20:23
Ynsap
YNSAP

Obamyzda Meret Adybaý ogly atly bir ýaşuly bardy. Peşeneli bu ýaşulynyň ýogalanyna ýigrimi ýyldan gowrak ötüpdir. Emma ony Sumbar jülgesinde, ondan uzaklarda-da tanamaýan, ony ýatlamaýan adam az-az. Men kämahal pikire batyp oturýan, oýlanýan: halkyň özüne şeýle uly mertebe goýmagyny ýaşuly nädip gazanyp bildikä?
Hawa, Meret aga il-günüň derdine ýarap bilýän adamdy. Ol obanyň toýuna, ýasyna baştutanlyk edýärdi. Muny halkyň özi isleýärdi. Ýöne Meret agaly meseläniň başga bir tarapy-da bardy. Aşgabatdan obamyza myhman bolup gelýän uly-uly işgärlerem Meret aga bilen salamlaşman, onuň bilen gök çaýyň başynda söhbet gurman gaýtmaýardylar. Ýa-da bolmasa, obada ýa-da raýonda bir jedelli mesele ýüze çykanda, hut raýkomyň birinji sekretarynyň ýa-da raýispolkomynyň başlygynyň gelip, Meret agany öňlerine salyp, meseläni oňyn çözendikleriniň ençeme gezek şaýady bolupdyk. Obamyz serher ýakasynda ýerleşen soň, serhetçilerem bu ýerde ýaşaýardylar. Olaryňam komandirleri Meret aganyň ýanyna gelip, içgin söhbetdeş bolýardylar.
Bu paýhasly goja ýogalan soň, oba boşap galan ýaly boldy. Tutuş obanyň agzyny birikdirip oturan pähimli adam ýogalanda şeýle bolýan ekeni.
Arada men ussat ýazyjymyz Gurbandurdy Gurbansähedow bilen söhbetdeş boldum. Söhbetdeşini bada-bat özüne çekip bilýän halypa ýazyjy gürrüňini biziň obadaşymyz Meret aga syrykdyrdy. Men oňa geň gayjylyk bilen seretdim. Şonda ol Meret aga bilen baglanyşykly bir gyzykly wakany gürrüň berdi.
Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda oba bir süri doňuz getirdiler. «Doňuzlara kimi çopan edip goýmaly?» diýen mesele ýüze çykýar. Kolhoz başlygydyr oba Sowetiniň ispolkomynyň başlydy oňa Hoja agany bellemegi maslahat bilýärler. Uzak gürrüňden soň, Hoja aga doňuzlaryň garamatyny öz boýnuna alýar. Günleriň birinde Hoja aganyň maşgalasynda täze çaga dünýä inýär. Şu mynasybetli maşgala toý edýär. Toýa ähli obadaşlaryny çagyrýarlar. Emma şol gün onuň toýuna ýek-tük bolaýmasa, hiç kimem gutlamaga gelmändir. Bu ýagdaý Hoja agany gynandyrýar. Ol gaharyna kolhoz başlygynyň ýanyna baryp, bolan wakany gürrüň berýär-de, özüni doňuz çopançylykdan boşatmagyny talap edýär. Kolhoz başlygy birsalym içini hümledip oturandan soň, Hoja agany ýanyna alyp, Meret agalara ugraýar. Meret agada şo wagt goňşy obalaryň birinden ýaňy gelip oturyşy eken. Oňa bolan wakany gürrüň berýärler.
– Häý, bihepbe diýsänim. Doňuz idedýäniň aýalynyň talak, çöreginiňem haramdygy hakdaky bihepbe gürrüňi kim ýaýradyp ýörkän? Halal zähmetiň hiç mahal haramy bolmaz. Toýuňy ýaňadan tut – diýip, Meret aga çopana maslahat berýär. Toý täzeden tutulýar. Şol gün Meret aga ilkinji bolup, oba ýaşulularynyň on-on bäş sanysyny yzyna tirkäp, doňuz çopanynyň toýuny gutlamaga gelýär. Muny eşiden adamlar obanyň içine ýaýran telek gürrüňe gulak goýman, çopanyň toýuny öz toýlary ýaly edip sowýarlar.
Men bu söhbetimi ýöne ýerden pähim-paýhasy, sowady, belent adamkärçiligi bilen halkyň içinde uly hormata, at-abraýa mynasyp bolan ýaşuludan başlamadym. Onuň ýokary okuw jaýyny gutaranlygyna güwä geçýän diplomy-da ýokdy. Ýa-da bolmasa, uly wezipäniň eýesi-de däldi. Ol bütin manyly ömrüni kolhoz işine bagyş eden adamdy. Halal zähmet çekip, gün gören adamdy.
Ol öz sözüniň hakyky eýesidi. Elbetde, bütin bir obanyň ýaşulusy bolup, iliň öňüne düşmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Onda-da il-günüň hakyky hormatyna mynasyp bolmak. Şeýle adamlar bir ýa iki däl. Olar köp. Emma iliň öňüne düşenden bolup, il-günüň ynamyna ikilik eden adamlara welin az gabat gelmedik. Bu erbet keselden saplanybermek ýeňil däl oguşýa. Ol öz köküni ýaýradypdyr, köklerini çuňluklara urupdyr. Ýogsam bolmasa, biz häli-şindi şol adamlar hakda yzyny üzmän janygyp gürrüň etmezdik.
Maňa häli-şindi jogapkär partiýa, sowet işgärleri bilen duşuşmak miýesser edýär. Ýa-da bolmasa, men olaryň iş alyp barşyna, halk bilen näderejede gatnaşyk saklaýşyna syn edýärin. Olaryň birnäçesi halky yzyna düşürip bilýän, halkyň öňünde öz jogapkärçiligini duýýan adamlar. Emma birnäçesinden weli göwnüň suw içmeýär. Adam nämedir bir zada, kimdir birine ynanýar. Adam ynam bilen ýaşaýar. Ynamyň ýok ýerinde adamkärçiligem, belent tribunadan aýdylýan dabaraly sözleriňem manysynyň ýokdugy indi hemmämize belli hakykat.
Birnäçe ýyl mundan ozal partiýanyň Garrygala raýkomyna N.Saryýew diýilýän adam ýolbaşçylyk etdi. Öň ol partiýa işinde köp ýyllap işlän. Onuň raýona işe geleninden kän wagt geçmänkä, oba adamlarynyň o hakdaky sowuk-sala gürrüňleriniň şaýady boldum.
Ýurdumyzda üýtgedip gurmaklygyň ýaňy başlan uçurlarynda adamlar täze birinji sekretardan köp zatlara garaşýardylar. Ony ýygy-ýygydan öz aralarynda görmek isleýärdiler. Emma adamlaryň ondan eden tamalary çykmady. Ony raýonyň hojalyklarynda däl-de, eýsem-de bolsa Garrygala–Gyzylarbat aralygyndaky ýolda görüp oňýardylar. Çünki onuň ýaşaýan ýeri Gyzylarbat şäheri bolansoň, her gün irden ýüz kilometre golaý ýol geçip Garrygala gelýärdi, işden soňam şonça ýoly külterläp, Gyzylarbada gaýdýardy. Onuň şeýle iş stili birnäçe wagtlap dowam etdi. Saryýewiň birinji sekretarlyk eden ýyllary raýonda düzgün- bozmalar ösdi. Ykdysady we medeni dereje pese gaçdy. Adamlarda ýolbaşça bolan ynam gowşady. Ahyrky netije nähili boldy? Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Saryýew işinden boşadylyp, partiýa hataryndan çykaryldy. Raýon zähmetkeşleriniň aglabasynda bu ýolbaşçy hakda ýaramaz ýatlamalar galandygyny men anyk bilýärin.
Ýöne men başga bir zady hem bilýärin. Biz o wagtlar çagadyk. Ellinji ýyllaryň ortalarynda biziň raýonymyza Nowruz Dusaýew atly adamy sekterat edip işe iberdiler. Ol bu ýerde birküç ýyldan köp işlemändi. Ondan bäri otuz ýyl töweregi wagt geçipdir. Emma raýon adamlary Nowruz Dusaýewiň adyny häli-şindi ýatlaman oňup bilenoklar. Olar ony diňe ýagşylyk bilen ýatlaýarlar: «Busaýewiň döwründe gurdurylan ýok, Dusaýewiň saldyran mekdebi, merkezi posýologa çeşmeden turba arkaly agyz suwuny Dusaýew çekdiripdi». Garaz, sanasaň sogaby bar. Häzir Nowruz aga biziň aramyzda ýok. Ol öňňil segsen ýaşynyň içinde aradan çykdy. Emma o hakdaky mähirli ýatlamalar ýaşamagyny dowam etdirýär.
Men ozal komsomol işlerinde ýolbaşçy wezipelerde işlän bir kommunisti tanaýaryn. Soň ony uly raýonlaryň birine partiýa komitetine ýolbaşçy hökmünde iberdiler. Başda onuň işe ýapyşyşy erbedem bolmady. Ýöne onuň soňabaka hakyky häsiýetleri açylyp başlandy. Ol buýruk bermek esasynda işi alyp barjak boldy. Halkyň arasyna baranda gödek gürleşmäni çykardy. Haçan-da ol raýon merkezinden uzakda ýerleşýän dag obalarynyň birine baranda adamlar oňa öz hal-ýagdaýlaryny aýdýarlar, öz obalarynyň medeni we sosial ýagdaýyny gowulandyrmak üçin alada edilmegini talap edýärler. Akylly-başly gürrüň etmegiň deregine, onuň kakyny tutup: «Maňa näme Reýganyň ogludyr öýdýäňizmi?» diýip, akylyňa-oýuňa düşmejek jogap berýär. Şeýle jogapdan soň, oba adamlarynyň raýon ýolbaşçysyna bolan garaýşy nähili bolar öýdýäňiz? Bu öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Ol ýolbaşçy raýonda uzak işläp bilmedi. Işi opurany üçin ony wezipesinden boşatdylar. Ýöne barybir ony işsiz goýmadylar. Haýsydyr bir güýçli gol ony has-da jogapkärli wezipä çekip çykardy. Ýeri, muňa näme diýjek?
Bir adama, onda-da ýolbaşçy işde işleýän adama köp zat bagly. Ýöne bir adamyň göwnüni görjek bolup, durgunlyk ýyllary öwezini dolup bolmajak maddy we ruhy ýitgilere sezewar bolmadykmy näme? Maddy ýitgileriň öwezini dolmak üçin, belki-de sanlyja ýyllar gerek bor. Emma ruhy ýitginiň öwezini dolmaga näçe wagtyň gerek boljakdygy belli däl.
Sumbar jülgesinde ýerleşýän Könekesir obasyndan üç-dört kilometr uzaklykda, dagyň eteginde Şyhattaryň mawzoleýi bar. Ol baryp-ha XII–XIV asyrlarda salnypdyr diýip alymlar aýdýarlar. Şunça asyrlap başyny dik tutup oturan mawzoleýiň bu gün haly harap. Şonuň üçinem oba adamlary üýşüp, içine ýagyş-ýagmyr girmezlik üçin onuň depesine demirden halka ýasadylar. «Taýak gelýänçä ýumruk» diýlişi ýaly, adamlar öz eden işlerinden hoşal boldular. Emma olaryň göwnühoşlugy uzaga çekmedi. Aradan salym geçmänkä, raýkomyň sekretarlarynyň birinji ýolbaşçylygynda gelen komissiýa bu demir halkany göz-açyp ýumasy salymyň içinde aýyrdy. Eýsem-de bolsa, bu nämäniň hatyrasyna edildikän? Asyrlaryň ýykyp bilmedik täsin ýadygärligini indi biz bu günki gün öz elimiz bilen ýykmalymykak? Bu akyla sygmajak zada baş urlanda, hiç kimiň «Siňizki nädogry. Bu öz döwrüniň uly alymy, uly lukmany, uly filosofy bolan Şyhattaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlik» diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrmaýşyna oturyp-oturyp haýranlar galýarsyň. Eýsem-de bolsa, munuň biziň ruhy göýdükligimiziň anyk bir mysaly dälmi näme?
On bäş-ýigrimi ýyl mundan ozalam Şyhattaryň içi-daşy abatdy. Oba ýaşululary oňa esewan bolýardylar. Indi welin onuň içini synlanyňda, agyň tutýar. Mawzoleýiň içindäki guburyň daşynda gadymy ussalaryň sünnäläp ýasan agaçlarydyr gapylaryny sary garynja iýip gutaryp barýar. Mawzoleý bilen ýaşytdaş belent başly çynar oňa penakär hökmünde saýa salyp otyr. Men mawzoleýden çykyp, yzyma dolananymda, göwnüme bolmasa, çynar misli onuň halyna gyýylýan ýaly zaryn ses edýärdi. Şonda içimden pikir etdim: «Şyhattary ýagyş-ýagmyryň erkine bermegi höküm eden raýkomyň şol wagtky sekretary şu zaryn sesi eşitdimikän?».
Bir adamyň gujur-gaýratyna, yhlasyna, ukybyna köp zat bagly. Munuň diňe bir ýolbaşçy adam däl-de, ýönekeý daýhana-da degişlidigine ýene-de bir gezek göz ýetirmek bolýar. Golaýda biz iki ýazyjy bolup Nohur hem-de Sumbar sebitlerinde döredijilik komandirowkasynda bolup geldik. Nohur obasynda bize bir babadaýhan adam hakda gürrüň berdiler. Oňa Saparmyrat Döwletsähedow diýýän ekenler. Ellinji arka atan Saparmyrat aga bilen tanşanymyzda, onuň bilen birnäçe sagatlap söhbetdeş bolanymyza gaty begenýärin. Bu zähmetkeş adamyň topraga yhlas siňdirip, toprak hakdaky aladalary, oýlanmalary hemme taraplaýyn üns bermäge gaty mynasyp. Ol sanlyja ýylyň içinde suwsuz takyrap ýatan dagyň içinde onlarça gektar meýdany gülzarlyga öwrüpdir. Onuň ýetişdiren baglary bu günki gün öz miwesini berýär. Ol ilki bu zatlary ekmek üçin görgi baryny görüpdir. 1700 metr ýerden turba arkaly suw çekipdir. Kanuny bozmasa-da, düzgüni bozupsyň diýip, jogapkärçilige çekmekçi bolupdyrlar. Emma ol öz tutanýerliligi bilen maksadyna-da ýetipdir.
Ol biziň bilen söhbetdeş bolup durka, giden bir boş ýatan meýdany görkezdi.
– Ine, şu ýerlerden bir müň tonnadan gowrak kartoşka hasylyny alyp boljak. Eger ýer sürýän traktordyr tohum bilen üpjün etseler, men şu ýerden bir müň tonna kartoşkany döwlete tabşyryp biljek – diýip, Saparmyrat aga aýdýar.
Bu babadaýhan adam döwlet möçberinde pikir edýär. Ol raýonda ilkinjileriň biri bolup, kärende potratçylygyna geçipdir. Geçen ýyl ol döwlete 300 tonnadan geçirip ir-iýmiş, gök önümlerini tabşyrypdyr. Emma bu kärendeçi maşgalanyň hajatlary bilen kolhoz ýolbaşçylarynyň asla gyzyklanmaýandygyny eşidenimizde, gynanjymyzyň çägi bolmady.
Indi men telim ýyllap halkymyzyň merdana ogly, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň ömür ýolunyň sahypalaryny öwrenýän. Onuň göreşden doly ömri biziň şu günki ýolbaşçylarymyza nusga alarlykdyr. Atabaýewiň belent adamkärçilik sypatlaryna, partiýanyň işine jany-teni bilen berlenligine, onuň öz halkynyň aladasy bilen ýaşanlygyna, bütin durky bilen bolşewik bolanlygyna haýran galýarsyň. Ol elmydama halkyň arasynda bolmak bilen, öz halkynyň däp-dessuryna, onuň hajatlaryna gaty belet bolupdyr. Sözi bilen işi hiç haçan aýry çykmandyr. Ol Moskwa baranda kimdir biriniň göwnüni görjek bolup, ýany bilen agyr-agyr sowgat äkitmändir-de, haltany toprakdan dolduryp, uly adamlaryň ýanyna barypdyr. Olardan şu topragyň düzümini öwrenmeklerini, bu toprakda egsilmez baýlygyň bardygyny, ony halka, ýurda gaýtaryp bermegiň aladasyny edipdir. Ine, şu sypatlary üçinem halk oňa ynanypdyr, oňa hormat goýupdyr.
Söz bilen iş aýra çykmaly däl. Biziň muny hiç haçan unutmaga hakymyz ýok. Muny bize beýik Lenin wesýet edip gidipdir.

Ýanwar, 1989 ý. «Sowet Türkmenistany» gazeti.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 25 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: