar biz näme üçin goýup bilmeýäs???

0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]
Rahmat aka kattakan rahmat smile

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: