20:20
Psihiatr gyz bilen söhbetdeşlik

PSIHIATR GYZ BILEN SÖHBETDEŞLIK

Şu gün öýlenenime 3 ýyl bolýar.
3 ýyl mundan öň öýlenenim ýadyma düşüp, öňünden keýpim gaçdy. Çünki meniň gelnim ýylandy. Ýöne owadan ýylan. Ol maňa bir gezek:«Sen juda geň, mundanam beter sende üýtgeşik bir jady bar» diýipdi. Şonda-da biziň bagtymyz uzaga çekmedi, bary-ýogy 3 aý ýaşaşypdyk. Şol 3 aýda biz juda bagtly günlerimizi ýaşapdyk, soňra bolsa aramyzda düşünişmezlik ýüze çykdy-da, aýrylyşmaly diýen karara geldik. Aýrylyşmaly däl ekenim, sebäbi indi her gezek ony ýatlamda içime ot guýlan ýaly bolýar. Belki-de, bu duýgyň aldawydyr? Aý, garaz, bilmedim...
Ýene özümi juda erbet duýup başladym. Nätsemem, derdim duşumdan geçibermedi. Men ýene-de lukmana görünmeli diýen netijä geldim.
Hassahana gitmek üçin ýola çykanymdan, derrew taksa gabat geldim. Ulagyň içi benziniň ysyndan ýaňa aňkap duran eken. Sürüji nirä gitmelidigini sorady. «Hassahana» diýdim. «Ýaraňokmy?» diýdi. Menem gysgaça «Hawa» diýmek bilen çäklendim. Hiç gepläsim gelenokdy. Sürüji bolsa, diline birje minudam dynuw berenokdy. Ol ýene-de:«Nähili derdiň bar?» diýdi. Halamaýan soragymy soransoň «Bilemok» diýip, gümürtik jogap berdim.
Hassahana girenimden, derrew psihiatryň kabinetine tarap ylgadym. Gapyny kakmagy unudypdyryn, girsem, ýalaňaç bedene gözüm düşdi. Ýaş lukman gyz geýimini çalşyryp duran eken. Gözlerime ynanmadym. Men, göýä ölüp, özümi jennete düşendirin öýtdüm. Ýaş gyzyň bendi ediji bedeni bar eken. Haýran ediji gözellik! Gyzyň teni juda ak eken, aklygyndan ýaňa derisiniň astyndaky süňklerem görünýärdi. Aňňalyp galyşyma gyzyň sesine tisginip gitdim.
—Gapyny kakyp bolanokmy?— diýip, gygyrdy. Derrew yzyma çykdym. Biraz garaşdym-da, gapyny süýem barmagymyň ortaky bogun süňki bilen tyrkyldadyp:
—Mümkinmi?— diýdim.
—Hawa, giriberiň—diýip, maňa oturmaga ýer görkezdi. Soňra ol maňa:
—Näme bolýar?—diýdi. Duýdansyz soraga näme diýjegimi bilmän:
—Ýüregimiň sesi gulagyma eşidilýär—diýdim. Gyz güldi. Soňra:
—Men kardiolog däl, psihiatr— diýen bolup gülümsiredi.
—Bilýän, ýöne ýüregimiň agyrsy ýürek bilen bagly däl, nerwiden, stresden diýdim. Şu zatlary aýdyp durkam, nazarymy gyzdan aýyrmadym. Ol juda gözeldi, näzijek hamynyň astyndaky gökje damarlaram çolaşyk ýüplere meňzäp, görnüp durdy. Men öz ýanymdan «Bu gyz adam-a däl, peri diýilýäni bolaýmasa» diýip, pikir etdim. Soňra özümdäki kesel alamatlaryny aýdyp durkam, ol gyzyň-da maňa seredýändigini duýdum. Göni gözüme. Men beýle bakyşmalara öňem gatnaşypdym, öňler men Sonajygym bilen hem şeýle bakyşýardym, şonda ol hemişe howy basylyp, menden nazaryny sowardy.
...Gürrüňdeşligiň dowamynda ol maňa:«Sizde "paniçeskiý ataka" bar» diydi-de, bu keseliň sebäbini düşündirip başlady. Ýöne onuň gürrüňleri meniň gulagyma ilmeýärdi, men onuň diňe dodagynyň gymyldysyna üns berýärdim. Ol ellerini hereketlendirip gürrüň berýärkä, göwüsleriniň titreýändigine syn etdim. Göwsi jaýly ekeni. Birden mende onuň göwsüne elläp görme duýgusy döredi. Birdenem, juda gülkünç boljak ýalňyşyma gijä galman düşündim. Lukman gyz göwsüni synlaýanymy duýan bolmaga çemeli, derrew geplemesini bes etdi. Her niçik-de bolsa, menem dymyp durmaly däldim.
—Kelläm agyrýar, gan basyşymy ölçäp beräýiň—diýdim. Gyz gan basyşyny ölçeýän apparadyny aldy-da, daşyma geçdi.
—Ýeňiňi çek—diýdi. Ýeňimi çekenimden, golumdaky tatirowka gözi düşdi.
—Bu näme—diýdi? (Beýle düwmeleri ruhy taýdan näsag adamlar çekdirýärdi.) Soňra ol:
—Tüweleme, goluňyz çigin-çigin eken, siz türgenmi?–diýdi. Menem:
—Ýok, tebigy—diýdim. Gan basyşymy ölçemäge başlanda, eliniň tüýüne gözüm düşdi. Juda tüýlek eken. Birneme ýakymsyzlyk duýup başladym. Ol gulagyna dykylýany dakyp, gan basyşymy ölçäp durka, nädip bujagazyň gözüni-başyny aýlap borka diýip oýlandym. Ölçäp bolansoň, golumdaky apparady aýranda, elim duýdansyz gyzyň göwsüne degip gidäýdi. Gyzyň ýüzi üýtgäp gitdi. Soňra ol özüne 10 gün gatnamalydygyny aýdyp, telefon belgimi alyp galdy. Soňra ol ýene:
—Gelniňden gaýry söýýäniň barmy, siziň ruhuňyz söýgä mätäç?— diýdi. Men:
—Söýüp-söýülmezligiň hiç hili manysy ýok—diýdim.
—Ýöne siz öýlenmek isläňzokmy?—diýip, çynlakaý sorady. A men bolsa, öýlenmek üçin söýmegiň asla gereginiň ýokdugyny aýtdym.
—Bolýa, ertir ýene geliň—diýdi. Menem içimden:«Nähili ajaýyp zenan eken» diýip pikir edip durşuma:
—Bor, hökman gelerin—diýdim-de, hassahanadan çykan dessime ony derrew hakydamdan çykardym.

Aman ABDULSAMADOW (Sergezzan)

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 130 | Добавил: Taryhçy | Теги: Aman Abdulsamadow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Şirhan   [Mowzuga geç]
"Mmmbäh" diýdirýän hekaýa eken...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bomž gardaş, gaytadan goşuldyñyz sana (awtorlara), indi bir geçen gezekki säwlikleriñizi gaytalamañ wink

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ahahahah
oyun etyansinle Taryhcy gardaş

1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ine, bu bolya.

0
2 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Agam, gayrat etde özi mowzuk acar yaly edeweri. Bar işimden saklady meni wacko

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: