20:16
Teke aganyñ ýatlamalary
Partiýanyň weterany TEKE AGANYŇ ÝATLAMALARY

Ýetmiş dört ýaşly Teke aga indi kyrk ýedi ýyldan bäri partiýa çleni. Uzak ömür ýoluny geçen bu adama Sumbar etrapynda uly sarpa goýulýar.
Ol Garrygalanyň Ýartygala obasynda garyp daýhanyň maşgalasynda dünýä inýär. Oglanlykda durmuşyň agyr şarpygyny dadýar. Emma ol kynçylyklaryň öňünde müzzermeýär, öz maksady ugrunda göreşýär. Halal zähmet çekip, halal çörek iýýär.
Onuň söhbetlerini diňläp, bir raýonyň mysalynda halkyň nähili agyr kynçylyklary başdan geçirendiginiň şaýady bolýarsyň. Atalarymyzyň ykbalyna nazar aýlap uly taryhymyzyň öwrümli ýollaryndan geçýärsiň.
Teke aga söhbetinde ilki bilen öz kakasyndan söz açdy:

– Kakam, Meretguly Teke ogly örän garypdy. Özleri üç dogan bolup, ata-eneden ir jyda düşüpdirler.
1926-njy ýylda reforma geçirilende kakama ýer-suw berdiler, işçi mal satyn almaga pul karz berdiler. Oňa hem kakam bir öküz bilen bir ýaby satyn aldy. Biz köne garyp çatmada ýaşaýardyk. 1932-nji ýylda garyplar guramasy daşary ýurda gaçan bir baýyň gara öýüni berdi.
Kakam 1927-nji ýylda partiýa girdi. 1929-njy ýylda kolhoz gurluşygyna işeňňir gatnaşdy, partýaçeýkanyň sekterary boldy. TK(b)P raýkomynyň çlenligine, oba şurasyna deputat saýlandy. Kolhoz başlygy, oba şura başlygy boldy, 1933-nji ýylda Gyzylarbatdaky sowet-partiýa mekdebinde okady.
1939–1933-nji ýyllarda Çakangala obasyndaky zastawada Zaharçenki diýen bir ukrain ýigidi naçalnik bolup işledi. Ol adam serhetçilere kömek berýän otrýad döretdi. Şol otrýadyň on sany çleni bardy, otrýadyň başlygy Annamergen Myradowdy. Şonuň çlenleri – meniň kakam, Nyýaz Hudaýberdi, Pirek Tatmämmet, Şirmämmet Tatmämmet, Altaý Myrat, Nyýazberdi Anna, Meret Aba, Ýolly Berkeli we başgalardy. Şu döredilen otrýad serhedi bozýanlara garşy berk göreşdiler. Olaryň hemmesiniň bäşatar ýaragy bardy. Soň Annamergen Myradow 1938-nji ýylda günäsiz ýerden tutulyp, «halkyň duşmany» diýip Bäherdendäki serhetçiler otrýadyna äkidilip, urlup öldürildi. Meniň kakamy hem «halkyň duşmany» diýip, 1938-nji ýylyň 9-njy fewralynda işläp ýören ýerinden tutup äkitdiler. Ondan şu çaka çenli derek tapyp bilemok.

– «Ogly kakasy üçin jogap berenok» diýen jümle şol wagt ýörgünli eken. Size nähili garaldy?

– 1938-nji ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda Gyzyl Goşuna çagyryş komissiýasy bolanda maňa NKWD-niň şol wagtky işgäri Aldaýew (milleti uýgur) «Kakaň halkyň duşmany, Sowet häkimiýetine garşy iş edipmidi?» diýip sorady. Men hem «Kakam Sowet häkimiýetine kömek berdi. Hiç hili erbet iş etmedi» diýdim. Meni barybir «Kakasy halkyň duşmany» diýip goşuna almadylar.
Uruş turanda men raýon «Gyzyl Ýyldyz» gazetinde jogapkär sekretar bolup işleýärdim. Kyrk ikinji ýylyň martynda sekiz sany ýigidi goşun gullugyna çagyrdylar. Sekizimiziň hem kakamyz «halkyň duşmany» diýlip tutulandy.
Ýöne bizi fronta ibermediler. Bizi ynamsyz adam hökmünde Krasnowodskiniň Ufra diýen ýerinde demir ýolda işlemäge iberdiler. Şol ýerde men dört aý işlänimden soň keselläp, gospitala düşdüm. Iki aý gospitalda ýatdym, soňra meni ikinji gruppaly inwalid edip boşatdylar. Garrygala geldim, raýispolkoma işe aldylar, ýöne uruşdan soň hem «halkyň duşmanynyň ogly» diýip, köp azar berdiler. Birnäçe gezek ýokarky ýolbaşçy işlere partiýanyň raýkomy, obkomy tassyklandan soň hem MK tassyklaman gaýtardy. 1948-nji ýylda meni 2 ýyllyk respublikan partiýa mekdebine almaly etdiler. Emma okuw başlamagynyň öň ýany «Kakasy tussag bolan» diýip galdyrdylar.

– Teke aga, siz uruş döwründe tylda zähmet çekmeli bolupsyňyz. Şol döwürler hakda-da aýdaýsaňyz!

– Men Beýik Watançylyk urşy döwründe raýplanyň başlygy hem raýispolkomyň başlygynyň orunbasary bolup işledim. Şol döwürde fronta köp azyk önümini, şaýlary geýim, pul, kümüş şaýlary ýygnap bermegi oňat guradyk. Şol döwürde raýon boýunça ýigrimi sekiz kolhoz bardy. Kolhozlar her ýyl 8400 gektar ýere galla ekerdi. Şol hojalyklar her ýyl içi müň tonna ýakyn gallany mejbury suratda eşek, at, düýe bilen çekip döwlete bererdi.
Dänäniň her kilosyna köne pul hasaby bilen 8 köpük tölenerdi. Her sentnerine 8 manat, her tonnasyna 80 manat pul berilerdi. Bu düzgün tä Stalin ölinçä 1953-nji ýyla çenli dowam etdi.
Daýhanyň mejbury suratda galan gallasyndan daşgary hem ýene kolhozlarda ýygnak geçirip, goşmaça galla ýygnap alardyk. Daýhanlar bar gallasyny döwlete berip, özi aç galardy. Galla taýýarlygyna garşy çykanlar hem boldy. Bir gezek «Görelde» kolhozynda döwlete ýene galla bermeli diýip ýygnak edenimizde, daýhanlar närazyçylyk bildirdiler. Mämmetmyrat diýen bir brigadir «Biziň galanja gallamyzy hem alyp bizi aç öldürjekmi?» diýdi. Köp düşündirip, näme-de bolsa olary razy edip, döwlete ýene 30 tonna galla tabşyrdyk.
Her ýyl döwlet kolhozçylar üçin 50-den 100 müň manada çenli harby zaýom çykardy. Şol zaýomy hem kolhozçylara ýerleşdirdik. Daýhanyň puly ýokdy, diňe ýazylyş listine gol çekerdi. Puly nagt almalydy. Daýhanyň adyna kolhoz karz pul ýazardy. Her ýylyň ahyrynda hasaplaşyk geçirerdi. Şol harby zaýomlary ilat arasynda ýerleşdirmäge gatnaşmaly bolupdy. Özüm bolsa harby zaýomlara her ýyl bir müň manada çenli ýazylyp, puluny tölärdim.
1954-nji ýyla çenli her daýhan hojalygy döwlete on bir dürli salgyt tölärdi. Malyň bolsa-bolmasa-da, her ýyl döwlete 40 kilogram et, 40 ýumurtga, 3 kilogram sary ýag, 2 sany deri bermelidi. Pul salgydy, zaýom, oba hojalyk salgydy, girdeji salgydy, özara salgydy, medeni salgydy strahowaniýe, sallah salgydy tölenerdi. Wagtynda töläp bilmese, daýhanyň üstüne ýene-de goşmaça salgyt mündürilerdi. Eger daýhan şu salgytlaryny tölemekden boýun gaçyrsa, emlägi, el goşy we maly konfiskasiýa edilerdi. Staliniň şu salgytlary ol ölinçä dowam etdi.
1944-nji ýylyň tomsunda orak-döwek wagty «Komsomol» kolhozyna dagda orak ordurmak üçin wekil bolup gitdim. Kolhozçylar daga orak ormaga ýatymlaýyn göçüp bardylar. Şonda olar gündiz orak orup, gije harmana desse çekýärdiler. At bilen döwek döwlüp, däne at, eşek, düýe bilen döwletiň kabul ediş punktuna iberilýärdi. Şol wagt kolhozçylar açdy, iýmäge nany ýokdy. Kolhozyň başlygy Durdymyrat Badaýew, brigadir Ýarmämmet Aýjanow «Kolhozçylar aç, işe ýaranok, hoşa etdirsek hem tutuş sud edýärler. Sen ygtyýar etseň, orlan bugdaýyň yzyndan hoşa etdireli» diýdiler.
Şonda kolhozçylar çagalaryna hoşa etdirip, gün gördüler.
Bir gezek meni raýkom we raýispolkom «18 ýyllyk Oktýabr» kolhozyna iberdiler. Bu ýerde ýygnak geçirip, fronta kömek bermek hakynda düşündiriş geçirdim. Şonda birnäçeleri şaý-sep, jorap, ellik, ýyly geýim beren bolsa, Küren Solty ogly diýen bir garry adam 20 sany öweç goýun bilen 20 müň manat puly fronta kömek diýip berdi.
Watançylyk urşundan soň raýispolkomda raýon medeniýet bölüminiň müdiri bolup işledim. M. Gorkiý adyndaky kolhozyň başlygy bolup işledim. Işlän döwrümde kolhoz ykdysady taýdan has ýokary galdy. Sebäbi men gije-gündiz diýmän işledim. Maldarçylyk fermalaryna we ekerançylyk brigadalaryna berk gözegçilik edýärdim. Sagymçy aýallar heniz oýanmanka men şol ferma baryp, sagymçylaryň her sygyrdan sagyp alýan süýdüni ölçäp, barlap, öňki gün bilen deňeşdirerdim. Gije sürüm sürlüşini barlap, çopanlara kontrollyk ederdim. Bu ýyl piläniň plany 113 prosent, döwlete ýüň satmak 222 prosent boldy. Hemme planlar doldy. Ownuk şahly mal 6700 baş plandan artykdy. Şol wagt kolhozyň 22 müň baş ownuk maly bolan bolsa, häzir 4 müň sany. Men işlän döwrümde kolhozçynyň her zähmet gününe 22 manatdan pul, 3,6 kilogram galla paýladym.
Krymyň kolhozlary bilen şertnama baglaşyp, üzümiň çybygyny satdyk. Bir ýyl üzümiň çybygyny iberip, olardan täzeje traktor aldyk. Bir ýyl bolsa kolhoza on bäş müň manat girdeji gazandyk. Kolhoz baýdy. Diňe bölünmeýän maýasynda kolhozyň üç million sekiz ýüz müň manat puly bardy. Häzir bolsa şol kolhozyň bazasynda dörän sowhoz döwlet öňünde bergidar. 1948-nji ýylyň dekabrynda bolan partiýa konferensiýasynda TKP raýkomynyň çlenligine saýlap, propaganda we agitasiýa bölümiiň müdirligine tassykladylar. 17 ýyldan gowrak partiýa apparatynda işledim. Iki ýyl otuz müňçi hökmünde kolhoz başlygy bolup işledim. On üç ýyla ýakyn orta mekdebiň we çagalar öýüniň direktory, alty ýyl bolsa raýispolkomyň bölüm müdiri bolup işledim.

– Häzir ýurtda üýtgedip gurmak dowam edýär. Ol başda çak edişimizden has agyr eken. Ýurtda dürli partiýalar döreýär. Lenine, onuň döreden partiýasyna şyltak atylýar. Muňa nähili garaýarsyňyz?

– Men indi ýarym asyra ýakyn wagtdan bäri Kommunistik partiýanyň hatarynda. Şu döwrüň içinde men köp wakalary başdan geçirdim. Tutha-tutluk döwri kakamdan jyda düşdüm. Nähak ýerden «halk duşmanynyň» çagalary bolduk. Ýöne hakykatyň irde-giçde ýeňjekdigine berk ynamym bardy.
Leninçilik prinsipler gödek bozuldy. Hatda ýetmiş ýylyň dowamynda mukaddes saýylyp ýörülen ideallarymyzyň üstünden atanak çekmäge çenli barlyp ýetilendigini göreniňde gynanç duýgusy gurşap alýar. Geçmişe atanak çekjek bolmak geljegiňe hyýanat etmekdir diýip düşünýärin.
Elbetde, bizde ýalňyşlyklar bolmady diýjek bolamok. Boldy. Özem uçursyz köp boldy. Partiýa hataryna gara niýet bilen giren adamlar partiýanyň adyna şikes ýetirdiler. Ýöne Lenin partiýasyna wepaly we arassa gulluk eden adamlar hem köp bolupdy.
Men adam aňynyň paýhasyna tüýs ýürekden ynanýaryn. Biz bu gezegem pähim-paýhasa gulak goýup, häzirki kynçylykdan çykarys diýen umydym bar.

Söhbetdeş bolan: Allaýar ÇÜRIÝEW.

30 maý, 1991. «Sowet Türkmenistany».
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: