23:54
Neylärem
NEÝLÄREM

Boş gaýtarma dergähiñden,
Arzymanym arz eýlärem.
Ýalançynyñ gowgasyndan,
Gaçyp bilmesem neýlärem?!

Asy:ýam, şer söbügime
Düşmüş, goýmaz öz günüme,
Bagt lybasyn täleýime
Biçip bilmesem neýlärem?!

Ýelmiñ gapym kakyp geçen?
Garaşanym geler haçan?
Otag boşap, şemi öçen
Syrym çoh, äşgäri- peçan
Açyp bilmesem neýlärem?!

Şasenem OMAROWA.
Просмотров: 104 | Добавил: Şasenem | Теги: Şasenem Omarowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 20
0
18 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şasenem, oña derek "Kitapcy"-nyñ redaktory doredijilik b.n meşgullanyan-meşgullanjak, indi zehinini synajak ähli talantly yaş oglan gyzlarymyza gapysyny giñden açyar. Ähli yazyp "ozuñiz u.n saklan" goşgularyñyzy paylaşyp bilersiñiz..

0
20 Şasenem   [Mowzuga geç]
Haweran, bolya smile

0
17 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Seniñki bir şowsuzlyk bolupdyr,Şasenem.Meñ öwrenje goşgumy ilkinji gezek çap edenem "Edebiýat sungatdy"
Onsoñam bir zat aýdaýyn käbir goşgularyñ çap edilenden çap edilmäni bähbitdir.Şu wagta çenli çap etdiren goşgularymdan diñe 7-8 sanysy göwnüme laýyk.Galanyny il ýüzüne çykaranma ökünýän.
Şu ýerde ýazanlaryñy paýlaşda özüñi kämilleşdiriber.
Soñ şu ýerde goýanlaryñdan iñ gowularyny saýlap,metbugata elektron poçta ugradaýarsyñ.Gerek bolsa,menem ugradyp bererin.Bärde ruhdan düşer ýaly hiç zat ýok.
Ýazmagyñy dowam et!

0
19 Şasenem   [Mowzuga geç]
Mahym, bolya smile

0
16 Şasenem   [Mowzuga geç]
Agza bolamda telimin klawaturasy näsaz işleyardi. ş ç ýalak harplary yazyp bolanokdy Site agza bolmagym maña düşümli boldy biggrin telefonymam täzeledim. Siteni döredenlere, ýörjen ýörjen wagty aýak üstine galdyryp ýöredenlere, adminlik edip ýöredýanlere, sagbol aydyan smile angel1

0
15 Şasenem   [Mowzuga geç]
Kop wagt soñ ak ýürekli bir gelin maña şu siteni maslahat berdi. Bir yyl bari siten daşyndan okayan. Şuñ ýalak siteñ ýöredilyanine daşyndan guwanyan.

0
14 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ol adamyñ aydanlary meñ ýüzüme urlan yaly agyr degdi. Ondan soñra hiç yerde bermedim goşgularmy. Başarsam yazmajak boldum. Okatmajak bolsam yazmam gerek däl ahbeti.

0
13 Şasenem   [Mowzuga geç]
Baş redaktoryñ (atlandyryp durmayyn) maña aydanlary
"Aslyñda yazyan yok bolsa, gutaran ugruñ edebiyat, žurnalistlik bilen bagly bolmasa metbugata çykardyp nätjekdiñ goşgulañy, ýazda özüñ üçin saklaber!"

0
12 Şasenem   [Mowzuga geç]
Oñ maña beren jogaby hem maslahaty meni metbugat, žurnalist, edebiyatcy diyen yalyrak atlandyrylyan kimseleriñ nä derejede kütek adamçylyksyz adam ekendiklerine ynandyrdy.

0
11 Şasenem   [Mowzuga geç]
Bir gezek ýolum düşüp Edebyat sungat redaksiyasyna bardym, baş redaktor ilki meñ kärimi sorady, soñra aslymda yazyanyñ yazmayanyñ bardygyny ýokdugyny sorady. Men hem aslymda yazyanyñ yokdugyn aytdym

0
10 Şasenem   [Mowzuga geç]
Gazet -žurnala ugradyp gördim, cykarmadylar

0
9 Şasenem   [Mowzuga geç]
Öñ daşyndan okayadym. Çagalygymdan ýazyjy şahyrlary gowy göryan.

0
8 Şasenem   [Mowzuga geç]
Site täze agza boldum,

0
5 Pegas   [Mowzuga geç]
Awtor täze, ýöne goşgy täze geleniňki däl. Haladym. Höwri köp bolsun.

0
7 Şasenem   [Mowzuga geç]
Awtor täze goşgy täze geleniñki däl bu-da näme diýmek Sapa biggrin

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Goşgularyñyzdan yetirip duruñ. Üstünlik arzuw edyärin.

0
6 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ok smile

0
3 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ol setirde düşmüş sözni yzarlaýar manysyny beryar diyip saldym. Münmüş bolsa bolmayan yalak.
Bolyar, ýetirerin goşgulamdan.
Goldawyña sagbol Mahym smile

0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Šasenem pikriñiz erbet däl.Pikriñizi beýan edişiñize has-da göwnüm ýetdi.Gep uruşyñyz öwrenjelikden bireýýäm çykanlygyñyzy syzdyrýar.
Indi säwlikler barada:
Ýalñyşmasam söbügime düşmüş däl-de münmûş bolmaly.(başga okyjylaryñam pikrini bilmek isleýän)
Soñky bentde pikre ullakan bir goşandynyñ ýoklugyna garamazdan bäş setir goýulmagy ýaramady.Otag boşap şemi öçen setiri bolmasada goşgy hiç zat ýitirmezdi.
Şasenem döredijilik üstünlikleri arzuw edýän.Başga formadaky synanyşyklaryñyzy hem görmek isleýän.

0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Behh..

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: