21:52
Sekiz günläp Owganystanda
SEKIZ GÜNLÄP OWGANYSTANDA

I.

Üstümizdäki ýylyň maý aýynyň 6-syndan 13-i aralygynda Owganystan Respublikasynda bolmak miýesser etdi. SSSR Žurnalistler soýuzynyň delegasiýasy üç adamdan – Belorussiýa Žurnalistler soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Wikentýewiç Safronenko, Başgyrdystan Žurnalistler soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy, respublikanyň halk deputaty Rizwan Zakyrhanowiç Hajyýew we şu setirleriň awtoryndan ybaratdy.
Ozal Owganystan hakda kompozitor Ata Esadow bilen birnäçe aýdym ýazanam bolsak, öň bu toprakda bir gezek hem bolup görmändim. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlip, hak aýdylan eken. Muňa men owgan topragyna baranymdan soň, ýene bir gezek göz ýetirdim. Bu ýurt hakda öňki okanlarym, eşidenlerim bir ýana, gören zatlarym hem bir ýana. Ilki bilen gadymy owgan ýurduna nazar salalyň.
Ýurduň 16 million ilaty bar. 2384 kilometr biziň bilen araçäkdeş. Ýurt köpmilletli. Munda puştunlar, täjikler, özbekler, hazarylar, türkmenler, çaraýmaklar, nurustanlydyr buluçlar, gazak, gyrgyz, arap we başga milletler ýaşaýar. Gepiň gysgasy 20 milletiň, 100 taýpanyň wekilleri ýaşaýarlar.
Ýurt 31 welaýata, 191 uýezde, 100 wolosta, 35 müňe golaý gyşlaga bölünipdir. Welaýatlara gubernatorlar (käbir welaýatda general-gubernator) ýolbaşçylyk edýär. Olar ýurduň prezidenti tarapyndan bellenilýär, şonuň üçinem olar gös-göni hut prezidentiň garamagynda.
Kabulda 2 million adam ýaşaýar. Iň uly şäherleri Gandagar, Hyrat, Mazary-Şerif, Jelalabat, Gunduz.
Häzir ýurtda demokratik özgerilişikler ýola goýulýar. Bu Owganystan hökümetinde-de mese-mälim duýulýar. Öň hökümet ýolbaşçylarynyň ählisi halk demokratik partiýasynyň agzalary (häzir ol Watan pariýasy diýlip atlandyrylýar – A. Ç.) bolan bolsalar, indi beýle däl. Geçen ýylyň maýynda prezident Najybulla premýer-ministrlige partiýada däl Halekýary belläpdir. Täze hökümetiň sostawynda ýolbaşçy wezipeleriň 36-syndan 12-si Watan partiýasynyň agzalary, 1-i Owganystan zähmetkeşleriniň rewolýusion guramasynyň agzasy, 23-si bolsa partiýada däl adamlardyr.
On iki ýyldan bäri dowam edýän uruş ýurduň ykdysadyýetine, oba hojalygyna, magaryfyna uly zarba urupdyr. Kabulyň özünde, uly şäherlerde mugallym kadrlary ýetmezçilik edýär. Mekdep jaýlary ýeterlik däl. 15 we ondan ýokary ýaşly ilatyň sowat derejesi 18 prosent. Mekdep ýaşly çagalaryň diňe 40 prosenti okaýar. Ýurtda 1365 sany mekdep bar.
Kabulda, Nangarharda, Balhda, Hyratda uniwersitetler bar. Kabulyň özünde yslam uniwersiteti ýola goýlupdyr. Mundan başga-da paýtagtda politehniki institut (SSSR-iň kömek bermegi bilen) medisina, pedagogik institutlary işleýär. Kabulda magdan-nebit, awtomehanik, oba hojalyk tehnikumlary hem bar.
Oppozisiýaçylar tarapyndan ýurtda 1,8 müň mekdep weýran edilipdir, mugallymlaryň 2 müňden gowragy öldürilipdir.
Ýurtda ortaça ýaşaýyş derejesi 41 ýaş. Täze doglan 1 müň çagadan 200-250-si ýogalýar.
Owganystanda radiostansiýalaryň 25-si işleýär. Radio iki dilde puştu we dari dillerinde alnyp barylýar. Daşary ýurtlar üçin bolsa iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, urdu we beýleki dillerde taýýarlanylýar. Başga ýurtlarda ýaşaýan owganlar üçin «Watan sesi» atly gepleşik berilýär.
Owganystanyň milli telewideniýesi 1978-nji ýylyň martyndan bäri işleýän eken. Biz telewideniýäň jaýynda bolduk. Telemerkezine aýlanyp, studiýalaryny synladyk. Telewideniýäniň jaýy berk goralýar. Eli ýaragly esgerler, tank howla girilýän ýerde dur.
Biz diňe bir Kabul şäherinde däl, eýsem birnäçe ýyllap gazaply söweşleriň geçen ýerlerinde hem bolup gördük. Harby wertolýotly Nangarhor welaýatyna degişli uýezdleri, gyşlaklary ýokardan synladyk. Welaýatyň merkezi şäheri bolan Jelalabadyň san-sajaksyz dükanlaryna aýlandyk. Dükanlarynda göwün islän zadyňy almak bolýar. Ýöne olaryň nyrhy hem göwün diýeniňden ýokary. Her niçigem bolsa eýdip-beýdip bahalaşmak bolýan eken. Biziň synlan dükanlarymyzyň eýeleriniň köpüsi hindi milletinden bolan adamlar. Olar köp döwürden bäri şu ýerde ýaşap, mekan tutupdyrlar. Olar özleriniň däp-dessuryny, egin-eşiklerini saklapdyrlar.
Biz «Uazik» maşynlaryna münüp Jelalabat şäherinden 25 kilometr uzaklykda ýerleşýän harby postlaryň 2-nji liniýasyna tarap ugradyk. Birki ýyllykda-da biziň ýönelen tarapymyz majehetleriň elinde eken. Biziň ýanymyzda welaýatyň general-gubernatorynyň döwlet howpsuzlygy boýunça orunbasary, polkownik Sabyr hem bar. Orta ýolda biziň öňümizden üsti ýükli, adamly bir äpet maşyn çykdy. Birsalym olar bilen gürrüňdeş bolduk. Olar owgan söwdagärleri bolup Pakystan tarapdan gelýän ekenler. «Majehetler olara känbir degip duranok. Sebäbi olar söwdagärleriň üsti bilen ep-esli gazanýarlar. Ýolda saklap, her maşyndan 2-3 milliona çenli paç alýarlar» diýip düşündirdiler.
Ikinji liniýada gurlan harby postdan biz majehetleriň eýeläp oturan ýerlerine dürbi bilen seretdik. Garnizonyň komandiri podpolkownik Seýit Zerwerjandan: «Bu ýerde majehetler bilen iň soňky söweş haçan boldy?» diýip soradym. Ol «Geçen ýyl» diýip jogap berdi. Ikinji liniýada aňyrda üçünji liniýa bar eken. Olam hökümet goşunlarynyň gözegçiliginde. «Şu duran ýerimizden Pakystanyň araçägi 60 kilometr» diýdiler.
Jelalabat şäherinde öň Zahyr şanyň dynç alýan köşgüne aýlandyk. Köşk diýseň köşk. Ol bir asyrdan gowrak wagt mundan öň Abdylla han tarapyndan salnan eken. Zahyr şa gyşyna üç aýlap şu köşkde ýaşaýan eken. Sebäp diýeniňde Jelalabat subtropik ýer bolansoň, gyşyna şeýle bir sowuk bolmaýan eken. Köşgüň içindäki Zahyr şanyň dynç alýan otagyna, maşgalasy bilen gelende bolýan otagyna aýlandyk. Bular köşgüň ikinji gatynda ýerleşýär. Köşgüň içi mermer daşyndan. Ýeri gelende aýtsak, Kabulda-da köp jaýlar mermerden salnan. Çünki Owganystanda bu daşy uly harajat çykaryp başga bir ýerlerden getirmegiň geregi ýok. Şeýle daşa owgan topragy gaty baý.
Welaýatyň general-gubernatory, general-polkownik Muhammet Afzal Ludin sowet, polýak, hindi we şwed žurnalistleriniň köp sowallaryna jogap berdi.
Oppozisiýalar Kabula tarap barýan ýoly ýapmak üçin Jelalabada gaty köp hüjüm edipdirler. Olar käbir ýeňiş gazananam bolsalar, pirimleri başa barmandyr. Jelalabatdan 83 kilometr uzaklyga çenli täze harby postlar döredilipdir. Emma muňa garamazdan, üç ýyldan bäri olar bu gara niýetlerini amala aşyrmak üçin dek ýatanoklar. Geçen ýylyň özünde olar Jelalabadyň üstüne 12 gezek hüjüm edipdirler. Her gezegem hökümet goşunlary olary yza serpikdiripdir. Olaryň ýeňlişiniň sebäbi oppozisiýaçylaryň öz içinde agzybirlik ýok, şeýle hem olar olja alan zatlarynyň üstünde oňuşmaýarlar.
Oppozisiýalardan arassalan gyşlaklarda, uýezdlerde ýykylan suw desgalary dikeldilýär. Jelalabatda zeýtun zawody işe girizilipdir. Datunta elektrik stansiýasynyň işi ýola goýlupdyr, telefon stansiýasy gurlupdyr.
Oba hojalygyna aýratyn üns berilýär.
Häzir welaýatda 289 müň adam hökümediň kontrollyk edýän ýerlerinde ýaşaýar.
Logar welaýatynyň Bagjan jülgesinde hökümet goşunlary uly ýeňiş gazanypdyrlar. Biz söweş operasiýalaryna ýolbaşçylyk edýän general-polkownik Azym Zormäti bilenem şo jülgede tanyşdyk. Hatda az wagtyň içinde dostlaşmaga-da ýetişdik diýsem lap etdigim bolmazdy. Onuň ady ýurtda meşhur. Ol uly wezipäni eýeleýär. Azym Owganystan Içeri işler ministriniň birinji orunbasary. Ol dürli söweşlerde ýedi ýerinden ýaralanypdyr. Biz generalyň beýik dagyň üstündäki ştabyndan maşynly aşak düşüp gelýärkäk öňümizden üç-dört sany BTR bilen onlarça esgeri, owgan ýaşulularyny görüp, saklandyk. Öňümizden barýan general maşyndan düşdi. Onuň kömekçisi biziň maşynymyzyň ýanyna gelip, «Eger gaty görmeseňiz, maşyndan düşmän otursaňyz» diýdi. Ýanymda oturan sowet ilçihanasynyň 3-nji sekretary Andreý Konstantinowiç Ýuşmanowa puştu dilinde bir zatlar düşündirdi. Andreý Konstantinowiç onuň aýdanlaryny bize düşündirdi. «Bular Pakystana giden adamlar. O ýerik gitmänkäler şu jülgede ýaşaýan ekenler. Indem gelipdirler. Häzir general bilen gepleşik geçirjekler» diýdi.
Töwerek-daşyň asudalygyna garamazdan, bir tegelek bolup oturan adamlary eli ýaragly esgerler gurşap aldylar.
Şu ýerde maňa Andreý Konstantinowiç şeýle bir wakany gürrüň berdi. Geçen ýyl ýurduň premýer-ministri Halekýar gyşlaklaryň birinde şeýle gepleşik geçirip otyrka, prowokatorlaryň biri olary tüpeň okuna tutupdyr. Halekýaryň özi ýaralanypdyr, hökümet goşunynyň tarapyna geçen oppozisiýaçylaryň komandirleriniň biri öldürilipdir.
10-15 minut maşynyň içinde oturanymyzdan soň, bize gelip «General size rugsat berýär. Eglenmeli boljak. Barjak ştabyňyza özüm bararyn, gidiberbsinler» diýip aýtdylar.
Bizi generalyň adamlary ugradyp, başga bir söweşjeň polkuň ştabyna getirdiler. O ýerde biz polk komandirleri, podpolkownik Şirhan (34 ýaşynda, rusçany oňat bilýär. Nowosibirskide okapdyr), polkownik Faruk Tupan (30 ýaşynda) polkownik Soltan Zargun (40 ýaşynda) bilen duşuşyp, söweş ýagdaýlary bilen tanyşdyk. Olar bize majehetler bilen söweşlerde ele salnan daşary ýurtly ýaraglaryň birgidenini görkezdiler. Şolaryň içinde ABŞ-da öndürilen «Sakard–30» raketasy hem az däldi.
Birnäçe wagtdan soň generalyň özi hem geldi. Ol ýaşulular bilen ylalaşyga gelendiklerini aýtdy. «Pakystandan maşgalaňyzy göçürip getiriň. Biz size jaý dikeltmäge-de kömek ederis» diýip general söz beripdir. Azym Zormäti 40 ýaşandygyna garamazdan eýýäm general-polkownik harby çinine eýe bolupdyr. Bu onuň söweşlerde gaýduwsyzlyk görkezýändiginden alamat. Esgerleriň, ofiserleriň arasynda onuň abraýy uly eken.
Wagjan jülgesinde Owgan telewideniýesiniň harby redaksiýasynyň baş redaktory Ýasin Hamuş hem boldy. Ol aýdymçy şahyr eken. Biziň dilmajymyz Wahyt Maksudy hem onuň redaksiýasynda işleýär. Wahyt Moskwada, Patris Lumumba adyndaky uniwersitetde okap, hukuk bilimini alypdyr.
Agşam Owgan telewideniýesinde biziň Wagjan jülgesinde bolanlygymyz hakda puştu we dari dillerinde sýužet görkezdiler.
Kabul şäherinde bize Babyryň bagy diýilýän ýerde bolmak miýesser etdi. Ol 50 gektar ýeri tutup otyr. Şo bagda Zahyretdin Muhammet Babyr şanyň metjidi bar. Metjit 1056-njy hijri ýylynda salnypdyr. Onuň gurluşygyna bir müň owgany harç edilipdir. Babyryň mazary hem metjidiň gapdalynda. Ol 899-njy hijri ýylynda tagta geçipdir. 937-nji ýylda, 49 ýaşynda Agra şäherinde ýogalypdyr. Aradan çykmazyndan ozal, onuň özi «Eger men öläýsem, onda meniň jesedimi Kabula äkidip jaýlaň» diýip, wesýet edipdir. Onuň wesýeti berjaý edilipdir. Babyryň guburynyň çepinde 3 sany mazar bar. 2-si uly adamynyňky, biri hem ýaş çaganyňky bolmaga çemeli. Sagynda hem bir mazar – ol Babyryň aýalynyň gubury.
Şu guburlaryň ýokarsynda bolsa onuň gyzy jaýlanypdyr. Gyzyň ady Hatyja eken. Bagyň içinde ullakan bir goja çynara gözümiz düşdi. Ol köp-köp wakalaryň şaýady bolan bolmaly.
Bagyň bagbany 66 ýaşly Muhammet Hüseýinden başga-da ýene-de 25 adam şu baga hyzmat edýän eken. Bagdaky uly howuzda aladasyz-gamsyz owgan çagalarynyň hezil edip suwa düşüşlerini synladyk, baga seýil etdik.
Pursatdan peýdalanyp, men şu ýerde SSSR-iň Owganystandaky Baş ilçisiniň geňeşçisi Aleksandr Stepanowiç Oblow hakda birki agyz aýtmakçy. Ol ellinji ýyllaryň ahyrlaryndan bäri Owganystanda işleýär. Ol owgan topragyna, owgan adamlaryna bäş barmagy ýaly belet. Ony baran ýerinde güler ýüz bilen garşy alýarlar. Aleksandr Stepanowiç puntun diline suwara. Iki ýurduň arasyndaky goňşuçylykly gatnaşyklary, dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda onuň hyzmaty uly.
Biziň delegasiýamyz sekiz günläp owgan topragynda boldy. Sekiz günläp bu topragyň nazy-nygmatlaryny, duz-çöregini iýdik. «Bir gün duza müň gün salam» diýlişi ýaly, owgan topragynda bolan günlerimiz biziň uzak wagtlap ýadymyzdan çykmaz.
Owganystan bu gün agyr günleri başdan geçirýär. Indi näçe wagtdan bäri Pakystan plasdarmyndan owgana hüjüm edilýär. Biz baranymyzda majehetler Hosta hüjüm edip, ony eýelän ekenler. Hökümet goşunlary oňa jogap hökmünde Wagjan jülgesini oppozisiýaçylardan azat etdi. Bu-da uly ýeňiş.
Häzir döwlet býužetiniň 65 prosenti goranyşa gidýär. Watan partiýasynyň agzalarynyň 72 prosenti bolsa söweşýär. Biziň söhbetdeş bolan adamlarymyz sowet esgerlerini, ofiserlerini uly hormat bilen ýatlaýarlar. Sowet goşunlary çykandan soň, hökümet goşunlary ýeňiler diýip, welilik satan adamlaryň pikiri ýalana çykaryldy.
Owgan goşunlary oppozisiýalara berk zarba urýar. Ýerli ilat hem indi kimiň-kimligine göz ýetirip ugrapdyr.
Haçanda majehetler Hosty eýelände, eden-etdilige ýüz urupdyrlar. Dükanlary talapdyrlar, ilata zorluk, sütem edipdirler.
Ýurduň prezidenti Najybullanyň giň programmasy bar. Ol urşy bes edip, «tegelek stoluň» başynda ylalaşyga gelmegi öňe sürdi. Emma oppozisiýaçylaryň ýolbaşçylary muňa boýun bolanoklar. Şeýle-de bolsa halkyň aglaba bölegi Najybullanyň syýasatyny goldaýar.
«Kyýamat güni goňşudan» diýen bir gowy pähim bar. Biziň bu gadymy pähimi unutmaga hakymyz ýok. Sowet Soýuzy bilen Owganystanyň dostlukly gatnaşyklary Beýik Oktýabrdan soň hasam berkäpdi. Şeýle goňşuçylykly gatnaşyklar Patyşa Russiýasy döwründe-de bolupdy. Baryp 1921-nji ýylda owgan lýotçikleri Russiýada okadylar. Owganystan sekiz ýüz müň altyn puly, galla bilen Powolžýäniň açlyk çekýän halkyna iberipdi.
Haçanda faşistik Germaniýa Sowet Soýuzynyň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozanda Owganystan hökümeti german we italýan ilçihanasyny öz ýurdundan çykarypdy. Owgan tarapyndan sowet territoriýasyna ýekeje-de ok atylmandy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda owgan esgerleriniň birtopary sowet goşunlarynyň hatarynda söweşmek bilen Berline baryp ýetdi. Uruş gutarandan köp ýyllardan soň şol esgerleriň biri diri eken. Oňa Watançylyk urşy ordeni gowşurylypdyr.
Beýik sowet alymy Nikolaý Wawilow 1927-nji ýylda «Zemledelçeskaýa Afganistan» diýen işini ýazan eken. Ol şu işini ýazmak üçin alty aýlap bütin owgan topragyny paý-pyýada aýlanyp çykypdyr.
Owganystanyň sahy topragy bar. Topraga bagry badaşan janypkeş babadaýhanlary bar. Olar ýylyň bütin dowamynda gök önüm bilen ýurdy üpjün edýär.
Owganystan baý ýurt. Ýöne ol häzir öz baýlygyna erk edip bilenok. Baýlyga erk etmek üçin ýurduň asudalygy gerek. Owganystana şu wagt hemme zatdan zerur zat – parahatçylyk!
Biz Kabulda bolan günlerimiz Owganystan bilen SSSR Žurnalistler soýuzlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekdik. Owgan tarapyndan Owganystan Žurnalistler soýuzynyň başlygynyň orunbasary Farid Şaýan gol çekdi. Oňa SSSR-iň wekili hökmünde menem öz golumy goýdum.
Goňşuçylykda şeýle pähim bar: «Gel okaram, git okaram, gelmeseň, gitmeseň, ýit okaram». Hak aýdylan sözler!

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Kabul–Moskwa–Aşgabat. 1991. Maý.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 40 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: